Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

14A ÇARÇUWA

Ybadathana hakdaky görnüşden näme öwrenýäris?

Ybadathana hakdaky görnüşden näme öwrenýäris?

Hudaý arassa seždäni beýgeldýär we goraýar

Görnüşdäki ybadathana «beýik dagyň üstünde durdy» (1). Biz arassa seždäni ähli zatdan wajyp saýyp ony beýgeldýärismi?

Ybadathananyň daşyndaky meýdança (2) tutuşlygyna diwar aýlanandy (3). Ol bize Ýehowa edilýän seždäni hiç zat bilen hapalamaly däldigini ýatladýar. Hyzkyl 42:20-de: «Diwar mukaddes ýeri adaty ýerden bölýärdi» diýilýär. «Adaty ýer» diýen jümle ruhy zatlar bilen bagly bolmadyk işleri aňladýar. Ýehowa gulluk edýän adam şeýle işleri arassa sežde bilen garyşdyrmaly däl bolsa, onda hapa we ahlaksyz işleriň golaýyna-da barmaly däl.

Tükeniksiz bereketler

Ybadathanadan akyp gaýdýan çeşmäniň suwy gitdigiçe köpelip, ähli zada ýaşaýyş berýär we topragy bol hasylly edýär (4). Şol bereketler hakda 19-njy bapda gürrüň ederis.

Hemmeler üçin deň kada-kanunlar

Daşky howlynyň beýik derwezesi bilen (5) içki howlynyň derwezesi (9) Ýehowanyň ýokary ahlak kadalarynyň arassa sežde edýän adamlaryň ählisine degişlidigini ýatladýar. Üns beren bolsaňyz, daşky we içki howludaky derwezeler meňzeşdi. Diýmek, Ýehowa gullukçylaryndan nirede gulluk etse-de, nähili borjy bolsa-da, şol bir adyl kanunlara eýermegi talap edýär.

Ýehowa bilen bir saçakda oturmak

Naharhanalar (8) geçmişde halkyň Hudaýa berýän käbir gurbanlyklaryndan iýýändigini ýatladýar. Şeýdip, olar Ýehowa bilen bir saçakda oturyp, iýip içýän ýalydy. Emma mesihçileriň sežde edýän ruhy ybadathanasynda «bir gezekde» hemişelik gurbanlyk berildi (Ýew. 10:12). Biz Hudaýa diňe öwgi gurbanlygyny berýäris (Ýew. 13:15).

Hudaý niýetini amala aşyrar

Görnüşde her bir zadyň ölçeginiň jikme-jik aýdylmagy haýran galdyrýar. Olardan wajyp zady öwrenýäris: anyk we üýtgemeýän ölçegler Ýehowanyň arassa seždäni dikeltmek babatdaky niýetiniň hökman amala aşjakdygyny subut edýär. Hyzkyl görnüşde adamlary görendigini aýtmasa-da, Ýehowanyň ruhanylara, baştutanlara we halka düzediş berendigini ýazýar. Hudaýyň ähli gullukçylary onuň adyl kada-kanunlaryna eýermeli.