Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýolbaşçylyk maslahatynyň haty

Ýolbaşçylyk maslahatynyň haty

Gadyrly Ýehowany söýýänler!

1971-nji ýylda «Hudaýyň ady» atly welaýat kongresine gatnaşanlar täze edebiýatlary aldylar. Olar örän begendiler, sebäbi şeýle täzelige garaşmandylar. Bir dogan täze çykan kitap hakda şeýle diýýär: «Ol öňkülerden has üýtgeşikdi». Şol dogan «Halklar Ýehowany tanarlar» atly kitaby göz öňünde tutupdy. Kitaby alan adamlar näme üçin begendiler? Onda Hyzkyl kitabyndaky pygamberlikler giňişleýin düşündirilýärdi. Şol pygamberliklerde gelejekde boljak wakalar hakda aýdylýardy.

«Ýehowany tanaň» atly kitap çykansoň, Hudaýyň halkynyň sany has-da artyp, 1,5 milliondan 8 milliona ýetdi (Işa. 60:22). Ýehowa agzybir gulluk edýän millionlarça adamlar 1 000-den gowrak dilde gepleýärler (Zek. 8:23). Ýöne olaryň köpüsi Hudaýyň Hyzkyla ýazdyran pygamberliklerini düşündirýän kitaby hiç haçan öz dilinde okap görmändiler.

1971-nji ýyldan bäri Mukaddes Kitapdaky hakykatlara has gowy düşünip başladyk (Nak. 4:18). Biz 1985-nji ýylda «başga goýunlaryň» dogruçyl hasaplanyp, Hudaýyň dosty bolup bilýändigine düşündik (Ýah. 10:16; Rim. 5:18; Ýak. 2:23). 1995-nji ýylda bolsa «uly betbagtçylykda» «goýunlara» we «geçilere» soňky hökümiň çykaryljakdygyny bildik (Mat. 24:21; 25:31, 32). Täze düşündirişleriň ählisi Hyzkyl kitabyndaky pygamberliklere has gowy düşünmäge kömek etdi.

«Ynsan ogly, syn et, dykgatly diňle, görkezjek zatlaryma ünsli bol. Sen şonuň üçin bärik getirildiň». HYZKYL 40:4

Soňky ýyllarda düşünjämiz gün-günden artýar. Meselem, Isanyň getiren mysallaryna häzir has aýdyň düşünýäris. Olaryň köpüsi uly betbagtçylykda boljak wakalary suratlandyrýar. Şonuň ýaly Hyzkyl kitabyndaky käbir pygamberliklere-de has gowy düşündik. Meselem, Hyzkyl 38, 39-njy baplardaky Mäjit ýurdundaky Äjit, 9-njy bapdaky syýa gaply adam, 37-nji bapdaky gury süňklerden doly jülge we iki taýagyň birleşmegi baradaky pygamberliklere täzeçe düşündik. Şol sebäpli 1971-nji ýylda çykan «Ýehowany tanaň» atly kitaba täzeden seretmeli boldy.

Ýehowanyň gullukçylarynyň köpüsi: «Hyzkylyň pygamberliklerini täzeçe düşündirýän kitap çykarmyka?» diýýärdiler. Şonuň üçin «Ýehowa edilýän arassa sežde dikeldildi» diýen kitaby çap etdik. Kitaby doly okap, ajaýyp suratlary hakda oýlananyňyzda, köp gözleg geçirilendigine haýran galarsyňyz. Biz Ýehowanyň Hyzkyl kitabyny näme sebäpden ýazdyrandygyna düşüner ýaly, köp doga etdik. Kitaby öwrenmek üçin şu soraglar hakda oýlandyk: Hyzkylyň pygamberliklerinden döwürdeşleri näme öwrendiler? Biz näme öwrenýäris? Haýsy pygamberlikler gelejekde boljak wakalary görkezýär? Pygamberlikdäki ýerleri, zatlary ýa-da wakalary häzirki zatlara meňzetmelimi? Soraglaryň jogabyny bilseňiz, Hyzkyl kitabyny höwes bilen okap, has gowy düşünersiňiz.

Hyzkyl kitabyny başdan-aýak okanyňyzda, Ýehowanyň gökdäki guramasyna haýran galarsyňyz. Şeýle-de siz Ýehowanyň gökde we ýerde ýaşaýanlara ýokary ahlak kadalary berendigini bilersiňiz. «Arassa sežde» atly kitap Ýehowanyň halky üçin häzir we gelejekde etjek işlerine minnetdarlygyňyzy artdyrar. Mundan başga-da, kitapdan iki wajyp zady bilersiňiz. Birinjiden, Älemiň Hökümdary Ýehowany tanamaly. Ikinjiden, kada-kanunlaryna eýerip, Hudaýa ýaramly sežde etmeli.

Goý, şu kitap Ýehowa sežde etmäge, beýik hem mukaddes adyny şöhratlandyrmaga höweslendirsin. Şeýle-de ähli halklaryň Ýehowanyň Älemiň Hökümdarydygyna düşünjek wagtyna sabyrsyzlyk bilen garaşmaga kömek etsin (Hyz. 36:23; 38:23).

Eziz Atamyz Ýehowa Hyzkylyň pygamberliklerine düşünmek üçin edýän tagallaňyzy ýalkasyn!

Doganlaryňyz,

Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk Maslahaty