Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

12-NJI BAP

Olary «bir halk ederin»

Olary «bir halk ederin»

HYZKYL 37:22

TEMA: Ýehowa halkyny agzybir etjekdigini wada berýär; iki taýak baradaky pygamberlik

1, 2. a) Sürgündäkiler näme üçin howsala düşen bolmaly? b) Olar nämä haýran galdylar? ç) Haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

 HUDAÝYŇ görkezmesi bilen Hyzkyl Wawilona sürgün edilen halka alamatlar arkaly birnäçe pygamberlikleri aýtdy. Hyzkylyň birinji, ikinji we soňky sahnalary Hudaýyň hökümi hakdady (Hyz. 3:24—26; 4:1—7; 5:1; 12:3—6). Dogrudanam, Hyzkylyň görkezen sahnalary Hudaýyň gahar-gazap bilen ýehudylara çykaran hökümlerini aňladýardy.

2 Göz öňüne getiriň, sürgündäkiler Hyzkylyň ýene öňe çykyp, bir zatlar etjek bolýanyny görende howsala düşendir. Olar: «Indi başymyza nähili bela inerkä?» diýip pikir edendir. Ýöne olaryň garaşyşy ýaly bolmady. Olar Hyzkylyň görkezip başlan pygamberligine haýran galdylar. Ol Hudaýyň aýylganç hökümi barada däl-de, umyt berýän wadasy hakda aýtdy (Hyz. 37:23). Pygamber sürgündäkilere nähili habary aýtdy? Habar nämäni aňladýardy? Ol Hudaýyň häzirki gullukçylaryna nähili täsir edýär? Geliň, bileliň.

«Olar meniň elimde bir bolar»

3. a) «Ýahudanyň» taýagy näme aňladýar? b) «Efraýymyň» taýagy näme üçin on taýpaly patyşalygy aňladýar?

3 Ýehowa Hyzkyla iki taýak alyp, birine «Ýahudanyň», beýlekisine «Ýusubyň, ýagny Efraýymyň» taýagy diýip ýazmagy tabşyrýar (Hyzkyl 37:15, 16-njy aýatlary okaň). Taýaklar näme aňladýar? «Ýahudanyň» taýagy ýahuda we benýamin taýpasyndan ybarat iki taýpaly patyşalygy aňladýar. Ýahudanyň neslinden bolan patyşalar şol iki taýpanyň üstünden höküm sürüpdir. Ruhanylara-da iki taýpaly patyşalyk gözegçilik edipdir, sebäbi olar Iýerusalimdäki ybadathanada hyzmat edipdir (2 Tar. 11:13, 14; 34:30). Şeýlelikde, Dawudyň neslinden dörän patyşalar ýaly, lewi ruhanylar hem Ýahuda patyşalygyna degişli bolupdyr. «Efraýymyň» taýagy bolsa on taýpaly Ysraýyl patyşalygyny aňladýar. Ýöne taýagyň Efraýym bilen nähili baglanyşygy bar? On taýpaly patyşalygyň ilkinji patyşasy Ýerobgam efraýym taýpasyndan bolupdyr. Şondan soň efraýym Ysraýylyň esasy taýpasy hasaplanypdyr (5 Mus. 33:17; 1 Pat. 11:26). Diýmek, on taýpaly Ysraýyl patyşalygyna Dawudyň neslinden dörän patyşalar we lewi ruhanylar degişli däldi.

4. Hyzkyl pygamber näme üçin iki taýagy birleşdirýär? (Babyň başyndaky surata serediň).

4 Hudaý Hyzkyla: «Taýaklar „bir taýak bolar ýaly, bir-birine birleşdir“» diýýär. Gözüni elek-çelek edip duran sürgündäkiler Hyzkyla: «Näme edýäniňi düşündiräý!» diýýär. Şonda Hyzkyl Ýehowanyň etjek bolýan işini görkezýändigini aýdýar. Ýehowa iki taýak hakda: «Olary bir taýak ederin, olar meniň elimde bir bolar» diýdi (Hyz. 37:17—19).

5. Hyzkylyň eden hereketi näme aňladýar? («Iki taýagyň birleşmegi» diýen çarçuwa serediň).

5 Soňra Ýehowa taýaklary näme üçin birleşdirýändigini düşündirdi (Hyzkyl 37:21, 22-nji aýatlary okaň). Iki taýpaly Ýahuda patyşalygy bilen on taýpaly Ysraýyl, ýagny Efraýym patyşalygyndaky sürgün edilenler Ysraýyl ýurduna gelip, «bir halk» bolmalydy (Ýer. 30:1—3; 31:2—9; 33:7).

6. Hyzkyl 37-nji bapda nähili iki pygamberlik bar?

6 Hyzkyl kitabynyň 37-nji babynda ýazylan dikeldiş hakdaky iki pygamberlik haýran galdyrýar. Hyzkyl 37:1—14-nji aýatlara görä, Ýehowa halkyny diňe bir ýesirlikden azat etjegini däl-de, 15—28-nji aýatlarda aýdylyşy ýaly, agzybir etjegini subut eder. Halkyň ýesirlikden boşajakdygy we agzybir boljakdygy hakdaky pygamberlikler örän ruhlandyrýar.

Ýehowa halkyny «ýygnady»

7. 1 Taryh 9:2, 3-nji aýatlar Hudaýyň «ähli zady başarýandygyny» nädip subut edýär?

7 Ynsan üçin halkyň sürgünden azat bolmagy we ýurdunda agzybir ýaşamagy bolmajak zat ýalydy a. «Ýöne Hudaý ähli zady başarýar» (Mat. 19:26). Ýehowa aýdyşy ýaly-da etdi. B. e. öň 537-nji ýylda Wawilon ýesirligi gutaransoň, iki patyşalygyň hem raýatlary arassa seždäni dikeltmek üçin Iýerusalime geldi. Muny «Ýahudanyň, Benýaminiň, Efraýymyň we Manaşanyň nesilleriniň käbiri Iýerusalimde ýaşady» diýen sözler subut edýär (1 Tar. 9:2, 3; Hyd. 6:17). Dogrudanam, Ýehowanyň aýdyşy ýaly, on taýpaly Ysraýyl patyşalygy bilen iki taýpaly Ýahuda patyşalygynyň raýatlary birleşip, agzybir boldy.

8. a) Işaýa näme hakda pygamberlik etdi? b) Hyzkyl 37:21-den nähili iki wajyp zady bilse bolýar?

8 Ýesirlikden soň Ysraýyla we Ýahuda näme boljakdygyny Işaýa pygamber takmynan 200 ýyl öňünden aýdypdy. Ol Ýehowanyň «ýer ýüzüne dargan Ysraýyl ogullaryny» we «çar tarapa dargan ýahuda halkyny», şol sanda «Assiriýadakylary» hem ýygnajakdygyny pygamberlik edýär (Işa. 11:12, 13, 16). Ýehowa aýdyşy ýaly, «ysraýyllary halklaryň arasyndan... ýygnady» (Hyz. 37:21). Iki wajyp zada üns beriň: Ýehowa indi sürgündäkilere «ýahudalar» we «efraýymlar» däl-de, «ysraýyllar» diýip, olara bir halk hökmünde ýüzlenýär. Şeýle-de ysraýyllaryň diňe Wawilondan däl-de, «dumly-duşdan», ýagny dürli halklaryň arasyndan gelendigi aýdylýar.

9. Ýehowa ýurduna dolanyp gelen halkyny nädip agzybir etdi?

9 Ýesirlikden Ysraýyla dolanyp gelen halky Ýehowa nädip agzybir etdi? Ol halkyň ruhy taýdan aladasyny eder ýaly, Zerubabel, baş ruhany Ýuşa, Hydyr, Nehemýa ýaly çopanlary, Hagaý, Zekerýa we Melek ýaly pygamberleri belledi. Şol wepaly adamlar halka Hudaýyň tabşyryklaryna eýermegi jan edip öwretdiler (Neh. 8:2, 3). Şeýle-de Ýehowa duşmanlaryň guran hilesine özlerini düşürip, halkyny gorapdy (Est. 9:24, 25; Zek. 4:6).

Ýehowa halkyny agzybir etmek üçin aladaçyl çopanlary belledi (9-njy abzasa serediň)

10. Şeýtan näme edip bildi?

10 Ýehowa söýgüsini görkezip, aladasyny etse-de, köp ysraýyllar arassa seždäni goldamady. Olaryň eden işleri hakda Töwradyň Wawilon ýesirliginden soň ýazylan kitaplarynda aýdylýar (Hyd. 9:1—3; Neh. 13:1, 2, 15). Dogrudanam, ýesirlikden dolanyp gelenlerine heniz bir asyr hem geçmänkä, ysraýyllar arassa sežde etmegi bes etdiler. Şonuň üçin Ýehowa: «Maňa dolanyň» diýdi (Mel. 3:7). Isanyň ýerde ýaşan döwürleri ýehudy dini eýýäm birnäçe toparlara bölünipdi. Olara Hudaýdan ýüz öwren çopanlar ýolbaşçylyk edýärdi (Mat. 16:6; Mar. 7:5—8). Garaz, Şeýtan Hudaýyň halkynyň agzybirligini bozup bildi. Emma Ýehowa halkyny hökman agzybir eder. Onuň pygamberligi nädip ýerine ýeter?

«Gulum Dawut olaryň patyşasy bolar»

11. a) Ýehowa halkynyň agzybirligi hakda näme pygamberlik etdi? b) Şeýtan gökden kowlansoň näme etdi?

11 Hyzkyl 37:24-i okaň. Ýehowa halkynyň agzybirligi hakdaky pygamberligi doly ýerine ýetirjekdigini aýdypdy. Pygamberlik 1914-nji ýylda Hudaýyň «guly Dawut», ýagny Isa patyşa bolansoň ýerine ýetdi b (2 Şam. 7:16; Luka 1:32). Şonda Hudaý ysraýyl halkyna derek saýlanan mesihçileri, ýagny ruhy Ysraýyly saýlady (Ýer. 31:33; Gal. 3:29). Şeýtan gökden kowlansoň, Hudaýyň halkynyň agzybirligini bozjak bolup elinde baryny edýär (Ylh. 12:7—10). Meselem, 1916-njy ýylda Rassel dogan aradan çykansoň, Şeýtan imandan dänenler arkaly saýlananlaryň arasynda agzalalyk döretjek boldy. Ýöne biraz wagtdan olaryň özleri guramadan gitdiler. Gurama ýolbaşçylyk edýän doganlar türmä basylanda, Şeýtan üstünlik gazansa-da, Ýehowanyň halkynyň soňuna çykyp bilmedi. Saýlanan doganlar Ýehowa wepaly bolup, agzybirligi saklady.

12. Şeýtan näme üçin ruhy Ysraýylyň arasynda agzalalyk döredip bilmeýär?

12 Ysraýyl halkyndan tapawutlylykda, ruhy Ysraýyl Şeýtanyň agzalalyk döretmek üçin guran hilelerine garşy durýar. Şeýtanyň maksady näme üçin başa barmaýar? Sebäbi saýlananlar Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamaga jan edýärler. Şeýtan bilen söweşýän patyşa Isa Mesih hem olary goraýar (Ylh. 6:2).

Ýehowa gullukçylaryny agzybir eder

13. Taýaklaryň birleşmegi hakdaky pygamberlikden nämäni bilýäris?

13 Taýaklaryň birleşmegi hakdaky pygamberligiň biziň günlerimiz bilen nähili baglanyşygy bar? Ýadyňyzda bolsa, pygamberlik iki toparyň agzybir bolmagy hakdady. Esasanam, pygamberlikde olary Ýehowanyň agzybir etjekdigi aýdylýar. Iki taýagyň birleşmegi hakdaky pygamberlikden arassa sežde barada nähili wajyp hakykaty bilýäris? Bir söz bilen aýdanyňda, Ýehowanyň özi gullukçylaryny agzybir eder (Hyz. 37:19).

14. 1919-njy ýylda taýaklaryň birleşmegi hakdaky pygamberlik nädip uly möçberde ýerine ýetip başlady?

14 1919-njy ýylda Hudaýyň halky ruhy taýdan arassalanyp, ruhy jennetde ýaşap başlady. Şondan bäri taýaklaryň birleşmegi hakdaky pygamberlik uly möçberde ýerine ýetýär. Şol döwür Hudaýyň agzybir edenleriniň köpüsi gökde patyşalar we ruhanylar bolmaga umyt edýärdi (Ylh. 20:6). Başgaça aýdanyňda, saýlananlar «Ýahudanyň» taýagyna, ýagny Dawudyň neslinden dörän patyşalardan we lewi ruhanylardan ybarat halka meňzeýärdi. Ýöne wagtyň geçmegi bilen, saýlanan mesihçilere ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän ençeme adamlar goşuldylar. Olar «Efraýymyň» taýagyna, ýagny Dawudyň neslinden dörän patyşalardan we lewi ruhanylardan ybarat bolmadyk halka meňzeýärdi. Iki topar bilelikde ýeke-täk patyşa Isa Mesihiň ýolbaşçylygynda Ýehowa agzybir gulluk edýär (Hyz. 37:24).

«Olar meniň halkym bolar»

15. Şu günler Hyzkyl 37:26, 27-nji aýatlardaky sözler nädip ýerine ýetýär?

15 Hyzkylyň pygamberligi köp adamlaryň saýlananlar bilen arassa seždäni goldajakdygyny görkezýär. Ýehowa: «Olaryň „sanlaryny artdyraryn... Çadyrymy olaryň ýurdunda dikerin“» diýdi (Hyz. 37:26, 27). Hyzkylyň ýaşan döwründen takmynan 700 ýyl geçensoň, Hudaý Ýahýa resula-da şoňa meňzeş pygamberligi ýazdyrdy. Ol uly märeke hakda: «Tagtda oturan Hudaý olaryň üstüne çadyryny diker» diýipdi (Ylh. 7:9, 15). Şu günler saýlananlar bilen uly märeke Hudaýyň agzybir halky bolup, onuň çadyrynda parahat ýaşaýar.

16. Zekerýa saýlananlar bilen ýerde ýaşamaga umyt edýänleriň agzybirligi hakda näme diýdi?

16 Ýesirlikden dolanyp gelen Zekerýa pygamber hem ruhy Ysraýylyň ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýänler bilen agzybir boljakdygyny aýdypdy. Ol şeýle pygamberlik edipdi: «Ähli halklardan... on adam geler. Olar ýehudynyň donundan... berk ýapyşyp, şeýle diýer: „Biz siziň bilen gitjek, sebäbi Hudaýyň siziň bilendigini eşitdik“» (Zek. 8:23). Aýatdaky «ýehudy» saýlananlaryň galyndysyny aňladýar, «siziň» diýen sözem onuň bir adamy däl-de, topary aňladýandygyny subut edýär (Rim. 2:28, 29). «On adam» bolsa ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän adamlary aňladýar. Olar saýlananlardan «berk ýapyşyp», olar «bilen gidýär» (Işa. 2:2, 3; Mat. 25:40). Mundan iki toparyň agzybir boljakdygyny bilýäris.

17. Isa agzybirligimiz barada näme diýdi?

17 Isa özüni çopana meňzedende Hyzkylyň agzybirlik hakdaky pygamberligini ýada salan bolmaly. Ol «goýunlardan» (saýlananlardan) we «başga goýunlardan» (ýerde ýaşamaga umyt edýänlerden) ybarat «bir sürä» gözegçilik edýändigini aýdýar (Ýah. 10:16; Hyz. 34:23; 37:24, 25). Isanyň we geçmişdäki pygamberleriň aýdan sözleri täsin agzybirligimizi gowy suratlandyrýar. Biz nirede ýaşamaga umyt etsek-de, agzybirlikden lezzet alýarys. Häzir ýalan dinler birnäçe toparlara bölünýär, ýöne biziň agzybirligimiz haýran galdyrýar.

Saýlananlar bilen uly märeke Ýehowa agzybir gulluk edýär (17-nji abzasa serediň)

«Olaryň ýurdunda mukaddes mekanym hemişe durar»

18. Hyzkyl 37:28-e görä Hudaýyň halky näme üçin «dünýäden bolmaly» däl?

18 Hyzkyl pygamberliginiň soňunda agzybirligimizi hiç zadyň bozup bilmejekdigini aýdýar (Hyzkyl 37:28-i okaň). Ýehowanyň halky agzybir, sebäbi Hudaýyň mukaddes mekany, ýagny arassa sežde «olaryň ýurdunda». Olar Şeýtanyň dünýäsine goşulman päk bolsalar, Hudaýyň mukaddes mekany hemişe olaryň arasynda bolar (1 Kor. 6:11; Ylh. 7:14). Isa dünýä goşulmazlygyň wajypdygyny nygtady. Ol şägirtleri üçin Hudaýa ýürekden doga edende: «Eý mukaddes Atam... olary gora... olar hem agzybir bolsunlar... olar hem dünýäden däl. Olary sözüň arkaly mukaddes et» diýipdi (Ýah. 17:11, 16, 17). Üns beren bolsaňyz, Isa agzybirligi dünýä goşulmazlyk bilen baglanyşdyrdy.

19. a) Biz nädip «Hudaýdan görelde alyp» bileris? b) Isa ölmezinden öňki gije agzybirlik barada näme diýdi?

19 Isa diňe şol aýatda Hudaýa «mukaddes Atam» diýip ýüzlendi. Dogrudanam, Ýehowa arassa hem päk Hudaý. Ýehowa geçmişde ysraýyllara: «Mukaddes boluň, sebäbi men mukaddesdirin» diýipdi (3 Mus. 11:45). Biz «Hudaýdan görelde alyp», her bir ýagdaýda şol tabşyryga gulak asmak isleýäris (Efes. 5:1; 1 Pet. 1:14, 15). «Mukaddes» bolmak bir zada «goşulmazlygy, aýry bolmagy» aňladýar. Isa muny ölmezinden öňki gije nygtapdy. Ol şägirtlerine agzala dünýäniň täsirine düşmeseler we oňa goşulmasalar, agzybir boljakdygyny aýtdy.

Olary «Şeýtandan goramagyňy haýyş edýärin»

20, 21. a) Ýehowanyň agzybirligimizi gorajakdygyna näme üçin ynanyp bileris? b) Siz näme etmek isleýärsiňiz?

20 Bütin dünýädäki Ýehowanyň Şaýatlarynyň agzybirligi haýran galdyrýar. Şol agzybirlik Isanyň: «Olary „Şeýtandan goramagyňy haýyş edýärin“» diýen dogasyna Ýehowanyň jogap berýändigini aýdyň subut edýär (Ýahýa 17:14, 15-nji aýatlary okaň). Isanyň sözleri Hudaýyň halkyny gorajakdygyna, Şeýtanyň bolsa aramyzdaky agzybirligi bozup bilmejekdigine ynamymyzy artdyrýar. Hyzkylyň pygamberliginde Ýehowa iki taýagy elinde birleşdirjekdigini aýdýar. Şonuň üçin Şeýtan näme etse-de, Ýehowa güýçli goly bilen halkynyň agzybirligini goraýar.

21 Onda biz näme etmeli? Agzybir bolmak üçin elimizde baryny etmeli. Nädip? Ýehowanyň ruhy ybadathanasynda hemişe oňa arassa sežde etmeli. Hudaýa nädip arassa sežde etmelidigi hakda indiki baplarda gürrüň ederis.

a Hyzkylyň şu pygamberligi aýtmazyndan takmynan iki asyr öň, «Efraýymyň» taýagyny, ýagny on taýpaly patyşalygyň raýatlaryny assiriýalylar sürgün edipdi (2 Pat. 17:23).

b Şu pygamberlik hakda 8-nji bapda giňişleýin gürrüň berilýär.