Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

22-NJI BAP

«Hudaýa sežde et!»

«Hudaýa sežde et!»

YLHAM 22:9

TEMA: Hyzkyl kitabyndan öwrenen zatlarymyz

1, 2. a) Her bir adam nähili karara gelmeli? b) Perişde Ýahýa resula näme diýdi we näme üçin?

 EGER sizden: «Kime sežde etmeli?» diýip sorasalar, näme jogap berersiňiz? Elbetde, Alla sežde etmeli diýersiňiz. Hemmelerem diňe Alla sygynyp ýaşamalydygyny bilýär. Ýöne muny dilde aýdanyň ýeterlik däl. Adam edýän işleri bilen ýa Ýehowa Hudaýa, ýa-da Şeýtan Iblise sežde edýändigini görkezýär.

2 Şeýtan diňe özüne sežde edilmegini isleýär. Onuň niýeti Isany synanda hasam belli boldy. 1-nji bapdan bilşimiz ýaly, Şeýtan dünýäniň ähli patyşalyklaryny Isanyň eline berjekdigini aýtdy. Ýöne deregine näme sorady? Ol: «Maňa sežde et» diýdi (Mat. 4:9). Bir gezek Ýahýa resul görnüş görkezen perişdä sežde etjek bolýar. Emma pesgöwünli perişde oňa: «Dur, beýle zat etme! Hudaýa sežde et!» diýýär (Ylham 22:8, 9-njy aýatlary okaň).

3. a) Şu kitap näme etmäge höweslendirýär? b) Biz näme hakda gürrüň ederis?

3 Şu kitap hem wepaly perişdäniň aýdyşy ýaly, diňe Ýehowa sežde etmäge höweslendirýär (5 Mus. 10:20; Mat. 4:10). Geliň, Hyzkylyň pygamberliklerinden we görnüşlerinden arassa sežde barada öwrenen zatlarymyzy gaýtalalyň. Soňra Mukaddes Kitapda aýdylýan soňky synag hakda gürrüň ederis. Şol synagdan geçen adamlar Ýehowa edilýän arassa seždäniň doly dikeldilendigini görerler.

Hyzkyl kitabynyň esasy üç pikiri

4. Hyzkyl kitabynda haýsy üç pikir nygtalýar?

4 Hyzkyl kitabyndan Hudaýa arassa sežde etmek üçin näme etmelidigini öwrendik. Birinjiden, diňe Ýehowa ýürekden wepaly bolmaly. Ikinjiden, agzybirlikde arassa sežde etmeli. Üçünjiden, adamlary söýmeli. Geliň, pygamberliklerde we görnüşlerde şu üç pikiriň nädip nygtalýandygyny bileliň.

1. Diňe Ýehowa ýürekden wepaly bolmaly

5—9. Biz Ýehowa ýürekden wepaly bolmak barada näme öwrendik?

5 3-nji bap a: Hudaýyň tagtynyň daş-töweregindäki älemgoşar bilen Ýehowanyň jandarlary ugrukdyryşy hakdaky görnüşden diňe Gudratygüýçli Hudaýa sežde etmelidigini bildik (Hyz. 1:4, 15—28).

6 5-nji bap: Hyzkyl görnüşde Ýehowanyň ybadathanasynda edilýän ýigrenji işleri görüp aňk-taňk boldy. Görnüşden Ýehowanyň ähli zady görýändigini bilýäris. Halkynyň gizlinlikde butlara sežde edýändigini görüp, Ýehowanyň ýüregi para-para bolýardy. Şonuň üçin olara jeza berdi (Hyz. 8:1—18).

7 7-nji bap: Daş-töwerekdäki halklar ysraýyllary «ýaňsylanda», Ýehowa olara höküm çykardy (Hyz. 25:6). Mundan Ýehowanyň halkyny ezýän adamlardan hasap sorajakdygyny bilýäris. Ysraýyllaryň goňşy halklar bilen gatnaşmagyndan ýene bir wajyp sapak edinýäris. Biz dogan-garyndaşlarymyzyň göwnüni ýykmajak bolup, Ýehowanyň kada-kanunlaryny bozmaly däl. Şeýle-de biz baýlyga bil baglamaly däl, bitaraplygy saklamaly we diňe Ýehowa wepaly bolmaly.

8 13, 14-nji baplar: Beýik dagda duran ybadathana hakdaky görnüşden Ýehowanyň ähli taňrylardan beýikdigini, Onuň ýokary ahlak kadalaryna eýermelidigini öwrendik (Hyz. 40:1—48:35).

9 15-nji bap: Ysraýyl bilen Ýahudanyň ahlaksyz aýallara meňzedilmegi Ýehowanyň butparazlygy ýigrenýändigini görkezdi (Hyzkyl 16, 23-nji baplar).

2. Agzybirlikde arassa sežde etmeli

10—14. Haýsy pygamberliklerden agzybirlikde arassa sežde etmelidigimizi bildik?

10 8-nji bap: Ýehowanyň halkynyň aladasyny etjek «çopany» bellejekdigi baradaky wadasyndan Isanyň ýolbaşçylygynda agzybir işleşmelidigimizi bildik (Hyz. 34:23, 24; 37:24—28).

11 9-njy bap: Ýehudylaryň Wawilon ýesirliginden azat bolup, watanyna dolanyp geljekdigi baradaky pygamberliklerden şu günler Ýehowany razy etmek isleýän adamlar köp zady öwrenip bilýär. Ýehowanyň gullukçylary ýalan dinden we däp-dessurlardan doly arassalanmaly. Öň haýsy dine uýandygymyza, baý-garypdygymyza, milletimize garamazdan, biz agzybir bolmaly. Hudaýyň halky agzybirligi bilen tanalýar (Hyz. 11:17, 18; 12:24; Ýah. 17:20—23).

12 10-njy bap: Gury süňkleriň direlişi hakdaky görnüşden hem agzybir bolmalydygyny öwrendik. Hudaýa agzybirlikde arassa sežde edýän halka goşulmak uly hormat! (Hyz. 37:1—14).

13 12-nji bap: Iki taýagyň birleşmegi hakdaky pygamberlikde agzybirligiň wajypdygy hasam nygtalýar. Pygamberlikde aýdylyşy ýaly, saýlananlar bilen başga goýunlaryň agzybir işleşýändigini görmek örän ruhlandyrýar. Şu dünýädäki dini we syýasy guramalar biri-birini ýigrenýär. Ýöne Hudaýyň halky biri-birini ýürekden söýýär, goldaw berýär (Hyz. 37:15—23).

14 16-njy bap: Syýa gaply adam bilen eli ýaragly alty adam hakdaky görnüşden bilşimiz ýaly, «uly betbagtçylykda» diňe Hudaýa arassa sežde edýän adamlar maňlaýyna bellik alyp, halas bolup bilerler (Mat. 24:21; Hyz. 9:1—11).

3. Adamlary söýmeli

15—18. Biz adamlary näme üçin söýýäris we muny nädip görkezip bilýäris?

15 4-nji bap: Dört ýüzli jandarlar hakdaky görnüşden Ýehowanyň häsiýetleri barada bildik. Onuň iň esasy häsiýeti söýgi. Biz adamlary söýüp ýagşylyk etsek, Ýehowanyň göreldesine eýereris (Hyz. 1:5—14; 1 Ýah. 4:8).

16 6, 11-nji baplar: Ýehowa adamlary söýýändigi üçin Hyzkyl ýaly garawullary belledi. Hudaý Şeýtanyň dünýäsini ýok edende, hiç bir adamyň heläk bolmagyny islemeýär (2 Pet. 3:9). Bizem adamlary söýýäris, şonuň üçin Hudaýyň häzirki garawulyny goldamak üçin elimizde baryny edýäris (Hyz. 33:1—9).

17 17, 18-nji baplar: Ýagşylyga ýamanlyk diýlişi ýaly, köp adamlar Ýehowanyň rehimdarlygynyň gadyryny bilmez, gaýtam halkyna topular. «Mäjit ýurdundaky Äjit» Hudaýyň halkyna hüjüm edende, Ýehowa gyra çekilmez. Ol halkyny söýýändigi üçin arka çykar. Bizem adamlary söýýäris we Ýehowanyň gazabyndan gutular ýaly duýdurýarys (Hyz. 38:1—39:20; 2 Sel. 1:6, 7).

18 19, 20, 21-nji baplar: Ýaşaýyş berýän çeşme bilen ýurduň paýlanmagy baradaky görnüşden Ýehowanyň adamlary güýçli söýýändigine düşünse bolýar. Hudaý Ogluny gurban berip, günälerimizi bagyşlaýar we ebedi ýaşaýşa ýol açýar. Şeýdip, biz Hudaýyň ogul-gyzlary bolup bilýäris. Biz Ýehowanyň Ogluna iman edýän adamlara ajaýyp gelejegi wada berýändigini gürrüň berip, Hudaýyň söýgüsinden görelde alýarys (Hyz. 45:1—7; 47:1—48:35; Ylh. 21:1—4; 22:17).

Müňýyllykdan soňam pesgöwünli bolarlar

19. Isa müňýyllykda näme eder? («Soňky synag» diýen çarçuwa serediň).

19 Isa müňýyllyk hökümdarlygynda milliardlarça adamlary direldip, hasrat çekdirýän ölüm atly «duşmandan» halas eder (1 Kor. 15:26; Mar. 5:38—42; Res. 24:15). Adamlaryň durmuşy ajy hasratdan, gaýgy-aladadan doly. Ýöne Isa adamlary direldende ajy hasratyny şatlyga öwrer. Olar durmuşyny täze sahypadan başlarlar. Isanyň töleg gurbany adamlary keselçilikden, uruşdan, betbagtçylykdan, açlykdan azat eder. Şeýle-de Isa Adam atadan geçen günäni köki bilen sogrup aýrar (Rim. 5:18, 19). Ol «Iblisiň işlerini ýok eder» (1 Ýah. 3:8). Soňra näme bolar?

Direljek adamlar durmuşyny täze sahypadan başlar

20. Isa bilen 144 000 saýlananlar pesgöwünlidigini nädip görkezer? (Babyň başyndaky surata serediň).

20 1 Korinfliler 15:24—28-nji aýatlary okaň. Adamlar kämil bolanda, ýer ýüzi Ýehowanyň başdaky niýeti ýaly Jennete öwrülende, Isa bilen 144 000 saýlananlar pesgöwünlilik bilen Patyşalygy Ýehowa tabşyrar. Olar müň ýyllap höküm sürseler-de, tekepbirlik etmän, Patyşalygy höwes bilen eýesine bererler. Olaryň eden işleri ebedi peýda berer.

Soňky synag

21, 22. a) Müňýyllygyň soňunda ýer ýüzi nähili bolar? b) Ýehowa Şeýtan bilen jynlary näme üçin düýpsüz çuňlukdan çykarar?

21 Ýehowa ýerdäki raýatlaryna ynam bildirýändigini görkezer. Nädip? Müň ýyldan soň ol Şeýtan bilen jynlary düýpsüz çuňlukdan çykarar (Ylham 20:1—3-nji aýatlary okaň). Şonda olar ýer ýüzüniň, adamlaryň düýpgöter üýtgändigini görerler. Armageddondan öň adamlar Şeýtanyň täsirine düşüp, biri-birini ýigrenýärdi, iýäýjek bolýardy (Ylh. 12:9). Emma müňýyllygyň soňunda adamlar Ýehowa agzybir sežde eder, bir maşgala bolar. Bütin ýer ýüzi Jennete öwrüler.

22 Ýehowa täze dünýäde näme üçin Şeýtan bilen jynlary düýpsüz çuňlukdan çykarar? Sebäbi adamlaryň köpüsi synagdan geçip, Ýehowa wepalydygyny subut etmändi. Jennetde direljek adamlaryň köpüsi Ýehowany tanamaýar. Ýehowa olara ýaşaýyş berer, hemmetaraplaýyn aladasyny eder. Ol ýerde erbet adamlar bolmaz. Olar ýagşylyk etmegi öwrenerler. Direlenler Ýehowany söýýän we oňa gulluk edýän adamlaryň arasynda ýaşar. Şeýtan Eýýup pygambere töhmet atyşy ýaly, direlen adamlaram Hudaýdan bereket alýandygy üçin gulluk edýär diýip biler (Eýp. 1:9, 10). Şonda Ýehowanyň ýaşaýyş kitabyna adymyz ebedilik ýazylar ýaly, Atamyza we Hökümdarymyza wepalylygymyzy subut etmäge mümkinçiligimiz bolar (Ylh. 20:12, 15).

23. Her bir adam nähili karara gelmeli bolar?

23 Şeýtan az wagtlyk boşadylanda ýene-de adamlary azdyrjak bolar. Ol adamlary Hudaýdan daşlaşdyrjak bolup näme eder? Her bir ynsan Adam ata bilen How ene ýaly, kime sežde etjegini saýlamaly bolar. Olar ýa Ýehowanyň kada-kanunlaryna gulak asyp, hökümdarlygyny goldar, ýa-da Hudaýdan ýüz öwrüp, Şeýtanyň tarapyna geçer.

24. Pitneçilere näme üçin Äjit-Mäjit diýilýär?

24 Ylham 20:7—10-njy aýatlary okaň. Müňýyllygyň soňunda Hudaýa garşy çykjak adamlara Äjit-Mäjit diýilýär. Olar uly betbagtçylykda Hudaýyň halkyna hüjüm etjek Hyzkylyň pygamberligindäki «Mäjit ýurdundaky Äjide» meňzeýärler (Hyz. 38:2). Pygamberlikdäki Äjit Ýehowanyň hökümdarlygyna garşy çykan milletlerdi. Mesihiň müňýyllyk hökümdarlygynyň soňunda Hudaýa garşy çykjak pitneçilere-de «milletler» diýilýär. Näme üçin? Eýsem müňýyllykda adamlar milletparazlyk etmän agzybir ýaşamazmy? Elbetde, bütin ýer ýüzündäki adamlar ýeke-täk Patyşalygyň agzybir halky bolar. Pygamberlikde pitneçilere «Äjit-Mäjit» bilen «milletler» diýilmegi, Şeýtanyň Hudaýyň halkynyň arasynda bölünişik döredip biljekdigini görkezýär. Emma Şeýtan hiç kimi öz tarapyna geçmäge mejbur edip bilmez. Her bir kämil adamyň özi karara geler.

Pitneçilere Äjit-Mäjit diýilýär (24-nji abzasa serediň)

25, 26. Şeýtanyň tarapyna näçe adam geçer, olara näme bolar?

25 Şeýtanyň tarapyna näçe adam geçer? Olaryň sany «deňziň çägesi deý köp» bolar. Olaryň sany, dogrudanam, şeýle köp bolarmy? Ýok. Geliň, Ýehowanyň Ybraýym pygambere beren wadasy hakda gürrüň edeliň. Ol Ybraýyma: «Nesliňi deňiz çägesi deý köpelderin» diýdi (1 Mus. 22:17, 18). Ýöne onuň nesliniň sany bary-ýogy 144 001 boldy (Gal. 3:16, 29). Bütin ýer ýüzündäki adamlaryň sany bilen deňeşdireňde bu gaty az. Şonuň üçin Şeýtana goşuljak adamlaryň sany o dereje köp bolmaz. Pitneçileriň Ýehowa wepaly adamlary ýok etmäge güýji ýetmez.

26 Pitneçileriň ählisi dessine ýok ediler. Ýehowa Şeýtanyňam, jynlaryňam, olara goşulanlaryňam hemişelik ýoguna ýanar. Olar diňe ýamanlykda ýatlanar (Ylh. 20:10).

27—29. Soňky synagdan geçenler nähili durmuşda ýaşar?

27 Soňky synagdan geçenleriň atlary «ýaşaýyş kitabyna» ebedilik ýazylar (Ylh. 20:15). Olar Ýehowanyň ogul-gyzlary bolar, bir maşgala bolup Hudaýa sežde eder.

28 Göz öňüne getiriň, siz Jennetde çekýän zähmetiňiziň hözirini görüp ýaşaýarsyňyz. Indi siziň dostlaryňyzam köp, özüňizem, dogan-garyndaşlaryňyzam hiç hili ejir çekmeýär. Siz indi Ýehowa üçin kämil adam. Şonda her bir adam Hudaýyň dosty bolar. Esasy zat bolsa gökde-de, ýerde-de Ýehowa arassa sežde ediler. Şeýdip, arassa sežde gutarnykly dikeldiler.

Biz Jennetde Ýehowanyň öňünde doly kämil bolarys (28-nji abzasa serediň)

29 Siziňem şol günlere ýetesiňiz gelýärmi? Hyzkyl kitabynda aýdylyşy ýaly, Ýehowa ýürekden wepaly bolsaňyz, agzybirlikde arassa sežde etseňiz, adamlary söýseňiz, Hudaý sizi hökman şol günlere ýetirer. Hyzkylyň pygamberliginden has wajyp zady öwrenýäris. Nämäni?

Gökde we ýerde ýaşaýanlar Ýehowa arassa sežde edende begenjiniň çägi bolmaz (27—29-njy abzaslara serediň)

«Meniň Ýehowadygymy... bilerler»

30, 31. «Olar meniň Ýehowadygymy... bilerler» diýen sözler a) Hudaýyň duşmanlary üçin näme aňladýar? b) Hudaýyň halky üçin näme aňladýar?

30 Hyzkyl kitabynda «olar meniň Ýehowadygymy... bilerler» diýen jümle eriş-argaç bolup geçýär (Hyz. 6:10; 39:28). Şu jümle Ýehowanyň duşmanlary bilen söweşip, olary ýok etjekdigini görkezýär. Olar diňe bir Ýehowanyň bardygyny boýun alman, ony tanarlar. Olar ähli zady «boldurýan» Hudaýyň beýik adynyň aňyrsynda «gaýduwsyz söweşijiniň» durandygyny bilerler. «Serkerdebaşy Ýehowa» olar bilen söweşer (1 Şam. 17:45; 2 Mus. 15:3). Olar Ýehowanyň niýetiniň amala aşmagyna hiç zadyň böwet bolup bilmejekdigine düşünerler. Ýöne giç bolar.

31 «Olar meniň Ýehowadygymy... bilerler» diýen sözler Hudaýyň halky üçin gelejekde asuda hem parahat durmuşyň boljakdygyny görkezýär. Şonda ähli zady «boldurýan» Hudaýyň başdaky niýeti amala aşar. Biz Allanyň ogul-gyzlary bolup, oňa doly meňzäris (1 Mus. 1:26). Ýehowa häzirem biziň mähirli Atamyz, aladaçyl çopanymyz. Tizden Hökümdarymyz duşmanlaryň üstünden ýeňiş gazanar. Ýöne şoňa çenli Hyzkyl kitabyndan öwrenen zatlarymyzy eýereliň. Geliň, her gün Ýehowany tanaýandygymyzy, tarapyny tutýandygymyzy görkezeliň. Şeýle etsek, uly betbagtçylykda hiç zatdan gorkman, başymyzy galdyryp, gutulyşymyzyň golaýlandygyny göreris (Luka 21:28). Şonuň üçin wagt barka, her bir adama Hudaýy tanap, ony söýmäge kömek edeliň. Sebäbi sežde edilmäge diňe Ýehowa mynasyp (Hyz. 28:26).

a Şu kitabyň baplary.