Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

5-NJI BAP

«Olaryň edýän zalym we ýigrenji işlerini gör»

«Olaryň edýän zalym we ýigrenji işlerini gör»

HYZKYL 8:9

TEMA: Ýehudylar Hudaýdan ýüz öwrüp, ruhy we ahlak taýdan pese düşýär

1—3. Ýehowa ybadathanada Hyzkyla näme görkezdi we näme üçin? (2-nji bölümiň girişine we suratyna serediň).

 HYZKYL PYGAMBER ruhanynyň ogly bolansoň, Musanyň kanunyny gowy bilýärdi. Ol Iýerusalimdäki ybadathana köp barýardy, sebäbi Ýehowa şol ýerde arassa sežde etmelidigine düşünýärdi (Hyz. 1:3; Mel. 2:7). Emma b. e. öň 612-nji ýylda Ýehowanyň ybadathanasynda edilýän işleri görüp, Hyzkyl pygamberiňem, wepaly ýehudylaryňam agzy açylandyr.

2 Ýehowa Hyzkyla ybadathanada edilýän ýürekbulanyjy işleri görkezmek isledi. Soňra gören zatlaryny öýüne ýygnanan sürgündäki ýoldaşlaryna, ýagny «Ýahuda ýaşulularyna» gürrüň bermegi tabşyrdy (Hyzkyl 8:1—4-nji aýatlary okaň; Hyz. 11:24, 25; 20:1—3). Şol wagt Hyzkyl Wawilonyň Kebar derýasynyň ýakasynda, Telabypdaky öýündedi. Ýehowa Hyzkyly görnüşde mukaddes ruhy arkaly ýüzlerçe kilometr günbatardaky Iýerusalime äkitdi. Ol pygamberi ybadathananyň içki howlusynyň demirgazyk derwezesine getirdi. Şol ýerden başlap, oňa görnüşde ybadathananyň ähli ýerini görkezdi.

3 Görnüşde Hyzkyl ör-gökden getirýän dört ýagdaýy görýär. Onda halkyň ruhy taýdan pese düşendigi görkezilýär. Ýehowa edilýän arassa sežde nädip beýle hapalandy? Görnüşiň biziň günlerimiz bilen nähili baglanyşygy bar? Geliň, özümizi ybadathanada, Hyzkylyň ýanynda göz öňüne getireliň. Ilki bilen, Ýehowanyň gullukçylaryndan näme talap edýändigini bileliň.

«Men... ýürekden wepaly bolmagy talap edýärin»

4. Ýehowa gullukçylaryndan näme talap edýär?

4 Hyzkylyň ýaşan döwründen takmynan dokuz asyr öň Ýehowa gullukçylaryndan näme talap edýändigini aýdypdy. On tabşyrygyň ikinjisinde Ýehowa ysraýyllara a şeýle diýdi: «Men, Hudaýyňyz Ýehowa, ýürekden wepaly bolmagy talap edýärin» (2 Mus. 20:5). «Ýürekden wepaly boluň» diýip, Ýehowa özünden başga hiç kime sežde edilmegini islemeýändigini görkezdi. Ikinji bapdan bilşimiz ýaly, Hudaýa arassa sežde etmek üçin dört zat talap edilýär. Ilki bilen, diňe Ýehowa ýürekden wepaly bolmaly, öňürti onuň islegini etmeli (2 Mus. 20:3). Diýmek, Ýehowa gullukçylarynyň hakyky sežde bilen ýalan seždäni garman, ruhy taýdan arassa bolmagyny isleýär. B. e. öň 1513-nji ýylda ysraýyllar höwes bilen Kanun ähtini baglaşdylar. Şeýdip, olar Ýehowa ýürekden wepaly bolmagy wada berdiler (2 Mus. 24:3—8). Ýehowa baglaşan ähtine wepaly bolup, ony bozmady. Ol halkynyň hem sözünde durup, wepaly bolmagyny isledi (5 Mus. 7:9, 10; 2 Şam. 22:26).

5, 6. Ysraýyllar näme üçin Ýehowa ýürekden wepaly bolmalydy?

5 Ýehowanyň ysraýyllardan ýürekden wepaly bolmagy talap etmäge haky barmy? Elbetde! Sebäbi ol Gudratygüýçli Hudaý, Älemiň Hökümdary, ýaşaýşyň Gözbaşy we ýaşaýşa gerek zatlary berýän Hudaý (Zeb. 36:9; Res. 17:28). Şeýle-de Ýehowa ysraýyllaryň Halasgäridi. Ol halkyna on tabşyrygy berende: «Men sizi Müsür gulçulygyndan çykaran Hudaýyňyz Ýehowa» diýipdi (2 Mus. 20:2). Dogrudanam, Ýehowa ysraýyllaryň ýüreklerinde ýaşamaga mynasypdy.

6 Ýehowa hiç haçan üýtgemeýär (Mel. 3:6). Ol hemişe wepaly bolmagy talap edýär. Geliň, Hyzkyla görkezen dört gözgyny ýagdaýynyň Ýehowa nähili täsir edendigi hakda oýlanalyň.

Birinji ýagdaý: Hudaýyň gaharyny getirýän but

7. a) Biwepa ýehudylar derwezäniň agzynda näme etdi we ol Ýehowa nähili täsir etdi? (Babyň başyndaky surata serediň). b) Ýehowanyň haýsy manyda gabanjaňlygy oýandy? (2-nji çykgyda serediň).

7 Hyzkyl 8:5, 6-njy aýatlary okaň. Hyzkyl ybadathananyň demirgazyk derwezesiniň agzynda bolýan zatlary görüp gözlerine ynanan däldir! Ol ýerde Hudaýdan ýüz öwren ýehudylar buta sežde edip durdy. Belki-de, ol kenganlaryň taňrysy Aşeranyň keramatly pürsüdir. Ol Bagal taňrysynyň aýaly hasaplanypdyr. Nähili bolaýanda-da, butparaz ysraýyllar Ýehowa bilen baglaşan ähtini bozdular. Olar Ýehowa ýürekden wepaly bolmadylar, buta sežde edip, Hudaýyň gabanjaňlygyny b oýardylar, gahar-gazabyny tutaşdyrdylar (5 Mus. 32:16; Hyz. 5:13). Oýlanyp görüň, takmynan 400 ýyllap ybadathana Ýehowanyň mekany bolupdy (1 Pat. 8:10—13). Emma butparaz halk ybadathana butlary getirip, Ýehowany «mukaddes mekanyndan uzakda durmaga mejbur etdi».

8. Hudaýyň gaharyny getirýän but hakdaky görnüşiň biziň günlerimiz bilen nähili baglanyşygy bar?

8 Hyzkylyň Hudaýyň gaharyny getirýän but hakdaky görnüşiniň biziň günlerimiz bilen nähili baglanyşygy bar? Hudaýdan ýüz öwren ýehudylary häzirki hristian dünýäsiniň agzalary bilen deňeşdirse bolýar. Adamlar buthana Hudaýa sežde etmek üçin barsalar-da, buta sežde edýändigi üçin Hudaý olaryň seždesini kabul etmeýär. Dönük ýehudylar ýaly, hristian dünýäsi hem Ýehowanyň gahar-gazabyny tutaşdyrýar, sebäbi Ýehowa üýtgemeýär (Ýak. 1:17). Dogrudanam, Ýehowa ýalandan doly hristian dünýäsinden uzakda durýar.

9, 10. Ybadathanada butparazlyk edenlerden näme sapak edinip bileris?

9 Ybadathanada butparazlyk edenlerden näme sapak edinip bileris? Ýehowa ýürekden wepaly bolmak üçin «butparazlykdan gaçmaly» (1 Kor. 10:14). Elbetde, biz Ýehowa sežde edenimizde doga-tumarlary, şekilleri ulanmaýandyrys. Ýöne butparazlygyň görnüşleri şeýle bir kän welin, käbirleriniň butparazlyga degişlidigini hem bilip bolmaýar. Mukaddes Kitap boýunça gollanmada: «Eger bir gymmat ýa zerur zady Hudaýa sežde etmekden has wajyp hasaplasak, onda butparazlyk bolýar» diýilýär. Diýmek, baýlyk, emläk, pul, jynsy gatnaşyk etmek islegi, dynç alyş hem butparazlyk bolup biler. Eger şeýle zatlar durmuşda birinji orna geçse, onda biz Ýehowa ýürekden wepaly bolmagy wajyp hasaplamarys (Mat. 6:19—21, 24; Efes. 5:5; Kol. 3:5). Şonuň üçin butparazlygyň ähli görnüşinden gaça durmaly, sebäbi biz diňe Ýehowa ýürekden wepaly bolmaly we arassa sežde etmeli (1 Ýah. 5:21).

10 Ýehowa Hyzkyla birinji ýagdaýda «ýigrenji we elhenç işleri» görkezipdi. Emma ol wepaly pygamberine: «Sen mundan-da beter ýigrenji zatlary görersiň» diýdi. Bilşimiz ýaly, ybadathanada Hudaýyň gaharyny getirýän buta sežde edilýärdi. Eýsem mundan beter ýigrenji zat näme bolup biler?!

Ikinji ýagdaý: 70 ýaşuly ýalan taňrylara tütetgi ýakýar

11. Hyzkyl içki howluda nähili ýigrenji işleri gördi?

11 Hyzkyl 8:7—12-nji aýatlary okaň. Hyzkyl diwaryň oýugyny giňeldip, gurbanlyk ojagy tarapdan içki howla girýär. Ol diwaryň ýüzüne oýulyp çekilen «süýrenijileriň, ýürekbulanyjy ýyrtyjy haýwanlaryň... nejis butlaryň» şekillerini c görýär. Diwara oýulyp çekilen zatlar ýalan taňrylaryň şekilidi. Hyzkylyň soňky gören zatlary hasam elhençdi. Ol «Ysraýyl öýüniň 70 ýaşulusynyň... garaňkylykda» ýalan taňrylara tütetgi ýakýandygyny gördi. Kanunda hoşboý ysly tütetgi ýakmak talap edilýärdi, ol wepaly gullukçylaryň Hudaýa edýän doga-dileglerini aňladýardy (Zeb. 141:2). Emma 70 ýaşulynyň ýalan taňrylara ýakan tütetgisi Ýehowa üçin ýürekbulanyjydy. Hudaýyň nazarynda olaryň dogalary nejis ys ýalydy (Nak. 15:8). Ysraýyl ýaşululary: «Ýehowa bizi görmeýär» diýip, özlerini aldadylar. Ýöne Ýehowa görýärdi, Hyzkyla-da olaryň ybadathanada edýän işlerini açyk görkezdi.

Ýehowa «garaňkylykda» edilýän ýigrenji işleri görýär (11-nji abzasa serediň)

12. Biz näme üçin «garaňkylykda-da» wepaly bolmaly we bu babatda kimler görelde görkezmeli?

12 Tütetgi ýakan 70 ýaşuludan näme sapak edinýäris? Hudaýyň dogalarymyzy diňlemegini we seždämiziň arassa bolmagyny islesek, hatda «garaňkylykda-da» wepaly bolmaly (Nak. 15:29). Ýehowanyň ýiti gözleriniň bizi görýändigini ýatdan çykarmalyň. Eger Ýehowanyň bardygyna ynansak, halamaýan zatlaryny gizlinlikde etmeris (Ýew. 4:13). Esasanam, ýygnak ýaşululary Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna eýerip, görelde görkezmeli (1 Pet. 5:2, 3). Dogan-uýalar ýygnakda tälim berýän, dogry ýoly öwredýän ýaşululara hasam üns berýärler. Şonuň üçin olar hatda «garaňkylykda-da», ýagny hiç kimiň görmeýän wagty hem Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary boýunça ýaşamaly (Zeb. 101:2, 3).

Üçünji ýagdaý: «Tammuz taňrysy üçin dady-perýat edýän aýallar»

13. Hyzkyl ybadathanada ýene nähili ýigrenji işleri gördi?

13 Hyzkyl 8:13, 14-nji aýatlary okaň. Halkyň edýän ýigrenji işleriniň ikisini görkezensoň, Ýehowa ýene-de Hyzkyla: «Sen olaryň edýän ýigrenji işlerindenem beter elhenç zatlary görersiň» diýdi. Pygamber näme gördi? Ol «Ýehowanyň öýüniň demirgazyk derwezesiniň agzynda... Tammuz taňrysy üçin dady-perýat edýän aýallary gördi». Mesopotamiýadaky halklaryň taňrysy Tammuz d hasyl taňrysy Iştaryň äri hasaplanypdyr. Ysraýyl aýallary dady-perýat edip, Tammuzyň ölümi bilen bagly däp-dessurlary berjaý eden bolmaly. Şol dini däp-dessurlar ybadathanada edilse-de, Hudaýa ýaramaýardy. Aýallar arassa seždäniň mekanynda Tammuz taňrysyna ahy-nala edip, butparazlyk edýärdiler. Dogrudanam, Ýehowa biwepalyk eden aýallar «elhenç zatlary» etdiler.

14. Ýehowanyň aýallaryň eden işini nejis hasaplamagyndan näme öwrenýäris?

14 Ýehowanyň aýallaryň eden işini nejis hasaplamagyndan näme öwrenýäris? Hudaýa arassa sežde etmek islesek, hiç wagt ony ýalan däp-dessurlar bilen garmaly däl. Munuň üçin ýalan dinlerden gelip çykan däp-dessurlara hem goşulmaly däl. Däp-dessurlaryň gelip çykyşyna üns bermelimi? Hawa, şu günler gurban baýramy, oraza baýramy, täze ýyl we doglan gün bilen bagly edilýän däp-dessurlar erbet däl ýaly bolup görünýär. Emma Ýehowa giňden ýaýran ýalan däp-dessurlaryň gelip çykyşyny bilýär. Adamlar olary ençeme ýyl bäri berjaý etse-de, arassa sežde bilen garsa-da, olar Ýehowa üçin barybir haram (2 Kor. 6:17; Ylh. 18:2, 4).

Dördünji ýagdaý: 25 adam «Güne tagzym edýär»

15, 16. Içki howluda 25 adam näme etdi we ol Ýehowa nähili täsir etdi?

15 Hyzkyl 8:15—18-nji aýatlary okaň. Ýehowa soňky ýagdaý hakda-da şeýle sözleri aýdýar: «Sen olaryň edýän ýigrenji işlerindenem has elhenç zatlary görersiň». Belki-de, pygamber: «Mundan beter ýene nähili erbet zat barka?» diýendir. Hyzkyl şol wagt ybadathananyň içki howlusyndady. Ol ybadathananyň agzynda «gündogara bakyp», Güne tagzym edýän 25 adamy gördi. Olaryň edýän işi Ýehowany has-da ynjytdy. Nädip?

16 Göz öňüne getiriň, ybadathana gündogar tarapdan girilýärdi. Oňa gelýän adamlaryň ýüzleri günbatara, ýeňseleri gündogara bakmalydy. Ýöne görnüşdäki 25 adamyň «ýeňseleri» ybadathana, ýüzleri bolsa gündogara bakyp durdy, özlerem Güne sežde edýärdi. Olar ybadathana ýeňsesini öwrüp, Ýehowa ýeňsesini öwürýändiklerini görkezdiler, sebäbi ybadathana «Ýehowanyň öýüdi» (1 Pat. 8:10—13). Şol 25 adam Hudaýdan ýüz öwrüpdi. Olar Ýehowany äsgermezlik edip, 5 Musa 4:15—19-njy aýatlardaky tabşyrygy bozdular. Olar Hudaýa ýürekden wepaly bolmagyň deregine, ony juda ynjytdylar.

Ýehowa ýürekden wepaly bolmagymyza mynasyp

17, 18. a) Güne tagzym eden adamlardan näme sapak edinýäris? b) Hudaýdan ýüz öwren ysraýyllar özlerine nähili zyýan ýetirdi we nädip?

17 Güne tagzym eden adamlardan näme sapak edinýäris? Hudaýa arassa sežde etmek islesek, ruhy ýagtylygy Ýehowadan gözlemeli. «Ýehowa Hudaýymyzyň güneşimizdigini», Sözüniň «ýolumyza nurdygyny» ýatdan çykarmalyň (Zeb. 84:11; 119:105). Hudaýyň Sözi we guramasynyň çykarýan edebiýatlary akyldar edýär. Olar bize häzirden we gelejekde bagtly bolar ýaly paýhasly kararlara gelmegi öwredýär. Biz Ýehowa gulak asman, dünýäniň akymy boýunça ýaşasak, oňa ýeňsämizi öwren ýaly bolarys. Şeýtsek, ony ynjydarys, ýüregine ýara salarys. Elbetde, biz Hudaýy gynandyrmak islemeýäris. Hyzkylyň gören görnüşi hakykatdan ýüz öwrüp, imandan dänen adamlar bilen gatnaşmaly däldigini ýatladýar (Nak. 11:9).

18 Bilşimiz ýaly, Hyzkyl butparazlyk we ýalan sežde bilen bagly dört ýagdaýy görüpdi. Ol Hudaýdan ýüz öwren ýehudylaryň ruhy taýdan gaty pese düşendigine geň galypdy. Ysraýyllaryň eden nejis işleri Hudaý bilen dostlugyna zyýan ýetirdi. Ruhy taýdan pese düşensoň, olar ahlak taýdan hem azdylar. Elbetde, Hudaýdan ýüz öwren ysraýyllar azgyn işleriň ählisini edendir. Olar diňe Hudaý bilen dostlugyny däl-de, ildeşleri bilenem gatnaşygyny bozdular. Geliň, Hyzkyl pygamberiň mukaddes ruh arkaly dönük hem azgyn ýehudylar barada näme diýendigine seredeliň.

Halk «köçelerde haýasyz işleri edýär»

19. Ysraýyllar nähili azgyn işleri edýärdi?

19 Hyzkyl 22:3—12-nji aýatlary okaň. Ýolbaşçylardan başlap, bütin halk azgynlyk edýärdi. «Baştutanlar» ygtyýaryndan peýdalanyp, bigünä gan dökýärdi. Halk ýolbaşçylaryň yzyna eýerip, Hudaýyň kanunyny bozýardy. Çagalar ene-atasyny «sylamaýardy», maşgala agzalary biri-biri bilen ýatyp turýardy. Pitneçi ysraýyllar gelmişekleri aldaýardy, ýetimlere we dul aýallara sütem edýärdi. Erkekler goňşusynyň aýaly bilen azgynlyk edýärdi. Adamlar açgözlük edip, para alýardy, iliň puluny elinden gaňryp alýardy, göterimine karz berýärdi. Ýehowa äht baglaşan halkyny söýýändigi üçin Kanun beripdi. Emma halkyň äsgermezlik edip, tabşyryklaryny bozýandygyny görende Ýehowa nähili agyr degendir! Ahlak taýdan bozuk halkyna Ýehowanyň ýüregi gyýym-gyýym boldy. Şonuň üçin Ýehowa Hyzkyl pygamber arkaly: «Olar meni bütinleý unutdylar» diýdi.

Hristian dünýäsiniň täsirine düşen adamlar gitdigiçe azýar we erbetleşýär (20-nji abzasa serediň)

20. Hyzkylyň azgyn Ýahuda barada aýdanlary bize nämäni ýatladýar?

20 Hyzkylyň azgyn Ýahuda barada aýdanlary bize nämäni ýatladýar? Hudaýdan ýüz öwren ýehudylaryň bozuklygyny häzirki azgyn dünýä meňzetse bolýar. Bizem syýasy ýolbaşçylaryň ygtyýaryndan peýdalanyp, adamlary ezýändigini görýäris. Dini ýolbaşçylar, esasanam, hristian dünýäsiniň agzalary uruşlara ak pata berýärler we millionlarça adamlaryň ölümine sebäp bolýarlar. Dindarlar Mukaddes Kitabyň arassa we dogry ahlak kadalaryny ýoýýarlar. Şonuň üçin adamlar gün-günden azyp barýar. Ýehowa dönük ýehudylara aýdyşy ýaly, hristian dünýäsiniň agzalaryna-da: «Meni bütinleý unutdyňyz» diýýär.

21. Bozuk ýehudylardan näme sapak edinip bileris?

21 Bozuk ýehudylardan näme sapak edinip bileris? Ýehowa ýaramly sežde etmek üçin her zatda päk bolmaly. Elbetde, azgyn dünýäde muny etmek aňsat däl (2 Tim. 3:1—5). Emma ahlak taýdan pese düşürýän nejis işlere Ýehowanyň nähili garaýandygyny bilýäris (1 Kor. 6:9, 10). Biz Ýehowany we kanunlaryny söýýändigimiz üçin oňa gulak asýarys (Zeb. 119:97; 1 Ýah. 5:3). Eger ahlak kadalaryny bozsak, mukaddes we arassa Hudaýymyzy söýmeýändigimizi görkezeris. Elbetde, Ýehowanyň bize: «Meni bütinleý unutdyňyz» diýmegini islemeýäris.

22. a) Siz näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz? b) Indiki bapda näme bileris?

22 Ýehowa geçmişde ýehudylaryň ruhy we ahlak taýdan pese düşmegine sowuk-sala garamady. Biz mundan köp zatlary öwrenýäris. Biz diňe Ýehowa wepaly bolmagy ýüregimize düwdük, sebäbi ol muňa mynasyp. Biz butparazlygyň ähli görnüşinden gaça durup, ahlak taýdan arassa bolmaly. Ýehowa biwepalyk eden halkyna nähili garady? Ol Hyzkyl pygambere ybadathanada edilýän işleri görkezensoň: «Men gahar atyma atlanaryn» diýdi (Hyz. 8:17, 18). Ýehowa dönük ýehudylara çäre görşi ýaly, wagty gelende zalym dünýä hem höküm çykarar. Indiki bapda Ýehowanyň ýehudylara çykaran höküminiň ýerine ýetişi barada bileris.

a Hyzkyl kitabynda «Ysraýyl» diýlende, köplenç Ýahudanyň we Iýerusalimiň ýaşaýjylary göz öňünde tutulýar (Hyz. 12:19, 22; 18:2; 21:2, 3).

b «Gabanjaňlyk» diýen söz Ýehowanyň wepalylyga çynlakaý garaýandygyny görkezýär (Hyz. 8:3, çykgyt). Muny aýaly biwepalyk edende äriniň gabanyp, gahar-gazaba münşi bilen deňeşdirse bolýar (Nak. 6:34). Gabanjaň är ýaly, Ýehowa-da äht baglaşan halky biwepalyk edip, buta sežde edende gahar-gazaba münýär. Mukaddes Kitabyň bir terjimesinde şeýle diýilýär: «Hudaýyň gabanjaňlygy... onuň mukaddesligi bilen deň. Sebäbi ol ýeke-täk mukaddes Hudaý... Ol öz ornuny hiç kime bermez» (2 Mus. 34:14).

c Ýewreý dilindäki şu jümläniň tezek diýen manysy bolup, bir zady ýigrenmegi aňladýar.

d Şumer ýazgylarynda Tammuza Dumuzi hem diýipdirler. Oňa Nemrut hem diýseler-de, hiç hili subutnama ýok.