Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

9-NJY BAP

«Olary agzybir ederin»

«Olary agzybir ederin»

Hyzkyl 11:19

TEMA: Hyzkylyň dikeldiş baradaky pygamberlikleri

1—3. Wawilonlylar Ýehowanyň halkynyň üstünden nädip we näme üçin gülýärdiler?

 GÖZ ÖŇÜNE GETIRIŇ, siz Wawilonda ýaşap ýören wepaly ýehudy. Ildeşleriňiz ýarym asyr, hatda ondanam köp wagt bäri sürgünde ýaşap ýör. Siz öňkiňiz ýaly, Sabat güni ildeşleriňiz bilen Ýehowa sežde etmäge barýarsyňyz. Adamdan doly köçeden geçip barýarkaňyz, birgiden äpet buthanalary görýärsiňiz. Adamlar şol ýerde Marduk ýaly taňrylara gurbanlyk berýärler, şanyna aýdym aýdýarlar.

2 Märekäniň deňinden geçeniňizden soň, Hudaýa sežde etmek üçin ýygnanan imandaşlaryňyzy görýärsiňiz a. Belki, siz çola ýerde, derýanyň boýunda ýygnanyşansyňyz. Siz doga edip, mezmurlary aýdýarsyňyz, Hudaýyň Sözünden pikir alyşýarsyňyz. Ol ýer şeýle bir ümsümlik welin, doga edip durkaňyz, diňe kenarda çalaja çaýkanýan gaýyklaryň sesi eşidilýär. Siz özüňizi örän arkaýyn duýýarsyňyz, sebäbi hiç kimiň tapmajagyny, azar bermejegini bilýärsiňiz. Ýöne size kim azar berýär?

3 Wawilonlylar ençeme söweşlerde ýeňiş gazanansoň, şäheri ýalan taňrylary goraýar diýip pikir edipdir. Iýerusalimi derbi-dagyn edenlerinde, olar üçin Marduk taňrysy Ýehowadan hem güýçli bolup görnüpdi. Olar Hudaýyňyzyň we halkynyň üstünden gülýärdiler. Käte bolsa ýaňsylap: «Sion hakda aýdym aýdyň» diýýärdiler (Zeb. 137:3). Mezmurlaryň köpüsi Sionyň Ýehowanyň duşmanlaryny ýeňendigi barada bolansoň, wawilonlylar köplenç şolary aýdyp ýaňsylaýardylar. Olaryň käbirinde wawilonlylaryň özleri hakda-da aýdylýardy. Meselem, bir mezmurda: «Iýerusalimi harabaçylyga öwürdiler... Olar ýaňsylap, üstümizden gülýärler» diýilýär (Zeb. 79:1, 3, 4).

4, 5. a) Hyzkylyň pygamberligi nähili umyt beripdi? (Babyň başyndaky surata serediň). b) Şu bapda näme hakda gürrüň ederis?

4 Wawilonda Ýehowa we pygamberlerine ynanýandygyňyz üçin üstüňizden gülýän dönük ýehudylar hem bardy. Kemsitmelere garamazdan, maşgalaňyz bilen Hudaýa arassa sežde edip, kalbyňyz rahatlyk tapýar. Bile doga edip we aýdym aýdyp, göwnüňiz göterilýär. Hudaýyň Sözüni okanyňyzda, ýüregiňiz hasam giňeýär (Zeb. 94:19; Rim. 15:4). Göz öňüne getiriň, şol gün ildeşiňiz üýtgeşik zat, Hyzkylyň pygamberligi ýazylan golýazma getirýär. Pygamberligi sesli okap berende tolgunyp başlaýarsyňyz. Siz Ýehowanyň halkyny ýene-de ýurduna eltjekdigini eşidip uçaýjak bolýarsyňyz. Siz ahyry maşgalaňyz bilen ata watanyňyza dolanyp, arassa seždäni dikeltmäge kömek etjekdigiňiz hakda oýlanýarsyňyz.

5 Hyzkylyň pygamberliginde Hudaýyň arassa seždäni dikeltjekdigi gaýta-gaýta aýdylýar. Geliň, şol umyt berýän pygamberlikler hakda gürrüň edeliň. Hudaýyň şol wadalary ýesirlikdäki halkyň günlerinde nädip ýerine ýetdi? Häzir nädip ýerine ýetýär? Şeýle-de biz käbir pygamberlikleriň gelejekde doly berjaý boljakdygyny bileris.

«Olar ýesir düşüp sürgün ediler»

6. Hudaý pitneçi halkyna nädip gaýta-gaýta duýduryş berdi?

6 Ýehowa Hyzkyl arkaly pitneçi halkyna nähili jeza berjekdigini açyk aýtdy. Hudaý: «Olar ýesir düşüp sürgün ediler» diýdi (Hyz. 12:11). Hyzkyl pygamberiň olary sahnalaşdyryp görkezendigini 6-njy bapdan bilipdik. Ysraýyl halkyna öňem kän duýduryş berlipdi. Musa pygamberiň döwründen başlap, Ýehowa müňlerçe ýyl bäri olara pitne turuzsa, ýesirlikden gözüni açmajakdygyny aýdypdy (5 Mus. 28:36, 37). Işaýa bilen Ýermeýa pygamber hem şeýle boljakdygyny duýdurypdy (Işa. 39:5—7; Ýer. 20:3—6).

7. Ýehowa halkyna nädip jeza berdi?

7 Gynansak-da, şol duýduryşlar ysraýyl halkynyň bir gulagyndan girip, beýlekisinden çykýardy. Pitneçi halk Hudaýdan ýüz öwrüp, ýalan taňrylara sežde etdi, erbet çopanlaryň täsirine düşüp hasam azdy. Muňa Ýehowanyň ýüregi para-para boldy. Şonuň üçin olaryň üstüne açlyk belasyny inderdi. «Süýt bilen bal akýan ýurtda» şeýle betbagtçylygyň bolmagy masgaraçylykdy (Hyz. 20:6, 7). Ýehowa aýdyşy ýaly, özdiýenli halkyna jeza berdi, olary sürgün etdirdi. B. e. öň 607-nji ýylda Wawilon patyşasy Nawuhodonosor Iýerusalime soňky gezek hüjüm edende, şäheri we ybadathanany derbi-dagyn etdi. Diri galan müňlerçe ýehudylary Wawilona sürgün etdi. Şonuň üçinem babyň başynda aýdylyşy ýaly, olary kemsitdiler we ezdiler.

8, 9. Hudaý mesihçilere imandan dänenler barada nähili duýduryşlary berdi?

8 Mesihçiler ýygnagynda-da Wawilondaky ýaly ýagdaýlar boldumy? Elbetde. Geçmişde ýehudylara duýduryşy ýaly, Hudaý Mesihiň yzyna eýerýänlere-de öňünden duýdurýardy. Isa ýer ýüzünde gulluk edende: «Ýalan pygamberlerden ägä boluň. Olar goýun derisine girip gelýändir, aslynda welin ýyrtyjy möjekdir» diýipdi (Mat. 7:15). Birnäçe ýyl geçensoň, Pawlus resulam şeýle duýduryş beripdi: «Men gidenimde, araňyza ýyrtyjy möjekler girer. Olar sürä rehim etmezler. Siziň araňyzdan-da şägirtleri yzyna eýertmek üçin hakykaty ýoýjaklar çykar» (Res. 20:29, 30).

9 Mesihçilere ýygnagy zäherleýän adamlary nädip tanap bolýandygy we olar bilen gatnaşmaly däldigi aýdyldy. Ýaşululara imandan dänenleri ýygnakdan çykarmak tabşyryldy (1 Tim. 1:19; 2 Tim. 2:16—19; 2 Pet. 2:1—3; 2 Ýah. 10). Geçmişdäki ysraýyllar we ýehudylar ýaly, mesihçileriň hem köpüsi Hudaýyň söýgi bilen berýän duýduryşlaryna gulak asmadylar. Şeýlelikde, I asyryň ahyrynda ýygnakda imandan dänýänler köpelipdi. Şol döwürler Ýahýa resul diridi. Ol ýygnagyň zäherlenýändigini, hakykata garşy çykýanlaryň köpelýändigini görýärdi. Ýahýa ýygnagy erbet täsirden goran soňky resuldy (2 Sel. 2:6—8; 1 Ýah. 2:18). Ol aradan çykansoň näme boldy?

10, 11. Isanyň bugdaý we haşal ot baradaky aýdanlary II asyrda nädip ýerine ýetip başlady?

10 Ýahýa resul aradan çykansoň, Isanyň bugdaý we haşal ot barada aýdanlary ýerine ýetip başlady (Matta 13:24—30-njy aýatlary okaň). Şeýtan mesihçileriň arasyna «haşal ot» ekdi, ýagny ýygnakda ýalan mesihçiler döräp başlady. Şeýdip, mesihçiler ýygnagy tiz zäherlendi. Oglunyň döreden ýygnagynyň ýagdaýyny görende Ýehowa gaty gynandy. Mesihçiler ýygnagy butparazlyk, ýalan dini däp-dessurlar, baýramçylyklar, filosoflaryň ýalan taglymatlary we Şeýtanyň ýaýradýan dinleri bilen hapalandy. Şonda Ýehowa näme etdi? Ol dönük ysraýyllary edişi ýaly, halkyny ýesir düşürdi. II asyryň başlarynda ýalan mesihçiler şeýle bir köpeldi welin, bugdaýa meňzedilýän hakyky mesihçileri tanamak kyndy. Netijede, mesihçiler ýygnagy ýalan diniň dünýä imperiýasy Beýik Wawilonyň ýesirligine düşdi. Ýalan mesihçiler şol azgyn imperiýa bilen garyşyp barha köpeldi. Şeýdip, hristian dünýäsi döredi.

11 Asyrlarboýy hristian dünýäsi güýçli täsir etse-de, «bugdaýa» meňzedilýän Hudaýa iman edýän adamlar hem bardy. Hyzkyl 6:9-da aýdylýan sürgündäki ýehudylar ýaly, olar hem hak Hudaýy ýatlaýardylar. Käbiri hristian dünýäsiniň ýalan taglymatlaryny mertlik bilen paş edýärdi. Şonuň üçin köpüsini kemsidýärdiler, yzarlaýardylar. Ýehowa halkynyň ýalan dine çümüp gitmegine ýol bermedi. Geçmişde ysraýyl halkyna jeza berişi ýaly, Ýehowa olara-da düzelýänçä gerekli temmini berdi (Ýer. 46:28). Emma Ýehowa halkyna umyt hem berdi. Geliň, Wawilon ýesirligindäki ýehudylaryň döwrüne dolanalyň. Ýehowanyň olara ýesirligiň soňunda nähili umyt berendigini bileliň.

Asyrlarboýy mesihçiler Beýik Wawilonyň ýesirliginde ejir çekdiler (10, 11-nji abzaslara serediň)

«Men köşeşerin»

12, 13. Ýehowa näme üçin köşeşdi?

12 Ýehowa halkyna temmi berse-de, gaharyny saklajakdygy barada şeýle diýdi: «Men köşeşerin, gaharym ýatyşar, kalbym aram tapar. Olara gaharymy pürkenimden soň, meniň Ýehowadygymy, ýürekden wepaly bolmagy talap edýändigimi bilerler» (Hyz. 5:13). Ýehowa näme üçin köşeşdi?

13 Sürgündäki dönük ýehudylaryň arasynda Hudaýa wepaly adamlaram bardy. Hudaý ýesir düşen käbir ýehudylaryň eden işine ökünjekdigini Hyzkyl pygamber arkaly aýdypdy. Toba eden ýehudylar Hudaýa garşy haram işleri edendigini boýun alarlar. Olar Ýehowadan ötünç sorap, rehim etmegini dilärler (Hyz. 6:8—10; 12:16). Hyzkyl pygamberden başga-da, wepaly ýehudylaryň arasynda Danyýar bilen üç dosty hem bardy. Danyýar pygamber uzak ýaşansoň, sürgüni başyndan ahyryna çenli görüpdi. Danyýar kitabynyň 9-njy babynda onuň halkyň adyndan eden dogalary ýazylan. Pygamberiň dogalaryndan sürgündäki müňlerçe ýehudylaryň günälerine ýürekden toba edendigini bilse bolýar. Olar Ýehowanyň bagyşlap, ýene bereket bermegini isleýärdiler. Hyzkyl ýesirlikdäkileriň azat boljagyny, arassa seždäniň dikeljegini aýdanda, halkyň başy göge ýetendir.

14. Ýehowa halkyny näme üçin ýurduna gaýtaryp getirdi?

14 Aslynda, Ýehowanyň halkyny azat etmeginiň we arassa seždäni dikeltmeginiň wajyp sebäbi bardy. Ýehowa olary toba edendigi üçin däl-de, halklaryň öňünde adyny mukaddes etmeli wagtynyň gelendigi üçin ýesirlikden boşatmak isleýärdi (Hyz. 36:22). Şonda Marduk ýaly ýalan taňrylarynyň Älemiň Hökümdary Ýehowa taý gelip bilmejekdigi wawilonlylaryň ömür ýadyndan çykmaz! Geliň, Ýehowanyň Hyzkyl arkaly sürgündäki halkyna beren bäş wadasyny bileliň. Ilki bilen, şol wadalaryň wepaly ýehudylarda, soňra uly möçberde ýerine ýetişini bileris.

15. Ýehowa butparazlyk we ýigrenji däp-dessurlar barada näme wada berdi?

15 1-NJI WADA. Butparazlyk we ýalan din bilen bagly ýigrenji däp-dessurlar edilmez (Hyzkyl 11:18; 12:24-nji aýatlary okaň). Biz 5-nji bapdan ysraýyllaryň Iýerusalimi we ybadathanany haram edendigini bildik. Olar butlara sežde edip, ýalan dini däp-dessurlary berjaý etdiler. Halk azgynlyk edip, Ýehowadan daşlaşdy. Ýöne Ýehowa Hyzkyl pygamber arkaly sürgündäkileriň ýene-de arassa sežde etjekdigini aýdýar. Eger Hudaýyň arassa sežde bilen bagly düzgüni ýola goýulsa, halk başga-da köp bereketleri alyp bilýärdi.

16. Ýehowa halkyna ýurdy hakda näme wada berdi?

16 2-NJI WADA. Halk watanyna dolanar. Ýehowa sürgündäki halkyna: «Ysraýyl topragyny bererin» diýipdi (Hyz. 11:17). Muny eşidip halk ruhlanan bolmaly, sebäbi wawilonlylaryň süteminden ýaňa, olaryň watanyna dolanmaga hiç hili umydy ýokdy (Işa. 14:4, 17). Onsoňam, ýurduna gaýdyp baranlar wepaly bolsa, Hudaý topragy bereketli we bol hasylly etjegini, halkyň hiç wagt el sermejegini, eden işleriniň hözirini görjegini wada beripdi. Olar öňki ýaly açlykdan kösenip, masgara bolmazlar (Hyzkyl 36:30-y okaň).

17. Sadakalar barada näme wada berildi?

17 3-NJI WADA. Ýehowanyň gurbanlyk ojagynda sadaka berler. Kanuna görä, Hudaýa gurbanlyk we sadaka bermek arassa seždäniň wajyp bölegidi. Muny 2-nji bapdan bilipdik. Sürgünden gelen halk Hudaýa gulak assa we diňe oňa sežde etse, Ýehowa sadakalaryny kabul ederdi. Şeýdip, halk günäden arassalanyp, Hudaý bilen dostlugyny berkidip bilýärdi. Ýehowa: «Bütin ysraýyl halky... maňa sežde eder. Sizden razy bolaryn, sadakalaryňyzy, ilkinji hasylyňyzy we mukaddes sowgatlaryňyzy kabul ederin» diýip wada beripdi (Hyz. 20:40). Dogrudanam, arassa sežde dikeldilse, Hudaý halkyna bol bereket berer.

18. Ýehowa halkynyň nädip aladasyny eder?

18 4-NJI WADA. Erbet çopanlar ýolbaşçylyk etmez. Halkyň agyr günäleri etmegine, esasan, baştutanlar sebäp bolýardy. Indi Ýehowa beýle bolmajagyny wada berýär. Ýehowa erbet çopanlar hakda: «Indi olara sürimi ynanmaryn... Sürimi olaryň elinden halas ederin» diýýär. Wepaly halkynyň bolsa «aladasyny etjegini» aýdýar (Hyz. 34:10, 12). Nädip? Ol ynamdar hem wepaly çopanlary bellär.

19. Ýehowa agzybirlik barada näme wada berdi?

19 5-NJI WADA. Ýehowanyň halky agzybir bolar. Sürgünden öň halkyň agzaladygyny görüp, Hudaýyň wepaly gullukçylary örän gynanandyr. Halk ýalan pygamberleriň we erbet çopanlaryň yzyna eýerip, Ýehowanyň iberen wepaly pygamberlerine garşy çykdy. Hatda biri-birine ýamanlyk edip, toparlara bölündi. Ýehowanyň Hyzkyl arkaly dikeldiş hakda beren wadasy göwnüňi göterýär. Ol: «Men olary agzybir ederin, aň-düşünjesini täzelärin» diýýär (Hyz. 11:19). Sürgünden gelen halk Ýehowa Hudaýa gulak asyp, agzybir bolsa, hiç bir duşman olary ýok edip bilmez. Şonda olar Ýehowanyň adyna ysnat getirmän, ýene-de şöhratlandyrar.

20, 21. Hudaýyň wadalary sürgünden gelen ýehudylarda nädip ýerine ýetdi?

20 Ýokarda agzalan wadalar ýesirlikden dolanyp gelen ýehudylarda ýerine ýetdimi? Hudaýa wepaly Ýuşa garran çagynda şeýle diýipdi: «Ýehowa Hudaýyňyzyň beren gowy wadalarynyň hiç biri ýerine ýetmän galmady, ählisi aýdyşy ýaly boldy. Her bir sözi ýerine ýetdi» (Ýuşa 23:14). Hudaýyň wadalary Ýuşanyň döwründäki ýaly, ýesirlikden dolanyp gelen halkyň günlerinde-de ýerine ýetipdi.

21 Ýehudylar indi Ýehowadan daşlaşdyrýan ýalan taňrylara sežde etmeýärdi we ýigrenji däp-dessurlary berjaý etmeýärdi. Olar ýurduna baryp, zähmet çekdiler, durmuşyň hözirini görüp ýaşadylar. Belki, olar şeýle durmuşda ýaşarys diýip pikir hem eden däldir. Şonuň üçin Iýerusalime baran badyna gurbanlyk ojagyny gurup, Ýehowa gurbanlyk berdiler (Hyd. 3:2—6). Ýehowa halkynyň aladasyny etjek çopanlary belledi. Olaryň arasynda wepaly ruhany we mürze Hydyr, häkim Nehemýa bilen Zerubabel, baş ruhany Ýuşa, Hagaý, Zekerýa, Melek ýaly batyrgaý pygamberler bardy. Ýehowanyň tabşyrygyna we görkezmesine gulak asyp, halk ençeme ýyllap agzybir hem bagtly ýaşady (Işa. 61:1—4; Ýermeýa 3:15-i okaň).

22. Ýehowanyň wadalarynyň uly möçberde ýerine ýetjekdigini nireden bilýäris?

22 Ýehowanyň arassa seždäni dikeltmek baradaky wadalary ýerine ýetende ýehudylaryň begenjiniň çägi bolan däldir! Ýöne olar gelejekde uly möçberde boljak zatlary görkezýärdi. Muny nireden bilýäris? Eger halk Hudaýa gulak asyp, ony razy eden bolsa, Ýehowa wadalaryny berjaý ederdi. Emma wagtyň geçmegi bilen, ýehudylar ýene-de boýnuýogynlyk edip, Hudaýa garşy çykdylar. Muňa garamazdan, Ýuşanyň aýdyşy ýaly, Ýehowanyň sözi hemişe ýerine ýetýär. Tizden Hudaýyň wadalary has uly möçberde ýerine ýeter, ebedi bereketleri getirer. Geliň, ol hakda bileliň.

«Sizden razy bolaryn»

23, 24. Hudaý «ähli zady» haçan we nädip dikeldip başlady?

23 Biz 1914-nji ýylda zalym dünýäniň soňky günleriniň başlandygyny bilýäris. Emma Ýehowanyň gullukçylary dünýäniň soňunda ýaşaýandygyna gynanmaýar. Mukaddes Kitapda 1914-nji ýylda tolgundyryjy döwrüň başlandygy aýdylýar, sebäbi «Hudaý ähli zady dikeldip» başlady (Res. 3:21). Muny nireden bilýäris? 1914-nji ýylda Isa Mesih gökde patyşa bellendi. Şeýlelikde, dikeldiş işi başlady. Ýadyňyzda bolsa, Ýehowa Dawuda nesliniň ebedi patyşa boljakdygyny wada beripdi (1 Tar. 17:11—14). Emma b. e. öň 607-nji ýyldan soň onuň neslinden hiç kim patyşa bolmady. Wawilonlylar Iýerusalimi basyp alanda, Dawudyň nesli höküm sürmegini bes edipdi.

24 Isa «Ynsan ogly» hökmünde Dawudyň neslinden doglupdy. Şol sebäpli Dawudyň tagtynda oturmaga haky bardy (Mat. 1:1; 16:13—16; Luka 1:32, 33). 1914-nji ýylda Ýehowa Isany gökdäki tagtda oturdanda, «Hudaý ähli zady dikeldip» başlady. Şeýdip, Ýehowa kämil Patyşa arkaly arassa seždäni dikeltmegi dowam etdi.

25, 26. a) Hudaýyň halky Beýik Wawilonyň ýesirliginden haçan azat boldy we muny nireden bilýäris? («1919-njy ýylda azat edilýär» diýen çarçuwa serediň). b) 1919-njy ýylyň başynda näme boldy?

25 Mesih patyşa bolanda ilki Atasy bilen halkynyň nädip arassa sežde edýändigini barlamaga geldi (Mel. 3:1—5). Isanyň aýdyşy ýaly, bugdaýlary haşal otdan, ýagny saýlananlary ýalan mesihçilerden köp wagtlap tapawutlandyryp bolmady b. Ýöne 1914-nji ýylda hasyl ýygymy başlanda, olar göz-görtele tapawutlandy. Şondan onlarça ýyl öň, Mukaddes Kitaby öwrenýänler hristian dünýäsiniň erbet işlerini paş edip, azgyn guramadan çykyp başladylar. Şeýlelikde, Ýehowanyň arassa seždäni dikeltmeli wagty geldi. «Hasyl ýygymynyň» başlanyna birnäçe ýyl bolupdy. 1919-njy ýylyň başynda Hudaýyň halky Beýik Wawilonyň ýesirliginden doly azat boldy (Mat. 13:30). Ýesirlik ahyry tamamlandy!

26 Hyzkylyň arassa seždäniň dikeldilmegi baradaky pygamberlikleri has uly möçberde ýerine ýetip başlady. Muny hatda Hudaýyň geçmişdäki halky hem görmändi. Geliň, Hudaýyň bäş wadasynyň uly möçberde ýerine ýetişine seredeliň.

27. Hudaý halkyny nädip butparazlykdan arassalady?

27 1-NJI WADA. Butparazlyk we ýalan din bilen bagly ýigrenji däp-dessurlar edilmez. XIX asyryň ahyrynda, XX asyryň başynda wepaly mesihçiler ýygnanyşyp başladylar. Ýalan dini däp-dessurlary berjaý etmegi kem-kemden goýdular. Olar Mukaddes Kitaba esaslanmaýan üç ýüzli taňry, ölmeýän ruh we dowzah ody baradaky ýalan taglymatlara ynanmagy bes etdiler. Şeýle-de Hudaýa sežde edeniňde şekilleri ulanmagyň butparazlykdygyna düşündiler. Wagtyň geçmegi bilen, Hudaýyň halky haça çokunmagyň hem butparazlykdan gelip çykandygyna göz ýetirdi (Hyz. 14:6).

28. Ýehowanyň halky nädip ruhy jennete dolandy?

28 2-NJI WADA. Hudaýyň halky ruhy jennete dolanar. Beýik Wawilondan çykansoň, wepaly mesihçiler ruhy jennete dolanyp, bolçulykda ýaşadylar. Olar hiç wagt ruhy taýdan aç-hor bolmadylar (Hyzkyl 34:13, 14-nji aýatlary okaň). Ýehowanyň halkyna ruhy bereketleri eçilýändigi hakda 19-njy bapdan bileris (Hyz. 11:17).

29. 1919-njy ýyldan başlap wagyz işine nädip köp üns berildi?

29 3-NJI WADA. Ýehowanyň gurbanlyk ojagynda sadaka berler. I asyrda mesihçiler Hudaýa has gymmatly gurbanlary bermelidigini bildiler. Olar mal gurbanlygyny bermän, gaýtam Ýehowany şöhratlandyryp, adamlara Hudaý barada öwretmelidiler (Ýew. 13:15). Asyrlarboýy Hudaýyň halky Wawilon ýesirligindekä, Ýehowa öwgi gurbanlaryny bermeýärdiler. Emma olar ýesirligiň ahyrynda şeýle gurbanlary berip başlady. Olar wagyz edip, ýygnak duşuşyklarynda Hudaýa ýürekden alkyş aýdýardylar. 1919-njy ýylda «wepaly hem paýhasly hyzmatkär» wagza köp üns berip başlady, ähli ýerde wagyz işini gurnady (Mat. 24:45—47). Şondan bäri Ýehowa sežde edip, mukaddes adyny şöhratlandyrýan adamlaryň sany gün-günden artýar.

30. Isa sürüsine gowy çopanlar ýolbaşçylyk eder ýaly näme etdi?

30 4-NJI WADA. Erbet çopanlar ýolbaşçylyk etmez. Isa Mesih Hudaýyň halkyny hristian dünýäsiniň naýynsap, özüni bilýän, ýalançy çopanlarynyň elinden halas etdi. Mesihçiler ýygnagynda-da şol ýalançy çopanlara meňzeýänler borjundan aýryldy (Hyz. 20:38). Gowy Çopan Isa sürüsiniň aladasynyň edilişine gözegçilik edýär. Ol 1919-njy ýylda wepaly hem paýhasly hyzmatkäri belledi. Saýlananlardan ybarat kiçi topar wagtly-wagtynda ruhy iýmit berip, Hudaýyň halkynyň aladasyny edýär. Ýaşululara-da «Hudaýyň sürüsiniň» aladasyny etmek öwredilýär (1 Pet. 5:1, 2). Olara Ýehowa Hudaýyň we Isa Mesihiň beren tabşyrygyny ýatlatmak üçin köplenç Hyzkyl 34:15, 16-njy aýatlar getirilýär.

31. Ýehowanyň Hyzkyl 11:19-daky sözleri nädip ýerine ýetdi?

31 5-NJI WADA. Ýehowanyň gullukçylary agzybir bolar. Asyrlaryň dowamynda hristian dünýäsi on müňlerçe dini guramalara we toparlara bölündi. Olar agzala bolup, biri-birine duşmançylyk edýärler. Emma Ýehowanyň ýesirlikden boşan halkynyň agzybirligi üýtgeşik. Hudaýyň: «Men olary agzybir ederin» diýen wadasy görlüp-eşidilmedik derejede ýerine ýetýär (Hyz. 11:19). Bütin dünýäde millionlarça adamlar öň haýsy dinde bolandygyna, tire-taýpasyna, baý-garypdygyna, at-abraýyna garamazdan, Isanyň yzyna eýerýär. Olaryň ählisi hakykaty öwrenýär we eginme-egin işleşýär. Isa ölmezinden öňki gije şägirtleriniň agzybir bolmagy üçin ýürekden doga edipdi (Ýahýa 17:11, 20—23-nji aýatlary okaň). Şu günler Ýehowa Isanyň dogasyna artygy bilen jogap berýär.

32. Hyzkylyň pygamberlikleriniň ýerine ýetişi size nähili täsir edýär? («Ýesirlik we dikeldiş hakda pygamberlikler» diýen çarçuwa serediň).

32 Biz arassa seždäniň dikeldilýän döwründe ýaşaýandygymyza örän begenýäris. Hudaýa sežde edip, Hyzkylyň pygamberlikleriniň doly ýerine ýetýändigini görýäris. Biz Ýehowanyň halkyndan razydygyna ynanyp bileris, sebäbi ol Hyzkyl arkaly: «Sizden razy bolaryn» diýipdi (Hyz. 20:41). Birnäçe asyrdan soň ruhy ýesirlikden boşan agzybir halkyň agzasydygyňyza begenýärsiňizmi? Ruhy bolçulykda ýaşaýan halk bilen Ýehowany şöhratlandyrmagy hormat hasaplaýarsyňyzmy? Biz Hyzkylyň arassa seždäniň dikeldilmegi baradaky käbir pygamberlikleriniň has uly möçberde ýerine ýetişini göreris.

«Erem bagyna» meňzeýär

33—35. a) Hyzkyl 36:35-däki sözlere sürgündäkiler nähili düşünýärdi? b) Pygamberlige biz nähili düşünýäris? («Ähli zat dikeldiler» diýen çarçuwa serediň).

33 Bilşimiz ýaly, 1914-nji ýylda Dawudyň mirasdüşeri Isa tagta çykdy. Şonda «ähli zat dikeldilip» başlady (Hyz. 37:24). Ýehowa Mesihe ençeme asyrlap ruhy ýesirlikden soň, arassa seždäni dikeltmegi tabşyrdy. Ýöne Isa Mesih entek dikeldiş işini doly tamamlamady. Ol gelejekde-de dowam eder, Isa ýene köp işleri eder. Hyzkylyň pygamberliklerinde olar hakda anyk aýdylýar.

34 Geliň, şu sözler hakda oýlanalyň: «Adamlar: „Haraba ýurt Erem bagy ýaly bolupdyr!“ diýerler» (Hyz. 36:35). Hudaýyň şu wadasyna Hyzkyl bilen sürgündäkiler nähili düşünýärdiler? Elbetde, olar ýurdunyň göni manyda Erem bagyna öwrülmejegini bilýärdiler. Olaryň gaýdyp baran ýurdy Ýehowanyň döreden Jenneti, ýagny başdaky Erem bagy bolmajagy mese-mälimdi (1 Mus. 2:8). Ýöne olar Ýehowanyň aýdyşy ýaly, ýurdunyň owadan hem bereketli boljagyna düşünýärdiler.

35 Hudaýyň şol wadasyna biz nähili düşünýäris? Elbetde, Şeýtan Iblisiň höküm sürýän zalym dünýäsinde ol göni manyda ýerine ýetmez. Emma biz ruhy jennetde ýaşap, şol wadanyň ýerine ýetişini görýäris. Ýehowa gulluk edip, bol miwe berýäris we mukaddes gullugymyzy ähli zatdan wajyp saýýarys. Ruhy jennet gitdigiçe giňelýär. Gelejekde näme bolar?

36, 37. Jennetde haýsy wadalar ýerine ýeter?

36 Armageddon söweşinden soň, Isa ýer ýüzünde dikeldiş işini uly depginde alyp barar. Onuň müňýyllyk hökümdarlygynda adamlar ýer ýüzüni Erem bagyna, ýagny Jennete öwrer. Şonda Ýehowanyň başdaky niýeti amala aşar (Luka 23:43). Adamlar agzybir ýaşar, ýeri zaýalamaz, gaýtam gowy sereder. Biz hiç zatdan gorkmarys, hiç hili howp abanmaz. Biz Hudaýyň: «Men olar bilen parahatlyk ähtini baglaşaryn. Ýurtdan ýyrtyjy haýwanlary kowaryn. Şonda olar sähralarda asuda gezerler, tokaýlarda ýatarlar» diýen wadasynyň ýerine ýetişini gözümiz bilen göreris (Hyz. 34:25).

37 Göz öňüne getiriň, siz hiç zatdan gorkman islän ýeriňize gidýärsiňiz. Size haýwanlaram degmeýär, gorkudan ýaňa ýüregiňizem bükgüldemeýär. Gür tokaýyň içinde gezelenç edip, gözel tebigatdan lezzet alýarsyňyz. Hatda gije-de tokaýda rahat ýatyp, on iki süňňüňiz abat turýarsyňyz.

Tokaýda rahat ýatyşyňyzy göz öňüne getiriň (36, 37-nji abzaslara serediň)

38. Hyzkyl 28:26-daky wada nädip ýerine ýeter?

38 Biz şu pygamberligiň ýerine ýetişini göreris: «Olar asuda we parahat ýaşap, jaýlar salarlar, üzüm ekerler. Olary ýaňsylan goňşy halklaryň üstünden höküm çykaranymda, olar asuda ýaşarlar. Şonda olar meniň Hudaýlary Ýehowadygymy bilerler» (Hyz. 28:26). Ýehowa ähli duşmanlaryň ýoguna ýananda, asuda we parahat ýaşarys. Ýer ýüzüni bagy-bossanlyga öwreris, maşgalamyzyň, dogan-garyndaşlarymyzyň aladasyny ederis. Rahat ýaşar ýaly jaý salarys we ekin ekeris.

39. Jennet baradaky pygamberlikleriň ýerine ýetjegine näme üçin ynanýarsyňyz?

39 Hudaýyň wadalary size ýöne bir arzuw ýaly görünýärmi? Eger şeýle bolsa, «ähli zadyň dikeldilip» başlany bäri bolan zatlar hakda oýlanyň. Zalym Şeýtanyň garşylyklaryna garamazdan, Isa agyr döwürde-de arassa seždäni dikeltmegi başardy. Diýmek, Hudaý Hyzkyl pygamber arkaly beren ähli wadalaryny hökman ýerine ýetirer!

a Sürgündäki ýehudylaryň köpüsi Wawilon şäheriniň daşyndaky obalarda ýaşaýardy. Meselem, Hyzkyl käbir ýehudylar bilen Kebar derýasynyň boýunda ýaşaýardy (Hyz. 3:15). Emma şäheriň özünde ýaşaýan ýehudylar hem bardy. Olar «patyşanyň we han-begleriniň neslinden bolan ýigitlerdi» (Dan. 1:3, 6; 2 Pat. 24:15).

b Meselem, XVI asyrda dini düşünjäni özgertmegiň tarapdarlaryndan kimiň saýlanan mesihçi bolandygyny anyk aýdyp bolmaýar.