Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

19-NJY BAP

«Çeşmäniň guýan ýerleri janly-jandarlardan dolar»

«Çeşmäniň guýan ýerleri janly-jandarlardan dolar»

HYZKYL 47:9

TEMA: Ybadathanadan akyp gaýdýan çeşme baradaky pygamberligiň geçmişde, şu günler we gelejekde ýerine ýetişi

1, 2. Hyzkyl 47:1—12-nji aýatlara görä pygamber görnüşde nämeleri gördi? (Babyň başyndaky surata serediň).

 HYZKYL ybadathanada ýene bir gudrat görýär. Mukaddes ybadathanadan çeşme akyp gaýdýardy. Onuň suwy aýna ýaly dup-durudy (Hyzkyl 47:1—12-nji aýatlary okaň). Çeşme ybadathananyň bosagasyndan başlap, gündogar tarapa akyp gaýdýardy. Perişde Hyzkyly ybadathanadan çykaryp, geçen ýoluny ölçeýär. Ol Hyzkyla birnäçe gezek suwa girmegi tabşyrýar. Pygamber çeşmäniň barha çuňlaşýanyny görýär. Şonuň üçin ýüzüp geçäýmese, ýöräp geçip bilmejegine düşünen bolmaly.

2 Ybadathanadan akyp gaýdýan çeşme Öli deňzine guýup, şor suwuny süýji suwa öwürýärdi we içini balyklardan doldurýardy. Soňra ol çeşmäniň iki tarapynyň hem gür baglykdygyny görýär. Agaçlar her aý miwe berýärdi, ýapraklary hem melhem bolýardy. Şu zatlary görüp Hyzkylyň göwni göterilendir, ýüreginde umyt dörändir. Görnüşden Hyzkyl we sürgündäkiler näme öwrendiler? Ondan biz näme öwrenýäris?

Pygamberlikden sürgündäkiler näme öwrendi?

3. Sürgündäkiler görnüşe näme üçin göni manyda düşünen däldir?

3 Ýehudylar çeşme baradaky görnüşe göni manyda düşünen däldir. Belki-de, Hyzkylyň görnüşi olara Ýoweliň pygamberligini ýatladandyr. Şondan iki asyrdan gowrak öň, Ýowelem dikeldiş hakda pygamberlik edipdi (Ýowel 3:18-i okaň). Sürgündäkiler Ýoweliň «daglardan täze şerap damar», «baýyrlardan süýt akar», «Ýehowanyň öýünden» çeşme akar diýen sözleriň göni manyda ýerine ýetmejegine düşünýärdiler. Olar Hyzkylyňam görnüşinde göni manydaky çeşme hakda aýdylmaýandygyny bilendirler a. Onda Ýehowa olara görnüş arkaly näme öwretjek boldy? Mukaddes Kitap Hyzkylyň pygamberligindäki käbir zatlara düşünmäge kömek edýär. Biz pygamberlikden Hudaýyň üç wadasy hakda öwreneris.

4. a) Görnüşden halk Ýehowanyň bereket berjegi hakda näme öwrendi? b) Mukaddes Kitapdaky «deňiz», «derýa» diýen sözler nämäni görkezýär? («Ýehowanyň eçilýän bereketleri» diýen çarçuwa serediň).

4 Bereket berýän çeşme. Mukaddes Kitapda Ýehowanyň berýän bol bereketleri deňiz-derýalar bilen deňeşdirilýär. Hyzkyl hem ybadathanadan çeşmäniň akyp gaýdýanyny görýär. Görnüşden halk Hudaýa arassa sežde etse, ruhy bereketleri aljagyny öwrenip bilýärdi. Olar nähili bereketleri alardy? Ruhanylar ýene-de halka Hudaýyň kanunyny öwretmelidi. Şeýle-de olar ybadathanada Hudaýa gurbanlyk berip, günäden arassalanyp bilýärdiler (Hyz. 44:15, 23; 45:17). Şeýdip, ybadathanadan akýan dup-dury çeşme göçme manyda olary tämizleýärdi.

5. Görnüşdäki çeşme nämäni görkezýär?

5 Hudaýyň bereketleri hemmelere ýetermi? Görnüşdäki çeşmäniň suwunyň her iki kilometrden köpelmegi Ýehowanyň bereketleriniň gutarmajakdygyny görkezýär (Hyz. 47:3—5). Sürgünden gelen ýehudylaryň sany köpelse-de, Ýehowa olara gerek zadyny artygy bilen ýetirerdi. Görnüşdäki çeşme hem Hudaýyň egsilmez bereketlerini suratlandyrýar.

6. a) Pygamberlik bizi nämä ynandyrýar? b) Pygamberlikden ýene nämäni bilse bolýar? (Çykgyda serediň).

6 Ýaşaýyş berýän çeşme. Hyzkyl görnüşde çeşmäniň Öli deňzine guýup, ony janly-jandarlardan doldurýandygyny gördi. Beýik deňizde, ýagny Ortaýer deňzinde bolşy ýaly, çeşmäniň guýan ýeri hem dürli balyklardan dolýar. Adamlar Öli deňziniň kenarynda durup, biri-birinden uzakda ýerleşýän iki şäheriň arasynda balyk tutýardylar. Perişde: «Çeşmäniň guýan ýerleri janly-jandarlardan dolar» diýýär. Ýehowanyň ybadathanasyndan akyp gaýdan çeşme deňziň suwuny tutuşlygyna süýjedermi? Ýok. Perişde deňziň kenaryndaky batgaly ýerlere süýji suwuň barmajagyny, şol ýerleriň «şorlugyna galjagyny» aýdýar b (Hyz. 47:8—11). Şu pygamberlik arassa seždäniň adamlary janlandyryp, ruhy taýdan dikeltjegine ynandyrýar. Ýöne pygamberlikden Ýehowanyň bereketlerini hemmeleriň kabul etmejegini, hemme adamlaryň sagalmajagyny bilse bolýar.

7. Pygamberiň gören gür baglygy sürgündäkileri nämä ynandyrdy?

7 Miweli we melhem berýän agaçlar. Çeşmäniň iki tarapyndaky gür baglygy göz öňüňize getiriň! Olar daş-töwerege görk beren bolmaly. Ýöne olar nämäni aňladýardy? Hyzkyl bilen ildeşleri şol baglaryň her aý dürli miweleri berjegine begenendirler. Görnüş olary Ýehowanyň ruhy bolçulykda ýaşatjagyna ynandyrandyr. Mundan başga-da, görnüşde şol baglaryň ýapraklarynyň «melhem boljakdygy» aýdylýar (Hyz. 47:12). Ýehowa näme üçin şeýle wada berdi? Sebäbi Ýehowa sürgünden dolanyp gelen halkyny aýaga galdyrmak üçin ruhy taýdan kömek gerekdigini bilýärdi. Hudaý beren wadasynda durdy. Onuň halkyny ruhy taýdan dikeldendigi hakda 9-njy bapda gürrüň berilýär.

8. Hyzkylyň görnüşiniň doly ýerine ýetjegini nireden bilýäris?

8 9-njy bapda halkyň şol pygamberlikleriň diňe käbiriniň ýerine ýetişini görendigi aýdyldy. Ýöne muňa halkyň özi günäkärdi, sebäbi olar ýene-de azyp, Ýehowa gulak asmadylar. Arassa seždeden gaýta-gaýta ýüz öwürdiler. Onsoň nädip olar Ýehowanyň berekedini doly görsün?! Wepaly ýehudylar ildeşleriniň eden-etdiligini görüp örän gynanandyrlar. Ýöne olar Ýehowanyň niýetinden el çekmejegini bilýärdiler, hemişe wadasynda durýandygyna ynanýardylar (Ýuşa 23:14-i okaň). Dogrudanam, Hyzkylyň görnüşi doly ýerine ýeter. Ýöne haçan?

Pygamberlikden näme öwrenýäris?

9. Hyzkylyň ybadathana baradaky görnüşi haçan uly möçberde ýerine ýetýär?

9 14-nji bapdan bilşimiz ýaly, Hyzkylyň ybadathana baradaky görnüşi «soňky günlerde» uly möçberde ýerine ýetýär. Arassa sežde görlüp-eşidilmedik derejede beýgeldilýär (Işa. 2:2). Hyzkylyň ybadathanadan akyp gaýdýan çeşme baradaky görnüşi häzir nädip ýerine ýetýär?

10, 11. a) Şu günler nähili bereketleri alýarys? b) Soňky günlerde Ýehowa nädip berekedini bolluk bilen eçilýär?

10 Bereket berýän çeşme. Ybadathanadan akyp gaýdýan çeşmäni häzir näme bilen deňeşdirse bolýar? Çeşmäni Ýehowanyň biziň ruhy taýdan sagdyn bolmagymyz üçin edýän işlerine deňese bolýar. Mundan başga-da, ol Mesihiň töleg gurbany arkaly bizi bagyşlap, günäden arassalaýar. Ýehowanyň Sözi suw ýaly hem ýaşaýyş berýär, hem arassalaýar (Efes. 5:25—27). Ýehowa häzir nädip bereketlerini eçilýär?

11 1919-njy ýylda Ýehowanyň Şaýatlarynyň sany bary-ýogy birnäçe müňe ýetýärdi. Olar Mukaddes Kitapdaky köp hakykatlary öwrenýändigine begenýärdiler. Onlarça ýylyň dowamynda Hudaýyň halkynyň sany hasam artyp, häzirki wagtda 8 milliondan geçdi. Göçme manydaky çeşmäniň suwy köpelermi? Elbetde! Şu günler Hudaýyň halky Mukaddes Kitapdaky köp hakykatlary öwrenýär. Geçen asyrda Hudaýyň halky üçin Mukaddes Kitabyň, žurnallaryň, broşýuralaryň we kitapçalaryň milliardlarçasy çykaryldy. Görnüşdäki çeşmäniň suwunyň köpelişi ýaly, Hudaý baradaky hakykaty hem has köp adamlar eşitdi. Öň edebiýatlarymyz diňe çap edilen görnüşinde çykarylýardy. Häzir bolsa edebiýatlarymyz jw.org saýtynda müňden gowrak dilde elýeterli. Hudaýyň Sözi akýürekli adamlara nähili täsir edýär?

12. a) Hudaýyň Sözündäki hakykat adamlaryň ýüregine nähili täsir edýär? b) Görnüşden ýene näme bildik? (Çykgyda hem serediň).

12 Ýaşaýyş berýän çeşme. Perişde Hyzkyla: «Çeşmäniň guýan ýerleri janly-jandarlardan dolar» diýýär. Ýaşaýyş berýän suwuň ruhy jennetdäki adamlaryň durmuşyna täsir edişi hakda oýlanyp görüň. Mukaddes Kitapdaky hakykatlar millionlarça adamlaryň ýüregine täsir edip, Ýehowa imanyny berkitdi. Ýöne görnüşden şol hakykaty hemme adamlaryň kabul etmejegini hem bilipdik. Görnüşde Hyzkyl Öli deňziniň kenarynda palçykly, batgaly ýerleri görüpdi. Mundan köp adamlaryň Hudaýyň Sözüniň gadyryny bilmejegini, ondan ýüz öwürjegini bilse bolýar c. Geliň, hiç haçan hakykat ýolundan ýüz öwürmäliň (5 Musa 10:16—18-nji aýatlary okaň).

13. Agaçlar baradaky görnüşden näme öwrenýäris?

13 Miweli we melhem berýän agaçlar. Çeşmäniň boýundaky gür baglyk hakdaky görnüş bizi ruhlandyrýar. Görnüşdäki agaçlar her aý bol miwe berýär we ýapraklary melhem bolýar (Hyz. 47:12). Mundan Hudaýyň bizi ruhy taýdan doýurýandygyny we sagalmaga kömek edýändigini öwrenýäris. Häzir adamlar ruhy taýdan kesel, olar ruhy iýmite zar. Ýöne Ýehowa halkynyň aladasyny edýär. Siz makalany okap bolanyňyzda, kongreslerde jemleýji aýdymy aýdanyňyzda, wideolary we teleýaýlymy göreniňizde süýji nahardan doýan ýaly bolýansyňyz. Dogrudanam, Ýehowa bizi gerk-gäbe doýurýar (Işa. 65:13, 14). Ýehowanyň berýän bilimi ruhy taýdan sagdyn bolmaga kömek edýär. Hudaýyň Sözündäki maslahatlar ahlaksyzlyk we açgözlük ýaly ruhy taýdan gowşadýan zatlardan gorap, imanymyzy berkidýär. Ýehowa agyr günä edip, ruhy taýdan syrkawlan adamlara-da aýaga galmaga kömek edýär (Ýakup 5:14-i okaň). Şu günler Hyzkylyň agaçlar baradaky pygamberligi ýerine ýetip, Hudaýyň halky bereket alýar.

14, 15. a) Görnüşdäki käbir ýerleriň şorlugyna galmagyndan näme sapak edinýäris? b) Görnüşdäki çeşmeden nähili bereketleri alýarys?

14 Görnüşdäki käbir ýerleriň şorlugyna galmagyndan näme sapak edinýäris? Biz Ýehowanyň eçilýän bereketleriniň gadyryny bilmek isleýäris. Dünýädäki adamlar ýaly ruhy taýdan kesel bolmak islemeýäris (Mat. 13:15). Gaýtam Ýehowanyň bereketli çeşmesinden ganýandygymyza begenýäris. Biz Hudaýyň Sözüni öwrenip, göçme manyda arassa suwdan içýäris, öwrenen zatlarymyzy adamlara wagyz edýäris. Şeýle-de ýygnak ýaşululary maslahat we göwünlik berip, mähir bilen aladamyzy edýär. Şeýdip, Hyzkylyň çeşme baradaky görnüşiniň ýerine ýetýändigine göz ýetirýäris. Dogrudanam, çeşme akyp baran ýerlerine ýaşaýyş we melhem berýär.

15 Çeşme baradaky pygamberlik gelejekde nädip ýerine ýeter? Biz çeşmäniň Jennetde hasam joşup akjakdygyny bileris.

Pygamberlik Jennetde nädip ýerine ýeter?

16, 17. a) Jennetde çeşme haýsy manyda joşup akar? b) Jennetde çeşme bize nähili bereket berer?

16 Göz öňüne getiriň, siz Jennetde hezil edip ýaşap ýörsüňiz. Ýanyňyzda maşgalaňyz, dostlaryňyz bar. Hyzkylyň çeşme baradaky görnüşi Jennetde ýene nähili bereketleri aljakdygyňyzy göz öňüne getirmäge kömek eder. Geliň, şol bereketleriň üçüsi hakda gürrüň edeliň.

17 Bereket berýän çeşme. Jennetde göçme manydaky çeşme hasam joşup akar, sebäbi ol adamlara diňe ruhy taýdan däl-de, hemmetaraplaýyn bereket berer. Hudaýyň Patyşalygy müň ýylyň dowamynda wepaly adamlary töleg gurbany arkaly günäden doly tämizlär. Olar kem-kemden kämil bolar. Şonda hiç kim kesellemez, lukmanlar, şepagat uýalary, hassahanalar we saglygy ätiýaçlandyryş depderçeleri gerek bolmaz. Armageddonda halas bolan millionlarça adamlar, ýagny «uly betbagtçylykdan» geçen «uly märeke» ýaşaýyş suwundan içer (Ylh. 7: 9, 14). Ýöne bular aljak bereketlerimiziň başlangyjy bolar. Hyzkylyň görnüşindäki ýaly, çeşme barha köpelip, has köp adama peýda berer.

Jennetde ýaşaýyş çeşmesinden içenler ýaş hem sagdyn bolar (17-nji abzasa serediň)

18. Jennetde «ýaşaýyş berýän... derýa» haýsy manyda dolup daşar?

18 Ýaşaýyş berýän çeşme. Isanyň müňýyllyk hökümdarlygynda «ýaşaýyş berýän... derýa» dolup-daşar (Ylh. 22:1). Ýehowa milliardlarça ölen adamlary direldip, Jennetde ebedi ýaşamaga mümkinçilik berer. Hudaýyň Patyşalygy topraga siňip giden, sansyz-sajaksyz adamlara ýaşaýyş berer (Işa. 26:19). Emma direlen adamlaryň ählisi ebedi ýaşarmy?

19. a) Jennetde täze golýazmalar nädip açylar? b) Käbir ýerler nädip «şorlugyna galar»?

19 Jennetde her bir adam gelejegini özi saýlar. Bilşimiz ýaly, şonda täze golýazmalar açylar, Ýehowa täze-täze zatlary öwreder, täze tabşyryklary berer. Şol wagta sabyrsyzlyk bilen garaşýarsyňyz gerek?! Gynansak-da, käbir adamlar Ýehowa gulak asman, onuň bereketleriniň gadyryny bilmezler. Biri müňýyllykda boýnuýogynlyk etse-de, hiç kime zyýan ýetirip bilmez, sebäbi Ýehowa ony ýok eder (Işa. 65:20). Şeýdip, Hyzkylyň şorlugyna galan batgaly ýerler baradaky pygamberligi ýerine ýeter. Boýnuýogyn adamlar ýaşaýyş suwundan içmän, gaty ýalňyşarlar. Müňýyllykdan soň käbir pitneçiler Şeýtanyň tarapyna geçer. Ýehowanyň hökümdarlygyna garşy çykýanlaryň ählisi ebedilik ýok ediler (Ylh. 20:7—12).

20. Hyzkylyň gören agaçlary müňýyllykda nähili bereketleri aljakdygymyzy görkezýär?

20 Miweli we melhem berýän agaçlar. Ýehowa her birimiziň ebedi ýaşamagymyzy isleýär. Şeýle ajaýyp mümkinçiligi elden gidermez ýaly, bize kömek edýär. Hyzkylyň gören agaçlaryndan Ýehowanyň Jennetde köp işleri etjekdigini bilýäris. Şonda Ýehowa diňe ruhy taýdan däl, hemmetaraplaýyn ýalkar. Müňýyllykda Isa Mesih bilen 144 000 saýlananlar gökde höküm sürerler. Saýlananlar ruhanylar bolup, Isanyň töleg gurbany arkaly adamlara kämil bolmaga kömek ederler (Ylh. 20:6). Görnüşdäki agaçlaryň miwe berip, ýapraklarynyň melhem bolşy ýaly, bizem hemmetaraplaýyn sagdyn bolarys. Ýahýa resul hem Hyzkyl pygamberiňki ýaly täsirli görnüş görüpdi (Ylham 22:1, 2-nji aýatlary okaň). Ýahýanyň görnüşindäki agaçlaryň ýapraklary hem «milletleri sagaltmak üçin ösýärdi». Ruhany bolup gulluk etjek 144 000 saýlananlar arkaly millionlarça wepaly adamlar peýda alar.

21. Çeşme baradaky görnüş size nähili täsir edýär? Indiki bapda näme bileris? («Çeşmäniň suwy barha köpelýär» diýen çarçuwa serediň).

21 Hyzkylyň çeşme baradaky görnüşini okanymyzda kalbymyz rahatlykdan dolup, ýüregimizde umyt döreýär. Tizden eşretli durmuşa ýeteris. Şeýle durmuşy göz öňüne getirip biler ýaly, Ýehowa müňlerçe ýyl öňünden pygamberine ony görnüş arkaly görkezdi. Ýehowa biziň şeýle durmuşy diňe arzuw etmegimizi däl, şol ýerde ýaşamagymyzy hem isleýär. Sizem isleýärsiňizmi? Belki, siz: «Jennetde maňa ýaşamaga ýer bolarmyka?» diýip pikir edýänsiňiz. Indiki bapda Hyzkylyň şu hakda aýdan pygamberliklerini bileris.

a Sürgündäki ýehudylar ýurdunyň geografiki ýerleşişini gowy bilensoň, görnüşde göni manydaky çeşme hakda aýdylmaýandygyna düşünendir. Sebäbi Ysraýylda Hyzkylyň görnüşinde agzalýan beýik dag ýokdy. Şeýle-de Ysraýyl belentli-pesli depeleriň arasynda ýerleşýärdi. Şonuň üçin görnüşdäki çeşme ugruny üýtgetmän, göni Öli deňzine guýup bilmeýärdi.

b Käbir alymlaryň aýtmagyna görä, aýatdaky şu jümle gowy manyda ulanylýar, sebäbi gadymy döwürde Öli deňziniň kenarýaksynda duz senagaty ösendi we köp girdeji berýärdi. Emma aýatda palçykly ýerleriň «suwy süýjemez» diýilýär. Ýehowanyň ybadathanasyndan akýan ýaşaýyş suwy oňa baryp ýetmeýändigi üçin, onda janly-jandar bolmaz. Şeýlelikde, aýatdaky «şorlugyna galar» diýen jümle gowy manyda ulanylmaýar diýsek ýalňyşmarys (Zeb. 107:33, 34; Ýer. 17:6).

c Isa tor mysalynda hem şu hakda aýdýar. Tora köp balyk düşse-de, arasynda erbedem bar. Balykçylar erbet balyklary zyňýarlar. Isa Ýehowanyň guramasyndaky käbir adamlaryň Hudaýdan ýüz öwürjekdigini aýtdy (Mat. 13:47—50; 2 Tim. 2:20, 21).