Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

10-NJY BAP

«Siz direlersiňiz»

«Siz direlersiňiz»

HYZKYL 37:5

TEMA: «Gury süňkleriň» direlişi baradaky görnüş we uly möçberde ýerine ýetişi

1—3. Wawilondaky ýehudylaryň tamasy näme üçin puç boldy? (Babyň başyndaky surata serediň).

 WAWILONDAKY ýehudylaryň tamasy puç boldy. Hyzkyl bäş ýyllap Iýerusalimiň weýran boljagyny pygamberlik etse-de, bar azaby ýele sowrulan ýaly boldy. Ol pygamberlikdäki wakalary sahnalaşdyrdy, mysallary getirdi, Hudaýyň habaryny wagyz etdi. Ýöne şonda-da sürgündäkiler Ýehowanyň Iýerusalimi weýran etjegine ynanmady. Olar şäheri Wawilon goşunynyň gabandygyny bilseler-de, hiç kime hiç zat bolmaz öýtdüler.

2 Şäheriň gabalanyna iki ýyl geçensoň, Iýerusalimden gaçyp gutulan bir adam sürgündäkilere: «Şäher basylyp alyndy!» diýip habar berdi. Habary eşidip, sürgündäkiler doňup galdy. Olar ata watanynyň, mukaddes ybadathanasynyň, ene topragynyň weýran bolandygyna ynanyp bilmedi. Ýagdaý olaryň garaşyşy ýaly bolmansoň, ruhdan düşdüler (Hyz. 21:7; 33:21).

3 Şeýle gözgyny ýagdaýda Hyzkyl umyt berýän görnüş görýär. Görnüş ýüregi ýaraly halky nädip ruhlandyrdyka? Onuň Hudaýyň häzirki gullukçylary bilen nähili baglanyşygy bar? Görnüşden her birimiz nähili peýda alyp bileris? Geliň, Ýehowanyň Hyzkyla nämeleri görkezendigini bileliň.

«Süňkler hakda» we «şemala pygamberlik et»

4. Hyzkyl görnüşde nämä üns berýär?

4 Hyzkyl 37:1—10-njy aýatlary okaň. Görnüşde Hudaý Hyzkyly süňklerden doly jülgä eltýär. Gören zatlary Hyzkyla güýçli täsir eder ýaly, Ýehowa ony «pytrap ýatan» süňkleriň arasyndan ýöredýär. Hyzkyl jülgäniň içinden geçende iki zada üns berýär: süňkleriň «sany-sajagy ýokdy», özlerem «gus-gurudy».

5. Ýehowa Hyzkyla näme etmegi tabşyrdy, soňra näme boldy?

5 Süňkler direler ýaly, Ýehowa Hyzkyla iki zady etmegi tabşyrýar. Ilki bilen, ol süňklere «direlersiňiz» diýip «pygamberlik etmelidi» (Hyz. 37:4—6). Ol pygamberlik edip durka, «goh turup, şakyrdy eşidildi. Süňkler biri-birine birleşmäge başlady. Soňra olara siňir bilen et bitdi, daşyny deri örtdi» (Hyz. 37:7, 8). Soňra Hyzkyl şemala jesetleriň «üstünden öwüs» diýip «pygamberlik etmelidi». Hyzkyl aýdylyşy ýaly edende, süňklere «ýaşaýyş demi girdi, olar direlip, uly goşun kimin aýak üstüne galdylar» (Hyz. 37:9, 10).

«Süňklerimiz gurady, umydymyz üzüldi»

6. Ýehowa Hyzkyla görnüşi nädip düşündirdi?

6 Ýehowa görnüşiň näme aňladýandygyny şeýle düşündirdi: «Olar ysraýyl halkynyň süňkleridir». Dogrudanam, sürgündäkiler Iýerusalimiň weýran edilendigini bilende ne öli, ne diri ýaly boldular. Olar: «Süňklerimiz gurady, umydymyz üzüldi. Biz bar zadymyzdan mahrum bolduk» diýip dady-perýat etdiler (Hyz. 37:11; Ýer. 34:20). Emma Ýehowa ahy-nala çekýän halkyna süňkler baradaky gynançly görnüşiň umyt berýändigini hem aýtdy.

7. Hyzkyl 37:12—14-nji aýatlarda Ýehowa näme wada berdi we sürgündäkiler muňa näme üçin ynanmalydy?

7 Hyzkyl 37:12—14-nji aýatlary okaň. Ýehowa görnüş arkaly sürgündäki ýehudylary aýaga galdyryp, watanyna sag-aman eltjegini we bolelin ýaşatjagyny wada berdi. Onsoňam, Ýehowa olara ýene-de «halkym» diýip ýüzlendi. Muny eşidende ýesirlikdäki halkyň göwni göterilendir. Olar Hudaýyň beren wadasyna näme üçin ynanmalydy? Ýehowa: «Muny meniň, Ýehowanyň aýdandygymy, sözümde durandygymy bilersiňiz» diýipdi.

8. a) «Ysraýyl öýi» nädip öli ýaly boldy? b) Hyzkyl 37:9-da ysraýyl halkynyň öli ýaly bolandygy nädip düşündirilýär? (Çykgyda serediň).

8 Ysraýyl halky gynançly görnüşiň ýerine ýetişini gözi bilen gördi. B. e. öň 740-njy ýylda on taýpaly patyşalyk dargap, ysraýyllar ýesir düşdi. Şonda olar Ýehowa bilen dostlugyny doly ýitirdi. Şondan 130 ýyl töweregi geçensoň, ýahudalar hem sürgün edilip, bütin «ysraýyl halky» ýesirlige düşdi (Hyz. 37:11). Ýehowa bilen öň ýakyn dost bolan halk görnüşdäki gury süňklere meňzedi a. Hyzkyl görnüşde ýöne-möne süňkleri däl-de, «gus-gury» süňkleri görýär. Ol ysraýyl halkynyň ençeme ýyllap ruhy taýdan öli boljakdygyny görkezýärdi. Dogrudanam, b. e. öň 740—537-nji ýyllarda Ýahudanyň we Ysraýylyň halky 200 ýyldan gowrak ejir çekdi (Ýer. 50:33).

9. Geçmişdäki ysraýyllaryň ýagdaýy bilen «Hudaýyň Ysraýylynyň» nähili meňzeşligi bar?

9 Hyzkylyň Ysraýylyň dikeldilmegi baradaky pygamberlikleri uly möçberde ýerine ýetmelidi (Res. 3:21). Geçmişde ysraýyllar ruhy taýdan öldürilip, köp wagtlap öli ýaly boldy. Şonuň ýaly saýlanan mesihçilerden ybarat «Hudaýyň Ysraýyly» hem ruhy taýdan ýesir düşüp, göçme manyda öldi (Gal. 6:16). Saýlanan mesihçilerden ybarat ýygnagyň «gus-gury» süňklere meňzedilmegi örän ýerlikli, sebäbi olar köp wagtlap ruhy taýdan ýesirlikde bolupdy (Hyz. 37:2). Geçen bapdan bilşimiz ýaly, saýlanan mesihçilerden ybarat ýygnak II asyrda ýesirlige düşdi. Isanyň bugdaý hem-de haşal ot mysalynda aýdyşy ýaly, olar birnäçe asyrlap ýesirlikde boldy (Mat. 13:24—30).

Hyzkylyň gören «gus-gury» süňkleri ruhy ýesirlikde bolan saýlananlary aňladýar (8, 9-njy abzaslara serediň)

«Süňkler biri-birine birleşmäge başlady»

10. a) Hyzkyl 37:7—10-njy aýatlarda Hudaýyň halky barada näme diýilýär? b) Sürgündäkileriň imanyny näme berkitdi?

10 Ýehowa halkyny «direltjekdigini», ýagny kem-kemden aýaga galdyrjakdygyny wada beripdi (Hyz. 37:7—10). Şonuň üçin Hudaýdan gorkýan ysraýyllar watanyna dolanyp barmaga umyt edýärdi. Olaryň imanyny näme berkitdi? Birinjiden, geçmişdäki pygamberleriň aýdan sözleri olary ruhlandyrdy. Meselem, Işaýa pygamber diri galanlaryň, ýagny «mukaddes nesliň» watanyna dolanyp geljekdigini aýdypdy (Işa. 6:13; Eýp. 14:7—9). Ikinjiden, Hyzkylyň dikeldiş baradaky ençeme pygamberlikleri hem olara umyt berýärdi. Şeýle-de Danyýar ýaly Hudaýa wepaly adamlaryň Wawilona gelmegi we b. e. öň 539-njy ýylda Wawilonyň basylyp alynmagy sürgündäkileriň imanyny hasam berkidendir.

11, 12. a) «Hudaýyň Ysraýyly» nädip kem-kemden aýaga galdy? («Arassa sežde kem-kemden dikeldilýär» diýen çarçuwa serediň). b) Hyzkyl 37:10-a görä nähili sorag ýüze çykýar?

11 «Hudaýyň Ysraýyly», ýagny saýlanan mesihçilerden ybarat ýygnak nädip kem-kemden aýaga galdy? Birnäçe asyr dowam eden ýesirlikden soň, «goh turup, şakyrdy eşidildi». Hudaýhon adamlar hakyky seždäni goldamak üçin hereket edip başlady. Meselem, XVI asyrda Willýam Tindal Mukaddes Kitaby iňlis diline terjime etdi. Tindalyň terjimesiniň köpçülige ýaýrandygyny eşidip, Rim katolik ruhanylaryň gahary gelýär. Şeýdip, Tindal öldürilýär. Emma şonda-da batyrgaý adamlar Mukaddes Kitaby başga dillere terjime etdiler. Şeýlelikde, garaňky dünýäde ruhy ýagtylyk kem-kemden nur saçyp başlady.

12 Soňra Çarlz Rassel bilen ýoldaşlary Mukaddes Kitapdaky hakykatlara düşünip, adamlara öwredip başladylar. Şonda pygamberlikde aýdylyşy ýaly, süňklere «siňir bilen et bitdi». «Sion garawul diňi» žurnaly we beýleki edebiýatlar akýürekli adamlara Mukaddes Kitapdaky hakykatlara düşünmäge kömek etdi. Şondan soň olar Hudaýyň saýlanan gullukçylaryna goşuldylar. 1900-nji ýyllaryň başynda «Ýaradylyş fotodramasynyň» we «Gutarnykly syr» atly kitabyň çykmagy saýlanan mesihçileriň badyny hasam güýçlendirdi. Biraz wagtdan Hudaýyň «halky aýak üstüne galdy» (Hyz. 37:10). Olar haçan we nädip «aýak üstüne galdy»? Gadymy Wawilonda bolan wakalar muny gowy düşündirýär.

«Olar direlip... aýak üstüne galdylar»

13. a) B. e. öň 537-nji ýylda Hyzkyl 37:10, 14-nji aýatlardaky sözler nädip ýerine ýetip başlady? b) On taýpaly patyşalygyň raýatlarynyň Ysraýyla dolanyp gelendigini haýsy aýatlar görkezýär?

13 B. e. öň 537-nji ýylda Hyzkylyň gören zatlary ýerine ýetip başlady. Muny Wawilondaky ýehudylar nädip gördüler? Ýehowa olary ýesirlikden azat edip, watanyna getirende, göýä direlip «aýak üstüne galan» ýaly boldular. Ysraýyllardan 42 360 adam, gelmişeklerden bolsa 7 000-e golaý adam Wawilondan gaýdyp, Ysraýyl topragynda mesgen tutdy. Olar Iýerusalimi we ybadathanany dikeltdi (Hyd. 1:1—4; 2:64, 65; Hyz. 37:14). Şondan 70 ýyl töweregi geçensoň, sürgündäkilerden 1 750-ä golaý adam Hydyr bilen Iýerusalime dolanyp geldi (Hyd. 8:1—20). Şeýlelikde, 44 000-den gowrak ýehudy ýurduna dolandy. Dogrudanam, olar «uly goşundy» (Hyz. 37:10). Şeýle-de Hudaýyň Sözünde on taýpaly Ysraýyl patyşalygynyň raýatlarynyň hem ybadathanany dikeltmek üçin Ysraýyla dolanyp gelendigi aýdylýar. Olar b. e. öň VIII asyrda assiriýalylar tarapyndan sürgün edilen ysraýyllaryň neslidi (1 Tar. 9:3; Hyd. 6:17; Ýer. 33:7; Hyz. 36:10).

14. a) Hyzkyl 37:24-e görä dikeldiş hakdaky pygamberlik haçan uly möçberde ýerine ýetip başlady? b) 1919-njy ýylda näme boldy? («„Gury süňkler“ bilen „iki şaýat“ baradaky pygamberligiň nähili baglanyşygy bar?» diýen çarçuwa serediň).

14 Hyzkylyň halkyň direlip watanyna dolanjakdygy hakdaky pygamberligi nädip uly möçberde ýerine ýetdi? Ýehowanyň Hyzkyla aýdyşy ýaly, şol pygamberlik Uly Dawut, ýagny Isa Mesih patyşa bolandan biraz wagt geçensoň, has uly möçberde ýerine ýetip başlady b (Hyz. 37:24). 1919-njy ýylda Ýehowa halkyna mukaddes ruhuny berýär. Şonda olar «direlýär» we Beýik Wawilonyň ýesirliginden azat bolýar (Işa. 66:8). Ýehowa olary «ýurduna» getirýär, ýagny ruhy jennetde ýaşadýar. Ýöne olar nädip «uly goşun» boldy?

15, 16. a) Ýehowanyň gullukçylary nädip «uly goşun» boldy? b) Hyzkylyň pygamberligi kynçylyklary ýeňmäge nädip kömek edýär? («Ýehowa aýaga galdyrar» diýen çarçuwa serediň).

15 Isa Mesih 1919-njy ýylda wepaly hyzmatkäri belledi. Şondan biraz wagt geçensoň, Hudaýyň gullukçylary «köp adamlar, güýçli halklar Ýehowany gözlemäge geler» diýen sözleriň ýerine ýetişini görüp başladylar. Şol sözleri sürgünden gelenleriň arasynda gulluk eden Zekerýa pygamber aýdypdy. Pygamber Ýehowany gözleýän adamlar barada: «Ähli halklardan we dillerden on adam geler» diýdi. Olar «ýehudynyň», ýagny «Hudaýyň Ysraýylynyň» donundan ýapyşyp: «Biz siziň bilen gitjek, sebäbi Hudaýyň siziň bilendigini eşitdik» diýerler (Zek. 8:20—23; Gal. 6:16).

16 Şu günler millionlarça adamdan ybarat uly goşuna ruhy Ysraýyl (saýlananlaryň galyndysy) bilen «on adam» (başga goýunlar) degişli. Mesihiň esgerleri gün-günden köpelýär (Hyz. 37:10). Biz Patyşamyz Isa Mesihiň yzyna eýerip, gelejekde köp bereketleri alarys (Zeb. 37:29; Hyz. 37:24; Flp. 2:25; 1 Sel. 4:16, 17).

17. Indiki bapda näme bileris?

17 Arassa seždäniň dikeldilmeginde Hudaýyň halkynyň uly jogapkärçiligi bar. Ol nähili jogapkärçilik? Muny Iýerusalim weýran edilmänkä, Ýehowanyň Hyzkyla tabşyran ýumşundan bilse bolýar. Indiki bapda şu barada gürrüň ederis.

a Hyzkyl ajaly ýetip ölen adamlaryň däl-de, «öldürilen adamlaryň» süňklerini görüpdi (Hyz. 37:9). Assiriýalylar we wawilonlylar on taýpaly Ysraýyl patyşalygy bilen iki taýpaly Ýahuda patyşalygyny basyp alanda hem-de ilaty ýesir alyp, sürgün edende, bütin «Ysraýyl öýi» göçme manyda öldürildi.

b Mesihiň hökümdarlygy baradaky pygamberlik 8-nji bapda düşündirilýär.