20-NJI BAP
«Ýurdy miras hökmünde paýlaşyň»
TEMA: Ýurduň paýlanmagyndan näme öwrenýäris?
1, 2. a) Ýehowa Hyzkyla nähili tabşyryk berdi?b) Biz haýsy soraglaryň jogabyny bileris?
ÝEHOWA Hyzkyla ýene bir görnüş görkezýär. Görnüş görensoň, Hyzkyl pygamber Musa bilen Ýuşanyň günleri hakda pikirlenendir. Şondan takmynan 900 ýyl öň, Ýehowa Musa pygambere Wada edilen ýurduň serhetleri barada aýdypdy. Biraz wagtdan soň bolsa, Ýuşa ysraýyl taýpalaryna ýer paýlap bermegi tabşyrypdy (4 Mus. 34:1—15; Ýuşa 13:7; 22:4, 9). B. e. öň 593-nji ýylda Ýehowa Hyzkyla we ildeşlerine ýurdy ýene-de taýpalara paýlap bermegi tabşyrýar (Hyz. 45:1; 47:14; 48:29).
2 Görnüşden Hyzkyl bilen ildeşleri näme öwrendiler? Görnüş Hudaýyň häzirki halkyny nädip ruhlandyrýar? Pygamberlik gelejekde nädip ýerine ýeter?
Görnüşdäki dört wada
3, 4. a) Hyzkylyň soňky görnüşinde haýsy wadalar hakda aýdylýar? b) Şu bapda näme bileris?
3 Hyzkyl pygamberiň soňky gören görnüşi hakda kitabyň dokuz babynda aýdylýar (Hyz. 40:1—48:35). Görnüş arkaly Hudaý Ysraýyl ýurduna gaýdyp barjak halkyna dört wada berýär. Haýsy wadalar? Birinjiden, halk ýene-de ybadathanada Hudaýa arassa sežde eder. Ikinjiden, Hudaýa wepaly ruhanylar we çopanlar halka ýolbaşçylyk eder. Üçünjiden, ýurduna dolanyp baran ysraýyllaryň ählisine ýer paýlanar. Dördünjiden, Ýehowa ýene-de olaryň arasynda ýaşar.
4 Kitabyň 13, 14-nji baplaryndan arassa seždäniň dikeldilendigini we halka gowy çopanlaryň ýolbaşçylyk edip başlandygyny bildik. Şu bapda ýurduň miras hökmünde paýlanjakdygy hakda bileris. Indiki bapda bolsa Ýehowanyň halkynyň arasynda mesgen tutjakdygy hakda gürrüň ederis (Hyz. 47:13—21; 48:1—7, 23—29).
«Ýurt... size miras galar»
5, 6. a) Hyzkylyň görnüşinde näme wada berildi? (Babyň başyndaky surata serediň). b) Ýehowa näme üçin ýurduň paýlanmagy baradaky görnüşi görkezdi?
5 Hyzkyl 47:14-i okaň. Görnüşde Ýehowa Hyzkyla «Erem bagy ýaly» boljak ýurt hakda aýdýar (Hyz. 36:35). Ol şeýle diýýär: «Şu ýurdy ysraýylyň 12 taýpasyna miras hökmünde bölüp beriň» (Hyz. 47:13). Şol «ýurt» sürgünden dolanyp baran ysraýyllaryň dogduk mekanydy. Soňra Hyzkyl 47:15—21-nji aýatlarda Ýehowa tutuş ýurduň serhedi hakda jikme-jik aýtdy.
6 Ýehowa näme üçin ýurduň paýlanmagy baradaky görnüşi görkezdi? Ýurduň serhediniň jikme-jik aýdylmagy Hyzkyl bilen ildeşleriniň watanyna dolanyp, ony dikeltjekdigine ynamyny hasam artdyrandyr. Sürgündäkiler Ýehowanyň şu wadasy hakda eşidende, gör, nähili begenendir! Ýehowanyň aýdyşy ýaly, ýurt ysraýyllara miras hökmünde paýlandymy? Hawa.
7. a) B. e. öň 537-nji ýylda bolan wakalar nämäni ýatladýar? b) Ilki bilen haýsy soragyň jogabyny bileris?
7 Hyzkylyň görnüş görenine 56 ýyl töweregi wagt geçipdi. B. e. öň 537-nji ýylda sürgündäki müňlerçe ysraýyllar ýuwaş-ýuwaşdan watanyna dolandy. Şol tolgundyryjy wakalar Hudaýyň häzirki halkynyň gazanýan üstünliklerini ýatladýar. Olara-da göçme manyda ýer paýlandy. Nädip? Ýehowa gullukçylaryna ruhy jenneti miras berdi. Geçmişde Wada edilen ýurduň dikeldilmeginden ruhy jennetiň dikeldilmegi hakda köp zatlary öwrenýäris. Ýöne, ilki, şu soragyň jogabyny bileliň: ruhy jennetde ýaşaýandygymyzy nireden bilýäris?
8. a) Ýehowa ysraýyl halkyna derek kimi saýlady? b) Hudaý olara nähili ýurdy miras berdi? ç) Ruhy jennet haçan döredildi we onda kimler ýaşaýar?
8 Ýehowa Hyzkyla Ysraýylyň dikeldiljekdigi hakdaky pygamberlikleriň «guly Dawut» patyşa bolanda uly möçberde ýerine ýetjekdigini aýtdy (Hyz. 37:24). Şol pygamberlikler 1914-nji ýylda Isa Mesih patyşa bolanda ýerine ýetip başlady. Ýöne şondan öň Ýehowa ysraýyl halkyna derek ruhy Ysraýyly saýlady (Matta 21:43; 1 Petrus 2:9-njy aýatlary okaň). Ýehowa saýlanan mesihçilere Ysraýyl ýurduny däl-de, ruhy jenneti miras berdi (Işa. 66:8). 17-nji bapdan bilşimiz ýaly, 1919-njy ýyldan bäri saýlanan mesihçileriň galyndysy ruhy jennetde Ýehowa agzybirlikde sežde edýär («1919-njy ýylda azat edilýär» diýen 9B çarçuwa serediň). Şondan soň ruhy jennetde ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän «başga goýunlar» hem ýaşap başlaýar (Ýah. 10:16). Ruhy jennet gitdigiçe gülläp ösýär. Armageddondan soň onuň ilaty mundanam köp bereketleri alar.
Ýurt hemmelere deň paýlanýar
9. Ýehowa ýurduň paýlanmagy barada nähili görkezmeleri berdi?
9 Hyzkyl 48:1, 28-nji aýatlary okaň. Ýehowa ýurduň serhedi hakda aýdandan soň, onuň nädip paýlanjakdygyny hem jikme-jik düşündirdi. Ol demirgazykdan günorta çenli ýerleri 12 taýpa des-deň paýlamagy tabşyrdy. Ýurduň demirgazygynda danlar, günortasynda gadlar mesgen tutdy. Taýpalaryň araçägi ýurduň gündogar serhedinden günbatardaky Beýik deňze, ýagny Ortaýer deňzine çenli uzalar (Hyz. 47:20).
10. Ýurduň deň paýlanmagy sürgündäkileri nämä ynandyrdy?
10 Ýurduň deň paýlanmagy sürgündäkileri nämä ynandyrdy? Ýurduň tertip-düzgün boýunça paýlanmagy hakdaky pygamberlik sürgündäkilere güýçli täsir edendir. 12 taýpa des-deň ýer paýlanmagy ysraýyllaryň dolanyp baran ýurdunda hem mirasynyň boljakdygyna ynandyrandyr. Hemmelere ýer berler, hiç kim öýsüz-öwzarsyz galmaz.
11. Hyzkylyň görnüşinden näme öwrenýäris? («Ýurduň paýlanmagy» diýen çarçuwa serediň).
11 Hyzkylyň şu görnüşinden näme öwrenýäris? Wada edilen ýurtdan diňe ruhanylara, lewilere we baştutanlara däl-de, tutuş halka ýer berlipdi (Hyz. 45:4, 5, 7, 8). Şu günlerem ruhy jennetde diňe saýlananlaryň galyndysynyň we ýolbaşçylyk edýän doganlaryň däl-de, uly märekäniňem orny bar a (Ylh. 7:9). Guramasynda ujypsyzja işleri ýerine ýetirsegem, Ýehowa her birimize orun berip, gymmat saýýar. Biz muňa örän begenýäris.
Ýehowanyň tabşyrygyndan näme öwrenýäris?
12, 13. Ýehowa ýeri taýpalara paýlamak babatda nähili görkezmeleri berdi?
12 Hyzkyl pygamber Ýehowanyň ýurdy paýlamak hakda beren görkezmeleriniň käbirine birbada düşünen däldir. Sebäbi olar Musa berlen görkezmeden tapawutlanýardy. Geliň, Hyzkylyň görnüşindäki ýurt we ýaşaýjylary hakda gürrüň edeliň.
13 Ýurt. Ýehowa Musa pygambere her taýpa adam sanyna görä mülk bermegi tabşyrdy (4 Mus. 26:52—54). Emma Hyzkylyň görnüşinde Ýehowa her taýpa «doganynyňky ýaly» ýer bermegi tabşyrdy (Hyz. 47:14, çykgyt). Diýmek, 12 taýpa demirgazykdan günorta çenli ýerler deň bölünip berildi. 12 taýpanyň ählisine-de Wada edilen ýurtdan bol hasyl berýän, mes toprakly ýerler düşüpdi.
14. Musa bilen Hyzkyla gelmişekler barada berlen tabşyryk nämede tapawutlanýardy?
14 Ýaşaýjylar. Musanyň kanuny gelmişekleriň hukugyny goraýardy. Olar Ýehowa sežde edip bilýärdi. Ýöne olara ýurtdan miras berilmeýärdi (3 Mus. 19:33, 34). Ýehowanyň Hyzkyla beren tabşyrygy düýbünden tapawutlanýardy. Ol: «Gelmişekler ýaşaýan taýpasynyň arasyndan miras hökmünde ýer paýyny almalydyrlar» diýdi. Şeýdip, Ýehowa «ýerli halk» bilen gelmişekleriň tapawudynyň ýokdugyny görkezdi (Hyz. 47:22, 23). Hyzkyl görnüşde ýurduň ýaşaýjylarynyň ala tutulmaýandygyny, olaryň Hudaýa agzybir sežde edýändigini görýär (3 Mus. 25:23).
15. Hyzkyla berlen görkezmeden Ýehowa barada nämäni bilýäris?
15 Hyzkyla ýurt we onuň ilaty hakda berlen görkezmeler sürgündäkileriň imanyny berkidendir. Olar ysraýyllardan ýa gelmişeklerden bolsun, Ýehowa sežde edýän adamlara deň ýer beriljekdigine düşünendir (Hyd. 8:20; Neh. 3:26; 7:6, 25; Işa. 56:3, 8). Şeýle-de olar Ýehowanyň her bir gullukçysyny eziz görýändigine göz ýetirendir (Hagaý 2:7-ni okaň). Ýehowanyň şu günlerem garaýşy üýtgänok. Gökde ýa-da ýerde ýaşamaga umyt etsek-de, Ýehowa her birimizi gymmat saýýar.
16, 17. a) Hyzkyla berlen görkezmelere biz nädip eýerip bileris? b) Indiki bapda näme hakda gürrüň ederis?
16 Hyzkyla berlen görkezmelere biz nädip eýerip bileris? Biz bütin dünýädäki dogan-uýalaryň hiç birini ala tutman, olar bilen agzybir bolmaly. Hudaýyň halky şonuň bilen tapawutlanýar. Ýehowa tarapgöýlik etmeýär. Geliň, özümize şeýle soraglary bereliň: «Menem Ýehowa ýaly adamlary deň tutýarynmy? Milletine, ýaşyna we ýagdaýyna seretmezden, dogan-uýalaryň her birine ýürekden hormat goýýarynmy?» Ýehowanyň her birimize ruhy jennetden paý berendigine örän begenýäris. Gökdäki Atamyza janymyz-tenimiz bilen gulluk edip, köp bereket alýarys (Gal. 3:26—29; Ylh. 7:9).
17 Ýehowa Hyzkyla sürgündäkileriň arasynda mesgen tutjagyny hem wada beripdi. Hudaýyň şol wadasyndan näme öwrenýäris? Ol hakda indiki bapda bileris.
a Ýehowanyň ruhy jennetde ruhanylar bilen baştutana aýratyn orun berýändigi we jogapkärli ýumuşlary tabşyrýandygy hakda 14-nji bapda gürrüň berilýär.