Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

8-NJI BAP

Ony «çopan edip bellärin»

Ony «çopan edip bellärin»

HYZKYL 34:23

TEMA: Mesih bilen bagly dört pygamberlik we ýerine ýetişi

1—3. Hyzkyl nämä gynanýardy we Hudaý oňa nähili pygamberligi ýazdyrdy?

 HYZKYL eýýäm alty ýyl bäri sürgündedi a. Ol ata watanyndan ýüzlerçe kilometr uzakda ýaşaýardy. Ýahuda patyşalarynyň uzak höküm sürmeýändigini eşidende, onuň ýüregi para-para bolýardy.

2 Hyzkyl wepaly Ýoşyýa patyşa höküm sürýärkä dünýä inipdi. Ol Ýoşyýanyň oýma butlary ýok edip, Ýahudada arassa seždäni dikeltmek üçin köp işleri edendigine begenendir (2 Tar. 34:1—8). Emma Ýoşyýanyň tagallasy uzaga çekmedi, sebäbi soňky patyşalar ýalan taňrylara sežde etdiler. Olaryň höküm süren döwründe halk ruhy we ahlak taýdan batgalyga çümdi. Indi halkda hiç hili umyt ýokmy? Elbetde, bar.

3 Ýehowa wepaly pygamberine Mesihiň Hökümdar we Çopan boljakdygyny, arassa seždäni dikeldip, sürüsiniň aladasyny etjekdigini ýazdyrdy. Hyzkyl Mesih bilen bagly başga-da birnäçe pygamberlikleri ýazdy. Biz şol pygamberlikleri öwrenmek isleýäris, sebäbi olaryň ýerine ýetişi gelejegimize täsir edýär. Umuman, Hyzkyl kitabynda Mesih bilen bagly dört pygamberlik bar. Geliň, şolara seredeliň.

Ýaş şaha beýik kedr agajy bolýar

4. Hyzkyl näme barada pygamberlik etdi we Ýehowa oňa näme tabşyrdy?

4 Takmynan b. e. öň 612-nji ýylda Ýehowa Hyzkyl bilen «ýene-de gepleşdi». Ol Mesihiň hökümdarlygynyň nähili boljakdygyny we oňa bil baglamalydygyny aýtdy. Ýehowa pygamberligi aýtmazdan öň, Hyzkyla bir mataly gürrüň bermegi tabşyrdy. Matalda Ýahuda hökümdarlarynyň dönükdigi we Mesih ýaly dogruçyl hökümdaryň gerekdigi aýdylýardy (Hyz. 17:1, 2).

5. Mataly gürrüň beriň.

5 Hyzkyl 17:3—10-njy aýatlary okaň. Matal şundan ybarat: «äpet bürgüt» kedr agajynyň iň ýokarky şahasyny ýolup, «täjirleriň ýurdunda» ekýär. Soňra bürgüt «ýurduň tohumyndan alyp», mes topraga, «çeşmäniň ýakasyna» ekýär. Tohum gögerip, boý alýar we «çyrmaşyp ösýän üzüm agajy» bolýar. Soňra başga bir «äpet bürgüt» peýda bolýar. Şonda ýaňky üzüm agajy bol suwly, mes toprakly ýerde oturdylmagyny isläp, köklerini höwes bilen ikinji «bürgüde tarap» uzadýar. Ýehowa üzüm agajyny näletläp, onuň köki bilen sogruljakdygyny we «bütinleý gurajakdygyny» aýdýar.

Birinji äpet bürgüt Wawilon patyşasy Nawuhodonosory aňladýar (6-njy abzasa serediň)

6. Matal näme aňladýar?

6 Hyzkylyň gürrüň beren mataly näme aňladýar? (Hyzkyl 17:11—15-nji aýatlary okaň). B. e. öň 617-nji ýylda Wawilon patyşasy Nawuhodonosor (birinji «äpet bürgüt») Iýerusalimi gabaýar. Ol Ýahuda patyşasy Ýehoýakyny («iň ýokarky şahany») tagtdan düşürip, Wawilona («täjirleriň ýurduna») äkidýär. Soňra Nawuhodonosor Sadykýary («ýurduň tohumyndan», ýagny şa neslinden birini) Iýerusalime patyşa belleýär. Ýahudanyň täze patyşasy Hudaýyň adyndan ant içip, Nawuhodonosora tabyn boljakdygyny söz berýär (2 Tar. 36:13). Ýöne Sadykýar sözünde durman, Wawilona garşy gozgalaň turzup, Müsür faraonyndan (ikinji «äpet bürgütden») kömek soraýar. Emma onuň eden tamasy puja çykýar. Ýehowa Sadykýary sözünde durman, dönüklik edendigi üçin höküm edýär (Hyz. 17:16—21). Sadykýar tagtdan düşürilip, Wawilonda zyndandaka aradan çykýar (Ýer. 52:6—11).

7. Mataldan näme öwrenýäris?

7 Mataldan näme öwrenýäris? Birinjiden, Hudaýyň gullukçylary beren sözünde durmaly. Isa: «„Hawa“ diýeniňiz „hawa“, „ýok“ diýeniňiz „ýok“ bolsun» diýdi (Mat. 5:37). Eger bir meselede dogry zady aýtmagy ant içsek, meselem, kazyýetde, onda sözümizde durmaly. Ikinjiden, kime bil baglaýandygymyza ünsli bolmaly. Mukaddes Kitapda: «Han-beglere, ynsan ogullaryna bil baglamaň, olar janyňy halas edip bilmez» diýilýär (Zeb. 146:3).

8—10. Ýehowa Mesihiň hökümdar boljakdygyny nädip suratlandyrdy we pygamberlik nädip ýerine ýetdi? («Mesih bilen bagly pygamberlik. Beýik kedr agajy» diýen çarçuwa serediň).

8 Ynamyňy ödeýän we doly bil baglap bolýan Hökümdar bar. Başga ýere oturdylan şaha baradaky mataly aýdansoň, Ýehowa Mesihiň nähili hökümdar boljakdygyny düşündirmek üçin mataldaky meňzetmeleri ulanýar.

9 Pygamberlikde näme diýilýär? (Hyzkyl 17:22—24-nji aýatlary okaň). Indi äpet bürgütlere derek, Ýehowanyň özi hereket eder. Ol «beýik kedr agajynyň başyndan... bir ýaş şahany alyp, belent dagyň depesinde oturdar». Şaha ösüp, «beýik kedr agajy bolup ýetişer. Agaçda her dürli guşlar höwürtgelär». Şonda «ähli agaçlar» ony Ýehowanyň ösdürendigini biler.

10 Pygamberlik nädip ýerine ýetýär? Ýehowa Ogly Isa Mesihi Dawut patyşanyň neslinden («beýik kedr agajyndan») alyp, gökdäki Sion dagynda («belent dagyň depesinde») oturtdy (Zeb. 2:6; Ýer. 23:5; Ylh. 14:1). Duşmanlary pes hasaplasa-da, Ýehowa Ogluna «atasy Dawudyň tagtyny berip» beýgeltdi (Dan. 4:17; Luka 1:32, 33). Kedr agajynyň beýik bolşy ýaly, Patyşamyz Mesih hem gökden hökümdarlyk edip, ýer ýüzündäki raýatlaryna bol bereket eçiler. Dogrudanam, şeýle Hökümdara doly bil baglap bolýar. Isanyň hökümdarlygynda Hudaýa gulak asýan adamlar «asuda ýaşar, betbagtçylyk döwri kalby rahat bolar» (Nak. 1:33).

11. Ýaş şahanyň beýik kedr agajy bolmagyndan näme öwrenýäris?

11 Pygamberlikden näme öwrenýäris? Ýaş şahanyň beýik kedr agajy bolup ýetişmegi baradaky pygamberlik kime bil baglamalydygyna düşünmäge kömek edýär. Ýer ýüzündäki hökümetlere we harby güýçlere bil baglasak akylsyzlyk ederis. Howpsuz ýaşasymyz gelse, Patyşamyz Isa Mesihe bil baglamaly, sebäbi diňe onuň elindäki hökümet adamlaryň tamasyny doly ödär (Ylh. 11:15).

«Täjiň hak eýesi»

12. Ýehowa Dawut bilen baglaşan ähtini unutmandygyny nädip görkezdi?

12 Hudaý Hyzkyla iki bürgüt baradaky matalyň manysyny düşündirdi. Şonda pygamber Dawudyň neslinden dönük Sadykýaryň tagtdan düşürilip, Wawilona sürgün ediljekdigine düşünen bolmaly. Mümkin, pygamber: «Hudaý Dawuda nesliniň ebedi höküm sürjegini aýdypdy. Indi Ýehowanyň wadasy nädip berjaý bolar?» diýip pikir edendir (2 Şam. 7:12, 16). Hyzkyl şu soragyna derrew jogap alandyr. Takmynan b. e. öň 611-nji ýylda sürgün edilenine 7 ýyl bolanda Ýehowa Hyzkyl bilen «ýene-de gepleşdi». Şol wagt Ýahudada Sadykýar höküm sürýärdi (Hyz. 20:2). Ýehowa Hyzkyla Mesih bilen bagly ýene bir pygamberlik aýtdy. Şol pygamberlik Ýehowanyň Dawut bilen baglaşan ähtini unutmandygyny görkezýärdi. Pygamberlikden bir zady bilse bolýar: Dawudyň mirasdüşeri hökmünde Mesihiň patyşa bolmaga haky bar.

13, 14. Hyzkyl 21:25—27-nji aýatlarda nähili pygamberlik bar, ol nädip ýerine ýetdi?

13 Pygamberlikde näme diýilýär? (Hyzkyl 21:25—27-nji aýatlary okaň). Ýehowa Hyzkyl arkaly «Ysraýylyň... erbet baştutanyna» jeza bermeli wagtyň gelendigini anyk görkezdi. Ol zalym hökümdara «sellesiniň» we «täjiniň» alynjakdygyny aýtdy. Şeýlelikde, pes görülýän patyşalyklar beýgeldilip, «beýikler» peseldilmelidi. Olar diňe täjiň «hak eýesi gelýänçä» höküm sürmelidi. Emma wagty gelende Ýehowa Patyşalygy hak eýesine berer.

14 Pygamberlik nädip ýerine ýetýär? B. e. öň 607-nji ýylda wawilonlylar Iýerusalimi weýran edip, Sadykýar patyşany tagtdan düşürýär we ýesir alýar. Şondan soň «beýikler», ýagny Ýahuda patyşalygy peseldilýär. Iýerusalimde Dawudyň neslinden hiç kim patyşa bolmaýar. Gaýtam «pesler», ýagny dürli hökümetler beýgelip, höküm sürüp başlaýar. Ýöne olar wagtlaýyn höküm sürýär. 1914-nji ýylda Ýehowa Isa Mesihi tagta çykaranda, «milletlere berlen wagt tamamlandy» (Luka 21:24). Isa Dawudyň neslinden bolandygy üçin Patyşalygyň «hak eýesidi» b (1 Mus. 49:10). Şeýdip, Ýehowa Isa arkaly Dawudyň nesliniň ebedi höküm sürjekdigi hakdaky wadasyny berjaý etdi (Luka 1:32, 33).

Isanyň Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy bolmaga haky bar (15-nji abzasa serediň)

15. Patyşamyz Isa Mesihe näme üçin bil baglap bilýäris?

15 Pygamberlikden näme öwrenýäris? Biz Patyşamyz Isa Mesihe doly bil baglap bilýäris, sebäbi şu dünýädäki hökümdarlary adamlar saýlaýar. Olar bolsa ygtyýaryny öz peýdasyna ulanýar. Emma Isany Ýehowa saýlady, «patyşalygyň» hak eýesi bolandygy üçin Patyşa belledi (Dan. 7:13, 14). Dogrudanam, Ýehowanyň bellän Patyşasyna bil baglap bilýäris.

«Gulum Dawut... olara çopançylyk eder»

16. Ýehowa sürüsine nähili garaýar, «ysraýyl çopanlary» nähili garaýardy?

16 Beýik Çopan Ýehowa sürüsi, ýagny gullukçylary hakda köp alada edýär (Zeb. 100:3). Ol çopanlara, ýagny ýolbaşçylyk edýän adamlara sürüsini ynansa-da, olaryň alada edişini synlaýar. Ýehowa Hyzkylyň döwründe-de «ysraýyl çopanlarynyň» eden işlerini görýärdi. «Zulum-sütem bilen agalyk edýän» ynsapsyz baştutanlar sebäpli Ýehowanyň halky ejir çekdi, köpüsi arassa seždeden ýüz öwürdi. Şonda Ýehowa örän gynanandyr (Hyz. 34:1—6).

17. Ýehowa halkyny nädip halas etdi?

17 Ýehowa näme etdi? Ol rehimsiz baştutanlardan «hasap sorap», halkyny «olaryň elinden halas etjekdigini» wada berdi (Hyz. 34:10). Ýehowa hemişe beren sözünde durýar (Ýuşa 21:45). B. e. öň 607-nji ýylda Ýehowa wawilonlylar arkaly sürüsini özüni bilýän çopanlaryň elinden halas etdi. Ol 70 ýyldan soň, halkyny Wawilondan çykaryp ýurduna getirdi. Olar ýene-de watanynda Hudaýa arassa sežde edip başladylar. Ýöne şonda-da Ýehowanyň halky rahat ýaşamaýardy, sebäbi olar güýçli halklaryň goly astyndady. «Milletlere berlen wagt» ençeme asyr dowam etdi (Luka 21:24).

18, 19. B. e. öň 606-njy ýylda Hyzkyl näme barada pygamberlik etdi? (Babyň başyndaky surata serediň).

18 B. e. öň 606-njy ýylda Ýehowa Hyzkyla bir pygamberligi aýdýar. Iýerusalimiň weýran edilenine bir ýyl töweregi bolupdy, ysraýyllaryň hem Wawilon sürgünliginden azat bolmagyna onlarça ýyl bardy. Hyzkyl Beýik Çopan Ýehowanyň sürüsiniň elmydama aladasyny etjekdigini ýazypdy. Pygamberlikde Patyşa Mesihiň Ýehowanyň halkynyň aladasyny etjekdigi aýdylýar.

19 Pygamberlikde näme diýilýär? (Hyzkyl 34:22—24-nji aýatlary okaň). Hudaý: «Gulum Dawudy olara çopan edip bellärin» diýýär. «Çopan» we «gul» diýen sözleriň birlik sanda aýdylmagy, şol Hökümdardan soň Dawudyň neslinden hiç kimiň tagta çykmajakdygyny görkezýär. Ol Dawudyň ebedi mirasdüşeri bolar. Ol Çopan we Hökümdar hökmünde Hudaýyň sürüsini bakar, «olara baştutan bolar». Ýehowa halky bilen «parahatlyk ähtini baglaşar». Olaryň üstüne «ýagmyr deý bereket ýagdyrar», asudalykda we bolelin durmuşda ýaşadar. Ähli adamlar parahat ýaşar, haýwanlardan hem gorkmazlar (Hyz. 34:25—28).

20, 21. a) Hudaýyň «guly Dawut» barada aýdan pygamberligi nädip ýerine ýetdi? b) «Parahatlyk ähti» baradaky sözler gelejekde nädip ýerine ýeter?

20 Pygamberlik nädip ýerine ýetýär? Hökümdara «gulum Dawut» diýmek bilen, Hudaý Isa hakda pygamberlik edipdi. Isa Dawudyň neslinden bolup, täjiň hak eýesidi (Zeb. 89:35, 36). Ol ýer ýüzünde ýaşanda «goýunlary üçin janyny berip», «gowy çopandygyny» subut etdi (Ýah. 10:14, 15). Ýöne Çopanymyz häzir gökde (Ýew. 13:20). 1914-nji ýylda Hudaý Isany Patyşa belledi we ýer ýüzündäki sürüsini bakyp, aladasyny etmegi tabşyrdy. 1919-njy ýylda bolsa täze Patyşa «wepaly hem paýhasly hyzmatkäri» belledi. Ol «öýdäki hyzmatkärleriň», ýagny gökde ýa-da ýerde ýaşamaga umyt edýän Hudaýyň wepaly gullukçylarynyň aladasyny etmelidi (Mat. 24:45—47). Mesih wepaly hyzmatkäre Hudaýyň halkyna wagtly-wagtynda ruhy iýmiti bermegi tabşyrdy. Ruhy iýmit häzirki ruhy jennetde parahat we howpsuz ýaşamaga kömek edýär.

21 Hyzkylyň «parahatlyk ähtini baglaşar» we «ýagmyr deý bereket ýagar» diýen sözleri gelejekde nädip ýerine ýeter? Ýetip gelýän täze dünýäde Ýehowa arassa sežde edýän adamlar «parahatlyk ähtiniň» bol bereketlerini alarlar. Ýer ýüzi Jennet bolanda, wepaly adamlar hiç wagt uruşdan, jenaýatçylykdan, açlykdan, keselçilikden we ýyrtyjy haýwanlardan ejir çekmez (Işa. 11:6—9; 35:5, 6; 65:21—23). Siz Jennetde ebedi ýaşajakdygyňyza begenýärsiňizmi? Şonda Hudaýyň gullukçylary «asuda ýaşarlar, hiç kim olary gorkuzmaz» (Hyz. 34:28).

Çopanymyz Isa Hudaýyň sürüsiniň aladasynyň edilmegine gözegçilik edýär (22-nji abzasa serediň)

22. Isa Hudaýyň halkyna nähili garaýar, çopanlar ondan nädip görelde alyp biler?

22 Pygamberlikden näme öwrenýäris? Atasy ýaly, Isa-da Çopan hem Patyşa hökmünde goýunlary hakda köp alada edýär. Ol Atasynyň sürüsiniň ruhy taýdan aladasynyň edilmegine, ruhy jennetde parahat hem howpsuz ýaşamagyna gözegçilik edýär. Şeýle aladaçyl Hökümdaryň bolmagy kalbyňa rahatlyk berýär. Çopan hökmünde bellenen ýaşulular hem Isadan görelde alyp, goýunlaryň aladasyny etmeli. Olar Hudaýyň halkynyň «meýletinlik» we «höwes bilen» aladasyny etmeli, olara görelde bolmaly (1 Pet. 5:2, 3). Ýaşulular Ýehowanyň hiç bir gullukçysyna ýowuz daraşmaly däl. Hyzkyl pygamberiň günlerinde Ýehowanyň Ysraýyl çopanlaryndan «hasap soraryn» diýendigini unutmaň (Hyz. 34:10). Beýik Çopanymyz Ýehowa-da, Ogly Isa-da sürüsiniň aladasynyň edilişini ünsli synlaýar.

«Gulum Dawut olara ebedilik baştutan bolar»

23. Ýehowa halky barada näme wada berdi, ol nädip ýerine ýetdi?

23 Ýehowa halkynyň agzybir gulluk etmegini isleýär. Halkyny ýygnajakdygy baradaky pygamberlikde Hudaý iki taýpaly Ýahuda patyşalygy bilen on taýpaly Ysraýyl patyşalygyny agzybir etjekdigini wada beripdi. «Taýaklaryň» elinde «bir bolşy» ýaly, Hudaý olary hem «bir halk eder» (Hyz. 37:15—23). B. e. öň 537-nji ýylda Hudaý ysraýyl halkyny Wada edilen ýurda getirende pygamberlik ýerine ýetdi c. Emma ol gelejekde has uly möçberde ýerine ýetip, Hudaýyň halky hemişe agzybir ýaşar. Ýehowa ysraýyllary bir halk etjekdigini wada berensoň, Hyzkyla wajyp pygamberligi aýdýar: gelejekki Hökümdar Hudaýyň ýer ýüzündäki gullukçylaryny ebedi agzybir eder.

24. Ýehowa bellän Hökümdary barada näme diýýär, ol nähili Patyşa bolar?

24 Pygamberlikde näme diýilýär? (Hyzkyl 37:24—28-nji aýatlary okaň). Ýehowa bellän Hökümdaryna diňe bir «gulum Dawut», «çopan» we «baştutan» diýmän, «patyşa» hem diýýär (Hyz. 37:22). Onuň hökümdarlygy nähili bolar? Ol ebedi höküm sürer. «Ebedilik» we «hemişe» diýen sözler patyşalygynyň tükeniksiz bereketleri berjekdigini görkezýär d. Mesihiň Patyşalygynda agzybirlik bolar. Ol halkynyň ýeke-täk «patyşasy bolar». Wepaly raýatlarynyň hemmesine şol bir «hökümler» berler, olar «ýurtda» agzybir ýaşar. Onuň hökümdarlygynda adamlar Ýehowa ýakynlaşar. Hudaý adamlar bilen «parahatlyk ähtini» baglaşar. Ýehowa olaryň Hudaýy, olar hem onuň halky bolar. Hudaýyň mukaddes mekany olaryň ýurdunda «hemişe durar».

25. Patyşa Mesih baradaky pygamberlik nädip ýerine ýetdi?

25 Pygamberlik nädip ýerine ýetýär? 1919-njy ýylda «bir çopan», Patyşa Isa Mesih wepaly saýlananlary agzybir etdi. Soňra «ähli milletden, taýpadan, halkdan we dilden bolan... uly märeke» saýlananlar bilen bir halk boldy (Ylh. 7:9). Şeýdip, olar «bir süri, bir çopan boldular» (Ýah. 10:16). Gökde ýa-da ýerde ýaşamaga umyt etseler-de, ählisi Ýehowanyň tabşyryklaryny berjaý edýärler. Şeýle-de bütin dünýädäki dogan-uýalar bilen ruhy jennetde agzybir ýaşaýarlar. Ýehowa olara parahatlyk berýär, arassa seždäni aňladýan Hudaýyň mukaddes mekany olaryň arasynda. Ýehowa olaryň Hudaýy, olar hem Ýehowanyň gullukçylary. Olar Hudaýa ebedi gulluk edip bilýändigine begenýärler.

26. Agzybirlige nädip goşant goşup bilersiňiz?

26 Pygamberlikden näme öwrenýäris? Bütin dünýädäki dogan-uýalar bilen agzybirlikde Ýehowa arassa sežde etmek uly hormat. Ýöne her birimiz agzybirligi saklamak üçin güýjümizi gaýgyrmaly däl. Mesihçileriň ynanýan zatlary we edýän işleri birmeňzeş bolar ýaly, her biri tagalla etmeli (1 Kor. 1:10). Munuň üçin ählimiz şol bir ruhy iýmiti alýarys, Mukaddes Kitapdaky şol bir kada-kanunlara eýerýäris, Patyşalyk baradaky şol bir habary wagyz edip, şägirt taýýarlaýarys. Ýöne agzybir bolmaga, esasanam, söýgi kömek edýär. Eger ýürekden söýsek, duýgudaş, rehimdar we geçirimli bolsak, agzybirlige goşant goşarys. Mukaddes Kitapda: «Söýgi ähli adamlary agzybir edýär» diýilýär (Kol. 3:12—14; 1 Kor. 13:4—7).

Ýehowa bütin dünýädäki gullukçylaryny agzybir edýär (26-njy abzasa serediň)

27. a) Mesih bilen bagly pygamberliklerden nämä göz ýetirýärsiňiz? b) Indiki baplarda näme bileris?

27 Hyzkyla Mesih bilen bagly pygamberlikleri ýazdyrandygy üçin biz Hudaýa örän minnetdar. Olary okap oýlananymyzda Patyşamyz Isa Mesihe doly bil baglap bolýandygyna göz ýetirýäris. Şeýle-de onuň hökümdar bolmaga haklydygyna, mähir bilen aladamyzy edýändigine we ebedi agzybir etjekdigine doly ynanýarys. Hudaýyň bellän Patyşasynyň raýaty bolmak uly hormat! Hyzkyl kitabyndaky Mesih bilen bagly pygamberlikleriň arassa seždäniň dikeldilmegi bilen berk baglydygyny ýatda saklalyň. Ýehowa diňe Isa arkaly halkyny ýygnap, arassa seždäni dikelder (Hyz. 20:41). Indiki baplarda Hyzkylyň dikeldiş baradaky pygamberlikleri hakda bileris.

a Wawilon ýesirligi b. e. öň 617-nji ýylda ýehudylar sürgün edilende başlapdy. Diýmek, ýesirligiň altynjy ýyly b. e. öň 612-nji ýyla düşýär.

b Dört hoş habardaky nesil şejere Isanyň Dawudyň neslindendigini subut edýär (Mat. 1:1—16; Luka 3:23—31).

c Hyzkylyň iki taýak baradaky pygamberligi we ýerine ýetişi 12-nji bapda düşündirilýär.

d «Ebedilik» we «hemişe» diýmegi aňladýan ýewreý sözi bir kitapda şeýle düşündirilýär: «Şol söz dowamlylygy, tükeniksizligi, durnuklylygy we soňsuzlygy aňladýar».