Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

2-NJI BAP

Hudaý «sadakalaryny kabul etdi»

Hudaý «sadakalaryny kabul etdi»

ÝEWREÝLER 11:4

TEMA: Ýehowanyň geçmişde arassa sežde üçin eden işleri

1—3. a) Biz haýsy soraglaryň jogabyny bileris? b) Hudaýa arassa sežde etmek üçin haýsy dört zat talap edilýär? (Babyň başyndaky surata serediň).

 HABYL sürä göz-gulak bolýar, owlak-guzularyň söýgi bilen aladasyny edýär. Indi bolsa käbirini saýlap, Hudaýa gurban berýär. Bikämil adamyň gurbanlygyny Hudaý kabul edermikä?

2 Pawlus resul mukaddes ruh arkaly Habyl hakda: «Hudaý hem onuň sadakalaryny kabul etdi» diýip ýazdy. Ýöne Ýehowa Kabylyň sadakasyny kabul etmedi (Ýewreýler 11:4-i okaň). Biz şeýle soraglara serederis: Hudaý näme üçin Habylyň seždesini kabul edip, Kabylyňkyny kabul etmedi? Kabyl bilen Habyldan hem-de Ýewreýler 11-nji bapda agzalýan Hudaýa wepaly adamlardan näme öwrenip bileris? Şu soraglaryň jogabyny bilsek, arassa sežde etmegiň näme aňladýandygyna gowy düşüneris.

3 Habyldan Hyzkylyň günlerine çenli bolan wakalardan Hudaýa ýaramly sežde etmek üçin dört zadyň talap edilýändigini bileris: 1) diňe Ýehowa sadaka bermeli, 2) iň gowy zady bermeli, 3) sadakanyň berilişi Hudaýa ýaramaly, 4) dogry niýet bilen bermeli.

Kabylyň seždesi kabul edilmedi

4, 5. Kabyl Ýehowa sadaka bermelidigini nireden bilýärdi?

4 1 Musa 4:2—5-nji aýatlary okaň. Kabyl sadakany diňe Ýehowa bermelidigini bilýärdi. Onuň Ýehowa hakda öwrenmäge hem wagty, hem mümkinçiligi bardy. Hudaýa gurban beren wagty Kabyl bilen inisi Habyl 100 ýaşlarynda bolandyr a. Olaryň ikisi-de çagalykdan bäri Erem bagy hakda bilýärdi. Belki-de, olar şol owadan bagy uzakdan synlap, ony keruplaryň goraýandygyny görendirler (1 Mus. 3:24). Elbetde, ene-atasy olara ähli zady Ýehowanyň ýaradandygyny we adamlaryň häzirki ýaly garrap, ölmeli däldigini gürrüň berendir (1 Mus. 1:24—28). Şeýlelikde, Kabyl Hudaýa sadaka bermelidigine düşünen bolmaly.

5 Hudaýa sadaka bermäge Kabyly ýene näme höweslendirdikä? Ýehowa How enä günä etdiren «ýylanyň» kellesini mynjyratjak «nesliň» geljekdigini aýdypdy (1 Mus. 3:4—6, 14, 15). Kabyl maşgalada ulusy bolansoň, özüne şol «nesildir» öýdendir (1 Mus. 4:1). Onsoňam, Ýehowa günäli adamlar bilen arasyny doly kesmedi. Hatda Adam ata günä edensoňam, Hudaý onuň bilen perişdesi arkaly gepleşen bolmaly (1 Mus. 3:8—10). Sadaka berensoň, Kabyl bilenem gepleşdi (1 Mus. 4:6). Şonuň üçin Kabyl diňe Ýehowa sežde etmelidigini gowy bilýärdi.

6, 7. Kabylyň beren sadakasynyň kemi bardymy ýa-da ol bir zady nädogry etdimi? Düşündiriň.

6 Ýehowa näme üçin Kabylyň sadakasyny kabul etmedi? Eýsem Kabyl Hudaýa iň gowy zadyny sadaka bermedimi? Mukaddes Kitapda ol barada aýdylmaýar. Emma onuň «topragyň hasylyndan» sadaka berendigini bilýäris. Ýehowa birnäçe wagtdan soň Musanyň kanunynda şeýle sadakalary kabul edýändigini ýazdyrdy (4 Mus. 15:8, 9). Geliň, Kabylyň ýaşan döwri hakda oýlanalyň. Şol wagtlar adamlar diňe gök önümleri iýýärdiler (1 Mus. 1:29). Hudaý Erem bagynyň daşyndaky topragy näletläni üçin, Kabyl azap baryny çekip hasyl alýardy (1 Mus. 3:17—19). Ol maňlaý derini döküp alan hasylyny Hudaýa sadaka beripdi. Ýöne Ýehowa şonda-da Kabylyň sadakasyny kabul etmedi.

7 Belki, Kabylyň sadaka berişi Hudaýa ýaran däldir? Ýa-da sadaka berende bir zady nädogry edendir? Ýok, beýle däl. Aslynda, Ýehowa sadakanyň berilişinden närazy däldi. Mukaddes Kitapda Kabyl bilen Habylyň nädip sadaka berendigi hakda hiç zat aýdylmaýar. Onda näme üçin Hudaý Kabylyň sadakasyny kabul etmedi?

Kabylyň niýeti erbetdi (8, 9-njy abzaslara serediň)

8, 9. a) Ýehowa Kabylyň sadakasyny näme üçin kabul etmedi? b) Kabyl bilen Habyl barada ýazylanlardan siz näme öwrendiňiz?

8 Pawlusyň ýewreýlere ýazan hatyndan Kabylyň sadaka berende niýetiniň gowy bolmandygyny bilse bolýar. Onuň imany gowşakdy (Ýew. 11:4; 1 Ýah. 3:11, 12). Ýehowa berlen sadakadan däl-de, Kabyldan närazydy (1 Mus. 4:5—8). Ýehowa söýýändigi üçin ogluny mähir bilen düzetjek boldy. Ýöne Kabyl Ýehowanyň kömegini kabul etmedi. Onuň ýüregi «duşmançylykdan, dawa-jenjelden, gabanjaňlykdan» ýaňa erbetleşipdi (Gal. 5:19, 20). Kabylyň betpäl ýüregi seždesiniň gowy taraplaryna-da zyýan ýetirdi. Biz onuň özüni alyp barşyndan sapak edinýäris. Ýehowa diňe sözde we iş ýüzünde däl-de, pikirimizde-de wepaly bolmaly.

9 Mukaddes Kitapda Kabyl barada köp zat aýdylýar. Ýehowanyň onuň bilen gepleşendigini, Kabylyň beren jogabyny, hatda çagalarynyň atlary we olaryň käbir eden işleri hakda-da bilýäris (1 Mus. 4:17—24). Habyl hakda bolsa köp zat bilmeýäris. Mukaddes Kitapda onuň çagalarynyň bolandygy hakda ýa-da aýdan sözleri ýazylmandyr. Emma biz Habylyň eden işlerinden köp zat öwrenýäris.

Habylyň göreldesi

10. Habyl Hudaýa arassa sežde edýändigini nädip görkezdi?

10 Habyl sadakany diňe Ýehowa bermelidigini bilýärdi. Şonuň üçin hem Habyl «sürüsinde ilkinji doglan guzularyň» iň gowusyny Ýehowa gurban berdi. Biz onuň sadakasyny gurbanlyk ojagynda beren-bermändigini anyk bilmesek-de, sadaka berişiniň Hudaýa ýarandygyny bilýäris. Alla Habylyň niýetiniň gowy bolandygy üçin gurbanlygyny kabul edipdi. Şondan bäri 6 000 ýyl geçse-de, onuň göreldesinden köp zatlary öwrenýäris. Habyl Hudaýa iman edýändigi we Ýehowanyň adyl kada-kanunlaryny söýýändigi üçin sadaka beripdi. Muny nireden bilýäris?

Habyl arassa seždäniň dört talabyny berjaý etdi (10-njy abzasa serediň)

11. Isa Habyla näme üçin dogruçyl adam diýdi?

11 Birinjiden, Isa Habylyň nähili adam bolandygyny aýdypdy. Ol Habylyň ýaşan döwri gökdedi. Isa Adam atanyň ogly Habyla üns berendir, ony gowy tanandyr (Nak. 8:22, 30, 31; Ýah. 8:58; Kol. 1:15, 16). Şol sebäpli onuň dogruçyl adam bolandygyny ynamly aýtdy (Mat. 23:35). Dogruçyl adam nämäniň ýagşy-ýamandygyny diňe Ýehowanyň çözüp bilýändigine düşünýär. Ol muňa diňe bir düşünmän, Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşaýar (Luka 1:5, 6-njy aýatlary deňeşdiriň). Adam bir günde dogruçyl hasaplanyp bilmeýär. Habyl hem Hudaýa gurban bermezden öň, Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşan bolmaly. Ýöne muny etmek aňsat düşen däldir. Zalym agasy Kabyl oňa gowy görelde görkezmeýärdi (1 Ýah. 3:12). Ejesi Ýehowanyň beren tabşyrygyna gulak asmady. Kakasy bolsa ýagşy-ýamany özi çözmek isläp, Ýehowa garşy çykdy (1 Mus. 2:16, 17; 3:6). Habyl maşgalasyndakylara meňzemän, dogry ýoly saýlady. Dogrudanam, oňa batyrgaýlyk gerek bolandyr.

12. Habyl agasyndan nämede tapawutlanýardy?

12 Ikinjiden, Pawlus resul iman häsiýetini dogruçyllyk bilen baglanyşdyrdy. Ol şeýle ýazdy: «Habyl Hudaýa iman edendigi üçin Kabyldan has gowy gurbanlyk berdi. Ol imany arkaly dogruçyl hasaplandy» (Ýew. 11:4). Pawlusyň sözlerinden Habylyň agasyna meňzemändigini bilýäris. Ol bütin ömrüne Ýehowa we onuň eden işlerine ýürekden iman etdi.

13. Biz Habyldan näme öwrenýäris?

13 Habylyň göreldesi Hudaýa arassa sežde edeniňde niýetiň dogry bolmalydygyny görkezýär. Munuň üçin Ýehowa ýürekden iman edip, onuň adyl kada-kanunlaryny dogry hasaplamaly. Şeýle-de Hudaýa arassa sežde etmek üçin bir gezek wepaly bolmak ýeterlik däl eken. Biz ömürboýy Hudaýa wepaly bolmaly.

Habyldan görelde alanlar

14. Ýehowa Nuhuň, Ybraýymyň we Ýakubyň sadakasyny näme üçin kabul etdi?

14 Habyl Ýehowa arassa sežde eden ilkinji bikämil adamdy, ýöne ondan başga-da Hudaýa sežde eden adamlar bardy. Pawlus resul hatynda Ýehowa ýaramly sežde eden Nuh, Ybraýym we Ýakup barada aýdýar (Ýewreýler 11:7, 8, 17—21-nji aýatlary okaň). Olaryň durmuşyndan her biriniň Ýehowa gurban berendigini, Hudaýyň hem olary kabul edendigini bilýäris. Ýehowa olaryň sadakasyny näme üçin kabul etdi? Olar diňe bir Hudaýa gurban berip, wepalylygyny görkezmän, arassa seždäniň dört talabyny hem berjaý etdiler. Geliň, olar hakda bileliň.

Nuh gurbanlyk berip görelde görkezdi (15, 16-njy abzaslara serediň)

15, 16. Nuh arassa seždäniň dört talabyny nädip berjaý etdi?

15 Nuh pygamber Adam atanyň aradan çykanyna 126 ýyl geçensoň dünýä inýär. Onuň ýaşan döwründe köp adamlar Hudaýa arassa sežde etmeýärdi b (1 Mus. 6:11). Tupandan öň ähli adamlar ýalan taňrylara sežde edýärdi, ýöne Nuh pygamber maşgalasy bilen Ýehowa ýaramly sežde edýärdi (2 Pet. 2:5). Tupanda halas bolansoň, Nuh gurbanlyk ojagyny gurup, Ýehowa sadaka berýär. Mukaddes Kitapda ilkinji gurbanlyk ojagyny Nuhuň gurandygy aýdylýar. Şeýdip, Nuh maşgalasyna we bütin adamzada diňe Ýehowa sežde etmelidigini görkezdi. Nuh islendik jandary Hudaýa gurban berip bilse-de, ol «halal haýwanlaryň we halal guşlaryň birnäçesini» saýlady (1 Mus. 8:20). Olar iň gowy gurbanlykdy, sebäbi Ýehowanyň özi olary halal hasaplaýardy (1 Mus. 7:2).

16 Nuh ýakma gurbanlygyny guran gurbanlyk ojagynda hödürledi. Onuň gurbanlyk berişi Hudaýa ýaradymy? Hawa. Aýatlardan bilşimiz ýaly, Ýehowa ýakma gurbanlygyň ýakymly ysyny halap, Nuha we ogullaryna ak pata berdi (1 Mus. 8:21; 9:1). Hudaý Nuhuň niýetini görüp, sadakasyny kabul etdi. Nuhuň beren sadakasy Ýehowa we tabşyryklaryna berk iman edendigini görkezýär. Mukaddes Kitapda oňa «hak Hudaýyň ýolundan ýöreýärdi» diýilýär, sebäbi ol Ýehowa gulak asýardy we onuň kada-kanunlaryna gyşarnyksyz eýerýärdi. Şeýdip, Hudaý Nuhy dogruçyl adam hasaplady (1 Mus. 6:9; Hyz. 14:14; Ýew. 11:7).

17, 18. Ybraýym arassa seždäniň dört talabyny nädip berjaý etdi?

17 Ybraýym pygamber ýalan taňrylara sežde edýän adamlaryň arasynda ýaşaýardy. Onuň ýaşaýan Ur şäherinde Aý taňrysy Nanna c sežde edilýän ady belli ybadathana bardy. Hatda Ybraýymyň kakasy hem ýalan taňrylara sežde edýärdi (Ýuşa 24:2). Ýöne Ybraýym Ýehowa sežde etmegi saýlady. Belki-de, ol hak Hudaý barada Nuhuň ogly, garry atasy Samdan öwrenendir. Sam Ybraýymdan 150 ýaş uludy.

18 Ybraýym pygamber Ýehowa ençeme gezek gurbanlyk beripdi. Ol diňe Ýehowa gurbanlyk bermelidigine düşünýärdi (1 Mus. 12:8; 13:18; 15:8—10). Ybraýym Ýehowa iň gowy zadyny berdimi? Hawa, ol hatda eý görýän ogly Yshagy Hudaýa gurban bermäge taýýar boldy. Ýehowa Ybraýyma ogluny nädip gurban bermelidigini jikme-jik aýtdy (1 Mus. 22:1, 2). Ol berlen görkezmeleriň birine hem sowuk-sala seretmedi. Ybraýym ogluny gurban berjek bolup durka, Ýehowa ony saklady (1 Mus. 22:9—12). Ybraýym ýagşy niýet bilen gurbanlyk bereni üçin Ýehowa seždesini kabul etdi. Pawlus resul hem: «Ybraýym Ýehowa iman etdi, şonuň üçin dogruçyl adam hasaplandy» diýip ýazdy (Rim. 4:3).

Ýakup maşgalasyna görelde boldy (19, 20-nji abzaslara serediň)

19, 20. Ýakup arassa seždäniň dört talabyny nädip berjaý etdi?

19 Ýakup pygamber ömrüniň köp bölegini Ýehowanyň Ybraýyma we nesillerine wada beren ýurdy Kenganda ýaşady (1 Mus. 17:1, 8). Kenganyň halky ýalan taňrylara jany-teni bilen sežde edýärdi. Ýehowa: «Olar ýurtdan kowlup çykarylar» diýdi (3 Mus. 18:24, 25). Ýakup 77 ýaşynda Kengandan çykyp gaýdýar we öýlenip, tutuş hojalygy bilen yzyna dolanyp gelýär (1 Mus. 28:1, 2; 33:18). Belki-de, onuň käbir maşgala agzalary ýalan taňrylara sežde edendir. Ýehowa Ýakuba Beýtele gidip gurbanlyk ojagyny gurmagy tabşyranda, ol dessine aýdyşy ýaly etdi. Ol ilki öý-içerisindäkilere: «Ýalan taňrylaryňyzy ýok ediň, ýuwnup-ardynyň» diýdi. Soňra berlen tabşyrygy ýürekden berjaý etdi (1 Mus. 35:1-7).

20 Ýakup Wada edilen ýurtda ençeme gurbanlyk ojagyny gursa-da, ol diňe Ýehowa sežde edýärdi (1 Mus. 35:14; 46:1). Ol iň gowy zadyny, ýagşy niýet bilen Hudaýa hödürleýärdi. Onuň gurbanlyk berişi Ýehowa ýaraýardy. Hudaýyň razylygyny gazanandygy üçin Mukaddes Kitapda Ýakuba «dogruçyl» adam diýilýär (1 Mus. 25:27, çykgyt). Ol ömürboýy Hudaýa wepaly bolup, nesillerine ajaýyp görelde galdyrdy (1 Mus. 35:9—12).

21. Hudaýa arassa sežde eden adamlardan nädip görelde alyp bileris?

21 Hudaýa arassa sežde eden adamlardan nädip görelde alyp bileris? Bize-de Hudaýa gulluk etmeýän adamlar, hatda maşgala agzalarymyz sebäpli Ýehowa wepaly bolmak aňsat däldir. Şeýle synaglarda berk durar ýaly Ýehowa iman etmeli we adyl kanunlarynyň peýdalydygyna ynanmaly. Ýehowa gulak asyp, wagtymyzy, güýjümizi we iň gowy zadymyzy berip gulluk etsek, imanymyzyň berkdigini subut ederis (Mat. 22:37—40; 1 Kor. 10:31). Biz Ýehowanyň isleýşi ýaly, bar güýjümizi berip, ýagşy niýet bilen sežde edýäris. Ýehowanyň bizi dogruçyl adam hasaplamagy örän ruhlandyrýar! (Ýakup 2:18—24-nji aýatlary okaň).

Arassa sežde eden halk

22—24. Kanuna görä kime, nähili we nädip gurbanlyk bermelidi?

22 Ýehowa Ýakubyň nesline Kanun berip, näme talap edýändigini aýdyň görkezdi. Olar Ýehowa gulak assalar, «eziz» we «mukaddes halky» bolardylar (2 Mus. 19:5, 6). Kanunda-da arassa sežde babatda dört zat talap edilýärdi. Geliň, olara seredeliň.

23 Ýehowa ysraýyllara kime sežde etmelidigini aýtdy. Ol: «Menden başga hudaýyňyz bolmasyn» diýdi (2 Mus. 20:3—5). Olar Hudaýa iň gowy zadyny gurban bermelidi. Meselem, gurbanlyk maly sagdyn we şikessiz bolmalydy (3 Mus. 1:3; 5 Mus. 15:21; Melek 1:6—8-nji aýatlary deňeşdiriň). Lewiler Ýehowa berilýän sadakalardan alsa-da, özleri hem Hudaýa gurbanlyk berýärdi. Olar «berilýän ähli mukaddes sadakalaryň iň gowusyny» Hudaýa hödürlemelidi (4 Mus. 18:29). Ýehowa ýaramly sežde etmek üçin ysraýyllara näme sadaka bermelidigi, nirede we nädip hödürlemelidigi hakda ýörite düzgünler berlipdi. Kanunda haýsy ýagdaýda näme etmelidigi barada 600-den gowrak tabşyryk bardy. Ysraýyllara: «Ýehowa Hudaýyňyzyň tabşyryklaryny gyşarnyksyz ýerine ýetiriň, saga-da, sola-da sowulmaň» diýilýärdi (5 Mus. 5:32).

24 Ysraýyllar nirede gurban bermelidi? Ýehowa halkyna mukaddes çadyr gurmagy tabşyrypdy, ol arassa seždäniň mekanydy (2 Mus. 40:1—3, 29, 34). Ysraýyllar gurbanlygyny Hudaýyň kabul etmegini isleseler, diňe mukaddes çadyra eltmelidi d (5 Mus. 12:17, 18).

25. Gurbanlyk berlende näme wajyp? Düşündiriň.

25 Ysraýyllaryň nähili niýet bilen gurbanlyk berýändigi has-da wajypdy. Olar Ýehowany we kada-kanunlaryny ýürekden söýmelidi (5 Musa 6:4—6-njy aýatlary okaň). Eger ysraýyllar arassa seždäni äsgermezlik etse, Ýehowa gurbanlygyny kabul etmeýärdi (Işa. 1:10—13). Ýehowa Işaýa pygamber arkaly: «Halk... diňe dilinde maňa hormat goýýar, emma ýüregi menden uzakdadyr» diýip, olaryň doly wepaly bolmaýandygyny aýtdy (Işa. 29:13).

Ybadathanada edilýän sežde

26. Süleýman ybadathanany näme üçin gurupdy?

26 Ysraýyllaryň Wada edilen ýurda girenine ýüzlerçe ýyl geçensoň, Süleýman patyşa Hudaýa arassa sežde eder ýaly ybadathana gurdy. Ol mukaddes çadyrdan uludy (1 Pat. 7:51; 2 Tar. 3:1, 6, 7). Ybadathanada diňe Ýehowa gurban bermelidi. Süleýman bilen halk birgiden gurbanlyklary Kanunda aýdylyşy ýaly edip berdi. Olar iň gowy mallary hödürlediler (1 Pat. 8:63). Emma Ýehowa üçin ybadathana ep-esli çykdajy edileni ýa-da köp gurbanlyk berleni däl-de, ony berýän adamyň niýeti wajypdy. Süleýman patyşa ybadathananyň bagyş ediliş dabarasynda muny şeýle nygtaýar: «Ýehowa Hudaýymyza bütin ýüregiňiz bilen gulluk edip, kanunlaryny we tabşyryklaryny häzirkiňiz ýaly berjaý ediň» (1 Pat. 8:57—61).

27. Ysraýyl halky bilen patyşalary näme etdi we Ýehowa olary nädip düzetdi?

27 Gynansak-da, ysraýyllar akyldar patyşanyň maslahatyna eýermedi. Olar arassa seždäniň bir talabyny berjaý etse, beýlekilerini etmeýärdiler. Ysraýyl halky bilen patyşalary ýüregini gatadyp, Ýehowa bil baglamadylar we adyl kadalaryna eýermediler. Ýehowa olary söýgi bilen düzetmek we edýän işleriniň erbet netijesini duýdurmak üçin gaýta-gaýta pygamberlerini iberdi (Ýer. 7:13—15, 23—26). Wepaly pygamberleriň arasynda Hyzkyl hem bardy. Onuň ýaşan döwri arassa sežde görlüp-eşidilmedik derejede hapalanypdy.

Hyzkyl arassa seždäniň hapalanýandygyny görýär

28, 29. Hyzkyl pygamber barada nämeleri bilýäris? («Hyzkylyň durmuşy we ýaşan döwri» diýen çarçuwa serediň).

28 Hyzkyl pygamber Süleýmanyň ybadathanasynda Hudaýa nädip sežde edilýändigini bilýärdi. Onuň kakasy ruhanydy we nobaty gelende ybadathanada hyzmat edýärdi (Hyz. 1:3). Hyzkylyň çagalygy gowy geçendir. Elbetde, kakasy oňa Ýehowa we Kanun kitaby hakda öwredendir, sebäbi Hyzkylyň doglan wagtlary ybadathanadan «Kanun kitaby» tapylypdy e. Şol wagt Ýoşyýa atly gowy patyşa höküm sürýärdi. Ol Kanundaky sözleri eşidip, halka Hudaýa arassa sežde etdirmek üçin elinde baryny edip başlady (2 Pat. 22:8—13).

Kakasy Hyzkyla Ýehowa we Kanun kitaby hakda öwredendir (28-nji abzasa serediň)

29 Geçmişdäki wepaly adamlar ýaly, Hyzkyl hem arassa seždäniň dört talabyny berjaý edýärdi. Hyzkyl kitabyndan pygamberiň Ýehowa ýürekden iman edendigini bilýäris. Hyzkyl Hudaýa wepaly gulluk etdi, hemişe iň gowy zadyny berdi we tabşyrygyna gulak asyp, Allany razy etdi. Ýöne döwürdeşleriniň köpüsi beýle etmeýärdi. B. e. öň 647-nji ýylda Ýermeýa pygamber gullugyna başlapdy. Hyzkyl hem çagaka onuň Ýehowanyň höküm habaryny yhlasly aýdýandygyny eşidýärdi.

30. a) Hyzkylyň pygamberliklerinden nämeleri bilse bolýar? b) Pygamberlik näme we Hyzkylyň pygamberliklerine nähili düşünmeli? («Hyzkylyň pygamberliklerine nähili düşünmeli?» diýen çarçuwa serediň).

30 Hyzkylyň mukaddes ruh arkaly ýazan sözleri halkyň Ýehowadan gaty daşlaşandygyny görkezýärdi (Hyzkyl 8:6-ny okaň). Ýehowa ýehudylara temmi berip başlanda, Wawilona sürgün edilenleriň arasynda Hyzkyl hem bardy (2 Pat. 24:11—17). Ýöne ol Hudaýyň jeza berendigi üçin ýesir düşmändi. Aslynda, Ýehowa oňa sürgün edilen halkynyň arasynda iş tabşyrjakdy. Hyzkyl kitabynda iniňi tikenekledýän görnüşler we pygamberlikler bar. Olar arassa seždäniň diňe bir Iýerusalimde däl-de, bütin ýer ýüzünde Ýehowany söýýän adamlar üçin dikeldiljegini görkezýärdi.

31. Indiki bölümlerde nämeleri bileris?

31 Kitabyň indiki bölümlerinde biraz wagtlyk Ýehowanyň mekanyny göz öňüne getireris. Şeýle-de arassa seždäniň nädip haram edilendigini, Ýehowanyň nädip dikeldendigini, halkyny gorandygyny we gelejekde ähli adamlar Ýehowa sežde edende näme boljakdygyny bileris. Indiki bapda Hyzkylyň gören birinji görnüşi hakda gürrüň ederis. Ol Ýehowany, gökdäki guramasyny göz öňüne getirmäge we diňe oňa wepaly bolup, arassa sežde etmelidigine düşünmäge kömek eder.

a Erem bagyndan kowlanyna biraz wagt geçensoň, How ene Habyla göwreli bolandyr (1 Mus. 4:1, 2). 1 Musa 4:25-de Hudaý «Habylyň deregine» Şisi berdi diýilýär. Habyl zalymlyk bilen öldürilensoň, Adam ata 130 ýaşyndaka Şis dünýä inýär (1 Mus. 5:3). Şeýlelikde, Habyl 100 ýaşlaryndaka öldürilen bolmaly.

b Adam atanyň agtygy Idrisiň döwründe «adamlar Ýehowanyň adyny çagyryp başladylar» (1 Mus. 4:26). Emma olar muny nädogry ýol bilen eden bolmaly. Belki-de, olar Ýehowanyň adyny butlara dakandyr.

c Nanna taňrysyna Sin hem diýýärdiler. Ur şäheriniň ýaşaýjylary köp taňrylara sežde etseler-de, buthanalary we gurbanlyk ojaklary Nanna bagyşlaýardylar.

d Mukaddes sandyk çadyrdan äkidilensoň, Ýehowa başga ýerde berlen gurbanlyklary hem kabul eden bolmaly (1 Şam. 4:3, 11; 7:7—9; 10:8; 11:14, 15; 16:4, 5; 1 Tar. 21:26—30).

e B. e. öň 613-nji ýylda Hyzkyl pygamberlik edip başlanda, 30 ýaşlarynda bolan bolmaly. Diýmek, ol takmynan b. e. öň 643-nji ýylda doglandyr (Hyz. 1:1). B. e. öň 659-njy ýylda bolsa Ýoşyýa tagta çykýar. Ol 18 ýyla golaý höküm sürensoň, ýagny takmynan b. e. öň 642, 641-nji ýyllarda Kanun kitabynyň asyl nusgasy tapylan bolmaly.