Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

4-NJI BAP

«Dört ýüzli jandarlar»

«Dört ýüzli jandarlar»

HYZKYL 1:15

TEMA: Jandarlar we olardan öwrenýän zatlarymyz

1, 2. Ýehowa näme üçin görkezme esbaplary ulanýar?

 GÖZ ÖŇÜNE GETIRIŇ, ene-ata çagalary bilen Mukaddes Kitaby öwrenýär. Kakasy ýönekeý suratlar arkaly olara aýatlary düşündirýär. Çagalaryň joşup jogap berişinden kakasy tagallasynyň ýerine düşendigini görýär. Ol çagalarynyň ýaşyny göz öňünde tutup, Ýehowa hakda suratlar arkaly öwredýär.

2 Ýehowa-da görkezme esbaplar arkaly adamlara göze görünmeýän zatlary düşündirýär. Meselem, özi hakdaky çuň hakykata düşüner ýaly, Ýehowa Hyzkyla aňynda galaýjak şekilleri görkezdi. Geçen bapda şolaryň birine seredipdik. Geliň, Hyzkylyň gören görnüşiniň ýene bir aýratynlygyna seredeliň. Onuň manysyna düşünsek, Ýehowa has-da ýakynlaşarys.

«Dört sany jandar» gördüm

3. a) Hyzkyl 1:4, 5-nji aýatlara görä pygamber görnüşde näme gördi? (Babyň başyndaky surata serediň). b) Hyzkyl gören zatlaryny nädip beýan etdi?

3 Hyzkyl 1:4, 5-nji aýatlary okaň. Hyzkyl perişdä, adama we haýwana meňzeş dört jandary gördi. Hyzkyl kitabynyň birinji babyny doly okasaňyz, onuň gören zatlaryna haýran galandygyny bilersiňiz. Pygamber olary beýan etmek üçin «ýaly», «meňzeş», «çalymdaş» diýen sözleri gaýta-gaýta ulanýar (Hyz. 1:13, 24, 26). Dogrudanam, Hyzkyl gökdäki görünmeýän zatlaryň suduryny ýa-da keşbini görüpdi.

4. a) Görnüş Hyzkyla nähili täsir etdi? b) Hyzkyl nämäni bilýärdi?

4 Hyzkyl gören zatlaryna, eşiden seslerine haýran galan bolmaly. Jandarlaryň daş keşbi «ýanyp duran köz ýalydy». Olar «ýyldyrym» kimin gidip gelýärdiler. Ganatlarynyň sesi «şarlap akýan suwuň» sesi ýalydy, ýöränlerinde «göýä goşun gelýän ýalydy» (Hyz. 1:13, 14, 24—28; «Jandarlary gördüm» diýen çarçuwa serediň). Biraz wagtdan Hyzkyl şol jandarlaryň «keruplardygyny», güýçli perişdelerdigini aýdýar (Hyz. 10:2). Kakasy ruhany bolansoň, Hyzkyl keruplaryň Hudaýyň huzurynda hyzmat edýändigini bilýärdi (1 Tar. 28:18; Zeb. 18:10).

«Hersiniň dört ýüzi» bardy

5. a) Dört ýüzli keruplar Ýehowanyň beýik güýjüni we şan-şöhratyny nädip suratlandyrýar? b) Görnüşden Hudaýyň adynyň manysy barada näme öwrenýäris? (Çykgyda serediň).

5 Hyzkyl 1:6, 10-njy aýatlary okaň. Hyzkyl her kerubyň dört ýüzüniň bardygyna üns berýär. Olar: ynsan ýüzi, ýolbars ýüzi, öküz ýüzi we bürgüt ýüzi. Olaryň ýüzüni görüp, Hyzkyl Ýehowanyň beýik güýjüne we şan-şöhratyna haýran galan bolmaly. Jandarlaryň ýüzleri haýbaty, güýji we kuwwaty suratlandyrýar. Ýolbars haýbatly, öküz güýçli haýwan, bürgüt kuwwatly guş. Ynsan bolsa Hudaýyň ýer ýüzünde ýaradan zatlarynyň üstünden bellän hökümdary (Zeb. 8:4—6). Muňa garamazdan, Hyzkyl dört ýüzli dört kerubyň Älemiň Hökümdary Ýehowanyň tagtynyň aşagynda durandygyny görýär. Pygamberiň gören zatlary Ýehowanyň niýetini amala aşyrmak üçin ýaradan zatlaryny ulanýandygyny gowy suratlandyrýar a. Dogrudanam, mezmurçynyň aýdyşy ýaly, Ýehowanyň «şan-şöhraty ýerden, gökden beýikdir» (Zeb. 148:13).

Dört ýüzli dört jandar Ýehowanyň beýikligini, şan-şöhratyny we häsiýetlerini nädip görkezýär? (5, 13-nji abzaslara serediň)

6. Hyzkyl keruplaryň her ýüzüniň bir häsiýeti aňladýandygyna nädip düşünen bolmaly?

6 Hyzkyl gören zatlary hakda oýlanansoň, öňki pygamberleriň hem meňzetme hökmünde haýwanlary ulanandygyna düşünendir. Meselem, Ýakup pygamber ogly Ýahudany şire, Benýamini bolsa möjege meňzedýär, sebäbi olarda şire we möjege mahsus häsiýetler bardy (1 Mus. 49:9, 27). Hyzkyl Musa pygamberiň ýazan sözlerinden keruplaryň her ýüzüniň bir häsiýeti aňladýandygyna göz ýetirendir. Ol haýsy häsiýetleri göz öňünde tutdy?

Ýehowanyň we gökdäki maşgalasynyň häsiýetleri

7, 8. Keruplaryň dört ýüzi haýsy häsiýetler bilen deňeşdirilýär?

7 Hyzkyldan öňki Mukaddes Kitaby ýazanlar ýolbarsy, bürgüdi we öküzi haýsy häsiýetler bilen deňeşdiripdir? Mukaddes Kitapda «hudaýhon şir kimin mertdir» (Nak. 28:1; 2 Şam. 17:10); «bürgüt... göge galýar», «gözleri awuny uzakdan görýär» (Eýp. 39:27, 29); «öküzli adam ýerden bol hasyl alýar» diýilýär (Nak. 14:4). Şu aýatlara görä, batyr ýolbarsyň ýüzi adalatlylygy, öňdengörüji bürgüdiň ýüzi akyldarlygy, haýbatly öküziň ýüzi güýji suratlandyrýar. Olar barada edebiýatlarymyzda kän aýdylýar.

8 «Ynsan ýüzi» haýsy häsiýet bilen deňeşdirilýär? (Hyz. 10:14). Ol haýwanlardan tapawutlylykda, Hudaýyň keşbinde ýaradylan adamlara mahsus häsiýeti suratlandyrýar (1 Mus. 1:27). Şol häsiýetiň diňe adamlarda bardygyny Hudaýyň: «Ýehowa Hudaýyňyzy bütin ýüregiňiz... bilen söýüň», «ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýen tabşyrygy hem görkezýär (5 Mus. 6:5; 3 Mus. 19:18). Eger biz tabşyryga gulak asyp, öz bähbidimizi gözlemesek, Ýehowa ýaly söýeris. Ýahýa resul hem: «Ilki bilen Hudaý söýdi, şonuň üçin biz hem söýýäris» diýdi (1 Ýah. 4:8, 19). Diýmek, «ynsan ýüzi» söýgini aňladýar.

9. Keruplaryň ýüzlerini suratlandyrýan häsiýetler kime degişli?

9 Ýokarda agzalýan häsiýetler kime degişli? Dört ýüzli keruplar Ýehowanyň gökdäki wepaly perişdelerini aňladýar. Diýmek, şol häsiýetler ähli perişdelerde bar (Ylh. 5:11). Ýehowa keruplary ýaradanda olara ajaýyp häsiýetleri berdi (Zeb. 36:9). Şonuň üçin keruplaryň ýüzleri Ýehowanyň häsiýetlerini aňladýar (Eýp. 37:23; Zeb. 99:4; Nak. 2:6; Mik. 7:18). Ýehowa şol ajaýyp häsiýetlerini haýsy ýagdaýlarda görkezýär?

10, 11. Ýehowanyň dört häsiýetini haýsy ýagdaýlarda görýäris?

10 Adalatlylyk. «Adalaty söýýän» Hudaý Ýehowa «hiç kimi ala tutmaýar» (Zeb. 37:28; 5 Mus. 10:17). Hudaý aslymyza ýa-da at-abraýymyza garamazdan, ählimize özüne gulluk edip, ebedi bereketleri almaga mümkinçilik berýär. Akyldarlyk. «Akyldar» Hudaý Ýehowa paýhasly bolmagy öwredýän kitaby berdi (Eýp. 9:4; Nak. 2:7). Mukaddes Kitapdaky maslahatlara eýersek, her günki kynçylyklara döz geleris we durmuşymyz manyly bolar. Güýç. «Güýçli» Hudaý Ýehowa «öz güýjümiz bilen» başarmajak zadymyzy eder ýaly mukaddes ruhuny berýär. Ol agyr kynçylyklara-da döz gelmäge güýç berýär (Nah. 1:3; 2 Kor. 4:7; Zeb. 46:1).

11 Söýgi. «Wepaly söýgä baý» Hudaý Ýehowa wepaly gullukçylaryny hiç haçan taşlamaýar (Zeb. 103:8; 2 Şam. 22:26). Käte biz keselçilik ýa-da garrylyk sebäpli Ýehowa öňki ýaly gulluk edip bilmeýändigimize gynanýarys. Ýöne Ýehowanyň eden işlerimizi we söýgimizi unutmaýandygyny ýatlanymyzda teselli berýär (Ýew. 6:10). Dogrudanam, biz Ýehowanyň adalatyna, akyldarlygyna, güýjüne we söýgüsine öz durmuşymyzda göz ýetirendiris. Biz mundan beýlägem onuň esasy dört häsiýetini göreris.

12. Ýehowanyň häsiýetleri barada näme bilýäris?

12 Ýatdan çykarmalyň, biz Ýehowanyň «diňe sanlyja» häsiýetlerini bilýäris (Eýp. 26:14). «Gudratygüýçlüniň düşünjesi çuňdur», şol sebäpli «onuň beýikligine akyl ýetirip bolýan däldir» (Eýp. 37:23; Zeb. 145:3). Ýehowanyň häsiýetlerini barmak basyp sanap hem bolmaýar, olary belli bir toparlara bölüp hem bolmaýar (Zeb. 139:17, 18; Rimliler 11:33, 34-nji aýatlary okaň). Hyzkylyň görnüşi hem muny tassyklaýar. Nädip?

«Dört ýüz... dört ganat»

13, 14. Keruplarda dört ýüzüň bolmagy nämäni aňladýar we näme üçin şeýle netijä gelse bolýar?

13 Hyzkyl görnüşde her kerubyň dört ýüzüniň bardygyny gördi. Ol nämäni aňladýar? Hudaýyň Sözünde köplenç dörtlük san bir zadyň ýygnanandygyny, jemlenendigini ýa-da bir ýerde durandygyny görkezmek üçin ulanylýar (Işa. 11:12; Mat. 24:31; Ylh. 7:1). Hyzkyl şu görnüşde dörtlük sany azyndan dokuz gezek agzaýar (Hyz. 1:5—18). Mundan nähili netijä gelse bolýar? Dört kerup ähli wepaly perişdeleri aňladýar. Diýmek, keruplaryň dört ýüzüniň bir ýerde bolmagy Ýehowanyň ähli häsiýetlerini suratlandyrýar b.

14 Bilşimiz ýaly, keruplaryň dört ýüzi birnäçe häsiýetleri öz içine alýar. Muňa düşünmek üçin görnüşdäki dört tigri göz öňüne getireliň. Her tigir örän täsin, ýöne tutuş arabany saklaýan tigirleriň dördüsi bilelikde hasam täsin görünýär. Şonuň ýaly dört ýüzem bilelikde diňe dört häsiýeti däl-de, has köp häsiýeti öz içine alýar. Ýehowanyň ähli häsiýetleri şol dört häsiýete esaslanýar.

Ýehowa wepaly gullukçylaryndan uzakda däl

15. Hyzkyl birinji görnüşden näme öwrendi?

15 Birinji görnüşde Hyzkyl Ýehowa bilen dostlugy hakda wajyp we ruhlandyryjy hakykaty öwrendi. Nähili hakykaty? Muny Hyzkyl kitabynyň giriş sözlerinden bilse bolýar. Hyzkyl «Haldeý ýurdundadygyny» aýdansoň, başdan geçirenlerini gürrüň berýär. Pygamber şol ýerde özüne «Ýehowanyň ruhunyň inendigini» aýdýar (Hyz. 1:3). Üns beren bolsaňyz, Ýehowa Hyzkyla Iýerusalimde däl-de, Wawilonda görnüş görkezýär. Mundan Hyzkyl näme öwrendi? Ol Iýerusalimden we Hudaýyň ybadathanasyndan uzakda sürgünde bolsa-da, Ýehowadan uzakda däldi, oňa sežde edip bilýärdi. Ýehowanyň Hyzkyla Wawilonda görünmegi, nirede we nähili ýagdaýda bolsa-da, Hudaýa arassa sežde edip bilýändigini görkezýär. Arassa sežde etmek Hyzkylyň garaýşyna we Ýehowa gulluk etmek islegine baglydy.

16. a) Hyzkylyň görnüşi nämä ynandyrýar? b) Ýehowa bütin ýürekden gulluk etmäge näme höweslendirýär?

16 Hyzkylyň öwrenen hakykaty bize teselli berýär. Näme üçin? Eger Ýehowa bütin ýürekden gulluk etsek, nirede ýaşaýandygymyza, nähili kynçylyk çekýändigimize, nähili ýagdaýdadygymyza garamazdan, onuň bizi taşlamajakdygyna ynanarys (Zeb. 25:14; Res. 17:27). Ýehowa her bir gullukçysyna tükeniksiz wepaly söýgüsini bildirýär, ol bizden derrew ýüz öwürmeýär (2 Mus. 34:6). Hawa, Ýehowanyň wepaly söýgüsinden bizi hiç zat aýra salyp bilmez (Zeb. 100:5; Rim. 8:35—39). Ýehowanyň mukaddesligini we beýikligini görkezýän täsin görnüş bize diňe Ýehowa sežde etmelidigini ýatladýar (Ylh. 4:9—11). Biz Ýehowanyň şeýle görnüşleri arkaly özi we häsiýetleri barada wajyp hakykaty açýandygyna örän minnetdar! Ýehowanyň ajaýyp häsiýetleri hakda öwrenip, onuň bilen dostlugymyz hasam berkeýär. Şeýle-de ony şöhratlandyryp, bütin ýüregimiz we güýjümiz bilen gulluk etmäge islegimiz artýar (Luka 10:27).

Ýehowanyň wepaly söýgüsinden bizi hiç zat aýryp bilmez (16-njy abzasa serediň)

17. Indiki bapda nämeleri bileris?

17 Gynansak-da, Hyzkylyň günlerinde arassa sežde hapalandy. Nädip? Ýehowa muňa nähili garady? Geçmişdäki wakalar bize nähili täsir edýär? Şu soraglaryň jogabyny indiki bapda bileris.

a Hyzkylyň keruplar barada aýdanlary Ýehowa adynyň «boldurýar» diýmegi aňladýandygyny ýatladýar. Adynyň manysyna görä, Ýehowa niýetini amala aşyrmak üçin ýaradan zadyny kim edeýin diýse edip bilýär («Täze dünýä terjimesi», goşmaça maglumat A4-e serediň).

b Häzire çenli edebiýatlarymyzda Ýehowanyň 50-ä golaý häsiýeti hakda aýdyldy («Edebiýatlar boýunça gollanma», «Ýehowa Hudaý» bölümi, «Ýehowanyň häsiýetleri» sözbaşa serediň).