7-NJI BÖLÜM
Çagany nädip terbiýelemeli?
«Meniň bu günki buýurýan şu sözlerimi ýüregiňizde saklaň. Bulary çagalaryňyza hem öwrediň» (Kanun taglymaty 6:6, 7).
Ýehowa maşgalany döredip, ene-atalara çagalary terbiýelemek borjuny tabşyrdy (Koloseliler 3:20). Siz ene-ata hökmünde çagalaryňyza Ýehowany söýmegi we jogapkärli adam bolmagy öwretmäge borçly (2 Timoteos 1:5; 3:15). Munuň üçin çagaňyzyň ýüreginde näme bardygyny bilmäge çalşyň. Elbetde, siziň öz göreldäňiz örän wajyp. Eger Ýehowanyň Sözi ilki öz ýüregiňizde bolsa, ony çagaňyza ökdelik bilen öwredip bilersiňiz (Zebur 40:8).
1 ÇAGAŇYZ PIKIRINI ARKAÝYN AÝTSYN
MUKADDES ÝAZGYLARDA NÄME DIÝILÝÄR: «Eşitmekde çalt, geplemekde assa boluň» (Ýakup 1:19). Siz çagalaryňyz bilen gepleşeniňizde, olaryň özüni arkaýyn duýmaklaryny isleýänsiňiz. Çagalaryňyz hem size öz pikirini arkaýyn aýdyp biljekdiklerine göz ýetirmeli. Şonuň üçin olar özüni arkaýyn duýar ýaly ýagdaý dörediň (Ýakup 3:18). Eger siz gödek ýa-da tankytçyl bolsaňyz, olar size dogrusyny aýtmazlar. Çagalaryňyz bilen gepleşeniňizde, sabyrly boluň we olary söýýändigiňizi hemişe aýdyp duruň (Matta 3:17; 1 Korintoslylar 8:1).
MASLAHAT
-
Çagalaryňyzy diňlemäge hemişe taýyn boluň
-
Çagalaryňyz bilen diňe kynçylyk dörände däl-de, yzygider gepleşiň
2 ÇAGAŇYZYŇ PIKIRINE DÜŞÜNJEK BOLUŇ
MUKADDES ÝAZGYLARDA NÄME DIÝILÝÄR: «Özüni paýhasly alyp barýan rowaç tapar» (Süleýmanyň tymsallary 16:20). Käte siz çagalaryňyzyň aýdýan sözlerinden olaryň duýgularyna düşünip bilersiňiz. Adatça, ýaşlar bir zady ulaldyp aýdýarlar ýa-da oýlanman gepleýärler. Hudaýyň Sözünde: «Diňlemän jogap bermek adama akmaklykdyr, utançdyr» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 18:13). Şonuň üçin olara derrew gaharlanmaň (Süleýmanyň tymsallary 19:11).
MASLAHAT
-
Çagaňyz bir zady gürrüň berende, sözüni bölmäň we gaharlanmaň
-
Onuň ýaşyndakaňyz nähili duýgulary başdan geçirendigiňizi we nämäni wajyp hasaplandygyňyzy ýadyňyza salyň
3 BIR-BIRIŇIZ BILEN YLALAŞYŇ
MUKADDES ÝAZGYLARDA NÄME DIÝILÝÄR: «Oglum, ataň tälimini eşit, eneň öwredenlerini taşlama» (Süleýmanyň tymsallary 1:8). Ýehowa çagany terbiýelemegi ene-atanyň ikisine-de tabşyrdy. Siz çagalaryňyza özüňize gulak asmagy we sylamagy öwretmeli (Efesliler 6:1—3). Eger ene-ata «bir pikirde we raýda birleşip» agzybir bolmasa, çagalar muny duýarlar (1 Korintoslylar 1:10). Siz bir-biriňiz bilen ylalaşmasaňyz-da, muny çagalaryňyza görkezmäň, sebäbi olaryň size bolan hormaty gaçyp biler.
MASLAHAT
-
Çagaňyza nädip terbiýe we temmi bermek barada maslahatlaşyp, bir karara geliň
-
Siz çagaňyza terbiýe bermek babatda dürli pikirde bolsaňyz, ýanýoldaşyňyzyň garaýşyna düşünjek boluň
4 ÖŇÜNDEN PLANLAŞDYRYŇ
MUKADDES ÝAZGYLARDA NÄME DIÝILÝÄR: «Çagany gitmeli ýoluna öwrenişdiriň» (Süleýmanyň tymsallary 22:6). Çagalar öz-özünden terbiýelenmeýär. Şol sebäpli olary ökdelik bilen terbilemegi, hatda olara gerekli temmini bermegi öňünden planlaşdyrmaly (Zebur 127:4; Süleýmanyň tymsallary 29:17). Terbiýelemek — çaga diňe bir temmi bermegi däl-de, oňa näme sebäpden temmi berilýändigine düşündirmegi hem aňladýar (Süleýmanyň tymsallary 28:7). Şeýle-de siz olara Ýehowanyň Sözüni söýmegi we ondaky prinsiplere düşünmegi öwretmeli (Zebur 1:2). Bu olara arassa ynsaply bolmaga kömek eder (Ýewreýler 5:14).
MASLAHAT
-
Çagaňyza Ýehowa diri Hudaý hökmünde bil baglamagy öwrediň
-
Çagaňyza Internet we sosial ulgamlaryndaky zatlaryň ahlak taýdan howpludygyna düşünmäge we olardan gaça durmaga kömek ediň. Olara çagalary zorlaýan adamlardan seresap bolmagy öwrediň