Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

17-NJI BAP

«Äjit, men saňa garşy söweşerin»

«Äjit, men saňa garşy söweşerin»

HYZKYL 38:3

TEMA: Äjit kim we ol Hudaýyň halkyna nädip hüjüm eder?

1, 2. Gelejekde nähili söweş bolar we nähili soraglar ýüze çykýar? (Babyň başyndaky surata serediň).

 MÜŇLERÇE ýyl bäri bütin ýer ýüzünde diýen ýaly gan çaýkalyp gelýär. XX asyrda bolan iki sany jahan urşunda bolsa ýeriň dört künjeginde-de gandöküşiklik boldy. Şeýle aýylganç söweşler adamlaryň açgözlügi, öz peýdasyny gözleýändigi üçin bolýar. Ýöne tizden olardanam beter iniňi tikenekledýän söweş bolar. Şol gün Gudratygüýçli Hudaý söweşer (Ylh. 16:14). Allatagala näme üçin söweşmeli bolar? Özüne göwni ýetýän duşman onuň halkyna hüjüm eder. Şonda Älemiň Hökümdary Ýehowa beýik güýjüni görkezer.

2 Şeýle soraglar ýüze çykýar: Gudratygüýçli Allanyň duşmany kim? Ol Hudaýyň gullukçylaryna haçan, näme üçin we nädip hüjüm eder? Biz şu soraglaryň jogabyny hökman bilmeli, sebäbi Hudaýyň duşmanynyň hüjümi oňa arassa sežde edýän adamlaryň ählisine täsir edýär. Hyzkyl kitabynyň 38, 39-njy baplaryndaky tolgundyryjy pygamberlikde gelejekde boljak wakalar hakda gürrüň edilýär.

Äjit — Hudaýyň duşmany

3. Pygamberlikde Mäjit ýurdundaky Äjit hakda näme diýilýär?

 3 Hyzkyl 38:1, 2, 8, 16, 18; 39:4, 11-nji aýatlary okaň. Pygamberlikde Mäjit ýurdundaky Äjidiň «soňky günlerde» Hudaýyň halkyna hüjüm etjekdigi aýdylýar. Şonda Ýehowanyň «gahary ot bolup tutaşar» we ol Äjidi ýok edip taşlar a. Beýik Biribar ýeňiş gazanyp, duşmanlaryny «her hili ýyrtyjy guşlara we ýabany haýwanlara şam eder». Soňra Ýehowa olara «mazar gazar». Şu pygamberligiň gelejekde nädip ýerine ýetjekdigini bilmek üçin, biz Äjidiň kimdigine düşünmeli.

4. Mäjit ýurdundaky Äjit hakda näme bilýäris?

4 Mäjit ýurdundaky Äjit kimkä? Hyzkylyň pygamberliginden onuň Hudaýa arassa sežde edýän adamlaryň duşmanydygyny bilse bolýar. Arassa seždäniň duşmany diýlende, ilki bilen, Şeýtan göz öňüňe gelýär. Ençeme ýyllap edebiýatlarymyzda hem şeýle düşündirilýärdi. Ýöne Hyzkylyň pygamberligini çuňňur öwrenip, aslynda, Äjidiň kimdigine düşündik. «Garawul diňinde» Mäjit ýurdundaky Äjidiň perişde däldigi düşündirildi. Ol Hudaýa arassa sežde edýän adamlara garşy çykjak milletleriň üýşmegini aňladýar b. Biz näme üçin şeýle netijä geldik? Geliň, ilki, Hyzkylyň pygamberliginden Äjidiň perişde däldigini görkezýän iki zat hakda gürrüň edeliň.

5, 6. Mäjit ýurdundaky Äjidiň perişde däldigini Hyzkylyň pygamberligi nädip görkezýär?

5 «Seni her hili ýyrtyjy guşlara... şam ederin» (Hyz. 39:4). Ýehowa höküm çykaranda köplenç duşmanlaryny guşlara şam etjekdigini aýdýar. Hudaý şol jümläni hem ysraýyllara, hem başga halklara duýduryş berende ulanýardy (5 Mus. 28:26; Ýer. 7:33; Hyz. 29:3, 5). Diýmek, şu sözler perişdelere däl-de, adamlara degişli edip aýdylýar. Bilşimiz ýaly, ýyrtyjy guşlar bilen ýabany haýwanlar et iýýärler. Şol sebäpli Hyzkylyň pygamberligindäki Äjit perişde däl.

6 «Äjit üçin Ysraýylda... mazar gazaryn» (Hyz. 39:11) Mukaddes Kitapda perişdeleriň ýer ýüzünde jaýlanýandygy aýdylmaýar. Şeýtan bilen jynlary 1 000 ýyllyk düýpsüz çuňluga zyňlar. Şondan soň olar ot kölüne zyňlar, ýagny ebedilik ýok ediler (Luka 8:31; Ylh. 20:1—3, 10). Ýöne Äjit üçin ýer ýüzünde mazar gazylar diýilýär. Bu bolsa onuň perişde däldigini görkezýär.

7, 8. Demirgazyk patyşasy Mäjit ýurdundaky Äjit ýaly haçan we nädip ýok ediler?

7 Diýmek, Äjit perişde däl. Onda Hudaýa arassa sežde edýän adamlara hüjüm etjek duşman kim? Geliň, Mäjit ýurdundaky Äjidiň kimdigine düşünmek üçin, Mukaddes Kitabyň iki pygamberligine seredeliň.

8 «Demirgazyk patyşasy» (Danyýar 11:40—45-nji aýatlary okaň). Danyýar pygamber ýer ýüzünde höküm sürjek imperiýalar hakda pygamberlik edýär. Ol biri-birini ýigrenýän «günorta patyşasy» bilen «demirgazyk patyşasy» hakda hem aýdýar. Asyrlaryň dowamynda dürli-dürli patyşalar demirgazyk we günorta patyşasy bolup, ýer ýüzünde höküm sürdüler. Olar biri-birinden üstün çykmak üçin köp söweşdiler. «Dünýäniň soňunda» demirgazyk patyşasynyň soňky hüjümi hakda Danyýar şeýle diýýär: «Ol köp adamlary gyryp, ýoguna çykmak üçin gahar-gazaba müner». Demirgazyk patyşanyň esasy maksady Ýehowanyň gullukçylaryny ýok etmek bolar c. Emma bu oňa başartmaz. Gaýtam Mäjit ýurdundaky Äjit ýaly, demirgazyk patyşanyň özi ýok ediler.

9. Mäjit ýurdundaky Äjit bilen «bütin ýer ýüzüniň patyşalaryna» näme garaşýar?

9 «Bütin ýer ýüzüniň patyşalary» (Ylham 16:14, 16; 17:14; 19:19, 20-nji aýatlary okaň). Ylham kitabynda «bütin ýer ýüzüniň patyşalarynyň» gökde höküm sürýän «patyşalaryň Patyşasy» Isa garşy çykjakdygy aýdylýar. Elbetde, olar Isa bilen söweşmek üçin göge baryp bilmezler. Şol sebäpli olar Hudaýyň Patyşalygynyň ýerdäki raýatlaryna hüjüm ederler. Şeýdip, Armageddon söweşi başlar we Allatagala ýer ýüzündäki patyşalary ýok eder. Olar Ýehowanyň halkyna garşy çykandyklaryna ökünselerem giç bolar. Ýehowa Mäjit ýurdundaky Äjidi hem halkyny goramak üçin ýok eder d.

10. Mäjit ýurdundaky Äjit kim?

10 Ýokardakylary göz öňünde tutup, biz iki zada düşündik. Birinjiden, Äjit perişde däl. Ikinjiden, ol gelejekde Hudaýyň halkyna hüjüm etjek milletleri aňladýar. Şol milletler hüjüm etmek üçin haýsydyr bir ýol bilen birleşerler. Hudaýyň halky bir ýurtda däl-de, bütin ýer ýüzünde ýaşaýar. Şol sebäpli milletler olary ýok etmek üçin bir karara gelerler (Mat. 24:9). Elbetde, şu zatlaryň esasy sebäpkäri zalym Şeýtan. Ol şu wagta çenli arassa seždäni ýok etmek üçin hiç zatdan gaýtmady (1 Ýah. 5:19; Ylh. 12:17). Emma Hyzkylyň pygamberligindäki Mäjit ýurdundaky Äjit hakda aýdylan sözler Hudaýyň halkyna hüjüm etjek ynsan hökümetlerine degişli e.

Hudaýyň halkyna hüjüm ediler

11. Pygamberlige görä, Äjit nähili halka hüjüm eder?

11 Mäjit ýurdundaky Äjit Ýehowanyň eziz görýän halkyna hüjüm edip, Onuň gahar-gazabyny tutaşdyrar. Muny  3-nji abzasdan bildik. Geliň, Hyzkylyň pygamberliginden şol halk barada bileliň (Hyzkyl 38:8—12-nji aýatlary okaň). Olar dürli milletlerden ýygnanan, halklaryň arasyndan çykarylan we asuda ýaşaýan adamlardy. Halk diwarsyz, derwezesiz we kiltsiz obalarda arkaýyn ýaşaýardy, özem juda baýdy. Äjidem şonuň üçin olara hüjüm eder. Biz pygamberlikden bütin ýer ýüzündäki Ýehowa arassa sežde edýän adamlar hakda nämäni bilmeli?

12. Ýehowanyň geçmişde ysraýyl halkyna beren wadasy nädip berjaý boldy?

12 Geliň, geçmişde ýurduna dolanyp gelen ysraýyllar hakda gürrüň edeliň. Olar ençeme asyrlap Ýehowanyň miras beren ýurdunda rahat ýaşaýardylar we Hudaýa sežde edýärdiler. Ysraýyllar biwepalyk edendigi üçin Ýehowa Hyzkyl arkaly olaryň ýurdunyň weýran edilip, haraba boljakdygyny aýdýar (Hyz. 33:27—29). Ýöne Ýehowa toba eden adamlary Wawilon ýesirliginden azat edip, ýurtda arassa seždäni dikeltjekdigini wada berýär. Ýehowa ýurdy bereketläp, «Erem bagy ýaly» gülzarlyga öwrer (Hyz. 36:34—36). B. e. öň 537-nji ýylda ýehudylar Iýerusalime dolanyp, ata watanynda arassa seždäni dikeltdiler.

13, 14. a) Biz ruhy jennetde nähili bereketleri alýarys? b) Ýehowa halkyny näme üçin gowy görýär?

13 Biziň günlerimizde hem Ýehowa arassa seždäni dikeltdi. Hudaýyň halky ençeme asyrlap Beýik Wawilonyň ýesirliginde boldy. Ýöne biz 9-njy bapdan 1919-njy ýylda Hudaýyň halkyny azat edendigini bildik. Şol ýyl Ýehowa halkyny ruhy jennete getirdi. Biz ruhy jennetde bol bereketleri alýarys, asuda ýaşaýarys we hak Hudaýa sežde edýäris. Dogan-uýalar bilen agzybir ýaşaýarys, kalbymyz hem rahat. Şeýle-de bol ruhy iýmiti alýarys, Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edip, şatlyk tapýarys. Hawa, biz Nakyllar kitabyndaky sözleriň dogrudygyna göz ýetirýäris: «Ýehowanyň berekedi baý edýär, üstüne dert-alada goşmaýar» (Nak. 10:22). Biz dünýäniň haýsy künjeginde ýaşasagam, arassa seždäni goldasak, ruhy jennetden lezzet alarys.

14 Ýehowa halkyny juda gowy görýär. Olary halklaryň arasyndan saýlap, dürdäne hasaplaýar (Hag. 2:7; Ýah. 6:44). Olar Ýehowadan görelde alyp, ýagşy häsiýetleri ösdürmäge jan edýärler (Efes. 4:23, 24; 5:1, 2). Hudaýa arassa sežde edýän adamlar oňa jany-teni bilen gulluk edip, adyny şöhratlandyrýarlar we söýgüsini görkezýärler (Rim. 12:1, 2; 1 Ýah. 5:3). Ýehowa ruhy jennetiň gülläp ösmegi üçin agyr zähmet çekýän gullukçylaryna örän buýsanýar. Hawa, arassa seždäni ähli zatdan wajyp saýyp, Ýehowanyň ýüregini şatlandyrmak biziň üçin uly hormat (Nak. 27:11).

Biz nirede ýaşasak-da, arassa seždäni goldap, ruhy jennetden lezzet alýarys (13, 14-nji abzaslara serediň)

Äjit haçan, näme üçin we nädip hüjüm eder?

15, 16. Mäjit ýurdundaky Äjit Hudaýyň halkyna haçan hüjüm eder?

15 Milletleriň üýşüp, Hudaýyň halkyna hüjüm etjekdigi ýadymyza düşende, alada edýändiris. Sebäbi bizem Hudaýa arassa sežde edýäris. Geliň, Äjidiň hüjümi hakda köpräk bilmek üçin üç soragyň jogabyny tapalyň.

16 Mäjit ýurdundaky Äjit Hudaýyň halkyna haçan hüjüm eder? Pygamberlikde Äjidiň «soňky günlerde» Hudaýyň halkyna çozjakdygy aýdylýar (Hyz. 38:16). Aýatda soňky günler diýlende, dünýäniň ahyry göz öňüne tutulýar. Ýalan diniň dünýä imperiýasy Beýik Wawilon ýok edilende uly betbagtçylyk başlar. Ýalan dinler ýok edilensoň, Armageddon başlamanka, Äjit Hudaýyň gullukçylaryny bütinleý gyryp taşlamak üçin soňky gezek hüjüm eder.

17, 18. Ýehowa uly betbagtçylykda näme etdirer?

17 Äjit Ýehowa arassa sežde edýän adamlara näme üçin hüjüm eder? Hyzkylyň pygamberliginde munuň iki sebäbi düşündirilýär. Birinjiden, Ýehowanyň özi goşular. Ikinjiden, Äjidiň Hudaýyň halkyna bolan ýigrenji sebäp bolar.

18 Ýehowa goşular (Hyzkyl 38:4, 16-njy aýatlary okaň). Ýehowa Äjide: «Äňiňe çeňňek ildirip... seni halkymyň üstüne çozduraryn» diýýär. Şu sözler milletleri halkynyň üstüne Ýehowanyň çozdurjagyny aňladýarmy? Elbetde, ýok. Hudaý halkyna hiç haçan ýowuz daraşmaýar (Eýp. 34:12). Ýöne duşmanlar Hudaýyň gullukçylaryny ýigrenýärler we olary ýer ýüzünden syryp-süpürip taşlamak isleýärler. Ýehowa hem muny bilýär (1 Ýah. 3:13). Hudaý Äjidiň äňine çeňňek ildirip, alyp gaýdar. Ýehowa niýetine we bellän wagtyna görä ýagdaýa goşular. Beýik Wawilon ýok edilensoň köp wagt geçmänkä, Ýehowa milletleri ýüregindäki niýetini amala aşyrmaga höweslendirmegi mümkin. Ýehowa hüjüm üçin ähli zady taýýar eder we Armageddon urşy başlar. Şonda Ýehowa halkyny halas eder, hökümdarlygyny beýgelder we mukaddes adyny aklar (Hyz. 38:23).

Milletler arassa seždäni ýigrenýändigi üçin Hudaýyň halkyny ýok etjek bolar

19. Äjit Hudaýyň halkyna näme üçin topular?

19 Äjidiň Hudaýyň halkyna ýigrenji. Milletler «zalymlyk bilen hile gurarlar». Olar Ýehowa arassa sežde edýän adamlary öňden bäri ýigrenip, olary ýok etmäge bahana gözleýärler. Hudaýyň halky «diwarsyz, derwezesiz we kiltsiz» ýaşaýan ýaly bolup görünýär. Milletler Hudaýyň «juda baý, mal-mülkli» halkyny talamak islär (Hyz. 38:10—12). Dogrudanam, Hudaýyň halky ruhy taýdan örän baý. Ýehowa edýän seždämiz biziň üçin gyzyldan gymmatly hazyna. Duşmanlar arassa seždäni gymmat saýýandygy üçin däl-de, bizi ýigrenýändigi üçin hazynamyzy elimizden aljak bolarlar.

Äjidiň arassa seždäni ýok etmek üçin gurjak hilesi başa barmaz (19-njy abzasa serediň)

20. Äjit ruhy jennetde ýaşaýan Hudaýyň halkyna nädip hüjüm eder?

20 Äjit ruhy jennetde ýaşaýan Hudaýyň halkyna nädip hüjüm eder? Belki-de, milletler Hudaýa seždämize päsgel berip, imandan dändirjek bolarlar. Häzir biz wagtly-wagtynda ruhy iýmiti alýarys, dogan-uýalar bilen her hepde agzybirlikde ýygnanyşýarys, hoş habary yhlasly wagyz edýäris. Emma milletler şularyň ählisini gadagan edip, ruhy jennetimizi çöle öwürmek islärler. Olar özüni Şeýtana oýnadyp, hiç ýerde arassa sežde edilmez ýaly, Ýehowanyň gullukçylaryny ýok etjek bolarlar.

21. Siz Ýehowa näme üçin minnetdar bolýarsyňyz?

21 Mäjit ýurdundaky Äjidiň hüjümi ruhy jennetde ýaşaýan Hudaýyň her bir gullukçysyna täsir eder. Biz Ýehowanyň boljak zatlary öňünden duýdurýandygyna örän minnetdar. Geliň, uly betbagtçylyk başlamanka, arassa seždäni ähli zatdan wajyp saýmagy ýüregimize düweliň. Şeýtsek, ruhy jennetimiz hasam güllär. Gelejekde bolsa Ýehowanyň Armageddonda halkyny gorap, mukaddes adyny aklaýandygyny gözümiz bilen göreris. Indiki bapda şu hakda giňişleýin gürrüň ederis.

a Indiki bapda Ýehowanyň Mäjit ýurdundaky Äjide haçan we nädip hüjüm etjegini, Hudaýyň halkyna näme boljagyny bileris.

c Demirgazyk patyşasynyň esasy nyşany Hudaýyň halky bolar, sebäbi Danyýar 11:45-de şeýle diýilýär: «Ol şa çadyrlaryny uly deňiz (Ortaýer deňzi) bilen Owadan ýurduň mukaddes dagynyň (Ýehowanyň ybadathanasynyň duran ýeri) aralygynda diker».

d Mukaddes Kitapda «assiriýalylaryň» hem Hudaýyň halkyny ýok etmek üçin hüjüm etjekdigi aýdylýar (Mik. 5:5). Hudaýyň halkyna Mäjit ýurdundaky Äjit, demirgazyk patyşasy, ýer ýüzüniň patyşalary we assiriýalylar hüjüm eder. Olaryň ady dürli-dürli bolsa-da, dördüsi hem bir hüjümi aňladýar.

e Ylham 20:7—9-njy aýatlarda agzalýan «Äjit-Mäjit» hakda 22-nji bapda aýdylýar.