Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

4-NJI BÖLÜM

Puly nädip sowmaly?

Puly nädip sowmaly?

«Maksatlar maslahat bilen berkarar bolýandyr» (Süleýmanyň tymsallary 20:18).

Biziň ählimize-de maşgalamyzy eklemek üçin pul gerek (Süleýmanyň tymsallary 30:8). Onsoňam, «pul gorag» berýär (Wagyz kitaby 7:12). Är-aýala pul barada gürrüň etmek kyn bolmagy mümkin, ýöne pul sebäpli maşgalaňyzda kynçylygyň döremegine ýol bermäň (Efesliler 4:32). Är-aýal bir-birine ynanmaly we puly nädip sowmalydygyny bile çözmeli.

1 ÖŇÜNDEN MASLAHATLAŞYŇ

MUKADDES ÝAZGYLARDA NÄME DIÝILÝÄR: «Adam jaý salmak islese, öňürti oturyp, puluny hasaplamazmy?» (Luka 14:28, TD). Şol sebäpli puluňyzy nädip sowmalydygy barada bile oturyp maslahatlaşmak wajyp (Amos 3:3). Siz näme satyn aljakdygyňyzy we näçeräk pul gerekdigini anyklaň (Süleýmanyň tymsallary 31:16). Bir zady satyn almaga puluňyz bolsa-da, şol zady hökman almalydygyňyzy aňlatmaýar. Bergi etmekden gaça duruň. Diňe özüňizde bar bolan puly sowjak boluň (Süleýmanyň tymsallary 21:5; 22:7).

MASLAHAT

  • Eger aýyň ahyrynda artykmaç puluňyz galsa, ony nämä sowmalydyňyzy bile çözüň

  • Eger puluňyz ýetmezçilik etse, çykdajylaryňyzy azaldyň. Meselem, taýýar nahar satyn almagyň deregine, özüňiz bişiriň

2 DOGRUÇYL BOLUŇ

MUKADDES ÝAZGYLARDA NÄME DIÝILÝÄR: «Ýalany egniňizden çykaryp, her biriňiz öz ýakynyňyza hakykaty aýdyň» (Efesliler 4:25). Näçe pul gazanýandygyňyzy we sowýandygyňyzy ýanýoldaşyňyzdan gizlemäň.

Pul bilen bagly wajyp karara geleniňizde, hemişe ýanýoldaşyňyz bilen maslahatlaşyň (Süleýmanyň tymsallary 13:10). Puly nädip sowmalydygy barada maslahatlaşsaňyz, maşgalaňyz agzybir bolar. Gazanýan puluňyza diňe özüňiziňki ýaly däl-de, maşgalaňyzyň puly hökmünde garaň (1 Timoteos 5:8).

MASLAHAT

  • Bir zat satyn almazdan öň, ýanýoldaşyňyz bilen maslahatlaşyň

  • Pul barada kynçylyk ýüze çykmanka, gepleşiň