Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

13-NJI BAP

«Ybadathana hakda gürrüň ber»

«Ybadathana hakda gürrüň ber»

HYZKYL 43:10

TEMA: Hyzkyl şöhratly ybadathanany görýär

1—3. a) Ybadathana hakdaky görnüş Hyzkyly näme üçin ruhlandyrdy? (Babyň başyndaky surata serediň). b) Şu bapda nämeleri bileris?

 ÖMRÜNIŇ 25 ýylyny sürgünde geçiren Hyzkyl häzir 50 ýaşlarynda. Onuň ata watany Iýerusalimdäki ybadathana ep-esli ýyl bäri haraba bolup ýatyr. Hyzkyl ybadathanada hyzmat etmegi arzuw eden bolsa, bar arzuwy şol harabalyga garylyp gidendir. Wawilon ýesirliginiň gutarmagyna 56 ýyl töweregi wagt bardy. Hyzkylyň Ýehowanyň halkynyň watanyna dolanyşyny görmejegine anyk gözi ýetýärdi. Ybadathananyň dikelişini görmejekdigi hakda gürrüňem ýokdy (Ýer. 25:11). Şeýle pikirler ony ruhdan düşürendir.

2 Ýehowa Hyzkyla tüýs wagtynda täsin görnüş görkezip, söýýändigini subut edýär. Görnüş Hudaýyň wepaly gullukçysyna köp teselli hem umyt berendir. Hudaý görnüşde Hyzkyly watanyna getirip, bir beýik dagda duruzýar. Depesi göge ýetip duran dagda ol «daş keşbi mis ýaly ýalpyldaýan birini» görýär. Perişde Hyzkyla ägirt uly ybadathananyň hemme ýerini görkezýär (Hyzkyl 40:1—4-nji aýatlary okaň). Gören zatlary hakyky ýalydy. Olar Hyzkyla güýçli täsir edip, imanyny berkidendir. Belki, biraz düşnüksiz hem bolandyr, sebäbi görnüşde görýän ybadathanasyndaky zatlar tanyş bolsa-da, Iýerusalimdäki ybadathanadan düýbünden tapawutlanýardy.

3 Pygamberiň gören täsin görnüşi hakda Hyzkyl kitabynyň soňky 9 babynda aýdylýar. Geliň, görnüşi öwrenip, oňa düşünmek üçin nämäni göz öňünde tutmalydygymyzy bileliň. Şondan birnäçe asyr geçensoň, Pawlus resul hem beýik ruhy ybadathana barada ýazýar. Biz Hyzkyl pygamberiň Pawlusyň suratlandyran ybadathanasyny gören-görmändigini bileris. Şeýle-de görnüşiň Hyzkyl we sürgündäki ildeşleri üçin näme manysynyň bardygyny bileris.

Her zadyň öz wagty bar

4. Öň edebiýatlarymyzda ybadathana baradaky görnüş nähili düşündirilýärdi we indi näme etmäge höweslendirilýär?

4 Öň edebiýatlarymyzda Hyzkylyň Ýehowanyň beýik ruhy ybadathanasyny görendigi aýdylýardy. Hudaýyň mukaddes ruhy bilen Pawlus ruhy ybadathana hakda Ýewreýler kitabynda ýazýar a. Şuny göz öňünde tutup, Hyzkylyň gören ybadathanasyndaky zatlaryň göçme manysy bar we meňzedilip düşündirilýär diýen netijä gelipdik. Emma biz Pawlusyň mukaddes çadyrdaky esbaplar barada näme diýendigini bilmeli. Şeýle-de doga edip öwrensek we oýlansak, Hyzkylyň ybadathana baradaky görnüşine düşünmek aňsat bolar.

5, 6. a) Pawlus mukaddes çadyrdaky zatlar hakda näme diýdi we kiçigöwünlidigini nädip görkezdi? b) Pawlusyň sözleri Hyzkylyň görnüşine düşünmäge nädip kömek edýär?

5 Hyzkylyň gören ybadathanasyndaky her bir zat gelejekde ýerine ýetmelidir ýa-da göçme manysy bardyr öýtmeli däl. Geliň, Pawlusyň aýdanlary hakda gürrüň edeliň. Pawlus resul mukaddes çadyr we ruhy ybadathana hakda düşündirende altyndan tütetgi gap, äht sandygynyň gapagy, içi mannaly altyn jam ýaly mukaddes çadyrdaky zatlary agzap geçdi. Ol şol zatlaryň ählisiniň gelejekde ýerine ýetjek zady aňladýandygyny aýtdymy? Elbetde, mukaddes ruh oňa bulary açmady. Gaýtam Pawlus: «Indi bular hakda jikme-jik gürrüň etmek gerek däl» diýip ýazdy (Ýew. 9:4, 5). Pawlus resul mukaddes ruhuň görkezmesine eýerip, kiçigöwünlilik bilen Ýehowanyň bellän wagtyna garaşmak isleýärdi (Ýew. 9:8).

6 Hyzkylyň gören ybadathanasy hakda-da şeýle netijä gelse bolýar. Görnüşde örän köp jikme-jiklikler aýdylýar. Ýehowa olaryň manysyny öz wagtynda açar, şoňa çenli garaşsak gowy bolar (Mikaý 7:7-ni okaň). Emma Ýehowa mukaddes ruhy arkaly görnüşe düşünmäge kömek eder.

Hyzkyl beýik ruhy ybadathanany gördümi?

7, 8. a) Ybadathana baradaky görnüşe düşünişimiz nädip üýtgedi? b) Görnüşdäki ybadathana bilen ruhy ybadathananyň nähili tapawudy bar?

7 Ýokarda aýdylyşy ýaly, öňler edebiýatlarymyzda Hyzkylyň Ýehowanyň beýik ruhy ybadathanasyny görendigi aýdylýardy. Pawlus hem ýewreýlere ýazan hatynda şol ybadathana barada gürrüň berdi diýilýärdi. Emma çuňňur gözleg geçirip, Hyzkylyň beýik ruhy ybadathanany görmändigine düşündik. Nädip?

8 Birinjiden, Hyzkylyň gören ybadathanasy Pawlusyň mukaddes ruh arkaly düşündiren zatlaryna gabat gelmeýär. Oýlanyp görüň, Pawlus resul Musanyň günlerindäki mukaddes çadyryň gelejekde boljak zatlaryň kölegesidigini we nusgasydygyny aýdypdy. Mukaddes çadyrda Süleýmanyň we Zerubabeliň ybadathanasyndaky ýaly, «iň mukaddes otag» bardy. Pawlus oňa «ynsan eli bilen ýasalan iň mukaddes otag» diýdi. Ol muňa gökdäki zatlar däl-de, «gökdäki zatlaryň nusgasy» diýýär. Gökdäki zatlar nämekä? Pawlus ony «gök», ýagny Ýehowanyň mekany diýip düşündirýär (Ýew. 9:3, 24). Onda Hyzkyl pygamber hem şony gördümi? Ýok. Beýleki görnüşlerden tapawutlykda, Hyzkylyň gökdäki zatlary görendigi hakda hiç zat aýdylmaýar (Danyýar 7:9, 10, 13, 14-nji aýatlary deňeşdiriň).

9, 10. Görnüşdäki ybadathana bilen ruhy ybadathananyň tapawutlanýandygyny gurbanlyklar nädip subut edýär?

9 Hyzkylyň görnüşi bilen Pawlusyň düşündirişiniň tapawutlanýandygyny berilýän gurbanlyklar subut edýär. Hyzkyl pygamber halka, baştutanlara we ruhanylara gurbanlyk hödürlemek babatda ençeme görkezmeleriň berlendigini eşidýär. Olar günäleri üçin gurbanlyk berýärdiler. Şeýle-de parahatlyk gurbanlygyny hödürläp, özleri hem ybadathananyň naharhanasynda iýýärdiler (Hyz. 43:18, 19; 44:11, 15, 27; 45:15—20, 22—25). Beýik ruhy ybadathanada hem gurbanlyklar gaýta-gaýta hödürlenýärdimi?

Hyzkyl beýik ruhy ybadathanany görmedi

10 Pawlus munuň jogabyny aýdyň hem ýönekeý edip düşündirdi. Ol şeýle diýdi: «Mesih bolsa berjaý bolan ýagşy zatlaryň baş ruhanysy hökmünde geldi. Ol ynsan eli bilen gurulmadyk, ýagny ýer ýüzünde bolmadyk beýik we has gowy çadyra girdi. Ol iň mukaddes otaga geçileriň we öküzçeleriň gany bilen däl, öz gany bilen girdi. Şeýdip, bizi bir gezekde hemişelik halas etdi» (Ýew. 9:11, 12). Diýmek, beýik ruhy ybadathanada bir gezekde hemişelik gurban berildi. Beýik Baş ruhany Isa Mesih janyny töleg hökmünde beripdi. Hyzkylyň gören ybadathanasynda ençeme geçiler we öküzler gurban berilýärdi, şonuň üçin hem ol beýik ruhy ybadathanany görmedi.

11. Hudaý näme üçin Hyzkylyň günlerinde ruhy ybadathana baradaky hakykaty açmady?

11 Hyzkyl görnüşde beýik ruhy ybadathanany görmedi. Munuň ikinji sebäbi: Hudaýyň heniz şol hakykaty açmaly wagty däldi. Ýadyňyzda bolsa, Hudaý Wawilon sürgünligindäki ýehudylar üçin Hyzkyla görnüşi görkezipdi. Olar Musanyň kanuny boýunça ýaşaýardy. Sürgünden azat bolansoň, olar Iýerusalime dolanyp, ybadathanany we gurbanlyk ojagyny dikeltmelidiler. Şeýdip, Kanunyň arassa sežde babatdaky tabşyryklaryny berjaý etmelidiler. Soňra olar takmynan alty asyr edişleri ýaly, ybadathanada gurbanlyklary bermelidiler. Eger Hyzkyl görnüşde ruhy ybadathanany gören bolsa ýehudylara nähili täsir ederdi? Ybadathanada baş ruhanynyň öz janyny gurban berendigini, şondan soň hiç hili sadaka berilmejekdigini eşidende özlerini nähili duýardylar? Görnüş olary ruhlandyrardymy? Olaryň Musanyň kanuny boýunça ýaşamaga höwesi gaçmazdymy? Dogrudanam, Ýehowa hemişekisi ýaly, hakykatyny öz wagtynda we halkynyň kabul edip biläýjek wagty açýar.

12—14. Görnüşdäki ybadathana bilen ruhy ybadathananyň nähili baglanyşygy bar? («Ybadathanalaryň tapawudy» diýen çarçuwa serediň).

12 Hyzkylyň gören ybadathanasy bilen Pawlusyň gürrüň beren ruhy ybadathanasynyň hiç hili baglanyşygy ýokmy? Aslynda, Pawlus Hyzkylyň görnüşindäki ybadathana hakda ýazmady. Ol Musanyň döwründäki mukaddes çadyry göz öňünde tutupdy. Elbetde, Pawlus resul Süleýmanyň we Zerubabeliň ybadathanasyndaky birnäçe zatlary agzapdy, şol zatlar Hyzkylyň görnüşde gören ybadathanasynda-da bardy. Hyzkyl bilen Pawlusyň ýazan zatlary tapawutlanýar b. Ýöne olaryň ikisinden hem sežde etmek babatda köp zady öwrenýäris. Nämäni?

13 Biz Mukaddes Kitapdaky iki habaryň hem biri-biri bilen baglanyşyklydygyny öwrenýäris. Pawlusyň aýdanlaryndan Ýehowanyň sežde üçin eden işlerini, Hyzkyldan bolsa Ýehowanyň sežde etmek üçin beren kada-kanunlaryny öwrenýäris. Pawlus Ýehowanyň arassa sežde babatda eden işlerini öwretdi. Ol ruhy ybadathanadaky baş ruhany, gurbanlyklar, gurbanlyk ojagy we iň mukaddes otag ýaly zatlaryň manysyny düşündirdi. Hyzkylyň görnüşinden bolsa arassa sežde etmek üçin Ýehowanyň ýokary kada-kanunlary berýändigini bilýäris. Görnüşdäki jikme-jiklikler aňymyza we ýüregimize täsir edip, köp zatlary öwredýär.

14 Öwrenen zatlarymyzdan nähili netijä gelýäris? Elbetde, Hyzkylyň görnüşiniň bize degişli ýeri ýokdur öýtmeli däl. Geliň, görnüşden köp zatlary öwrenmek üçin onuň hudaýhon ýehudylara nähili peýda berendigini bileliň.

Görnüş sürgündäkilere nähili peýda berdi?

15. a) Hyzkylyň görnüşinde näme hakda pygamberlik edilýär? b) Hyzkyl 8-nji bap bilen 40—48-nji baplaryň nähili tapawudy bar?

15 Görnüşiň sürgündäki ýehudylara nähili peýda berendigini bilmek üçin birnäçe soragyň jogabyny tapalyň. Birinjiden, görnüşde näme hakda pygamberlik edilýär? Bir söz bilen aýtsak, görnüş arassa seždäniň dikeldiljekdigini görkezýär. Elbetde, Hyzkyl muňa gowy düşünendir. Hyzkyl kitabynyň 8-nji babynda Iýerusalimdäki ybadathananyň gözgyny ýagdaýy hakda aýdylýar. Emma kitabyň 40—48-nji baplarynda arassa seždäniň hapalanandygy däl-de, Musanyň kanunyna görä, Ýehowa edilýän seždäniň kämil nusga bolmalydygy aýdylýar. Hyzkyl täsin özgerişlikleriň boljakdygy hakda ýazanda örän begenendir.

16. Hyzkylyň görnüşi Işaýanyň sözleriniň dogrudygyny nädip görkezýär?

16 Ýehowa edilýän arassa seždäniň öňküsi ýaly dikeldilmegi üçin ony beýgeltmelidi. Hyzkylyň pygamberliginden bir asyrdan gowrak öň Işaýa pygamber: «Soňky günlerde, Ýehowanyň öýüniň duran dagy, ähli daglardan belentde durar. Ol baýyrlardan hem beýik bolar» diýdi (Işa. 2:2). Işaýa pygamber Ýehowa edilýän arassa seždäniň dikeldilip, beýgeldiljekdigini, ýagny ähli daglardan hem belentde durjakdygyny aýdypdy. Hyzkyl görnüşde nirede durdy? Ol «bir beýik dagyň üstünde» durup, Ýehowanyň öýüne seredýärdi (Hyz. 40:2). Hyzkylyň görnüşi arassa seždäniň dikeldiljekdigine ynamymyzy artdyrýar.

Hyzkylyň gören ybadathanasy örän beýik ýerde durdy (16-njy abzasa serediň)

17. Hyzkyl 40—48-nji baplarda näme diýilýändigini gysgaça gürrüň beriň.

17 Geliň, Hyzkyl kitabynyň 40—48-nji baplaryndan pygamberiň gören we eşiden zatlaryna gysgaça seredeliň. Ol perişdäniň derwezeleri, diwarlary, howlulary we mukaddes otagy ölçeýändigini görýär (Hyz. 40—42). Soňra Hyzkyl ybadathanada täsin bir zady, ýagny Ýehowanyň şöhratyny görýär. Ýehowa boýnuýogyn halkyna, ruhanylara we baştutanlara düzediş berýär (Hyz. 43:1—12; 44:10—31; 45:9—12). Ybadathanadan ýaşaýyş hem bereket berýän bir çeşme akyp gaýdyp, Öli deňzine guýýar (Hyz. 47:1—12). Şeýle-de Hyzkyl ýurduň taýpalara deň paýlanyp, merkeze golaý ýerde arassa sežde ediljekdigini görýär (Hyz. 45:1—8; 47:13—48:35). Görnüş arkaly Hudaý nähili habary aýdýar? Ýehowa halkyna arassa seždäniň dikeljegini we beýgeljegini wada berýär. Hudaý ybadathanasyna gelip, halkyna bereket berer, sagdyn we parahat ýaşadar.

Görnüşdäki ybadathana Ýehowanyň arassa seždäni dikeltjegini subut edýär (17-nji abzasa serediň)

18. Ybadathana baradaky görnüşe göni manyda düşünmelimi? Düşündiriň.

18 Ikinjiden, görnüşe göni manyda düşünmelimi? Ýok. Hyzkylyň özi hem, görnüş hakda eşiden sürgündäkiler hem oňa göni manyda düşünen däldir. Biz muny nireden bilýäris? Ýadyňyzda bolsa, Hyzkyl ybadathananyň «beýik dagyň üstünde» durandygyny görüpdi. Işaýanyň pygamberliginde şol barada aýdylsa-da, göni manydaky ybadathana beýik dagyň depesinde durmaýardy. Süleýmanyň ybadathanasy Moryýa dagynda gurlandy, ol şol ýerde-de dikeldilmelidi. Hyzkyl görnüşde Moryýa dagyny gördümi? Ýok, sebäbi Moryýa dagynyň töwereginde onuň bilen deň, hatda ondanam beýik daglar bardy. Mundan başga-da, Hyzkylyň gören ybadathanasy ägirt uludy. Daşyna diwar aýlanan ybadathananyň tutýan meýdany şeýle bir uludy welin, Moryýa dagynyň depesine sygmazdy. Ol hatda Süleýmanyň günlerindäki Iýerusalim şäherine-de sygmazdy. Sürgündäkiler ybadathanadan akyp gaýdýan çeşmäniň hem Öli deňzine guýup, ony süýji suwa öwürjegine göni manyda düşünen däldir. Galyberse-de, Wada edilen ýurt beýikli-pesli depeleriň arasynda ýerleşýändigi üçin görnüşdäki ýaly, taýpalaryň arasyndan göni serhet çekip bolmaýardy c. Şonuň üçin görnüşe göni manyda düşünmek nädogry bolar.

19—21. Görnüş halky nämä höweslendirmelidi we näme üçin?

19 Üçünjiden, görnüş halky nämä höweslendirmelidi? Halk Ýehowanyň arassa sežde etmek üçin beren ýokary ahlak kadalary hakda oýlananda utanan bolmaly. Ýehowa Hyzkyla: «Olara ybadathana hakda gürrüň ber» diýdi. Hyzkyl ybadathanany şeýle bir jikme-jik beýan edýär welin, halk onuň taslamasyny ünsli «öwrenmeli» bolýar. Ýöne halk taslamany ybadathana gurmak üçin däl-de, eden günälerine utanmak üçin öwrenmelidi (Hyzkyl 43:10—12-nji aýatlary okaň).

20 Görnüş dogruçyl adamlaryň ynsabyny oýaryp, toba etmäge höweslendirendir. Hyzkyl görnüşde şeýle sözleri eşidýär: «Ynsan ogly, ünsli bol we syn et! Ýehowanyň ybadathanasy hakda aýtjak tabşyryklarymyň we kanunlarymyň ählisini ünsli diňle» (Hyz. 44:5). Hyzkyl pygamber Hudaýyň tabşyryklary we kanunlary hakda gaýta-gaýta eşidipdi (Hyz. 43:11, 12; 44:24; 46:14). Ýehowa Hyzkyla uzynlyk we agyrlyk ölçegleri bilen bagly anyk tabşyryklary hem ýatlatdy (Hyz. 40:5; 45:10—12; Nakyllar 16:11-i deňeşdiriň). Şonuň üçinem Hyzkylyň şu görnüşinde «ölçedi», «ölçegi» diýen sözler 50 gezekden gowrak duş gelýär.

21 Ýehowa halkyna uzynlyk, agyrlyk ölçegleri, kanunlary, tabşyryklary näme üçin ýatlatdy? Ýehowa halkynyň ýüregine täsir edip, wajyp hakykaty düşündirmek isleýärdi: arassa sežde babatdaky kada-kanunlary diňe Ýehowa berýär. Hudaýyň kada-kanunlaryny bozan adamlar eden işine utanmalydy. Hawa, ýehudylar görnüşden köp sapak edinmelidi. Indiki bapda olaryň käbiri hakda bileris we ajaýyp görnüşiň biziň günlerimiz bilen baglanyşyklydygyna göz ýetireris.

Ybadathana hakdaky görnüş dogruçyl adamlary näme üçin utandyrdy? (19—21-nji abzaslara serediň)

a Ruhy ybadathanada Isa Mesihiň töleg gurbany arkaly Ýehowa arassa sežde edip bolýar. Ol b. e. 29-njy ýylynda döredildi.

b Meselem, Pawlus resul baş ruhany we onuň Günä geçilýän güni edýän işi hakda ýazýar (Ýew. 2:17; 3:1; 4:14—16; 5:1—10; 7:1—17, 26—28; 8:1—6; 9:6—28). Emma Hyzkylyň görnüşinde ne baş ruhany, ne-de Günä geçilýän gün hakda agzalýar.