Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

5-NJI BÖLÜM

Dogan-garyndaşlaryňyz bilen agzybir boluň

Dogan-garyndaşlaryňyz bilen agzybir boluň

«Rehimdarlyk ýüregini, kiçigöwünliligi, ýumşaklygy we sabry geýniň» (Koloseliler 3:12).

Är-aýal durmuş guranda, täze maşgala döreýär. Siz ene-ataňyzy hemişe söýüp, olara hormat goýsaňyz-da, indi siziň üçin iň ýakyn adam ýanýoldaşyňyz bolýar. Käbir garyndaşlaryňyza munuň bilen razylaşmak kyn bolup biler. Emma Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri size paýhasly bolup, täze maşgalaňyzy berkitmek üçin tagalla etmäge we dogan-garyndaşlaryňyz bilen agzybir bolmaga kömek eder.

1 DOGAN-GARYNDAŞLARYŇYZA DOGRY GARAŇ

MUKADDES ÝAZGYLARDA NÄME DIÝILÝÄR: «Ataňy, eneňi syla» (Efesliler 6:2). Siz näçe ýaşyňyzda bolsaňyzda, ene-ataňyzy hemişe sylamaly we hormat goýmaly. Siz ýanýoldaşyňyzyň biriniň gyzy ýa-da ogludygyna düşünmeli we onuň hem ene-atasyna hormat goýmaly. Hudaýyň Sözünde: «Söýgi göripçilik edýän däldir» diýilýär, şol sebäpli siz ýanýoldaşyňyzyň ene-atasy bilen gatnaşygy maşgalaňyza zyýan ýetirer öýtmäň (1 Korintoslylar 13:4; Galatýalylar 5:26).

MASLAHAT

  • «Seniň maşgalaň meni sylanok» ýa-da «Seniň ejeňe ýaranyp bilmän geçdim!» diýen ýaly sözleri aýdyp, ýanýoldaşyňyzyň göwnüne degmäň

  • Ähli zatda ýanýoldaşyňyzyň garaýşyny göz öňünde tutuň

2 MAŞGALA BORÇLARYŇYZY ÝERINE ÝETIRIŇ

MUKADDES ÝAZGYLARDA NÄME DIÝILÝÄR: «Ynsan enesini we atasyny taşlap, aýalyna ýapyşar we bir beden bolarlar» (Gelip çykyş 2:24). Siz durmuş gursaňyz-da, ene-ataňyz siziň aladaňyzy etmäge özlerini borçly hasaplap, maşgalaňyza öňküdenem köp goşulmak islemekleri mümkin.

Elbetde, olar bilen nädip gatnaşmalydygyny özüňiz çözýärsiňiz. Siz olara bu barada gödeklik bilen däl-de, söýgi we ýumşaklyk bilen açyk aýtmaly (Süleýmanyň tymsallary 15:1). Pesgöwünlilik, ýumşaklyk, sabyr ýaly häsiýetler dogan-garyndaşlaryňyz bilen ýakyn gatnaşykda bolmaga we «bir-biriňizi söýmäge» kömek eder (Efesliler 4:2).

MASLAHAT

  • Eger siz dogan-garyndaşlaryňyzyň maşgalaňyza goşulýandygyna biynjalyk bolýan bolsaňyz, ýanýoldaşyňyz bilen arkaýynlykda şol barada gepleşiň

  • Käbir ýagdaýlarda näme etjekdigiňizi we özüňizi nähili alyp barjakdygyňyzy öňünden çözüň