Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

1-NJI BAP

«Ýehowa Hudaýyňa sežde etmeli»

«Ýehowa Hudaýyňa sežde etmeli»

MATTA 4:10

TEMA: Arassa seždäniň dikeldilmegi wajyp

1, 2. Isa Ýahudanyň çölüne nädip gelýär we ol ýerde näme bolýar? (Babyň başyndaky surata serediň).

 B. E. 29-NJY ýylynyň güýz paslynyň başydy. Isa suwa çümdürilip saýlanansoň, mukaddes ruh ony Öli deňziniň demirgazygyna, Ýahudanyň çölüne getirýär. Ol gaýalaryň we jülgeleriň arasynda tozap ýatan çöllükde 40 gün agyz bekleýär, doga edýär we oýlanýar. Ýehowa Ogly bilen gepleşip, ony gelejekde boljak ýagdaýlara taýýarlaýar.

2 Isa ajygyp, halys ysgyndan gaçýar, Şeýtan hem pursatdan peýdalanyp, onuň ýanyna gelýär. Şonda bolan wakalar Hudaýa arassa sežde etmek isleýän adamlara, şol sanda size-de degişli.

«Eger sen Hudaýyň ogly bolsaň...»

3, 4. a) Şeýtan ilkinji iki synagda näme diýýär we Isany nämä ynandyrjak bolýar? b) Şeýtan häzir nähili usullary ulanýar?

3 Matta 4:17-nji aýatlary okaň. Şeýtan ilkinji iki synagda mekirlik bilen Isa: «Eger sen Hudaýyň ogly bolsaň...» diýýär. Ol Isanyň Hudaýyň ogludygyny bilmeýärdimi? Elbetde, Hudaýyň pitneçi ogly Şeýtan Isanyň Ýehowanyň Nowbahar ogludygyny gowy bilýärdi (Kol. 1:15). Hatda Isa suwa çümdürilende-de Ýehowanyň gökden: «Ine söýgüli Oglum, men ondan razy» diýendigini eşidipdi (Mat. 3:17). Mümkin, Şeýtan Isanyň Atasyna bolan ynamyny gaçyryp, aladasyny edýändigine şübhelendirjek bolandyr. Ol birinji gezek daşlary çörege öwürtjek bolanda: «Eger sen Hudaýyň ogly bolsaň, takrap ýatan çölde näme üçin aç otyrsyň?» diýjek boldy. Ikinji gezek Isany ybadathananyň diwaryndan zyňdyrjak bolanda: «Eger sen Hudaýyň ogly bolsaň, Ataň dadyňa ýetişmezmi?» diýjek boldy.

4 Şeýtan häzirem mekirlik bilen şeýle usullary ulanýar (2 Kor. 2:11). Ol Hudaýyň gullukçysy ejizläp, ruhdan düşen badyna hüjüm edýär (2 Kor. 11:14). Şeýtan Ýehowanyň söýmeýändigine we bizden razy däldigine ynandyrjak bolýar. Şeýle-de Ýehowanyň sözünde durýandygyna ynamymyzy gaçyrjak bolýar. Ýöne onuň aýdýanlary ýalan (Ýah. 8:44). Biz oňa aldanmaz ýaly näme etmeli?

5. Isa ilkinji iki synagda näme etdi?

5 Geliň, Isanyň ilkinji iki synagda näme edendigini bileliň. Isa Atasynyň söýýändigine asla şübhelenmeýärdi, oňa doly bil baglaýardy. Şonuň üçinem Mukaddes Kitapdan Ýehowanyň ady ýazylan aýatlary getirip, Şeýtana pert jogap berdi (5 Mus. 6:16; 8:3). Isa Atasynyň adyny tutup, oňa ynanýandygyny görkezdi. Ýehowanyň ady ähli wadalaryny berjaý etjekdigini subut edýär a.

6, 7. Şeýtanyň hüjümlerine nädip garşy durup bileris?

6 Bizem Şeýtanyň hüjümlerine garşy durup bilýäris. Munuň üçin Ýehowanyň Sözüni öwrenmeli, adynyň manysy hakda oýlanmaly. Şeýle-de Ýehowanyň ähli gullukçylaryny, ruhdan düşenleri hem söýýändigi we aladasyny edýändigi baradaky aýatlary özümize ýatladyp durmaly. Şonda Şeýtanyň ýaýradýan ýalan pikirlerine ynanmarys. Ýehowanyň söýýändigine we bizden razydygyna şübhelenmeris (Zeb. 34:18; 1 Pet. 5:8). Biz Ýehowanyň hemişe adynyň manysyna görä hereket edýändigini ýatda saklasak, onuň sözünde durýandygyna doly ynanarys (Nak. 3:5, 6).

7 Şeýtanyň maksady näme? Ol bize näme etdirjek bolýar? Şeýtan Isany üçünji gezek synanda munuň jogaby belli bolýar.

«Dyza çöküp, maňa sežde et»

8. Üçünji synagda Şeýtan nädip hakyky ýüzüni açdy?

8 Matta 4:8—11-nji aýatlary okaň. Üçünji synagda Şeýtan mekirlik etmedi-de, hakyky ýüzüni açdy. Ol Isa «dünýäniň ähli patyşalyklaryny, olaryň şan-şöhratyny (belki, görnüşde) görkezdi», emma soňunyň çüýrükdigini görkezmedi. Şeýtan Isa: «Eger dyza çöküp, maňa sežde etseň, ähli zady saňa bererin» diýdi b. Onuň bar maksady özüne sežde etdirmekdi. Şeýtan Isanyň Atasyndan ýüz öwrüp, özüne gulluk etmegini isleýärdi. Ol Isa tikenekli täç geýip, jebir pürsüni göterip ejir çekmän, aňsatlyk bilen dünýäniň ähli ygtyýaryna we baýlygyna eýe boljagyny aýtdy. Dogrudanam, Şeýtan elinden gelýän zady teklip etdi. Isa şu dünýäniň Şeýtanyň elindedigini bilýärdi (Ýah. 12:31; 1 Ýah. 5:19). Isa arassa seždeden ýüz öwrer ýaly, Şeýtan islendik zady berip bilerdi.

9. a) Şeýtanyň maksady näme we bizi nähili duzaga düşürjek bolýar? b) Sežde etmek nämäni aňladýar? («Sežde etmek näme?» diýen çarçuwa serediň).

9 Şu günlerem Şeýtan her hili ýollar bilen özüne sežde etdirjek bolýar. «Şu dünýäniň taňrysy» Beýik Wawilonyň ýalan dinlerini ulanyp, köp adamlary özüne sežde etdirýär (2 Kor. 4:4). Ol millionlarça adamlaryň özüne sežde edýändigine kanagatlanman, hak Hudaýyň gullukçylaryny hem dogry ýoldan sowjak bolýar. Biz Mesihiň yzyna eýerip, «dogruçyl bolanymyz üçin görgi görmegimiz» mümkin. Şeýtan biziň şeýle ýaşaman, at-abraýa we baýlyga kowalaşmagymyzy isleýär (1 Pet. 3:14). Eger biz duzaga düşüp, arassa seždeden ýüz öwürsek we Şeýtanyň dünýäsine goşulsak, dyza çöküp, oňa sežde edýän ýaly bolarys. Şeýle synaga nädip garşy durup bileris?

10. Isa üçünji synagda nähili jogap berdi we näme üçin?

10 Geliň, Isanyň üçünji synagda nähili jogap berendigine seredeliň. Ol: «Ýanymdan aýryl, Şeýtan!» diýip pert jogap berdi we Ýehowa doly wepaly boldy. Isa ilkinji iki synagdaky ýaly, bu gezegem Hudaýyň adyny tutup jogap berdi. Ol Töwratdaky: «„Ýehowa Hudaýyňa sežde etmeli, diňe oňa gulluk etmeli“ diýip ýazylgy» diýen sözleri aýtdy (Mat. 4:10; 5 Mus. 6:13). Isa at-abraýa gyzmady we kösençsiz ýaşaýyşdan ýüz öwürdi, sebäbi olaryň wagtlaýyndygyny bilýärdi. Ol diňe Atasyna sežde etmelidigine we Şeýtana ýekeje gezek «sežde etse», onuň tarapyna geçýändigine düşünýärdi. Ol berk durup, Şeýtanyň maksadyny kül etdi. Isadan pert jogap alansoň, Iblis onuň ýanyndan gitdi c.

«ÝANYMDAN AÝRYL, ŞEÝTAN!» (10-njy abzasa serediň)

11. Biz Şeýtana we synaglaryna nädip garşy durup bileris?

11 Bizem Isa ýaly, Şeýtana we zalym dünýäniň synaglaryna garşy durup bilýäris, sebäbi Ýehowa bize erkinlik berdi. Hiç kim, hatda güýçli we zalym Synagçy hem bizi arassa seždeden ýüz öwürdip bilmez. Biz oňa «garşy durup, imanda berk bolsak», «ýanymdan aýryl, Şeýtan!» diýip bileris (1 Pet. 5:9). Şeýtan Isadan pert jogap alansoň, ýanyndan gaýdypdy. Mukaddes Kitapda: «Iblise garşy duruň, şonda ol sizden gaçar» diýilýär (Ýak. 4:7).

Biz synaglarda berk durup Şeýtany ýeňeris (11, 19-njy abzaslara serediň)

Arassa seždäniň duşmany

12. Şeýtan nädip arassa seždäniň ganym duşmany boldy?

12 Şeýtan Isany üçünji gezek synanda arassa seždäniň ganym duşmanydygy aýdyň boldy. Müňlerçe ýyl öň Şeýtan Erem bagynda Ýehowa edilýän seždäni ýigrenýändigini ilkinji gezek görkezipdi. Ol How enäni aldady, How ene bolsa Adam ata Ýehowanyň tabşyrygyny bozdurdy. Şeýdip, Şeýtan olaryň üstünden höküm sürüp başlady (1 Musa 3:1—5-nji aýatlary okaň; 2 Kor. 11:3; Ylh. 12:9). Adam ata bilen How ene özlerini aldanyň hakyky ýüzüni görmese-de, Şeýtan olaryň hudaýy, olar hem Şeýtanyň gullukçysy boldy. Ol Erem bagynda pitne turzup, diňe bir Ýehowanyň höküm sürmäge haklydygyny şübhä goýman, arassa seždä-de garşy çykdy. Nädip?

13. Hökümdarlyk meselesiniň arassa sežde bilen nähili baglanyşygy bar?

13 Hökümdarlyk meselesi arassa sežde bilen berk baglanyşykly. Biz diňe «ähli zady» ýaradan ýeke-täk Hökümdara sežde etmeli (Ylh. 4:11). Ýehowa Erem bagynda Adam ata bilen How enäni kämil edip ýaradypdy. Onuň maksadyna görä, ýer ýüzi Hudaýa bütin ýürekden arassa sežde edýän kämil adamlardan dolmalydy (1 Mus. 1:28). Emma Şeýtan Ýehowanyň hökümdarlygyny şübhä goýup, Älemiň Hökümdary Ýehowa däl-de, özüne sežde etdirjek boldy (Ýak. 1:14, 15).

14. Şeýtan Hudaýa arassa sežde edilmegine böwet bolup bildimi? Düşündiriň.

14 Şeýtan Hudaýa arassa sežde edilmegine böwet bolup bildimi? Ol Adam ata bilen How enäni Hudaýdan daşlaşdyrdy. Şondan bäri Şeýtan adamlary Ýehowa Hudaýdan daşlaşdyrmak üçin hakyky seždä garşy çykýar. Mesihçiler ýygnagy dörände-de oňa hüjüm etdi. Ol I asyrda imandan dänenler arkaly köp mesihçileri azdyrdy. Şeýdip, ýer ýüzünde Hudaýa arassa sežde edilmeýän ýaly göründi (Mat. 13:24—30, 36—43; Res. 20:29, 30). II asyrdan başlap mesihçiler köp wagt ýalan diniň dünýä imperiýasy Beýik Wawilonyň ýesirliginde boldular. Ýöne Şeýtan Hudaýa arassa sežde edilmegine böwet bolup bilmedi. Hudaýyň niýetiniň amala aşmagyna hiç zat päsgel berip bilmez (Işa. 46:10; 55:8—11). Sebäbi ol adynyň manysyna görä hereket edip, niýetini amala aşyrýar. Dogrudanam, Ýehowa hemişe maksadyna ýetýän Hudaý!

Arassa seždäniň tarapdary

15. Ýehowa Eremde ýüze çykan meseläni nädip çözdi we maksadyna ýetjekdigini nädip görkezdi?

15 Ýehowa Eremde ýüze çykan meseläni çözmek üçin dessine hereket etdi we maksadyna ýetjekdigini görkezdi (1 Musa 3:14—19-njy aýatlary okaň). Heniz Adam ata bilen How ene Erem bagyndaka, Ýehowa pitne turzanlaryň üçüsine-de çäre gördi. Ol ilki Şeýtana, soň How enä, iň soňunda bolsa Adam ata eden günäsine görä höküm çykardy. Ýehowa pitne turzan Şeýtana garşy pygamberlik edende, jedelli meseläni çözjek «nesliň» geljekdigini aýtdy. Şol wada edilen «nesil» arkaly Ýehowa edilýän arassa sežde dikeldilmelidi.

16. Pitneden soň Ýehowa niýetini amala aşyrmak üçin näme etdi?

16 Erem bagyndaky pitneden soň, Ýehowa niýetini amala aşyrmak üçin hereket etdi. Ol bikämil adamlaryň özüne ýaramly sežde etmegine mümkinçilik döretdi. Onuň nämeleri edendigini indiki bapdan bileris (Ýew. 11:4—12:1). Şeýle-de Hudaý mukaddes ruhy arkaly Işaýa, Ýermeýa we Hyzkyl ýaly ençeme pygamberlere arassa seždäniň dikeldilmegi hakda tolgundyryjy pygamberlikleri ýazdyrdy, sebäbi arassa seždäniň dikeldilmegi Mukaddes Kitabyň esasy temasy. Şol pygamberlikleriň ählisi Hudaýyň başda aýdyşy ýaly, wada edilen «nesil», ýagny Isa Mesih arkaly amala aşar (Gal. 3:16). Isanyň üçünji synagda beren jogaby arassa seždäniň tarapdarydygyny aýdyň görkezýär. Hawa, arassa seždäniň dikeldilmegi bilen bagly pygamberlikler diňe Ýehowanyň saýlany Isa arkaly ýerine ýeter (Ylh. 19:10). Ol Hudaýyň halkyny ruhy ýesirlikden azat edip, arassa seždäni öňküsi ýaly dikelder.

Siz näme edersiňiz?

17. Arassa seždäniň dikeldilmegi hakdaky pygamberlikler näme üçin göwnümizi göterýär?

17 Arassa seždäniň dikeldilmegi bilen bagly pygamberlikleri öwrenmek gyzykly we imanyňy berkidýär. Olar göwnümizi göterýär, sebäbi biz gökde-de, ýerde-de hemmeleriň agzybirlikde Älemiň Hökümdary Ýehowa sežde edilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de pygamberlikler umyt berýär, sebäbi olaryň köpüsinde ýüregiňe täsir edýän wadalar ýazylan. Elbetde, ählimiz hem Ýehowanyň wadalarynyň ýerine ýetişini görmek isleýäris. Biz dogan-garyndaşlarymyzyň direlmegine, bütin ýer ýüzüniň Jennete öwrülmegine we ebedi ýaşaýşa sabyrsyzlyk bilen garaşýarys (Işa. 33:24; 35:5, 6; Ylh. 20:12, 13; 21:3, 4).

18. Şu kitapda näme hakda bileris?

18 Şu kitapda Hyzkylyň tolgundyryjy pygamberliklerini öwreneris. Olaryň köpüsinde arassa seždäniň dikeldilmegi hakda gürrüň edilýär. Şeýle-de beýleki pygamberlikler bilen baglanyşygyna, Isa Mesih arkaly amala aşmagyna we bize-de degişlidigine serederis («Hyzkyl kitabynyň mazmuny» diýen çarçuwa serediň).

19. Siz näme etmek isleýärsiňiz we näme üçin?

19 B. e. 29-njy ýylynda Ýahudanyň çölünde Şeýtan Isany özüne sežde etdirip bilmedi. Emma bizi özüne sežde etdirip bilermi? Şu günler Şeýtan Hudaýa arassa sežde etdirmejek bolup elinde baryny edýär (Ylh. 12:12, 17). Goý, şu kitap zalym Synagça garşy durmak islegiňizi artdyrsyn. Geliň, sözde we iş ýüzünde «Ýehowa Hudaýyňa sežde etmeli» diýen sözlere eýereliň. Şonda Ýehowanyň ajaýyp niýetiniň ýerine ýetýändigini, gökde-de, ýerde-de Ýehowa agzybirlikde arassa sežde edilýändigini gözümiz bilen göreris. Dogrudanam, arassa seždä diňe Ýehowa mynasyp!

a Käbir alymlaryň aýtmagyna görä, Ýehowanyň ady «boldurýar» diýmegi aňladýar. Ýehowa adynyň manysy Hudaýyň Ýaradyjydygyny we niýetini amala aşyrýandygyny görkezýär.

b Mukaddes Kitabyň bir terjimesinde Şeýtanyň sözleri barada şeýle diýilýär: «Adam ata bilen How enäniň düşen synagyndaky ýaly... bu gezek hem ýa Şeýtanyň, ýa-da Hudaýyň islegini ýerine ýetirmek meselesi ýüze çykdy. Başgaça aýdanyňda, olaryň haýsy hem bolsa birine sežde etmelidi. Şeýtan hak Hudaýa derek hökümdar bolmak isledi».

c Lukanyň hoş habarynda Şeýtanyň üç synagy yzygider beýan edilmeýär, ýöne Matta olaryň haýsysynyň birinji we soňky bolandygyny jikme-jik ýazýar. Munuň şeýledigini görkezýän üç sebäp bar: 1) Matta ikinji synagy «şonda» diýen söz bilen başlap, onuň tertibini görkezdi. 2) Şeýtan iki synagy: «Eger sen Hudaýyň ogly bolsaň...» diýen sözler bilen başlady. Emma Isany özüne tabyn etdirip bilmän, ahyry Kanundaky birinji tabşyrygy bozdurjak boldy (2 Mus. 20:2, 3). 3) Isa: «Ýanymdan aýryl, Şeýtan!» diýen sözleri üçünji, ýagny soňky synagda aýdypdyr (Mat. 4:5, 10, 11).