Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

15-NJI BAP

«Zynahorlygyň soňuna çykaryn»

«Zynahorlygyň soňuna çykaryn»

HYZKYL 16:41

TEMA: Hyzkyl we Ylham kitabynda ahlaksyz aýallar barada aýdylýar. Ýazylan zatlardan näme öwrenýäris?

1, 2. Öz islegi bilen ahlaksyzlyk edýän aýaly görseňiz nähili bolýarsyňyz?

 AHLAKSYZ aýaly göreniňizde gynanýansyňyz. Şeýle azgyn ýoly saýlamaga oňa näme sebäp bolduka? Belki-de, çaga wagty maşgala agzalary ony urup-ýenjendir ýa biri zorlandyr. Belki-de, garyplykdan ýaňa tenini satmaga mejbur bolandyr ýa-da zalym ärinden dynjak bolup erbet ýola düşendir. Zalym dünýäde şeýle gynançly wakalar köp bolýar. Isa Mesih hem muny bilýärdi. Şonuň üçin ol käbir ahlaksyz aýallar bilen mähirli gepleşdi. Isa hatda olaryň toba edip, azgyn ýolundan dönse, durmuşynyň üýtgejekdigini aýtdy (Mat. 21:28—32; Luka 7:36—50).

2 Ýöne öz islegi bilen ahlaksyzlyk edýän aýaly görseňiz nähili bolarsyňyz? Ol edýän işini abraý hasaplaýar, elini uzadan ýerine ýetirmek, baran ýerinde işini bitirmek üçin şeýle masgaraçylyga baş goşýar. Iň gynançly ýeri, aýaly üçin janyny bermäge taýyn, gyzyl ýaly äri bar. Ol şonda-da ahlaksyzlyga ýüz urup, ärine biwepalyk edýär. Şeýle aýala gaharyňyz gelmezmi? Ýehowa hem adama biwepalyk edilse, nähili agyr degýändigini bilýär. Şol sebäpli ol ýalan dini ýigrenýändigini görkezmek üçin ony ahlaksyz aýala deňeýär.

3. Şu bapda näme hakda gürrüň ederis?

3 Hyzkyl kitabynda Ysraýyl we Ýahuda halkynyň Hudaýdan ýüz öwrüp, biwepalyk edendigi hakda gürrüň berilýär (Hyzkyl 16, 23-nji baplar). Şol wakalar hakda giňişleýin gürrüň etmezden öň, göçme manyda aýdylýan ahlaksyz aýal hakda bileris. Ol Hyzkylyň döwründen öň, heniz Ysraýyl halky döremänkä, ahlaksyzlyk edip başlapdyr. Şu günler ol ahlaksyzlyk edip hasam azdy. Şol ahlaksyz aýal hakda Ylham kitabynda aýdylýar.

«Ahlaksyz aýallaryň enesi»

4, 5. Beýik Wawilon nämäni aňladýar, muny nireden bilýäris? (Babyň başyndaky surata serediň).

4 I asyryň ahyrynda Isa Ýahýa resula ahlaksyz aýal hakda täsin görnüş görkezýär. Isa oňa «Beýik Wawilon — ahlaksyz aýallaryň... enesi» we «ady belli ahlaksyz aýal» diýýär (Ylh. 17:1, 5). Asyrlarboýy dini ýolbaşçylar we Mukaddes Kitaby öwrenýän alymlar şol aýalyň näme aňladýandygyny bilmek üçin kelle döwdüler. Olar ahlaksyz aýal Wawilony, Rimi ýa-da Rim katolik buthanasyny aňladýar diýip düşündirýärdiler. Emma Ýehowanyň Şaýatlary onlarça ýyl mundan öň, «ady belli ahlaksyz aýalyň» aslynda nämedigine düşündiler. Ol ýalan diniň dünýä imperiýasy. Muny nireden bilýäris?

5 Ahlaksyz aýala «ýer ýüzüniň patyşalary», ýagny syýasy guramalar bilen ahlaksyzlyk edendigi üçin höküm çykarylýar. Diýmek, ol syýasy guramalary aňlatmaýar. Ylham kitabynda «ýer ýüzüniň söwdagärleriniň», ýagny söwda-satyk guramalarynyň Beýik Wawilon ýok edilensoň hasrat çekjekdigi aýdylýar. Beýik Wawilon söwda-satyk guramalary hem däl. Onda ol nämäni aňladýar? Beýik Wawilon «jadygöýlik», butparazlyk edýär we adamlary aldaýar. Şulary göz öňüne tutsak, oňa dini guramalar diýip bileris. Şeýle-de ahlaksyz aýalyň syýasy guramalaryň üstünden agalyk edip, olara belli bir derejede täsir edýändigini unutmaň. Ol Ýehowanyň gullukçylaryny hem yzarlaýar (Ylh. 17:2, 3; 18:11, 23, 24). Dogrudanam, ýalan din häzire çenli şeýle edip gelýär.

Ýalan taglymatlar, däp-dessurlar we dinler gadymy Wawilondan gelip çykdy (6-njy abzasa serediň)

6. Beýik Wawilona näme üçin «ahlaksyz aýallaryň enesi» diýilýär?

6 Beýik Wawilona näme üçin diňe bir «ady belli ahlaksyz aýal» däl-de, «ahlaksyz aýallaryň... enesi» diýilýär? Ýalan din ençeme toparlara bölünen. Häzir her dürli buthanalaryň, dini toparlaryň we däp-dessurlaryň sany-sajagy ýok. Gadymy Wawilon şäherinde Hudaý adamlaryň dilini garyşdyranda ýalan taglymatlar ýer ýüzüne ýaýrap, birtopar dinler döredi. Şol sebäpli «Beýik Wawilona» ýalan dinleriň dörän şäheriniň adynyň dakylmagy örän ýerlikli (1 Mus. 11:1—9). Şeýlelikde, ähli ýalan dinler bir guramanyň, ýagny ady belli ahlaksyz aýalyň «gyzlary» hasaplanýar. Şeýtan dinler arkaly adamlary jadygöýligiň, butparazlygyň, Hudaýyň adyna ysnat getirýän dini ynançlaryň we däp-dessurlaryň duzagyna düşürýär. Şonuň üçin Hudaýyň halkyna azgyn we dünýä ýaýran gurama babatda şeýle duýduryş berilýär: «Eý halkym, onuň günälerine şärik bolmaz ýaly... ol ýerden çykyň!» (Ylham 18:4, 5-nji aýatlary okaň).

7. Biz näme üçin Beýik Wawilondan «çykyň» diýen duýduryşa gulak asmaly?

7 Siz Hudaýyň duýduryşyna gulak asýarsyňyzmy? Aslynda, adamlar «Hudaý barada bilim alyp», oňa sežde etmek üçin ýaradyldy (Mat. 5:3). Adam diňe Ýehowa arassa sežde edip, bagtly bolup bilýär. Elbetde, Ýehowanyň gullukçylary ýalan dine goşulmajak bolup jan edýärler. Emma Şeýtan Hudaýyň halkyny duzaga düşürip, biwepalyk etdirjek bolýar we köplenç maksadyna ýetýär. Meselem, Hyzkyl pygamberiň günlerine çenli Hudaýyň halky ençeme gezek butlara sežde edip, Ýehowa biwepalyk etdi. Geçmişdäki wakalary öwrensek, Ýehowanyň kada-kanunlary, adalatlylygy we rehimdarlygy barada köp zatlary bileris.

«Zyna edip başladyň»

8—10. a) Hudaýa arassa sežde eder ýaly näme talap edilýär? b) Halky butparazlyk edende Ýehowa özüni nähili duýýar? Mysal getiriň.

8 Ýehowa halkyň biwepalygynyň agyr degendigini suratlandyrmak üçin Hyzkyl kitabynda ahlaksyz aýaly mysal getirýär. Ýehowa Hyzkyla iki wakany ýazdyrýar. Olarda halkyň dönükliginiň, ahlaksyz işleriniň Ýehowanyň ýüregine bitmejek ýara salandygy beýan edilýär. Ýehowa näme üçin halkyny ahlaksyz aýallar bilen deňeşdirdi?

9 Muňa düşünmek üçin, Hudaýa arassa sežde eder ýaly, esasan, näme talap edilýändigini bilmeli. Ol hakda 5-nji bapda aýdylypdy. Ysraýyla berlen kanunda Ýehowa: «Menden başga hudaýyňyz bolmasyn... men, Hudaýyňyz Ýehowa, ýürekden wepaly bolmagy talap edýärin» diýdi (2 Mus. 20:3, 5). Biraz wagtdan ol muny nygtamak üçin şeýle diýdi: «Başga taňrylara sežde etmäň, sebäbi Ýehowa ýürekden wepaly bolmagy talap edýändir. Hawa, ol ýürekden wepaly bolmagy talap edýän Hudaýdyr» (2 Mus. 34:14). Dogrudanam, Ýehowa halkyndan näme talap edýändigini açyk-aýdyň düşündirdi. Biz Ýehowa ýürekden wepaly bolmasak, oňa ýaramly sežde edip bilmeris.

10 Geliň, maşgala ojagyny göz öňüne getireliň. Maşgalada är hem, aýal hem biri-birinden wepalylyga garaşýar. Eger är ýa aýal başga biri bilen näz-kereşme ýa-da ahlaksyz hereketleri etse, ýanýoldaşy gabanyp, özüne ikilik edilen ýaly duýýar (Ýewreýler 13:4-i okaň). Ýehowa hem halky ýürekden wepaly bolman, ýalan taňrylara sežde edende, özüne biwepalyk edilen ýaly duýýar. Ol özüne edilen dönükligi Hyzkyl kitabynyň 16-njy babynda täsirli sözler bilen beýan edýär.

11. Ýehowa Iýerusalim we onuň başdaky ýagdaýy hakda näme diýdi?

11 Hyzkyl kitabynyň 16-njy babynda Ýehowanyň halkyna bolan duýgulary beýan edilýär. Şol sözler Töwratda iň uly pygamberlik hasaplanýar. Ýehowa Iýerusalim hakda aýdanda biwepa ýehudylary göz öňünde tutýar. Allatagala şäheriň başdaky ýagdaýy, dönükligi hakda gynançly hem gözgyny wakany gürrüň berýär. Ol şäheri dünýä inen güni taşlanan, bar ýeri hapa, aladasy edilmeýän bäbek bilen deňeşdirýär. Onuň ene-atasy butparaz kenganlardy. Dogrudanam, Dawut patyşa Iýerusalimi basyp alýança, şäher Kenganyň ýabus taýpasynyň goly astyndady. Ýehowanyň oňa ýüregi awady, ýuwundyrdy we aladasyny etdi. Şondan soň Iýerusalim göçme manyda Ýehowanyň aýaly boldy. Aslynda, ysraýyllar Musanyň günlerinde Ýehowa bilen äht baglaşyp, wepaly bolmagy söz beripdiler (2 Mus. 24:7, 8). Iýerusalim ýurduň paýtagty bolansoň, Ýehowa oňa bol bereket berip, döwletini artdyrdy. Aýalynyň göwnünden turmak üçin gymmatbaha şaý-sepleri sowgat berýän baý hem at-abraýly är kimin Ýehowa Iýerusalimi bezedi (Hyz. 16:1—14).

Süleýman aýallaryna Iýerusalimde butparazlyk etmäge ýol berdi (12-nji abzasa serediň)

12. Iýerusalimiň ilaty nädip butparazlyk edip başlady?

12 Soňra näme bolandygyna üns beriň. Ýehowa şeýle diýýär: «Sen owadanlygyňa buýsanyp, şan-şöhratyňy göterinip bilmän, zyna edip başladyň. Duşuňdan geçen her erkek bilen zyna edip, gözelligiňi bagyş etdiň» (Hyz. 16:15). Süleýman patyşanyň günlerinde Ýehowa halkyna bereket berip, rysgalyny artdyrýar. Şol sebäpli Iýerusalim gadymy döwürde baý, ady belli şäherleriň biri hasaplanypdyr (1 Pat. 10:23, 27). Emma soňabaka halk Ýehowadan daşlaşyp başlaýar. Süleýman patyşa başga milletlerden alan aýallarynyň göwnüni ýykmajak bolup, Iýerusalimi ýalan taňrylar bilen hapalaýar (1 Pat. 11:1—8). Ondan soňky patyşalaryň hem käbiri azyp, tutuş ýurdy ýalan taňrylardan doldurdy. Ýehowa şeýle azgynlyga we dönüklige nähili garady? Ol: «Beýle zatlar bolmaly däldi, indem bolmasyn» diýdi (Hyz. 16:16). Ýöne biwepa halk öňküdenem beter azdy.

Käbir ysraýyllar çagalaryny Molek ýaly taňrylara gurban berýärdiler

13. Iýerusalimiň ilaty nähili erbet işleri etdi?

13 Saýlan halky zalym işleri edende, Ýehowanyň ýüreginiň gyýym-gyýym bolandygyny göz öňüne getiriň! Ol şeýle diýýär: «Ahlaksyzlyk edýäniňi az görýän ýaly, maňa dogrup beren ogul-gyzlaryňy butlara gurbanlyk berdiň. Ogullarymy öldürdiň, olary otda ýakyp, butlara gurbanlyk berdiň» (Hyz. 16:20, 21). Ysraýyllar akyla sygmajak erbetlikleri edende Şeýtan heşelle kakandyr. Ol Ýehowanyň halkyna ýigrenji işleri etdirip keýp alýar. Emma Ýehowa ähli zady görýär. Adalatly Alla zalymlygyň soňuna çykyp, Şeýtanyň ýetiren zyýanyny düzeder (Eýýup 34:24-i okaň).

14. Iýerusalimiň gyz dogany bilen gyz jigisi kim we üç doganyň haýsysy has köp erbetlik etdi?

14 Iýerusalimiň binamys halky öz bolşuna utanmady. Gaýtam öňküdenem beter ahlaksyzlyk etdi. Ýehowa onuň ahlaksyz aýallardanam bihaýadygyny aýdýar, sebäbi onuň özi oýnaşlaryna hak töleýär (Hyz. 16:34). Hudaý Iýerusalimi «ejesine», ýagny ýurtda agalyk eden butparaz taýpalara meňzedýär (Hyz. 16:44, 45). Ýehowa Iýerusalimden öň onuň gyz dogany Samariýanyň hem butparazlyk edendigini aýdýar. Şeýle-de gyz jigisi Sodomy hem agzaýar. Sodom şäheri tekepbirligi we ahlaksyzlygy üçin birwagt ýok edilen hem bolsa, Ýehowa ony mysal getirýär. Ýehowa Iýerusalimiň Samariýa bilen Sodomdan hem bäşbeter bolandygyny nygtaýar (Hyz. 16:46—50). Halk Hudaýyň gaýta-gaýta beren duýduryşlaryny äsgermedi, erbet işlerinden el çekmedi.

15. Ýehowa Iýerusalime näme üçin höküm çykardy, ýöne nähili umyt berdi?

15 Ýehowa indi näme eder? Ol Iýerusalim hakda şeýle söz berdi: «Keýp eden oýnaşlaryňy... bir ýere ýygnaryn... Seni oýnaşlaryň eline bererin». Iýerusalim bilen ylalaşyk baglaşan butparaz halklar ony weýran etdi, talap, abraýdan düşürdi. Ýehowa: «Seni daşlarlar, gylyçdan geçirerler» diýdi. Ol näme üçin şeýle höküm çykardy? Aslynda, Ýehowa halkyny bütinleý ýok etmek islemeýärdi. Ol «zynahorlygyň soňuna çykjak» bolýardy. Şonuň üçin Hudaý: «Gazabym köşeşer, gaharym senden sowlar, kalbym ynjalar, öýkäm ýazylar» diýdi. 9-njy bapdan bilşimiz ýaly, Ýehowa öňden bäri halkyny ýesirlikden azat edip, arassa seždäni dikeltmek isleýärdi. Ol: «Ýaşlyk döwrüňde seniň bilen baglaşan ähtimi ýatlaryn» diýdi (Hyz. 16:37—42, 60). Hawa, Ýehowa dönük halky bilen deň bolman, wepalydygyny subut etdi (Ylham 14:5-i okaň).

16, 17. a) Ohola bilen Oholybanyň hristian dünýäsini aňlatmaýandygyny näme görkezýär? («Ahlaksyz gyzlar» diýen çarçuwa serediň). b) Hyzkyl 16, 23-nji baplardan näme öwrenýäris?

16 Hyzkyl 16-njy bapdaky täsirli sözlerden Ýehowanyň adyl kada-kanunlary, adalatlylygy we çäksiz rehimdarlygy hakda köp zatlary öwrenýäris. Hyzkyl 23-nji bapda hem şeýle pikirler nygtalýar. Ýehowa geçmişdäki halkynyň azgynlygy hakda aç-açan aýtdy. Biz Ýahuda bilen Iýerusalime meňzäp, Ýehowanyň ýüregine ýara salmak islemeýäris. Geliň, butparazlygyň golaýyna-da barmalyň! Butparazlyga açgözlük we baýlyga kowalaşmak hem degişli (Mat. 6:24; Kol. 3:5). Biz Ýehowanyň soňky günlerde arassa seždäni dikeldendigine örän minnetdar. Hudaý hiç haçan arassa seždäniň haram bolmagyna ýol bermez. Ol ruhy Ysraýyl bilen «ebedilik äht» baglaşdy, halk biwepalyk ýa-da ahlaksyzlyk edip, ony hiç haçan bozmaz (Hyz. 16:60). Geliň, Ýehowanyň halky bilen Hudaýa arassa sežde etmegiň gadyryny bileliň.

17 Hyzkyl kitabynda aýdylyşy ýaly, Ýehowa ahlaksyz aýallara höküm çykardy. Onda «ady belli ahlaksyz aýal» Beýik Wawilona näme bolar? Geliň, bileliň.

«Ol indi hiç haçan bolmaz»

18, 19. Hyzkylda we Ylhamda aýdylýan ahlaksyz aýallaryň nähili meňzeşligi bar?

18 Ýehowa hiç haçan üýtgemeýär (Ýak. 1:17). Ol ýalan dinleri aňladýan ady belli ahlaksyz aýaly henizem ýigrenýär. Şonuň üçin Ýehowa Hyzkyldaky ahlaksyz aýallara-da, Ylhamdaky «ady belli ahlaksyz aýala-da» meňzeş höküm çykardy.

19 Meselem, Hyzkylyň pygamberligindäki ahlaksyz aýallary Ýehowa däl-de, olar bilen ylalaşyk baglaşan butparaz halklar jezalandyrýar. «Ýer ýüzüniň patyşalary» bilen ahlaksyzlyk edýändigi üçin ýalan diniň dünýä imperiýasyna hem höküm çykaryldy. Ony kim berjaý eder? Mukaddes Kitapda syýasy guramalar hakda şeýle diýilýär: «Ahlaksyz aýaly ýigrenip, talarlar hem-de ýalaňaçlarlar. Olar aýalyň etini iýerler, soňra otda ýakyp, kül ederler». Emma hökümetleriň dine garaýşy näme üçin birden üýtgär? «Sebäbi şeýle pikiri olaryň ýüregine Hudaý guýar» (Ylh. 17:1—3, 15—17).

20. Wawilona ebedi höküm çykaryljakdygyny nireden bilýäris?

20 Diýmek, Ýehowa milletler arkaly ýalan dinleriň ählisine, şol sanda hristian dünýäsine-de höküm çykarar. Olara hiç hili rehim edilmez, toba etmäge mümkinçilik hem berilmez. Olar bütinleý ýok ediler. Ylhamda Wawilonyň «indi hiç haçan bolmajakdygy» aýdylýar (Ylh. 18:21). Perişdeler ýalan diniň ýok edilýändigine begenip, şeýle diýerler: «Ýaha alkyş aýdyň! Wawilonyň tüssesi baky hem ebedilik çykyp durar» (Ylh. 19:3). Hawa, oňa ebedilik höküm çykarylar. Gaýdyp hiç haçan ýalan dinler bolmaz, arassa sežde haram edilmez. Hudaý Wawilona otly gazabyny inderip ýok edensoň, onuň göçme manydaky tüssesi ebedi çykyp durar.

Beýik Wawilonyň azdyrýan milletleri oňa garşy çykyp, ýok ederler (19, 20-nji abzaslara serediň)

21. Uly betbagtçylyk nädip başlar we nädip gutarar?

21 Hökümetler Beýik Wawilona garşy çykanda Ýehowanyň hökümini berjaý edip, niýetini amala aşyrarlar. Şeýdip, adamzat taryhynda görlüp-eşidilmedik uly betbagtçylyk başlar (Mat. 24:21). Ol Ýehowanyň zalym dünýä garşy etjek Armageddon söweşi bilen tamamlanar (Ylh. 16:14, 16). Hyzkyl kitabynda uly betbagtçylygyň nädip başlajakdygy hakda köp zatlar aýdylýar. Biz bu hakda indiki baplarda gürrüň ederis. Ýöne Hyzkyl 16, 23-nji baplardan näme öwrendik?

Hökümetler Beýik Wawilona garşy çykyp, Hudaýyň hökümini berjaý ederler (21-nji abzasa serediň)

22, 23. Pygamberlikdäki ahlaksyz aýallar hakda oýlansak nämelerden gaça durarys?

22 Şeýtan arassa seždäni hapalamakdan lezzet alýar. Ol bizi arassa seždeden ýüz öwürdip, Hyzkyl kitabynda aýdylýan ahlaksyz aýallar ýaly edip bilse, heşelle kakýar. Ýöne Ýehowanyň dönüklige we biwepalyga göz ýummaýandygyny unutmalyň (4 Mus. 25:11). Biz ýalan dini goldamaz ýaly seresap bolmaly we Hudaýyň haram hasaplaýan zatlaryna elimizem degirmeli däl (Işa. 52:11). Biz Hudaýa wepaly bolup, syýasy dawalarda we uruşlarda bitaraplygy saklaýarys (Ýah. 15:19). Milletparazlyk hem etmeýäris, sebäbi onuň Şeýtanyň duzagydygyna düşünýäris.

23 Geliň, ruhy ybadathanada Ýehowa arassa sežde etmegi uly hormat hasaplalyň. Ýehowanyň eden işleriniň gadyryny bilip, ýalan dinden we nejis işlerden gaça duralyň.