Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

18-NJI BAP

«Gaharym ot bolup tutaşar»

«Gaharym ot bolup tutaşar»

HYZKYL 38:18

TEMA: Äjidiň hüjümi Ýehowanyň gaharyny getirýär; Ýehowa Armageddon söweşinde halkyny goraýar

1—3. a) Ýehowa gahar-gazaba münüp näme eder? (Babyň başyndaky surata serediň). b) Haýsy soragyň jogabyny bileris?

 GÖZ ÖŇÜNE GETIRIŇ, Armageddon eýýäm başlady. Siz dogan-uýalar bilen Ýehowany wasp edip aýdym aýdýarsyňyz. Soňra ýaşuly doga edip, Ýehowadan goramagyny dileýär. Gelenleriň bary Ýehowanyň kömek etjekdigine ynanýar. Ýöne şonda-da biraz alada edýär, sebäbi daşarda atylýan oklaryň sesi eşidilýärdi (Ylh. 16:14, 16).

2 Armageddon söweşinde Ýehowa gahar-gazaba münüp, duşmanlaryny ýok eder (Hyzkyl 38:18-i okaň). Ol bir goşuna ýa-da bir halka garşy çykman, bütin ýer ýüzündäki halklara gazabyny inderer. «Şol gün Ýehowanyň öldüren adamlary ýeriň bir ujundan beýleki ujuna çenli çaşyp ýatar» (Ýer. 25:29, 33).

3 Ýehowa adamlary söýýän, «rehimdar, mähirli, çalt gaharlanmaýan» Hudaý (2 Mus. 34:6, çykgyt; 1 Ýah. 4:16). Onuň gahar-gazaba münmegine näme sebäp bolar? Şu soragyň jogaby bize göwünlik berýär, batyrgaý hem yhlasly wagyz etmäge kömek edýär.

Ýehowa gahar-gazaba münýär

4, 5. Ýehowa bilen bikämil adamlaryň nähili tapawudy bar?

4 Ýehowa gahary gelende bikämil adamlar ýaly hereket etmeýär. Adam gahary gelende ganygyzmalyk edip, näme edenini bilmeýär. Meselem, bir gezek Adam atanyň uly ogly Kabylyň «gahary gelýär», sebäbi Ýehowa onuň sadakasyny däl-de, Habylyňkyny kabul edipdi. Ol gaharyna näme etdi? Bigünä jigisini öldürdi (1 Mus. 4:3—8; Ýew. 11:4). Indi Ýehowanyň göwnünden turan Dawut hakda oýlanyp görüň (Res. 13:22). Dawut ýagşy adam bolsa-da, bir gezek tas bigünä adamlaryň ganyna galypdy. Nabal atly tüçjar baý adam Dawudyň ýigitlerine azgyrylyp, agzyna gelenini aýdyp goýberýär. Muny eşidip, Dawut bilen ýigitleri gazaba münýär. Şol gün «olar gylyjyny dakynyp», diňe gadyrbilmez Nabaly däl-de, hojalygyndaky erkekleriň baryny gyrjakdy. Emma Nabalyň aýaly Abygaýyl Dawut bilen ýigitlerini ar almakdan saklaýar (1 Şam. 25:9—14, 32, 33). Şu wakalardan görnüşi ýaly, «gahar Hudaýyň dogruçyllygyna garşydyr» (Ýak. 1:20).

Ýehowa sebäpsiz ýere gaharlanmaýar, gaharlansa-da çäkden çykmaýar

5 Adamlardan tapawutlylykda Ýehowa hiç haçan sebäpsiz ýere gaharlanmaýar, gaharlansa-da çäkden çykmaýar. Gahary ot bolup tutaşsa-da, adalatly hereket edýär. Ol duşmanlary bilen söweşende, hiç haçan «gowy adamlary erbetler bilen bile ýok etmeýär» (1 Mus. 18:22—25). Ýehowanyň gazabyny indermeginiň hemişe sebäbi bolýar. Geliň, haýsy iki ýagdaýda Ýehowanyň gaharyny saklamaýandygyna we olardan näme öwrenip biljegimize seredeliň.

6. Adyna ysnat gelse Ýehowa nähili täsir edýär?

6 Ýehowanyň adyna ysnat gelse. Adam Ýehowa iman edibem, erbet işleri etse, Hudaýyň gahary gelýär (Hyz. 36:23). Biz geçen baplarda ysraýyl halkynyň Ýehowanyň adyny masgara edendigini bildik. Olaryň niýeti, eden işleri Ýehowanyň gaharyny getirdi. Ol gaharyna halkyna temmi berse-de, öte geçmedi (Ýer. 30:11). Ýöne adam düzelensoň, Ýehowanyň gahary köşeşýär. Hudaý onuň eden işini hemişe ýatladyp ýörmeýär (Zeb. 103:9).

7, 8. Ýehowanyň ysraýyllara temmi bermeginden näme sapak edinýäris?

7 Sapak. Biz Ýehowanyň ysraýyllara temmi bermeginden wajyp sapak edinýäris. Bizem ysraýyllar ýaly Ýehowanyň adyny göterýäris. Ýehowanyň Şaýady bolmak uly hormat (Işa. 43:10). Biziň aýdýan sözlerimiz we edýän işlerimiz Ýehowanyň abraýyna täsir edýär. Geliň, hiç haçan Hudaýyň adyna ysnat getirýän işleri etmäliň. Ýehowa iru-giç ikiýüzli adamlara jeza berip, abraýyny gorar (Ýew. 3:13, 15; 2 Pet. 2:1, 2).

8 Onda biz Ýehowa gazaply Hudaýdyr öýdüp gorkmalymy? Elbetde, ýok. Ol sabyrly hem geçirimli Hudaý (Işa. 55:7; Rim. 2:4). Ýöne gerek ýerinde temmi berýändigini hem unutmaly däl. Ýehowa hiç haçan günä edip, toba etmeýän adamlaryň halkynyň arasynda bolmagyna ýol bermez (1 Kor. 5:11—13). Geliň, Ýehowa çuňňur hormat goýalyň. Hudaý bize nämäni halamaýandygyny aýdýar. Şonuň üçin Ýehowanyň ýigrenýän işlerini edip, onuň gaharyny getirmäliň (Ýah. 3:36; Rim. 1:26—32; Ýak. 4:8).

9, 10. Wepaly halkyna azar berseler Ýehowa näme edýär? Mysal getiriň.

9 Ýehowanyň wepaly halkyna azar berseler. Duşmanlar Ýehowa bil baglaýan adamlara hüjüm edende Hudaý biparh garamaýar. Meselem, ysraýyllar Müsürden çykyp gaýdanda faraon goşuny bilen olaryň yzyndan kowdy. Olary Gyzyl deňziň kenarynda gabawa saldy. Emma güýçli goşun ysraýyllaryň yzyndan kowalap deňze girende Ýehowa olaryň söweş arabalarynyň tigirlerini çykardy we deňze gark etdi. Olaryň «ýekejesi-de diri galmady» (2 Mus. 14:25—28). Ýehowa müsürlileriň başyndan gazabyny inderip, ysraýyllara «wepaly söýgüsini» görkezdi (2 Musa 15:9—13-nji aýatlary okaň).

Ýehowa Hizkiýanyň günlerinde perişdesi arkaly halkyny assiriýalylardan gorady, perişdeler bizem gorar (10, 23-nji abzaslara serediň)

10 Ýehowa Hizkiýa patyşanyň günlerinde-de halkyna wepaly söýgüsini görkezipdi. Assiriýalylar Iýerusalime hüjüm etjek bolýardy. Şol döwür Assiriýa zalym hem güýçli imperiýalaryň biri hasaplanýardy. Assiriýalylar duşmanlaryny edişleri ýaly, Ýehowanyň wepaly gullukçylaryny hem gynap-gynap öldürerdiler (2 Pat. 18:27). Emma Ýehowa halkynyň dadyna ýetişdi. Onuň iberen ýekeje perişdesi bir gijede 185 000 esgeri öldürdi (2 Pat. 19:34, 35). Jahan ýagtylyberende assiriýalylaryň düşelgesiniň nähili bolandygy göz öňüňize gelýärmi? Esgerleriň naýzalary, galkanlary, gylyçlary şol durşuna dur. Hiç kim surnaý çalanok, nyzama düzülenok. Düşelgeden hiç hili ses-üýn çykanok, daş-töwerek bolsa jesetden doly.

11. Mukaddes Kitapdaky wakalar bizi nädip ruhlandyrýar we batyrgaý bolmaga kömek edýär?

11 Sapak. Ýokardaky mysallar Ýehowanyň häzirki halkynyň duşmanlaryna-da degişli. Olar Ýehowanyň halkyna azar berseler, «Biribaryň eline düşmegiň örän gorkunçdygyny» bilerler (Ýew. 10:31). Emma Ýehowanyň gullukçylary şeýle wakalary okap, hasam ruhlanýar we batyrgaý bolýar. Ganym duşmanymyz Şeýtan hem hiç haçan maksadyna ýetmez. Tizden onuň hökümdarlygynyň soňy geler (Ylh. 12:12). Biz häzirem hiç kimden, hiç zatdan, hatda hökümet işgärlerinden hem gorkman, Ýehowa gulluk edip bilýäris (Zebur 118:6—9-njy aýatlary okaň). Biz Pawlus resulyň: «Hudaý biziň tarapymyzda bolsa, kim garşy çykyp biler?» diýen sözleriniň dogrudygyna göz ýetirýäris (Rim. 8:31).

12. Uly betbagtçylykda Ýehowa näme üçin gazabyny inderer?

12 Ysraýyllary müsürlileriň we assiriýalylaryň elinden halas edişi ýaly, Ýehowa uly betbagtçylykda bizi hem gorar. Ol halkyny örän gowy görýär. Şonuň üçin duşmanlar halkyny ýok etjek bolanda Ýehowa göz ýummaz. Olar akmaklyk edip, bize hüjüm edende Ýehowanyň «gözüniň görejine deger». Hudaý dessine aýgytly hereket eder (Zek. 2:8, 9). Alla duşmanlarynyň birinem diri galdyrmaz. Onuň duşmanlaryna gazabyny indermegi adalatsyz bolmaz. Näme üçin şeýle diýse bolýar?

Ýehowa duýduryş berýär

13. Ýehowa nähili duýduryşlary berdi?

13 Ýehowa «çalt gaharlanmaýan» Hudaý. Ol halkyna garşy çykyp, azar berýän duşmanlary ýok etmezinden öň, olara gaýta-gaýta duýduryş berýär (2 Mus. 34:6, 7, çykgyt). Meselem, Hudaý Ýermeýa, Hyzkyl, Danyýar, Isa Mesih, Petrus, Pawlus we Ýahýa resul arkaly duşmanlaryna çykaran hökümi hakda aýtdy («Ýehowa beýik söweş hakda duýdurýar» diýen çarçuwa serediň).

14, 15. Ýehowa nähili işleri edýär we näme üçin?

14 Ýehowanyň duýduryşlary Mukaddes Kitapda ýazylan. Allatagala Mukaddes Kitaby dürli dillere terjime etdirip, bütin dünýä ýaýratdy. Şu günler Ýehowanyň millionlarça gullukçylary adamlara Hudaý bilen dostlaşmaga kömek edýärler we «Ýehowanyň beýik gününiň ýakyndygyny» duýdurýarlar (Sep. 1:14; Zeb. 2:10—12; 110:3). Şeýle-de olar Mukaddes Kitaby öwrenmek üçin esbaplary ýüzlerçe dile terjime edýärler. Hudaýyň wadalary we duýduryşlary hakda aýtmak üçin köp wagtyny sarp edýärler.

15 Ýehowa şeýle uly işleri näme üçin edýär? «Ol hemmeleriň toba edip, halas bolmagyny isleýär» (2 Pet. 3:9). Mähirli hem sabyrly Hudaýyň habaryny adamlara ýetirmek, gör, nähili hormat! Ýöne tizden Hudaýyň duýduryşyna gulak asmaýan adamlar gaty öküner.

Tizden Ýehowanyň «gahary ot bolup tutaşar»

16, 17. Ýehowa Armageddonyň haçan boljakdygyny nädip bilýär?

16 Ýehowa Armageddonyň gününi belledi. Ol duşmanlaryň halkyna haçan topuljagyny bilýär (Mat. 24:36). Ýöne muny nädip bilýär?

17 Geçen bapda Ýehowanyň Äjidiň «äňine çeňňek ildirjekdigi» hakda gürrüň edipdik. Ol halklary Ýehowanyň Şaýatlaryna topular ýaly eder (Hyz. 38:4). Onda Armageddonyň başlamagyna Ýehowa sebäpkär bolarmy? Ol halklary hüjüm etmäge mejbur edermi? Ýok. Aslynda, Ýehowa adamlaryň ýüregini, haýsy ýagdaýda nähili hereket etjegini bilýär (Zeb. 94:11; Işa. 46:9, 10; Ýer. 17:10).

18. Adamlar Gudratygüýçli Hudaýa näme üçin garşy çykar?

18 Söweşiň başyny Ýehowa başlamaýan bolsa, halklary mejbur etmeýän bolsa, ýönekeýje adamlaryň Gudratygüýçli Hudaýa garşy çykmaga neneň gaýraty çatarka?! Belki-de, olar ýalan dinleri ýok edensoň, özlerine göwni ýetip: «Hudaý ýok, bolaýanda-da, adamlar bilen işi-derdi ýok» diýip pikir ederler. Olar: «Hudaý bar bolsa, Hudaý diýýän adamlary gorardy» diýmekleri mümkin. Aslynda welin, olar Hudaýyň islegi bilen ýalan dinleri ýok eder (Ylh. 17:16, 17).

19. Ýalan dinler ýok edilensoň näme bolmagy mümkin?

19 Ýalan dinler ýok edilensoň, belki, Ýehowa halkyna höküm habaryny aýtmagy tabşyrar. Ylham kitabynda şol höküm habary adamlaryň üstüne ýagjak 20 kilelik buz bilen deňeşdirilýär (Ylh. 16:21, çykgyt). Adamlar syýasy we söwda-satyk guramalaryň tizden ýok ediljekdigini eşidip, Hudaýa dil ýetirip başlar. Şonda halklar gahar-gazaba münüp, Hudaýyň gullukçylarynyň soňuna çykmak üçin topularlar. Olar bizi ejiz hasaplap, bir demde ýok ederis öýderler. Ýöne olar örän ýalňyşar.

Ýehowa gazabyny inderer

20, 21. Äjit kim, oňa näme bolar?

20 Geçen bapda «Mäjit ýurdundaky Äjidi» aňladýan milletleriň üýşüp, bize topuljakdygyny bildik (Hyz. 38:2). Ýöne olaryň birleşmegi agzybir boljagyny aňlatmaýar. Olar eginme-egin işleşýän ýaly bolup görünseler-de, biri-birini ýigrenerler, milletparazlyk edip, üstün çykmak islärler. Şonda Ýehowa olary biri-birine garşy çykarar. Pygamberlikde aýdylyşy ýaly, «her bir adam öz doganyna garşy gylyç galdyrar» (Hyz. 38:21). Emma Armageddon söweşi adamlaryň söweşi ýaly bolmaz.

21 Duşmanlar ýok edilmezden öň, Ýehowanyň beýik güýjüniň şaýady bolarlar. Hawa, olar Ynsan oglunyň şan-şöhrat bilen gelýänini görerler. Bolýan zatlary görüp, olaryň ýüregi ýarylar. Isanyň aýdyşy ýaly, «adamlar ýer ýüzünde boljak betbagtçylyklara garaşyp, gorkudan ýaňa aljyrarlar» (Luka 21:25—27). Duşmanlar Ýehowanyň halkyna topulyp, gaty ýalňyşandygyna düşünerler, ölümini boýun almaly bolarlar. Şonda olar ähli zady ýaradan Ýehowa Hudaýyň beýik Serkerdebaşydygyna göz ýetirerler (Zeb. 46:6—11; Hyz. 38:23). Ýehowa gökdäki goşuny, tebigy hadysalar arkaly duşmanlarynyň ýoguna ýanar, ýöne wepaly gullukçylarynyň birine-de zyýan ýetmez (2 Petrus 2:9-y okaň).

Ýehowa gökdäki goşuny arkaly halkyny gorar (21-nji abzasa serediň)

22, 23. Ýehowanyň halkyny kimler gorar we näme üçin?

Ýehowanyň beýik güni hakda bilmek näme etmäge höweslendirýär?

22 Isa Mesih Hudaýyň duşmanlaryny ýok edip, Atasyny söýýän wepaly adamlary gorajak gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Armageddondan öň ýer ýüzündäki saýlananlar hem göge alnar. Şeýdip, 144 000 saýlananlaryň ählisi söweşe gatnaşar (Ylh. 17:12—14). Şonda saýlananlaryň uly märekäni yhlas bilen gorajagyny göz öňüne getiriň. Olaryň köpüsi ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän adamlar bilen işleşdiler, dostlaşdylar. Dogan-uýalar olary kyn gününde goldadylar, ýagşylyk etdiler. Şonuň üçin olar hem Hudaýdan ygtyýar we güýç alyp, dostlaryny Armageddonda gorarlar (Mat. 25:31—40).

23 Isanyň gökdäki goşunynda perişdeler hem bolar (2 Sel. 1:7; Ylh. 19:14). Olar öň Isa Şeýtan bilen jynlaryny gökden kowmaga kömek edipdi (Ylh. 12:7—9). Şeýle-de olar akýürekli adamlara Ýehowany tanamaga ýardam edýärler (Ylh. 14:6, 7). Şonuň üçin perişdeler Ýehowany söýýän adamlary Armageddonda gorar. Gökdäki goşunyň esasy maksady duşmanlary ýok edip, Ýehowanyň beýik adyny aklamak, abraýyny arşa galdyrmak bolar (Mat. 6:9, 10).

24. Uly märeke näme eder?

24 Hudaýyň halky Armageddondan gorkmaz. Olary söweşe taýýar duran güýçli goşun gorar. Şonda uly märeke «dikelip, başyny galdyrar, sebäbi gutulyşy golaýlaýar» (Luka 21:28). Geliň, Ýehowanyň beýik güni gelmänkä, has köp adama rehimdar, halasgär Hudaýymyz bilen dostlaşmaga kömek edeliň (Sepanýa 2:2, 3-nji aýatlary okaň).

Armageddonda Ýehowanyň halky söweşmeli bolmaz. Perişdeler olary duşmanlardan gorar (Hyz. 38:21) (22—24-nji abzaslara serediň)

25. Indiki bapda näme bileris?

25 Ynsan söweşlerinde bar zat weýran bolup, soňy gaýgy-hasrat bilen gutarýar. Emma Armageddon söweşinden soň, adamlar begener, ýer ýüzi bagy-bossanlyga öwrüler. Ýehowanyň gahary köşeşende, gökdäki goşun gylyjyny gynyna salanda, uruş sesleri kesilende nähili boljagy göz öňüňize gelýärmi? Şol ajaýyp döwür hakda indiki bapda bileris.