Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

34-NJI BAP

Ölen adama näme bolýar?

Ölen adama näme bolýar?

1—4. a) Ölen adamlara näme bolýandygyny nireden bilýäris? b) Isanyň Lazar barada aýdan sözlerinden ölüm babatda näme bilýäris?

SEN şu günler adamlaryň garraýandygyny, keselleýändigini we ölýändigini bilýänsiň. Käbir çagalaram ölýär. Sen ölümden ýa-da ölen adamlardan gorkmalymy? ~ Ölen adamlara näme bolýandygyny bilýärmiň? ~

2 Hawa, şu günler ölen adamlaryň hiç biri direlip, ölümden soň näme bolýandygyny gürrüň bermeýär. Emma Beýik Mugallym Isanyň ýer ýüzünde ýaşan döwründe, şeýle adam bolupdy. Biz bu barada okasak, ölen adamlara näme bolýandygyny bileris. Şol adam Iýerusalimiň golaýyndaky Beýtaniýa obasynda ýaşaýardy. Ol Isanyň dosty Lazardy. Onuň Marta we Merýem atly uýalary bardy. Gel, Mukaddes Ýazgylardan Lazar bilen näme bolanyny bileli.

3 Bir gün Lazar agyr keselleýär. Şol wagt Isa onuň ýaşaýan ýerinden uzakdady. Şonuň üçin Marta bilen Merýem Lazaryň keselländigi barada Isa habar berýärler. Sebäbi olar Isanyň Lazary sagaltjakdygyny bilýärdi. Elbetde, Isa lukman däldi, ýöne Hudaýyň beren güýji bilen keselleri sagaldýardy (Matta 15:30, 31).

4 Isa Lazaryň ýanyna barmanka, onuň ýagdaýy has agyrlaşyp ölýär. Emma Isa şägirtlerine Lazaryň uklap ýatandygyny we ony oýarmaga barýandygyny aýdýar. Şägirtler onuň aýdan sözlerine düşünmeýärler. Şonuň üçin Isa olara: «Lazar ölüpdir» diýip, açyk aýdýar. Bu sözlerden ölüm barada näme bilýäris? ~ Hawa, ölen adam süýji uka giden adam ýalydyr. Ölen adamlar süýji ukuda ýatyp, düýşem görmeýär.

5—10. a) Isa Lazaryň jaýlanan ýerine baranda näme edýär? b) Isa gaty ses bilen: «Lazar, daşaryk çyk!» diýende näme bolýar?

5 Indi Isa Marta bilen Merýemiň ýanyna gidýär. Olaryň dost-ýarlary eýýäm gelipdiler. Olar Marta bilen Merýeme göwünlik berýärler. Marta Isanyň gelýänini eşidip, öňünden çykmaga gidýär. Soňra Merýem hem Isany görmäge barýar. Ol gaty gynanyp aglaýar we Isanyň aýagyna ýykylýar. Merýemiň ýanyndaky adamlaram aglaýar.

6 Beýik Mugallym olaryň Lazary nirede jaýlandygyny soraýar. Şonda adamlar Isany Lazaryň jaýlanan gowagyna äkidýärler. Isa adamlaryň hemmesiniň aglaýanyny görüp, özi hem aglaýar. Isa dogan-garyndaşyň ölende nähili agyr bolýandygyny bilýärdi.

7 Gowagyň agzynda daş bardy, şonuň üçin Isa: «Daşy aýryň» diýýär. Daşy aýyrmak gerekdimi? ~ Marta: «Ýa Reb, ol indi porsandyr, onuň gabyrda ýatanyna dört gün boldy» diýip, daşy aýyrtmajak bolýar.

8 Emma Isa oňa: «Men saňa: „Iman etseň, Hudaýyň şöhratyny görersiň“ diýmedimmi?» diýýär. Isa Martanyň Hudaýy şöhratlandyrjak bir zady görjekdigini aýdýar. Ol näme etjek bolýar? Daşy aýranlarynda, Isa Hudaýa sesli doga edýär. Şondan soň ol gaty ses bilen: «Lazar, daşaryk çyk!» diýip gygyrýar. Lazar çykarmyka? ~

9 Sen uklap ýatan adamy oýaryp bilýärmiň? ~ Hawa, eger sen ony gaty ses bilen turuzsaň, ol oýanar. Ýöne sen ölüm ukusynda ýatan adamy oýaryp bilersiňmi? ~ Ýok. Sen ony nähili gaty ses bilen oýarjak bolsaň-da, ol eşitmez. Menem, senem, ýer ýüzünde ýaşaýan adamlaryň hiç biri hem ölen adamy oýaryp bilmeýär.

Isa Lazary näme etdi?

10 Emma Isa üýtgeşik adamdy. Hudaý Isa güýç beripdi. Şol sebäpli Isa Lazary çagyranda, bir geň zat bolýar. Dört gün bäri öli ýatan adam gowakdan çykýar! Ol indi diri! Lazar ýene-de dem alýar, ýöreýär we gürleýär! Hawa, Isa Lazary direldýär (Ýahýa 11:1—44).

11—15. a) Ölülere näme bolýar? b) Lazaryň Jennetde bolmandygyny nireden bilýäris? ç) Ölen adamdan bir zat çykyp ýaşamaýandygyny nireden bilýäris?

11 Lazar ölende, oňa näme bolduka? Ondan ruh çykyp, bir ýerlerde ýaşadymyka? Lazar o dünýä gitdimikä? Ol Jennetde boldumyka? ~

12 Ýok. Ýadyňda bolsa, Isa Lazaryň uklap ýatandygyny aýdypdy. Senem uklaýansyň. Süýji ukuda ýatyrkaň, daş-töweregiňde bolýan zatlary bilmeýärsiň, şeýle gerek? ~ Ukudan oýananyňda bolsa, sagada seretmeseň, näçe wagt ýatandygyňy bilmeýärsiň.

13 Ölen adamlar hem hiç zat etmeýär, bilmeýär we duýmaýar. Lazar ölende, onuň bilenem şeýle boldy. Ölen adam hiç zady bilmän, süýji ukuda ýatan adam ýalydyr. Mukaddes Ýazgylarda: «Ölüler hiç zat bilýän däldir» diýilýär (Wagyz kitaby 9:5, 10).

Lazar ölende oňa näme boldy?

14 Oýlanyp gör, Lazar Jennetde bolan bolsa, Jennet barada gürrüň bermezdimi? ~ Isa Lazary şonuň ýaly gowy ýerden yzyna alardymy? ~ Elbetde, almazdy!

15 Köp adamlar adam ölenden soň, ondan bir zat çykyp ýaşaýar diýýärler. Olar Lazaram ölensoň, bir ýerde ýaşady diýýärler. Emma Mukaddes Ýazgylarda beýle diýilmeýär. Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, Hudaý ilkinji adamy ýaradanda, ol «diri jan» boldy. Şeýle-de Adam ata günä edensoň, onuň ölendigi aýdylýar. Ol ölensoň, hiç zat bilmeýär. Ol toprakdan alnypdy, topraga-da öwrülýär. Mukaddes Ýazgylarda Adam atanyň nesline günäniň we ölümiň geçendigi hem aýdylýar (Gelip çykyş 2:7; 3:17—19; Rimliler 5:12).

16—18. a) Ýaşaýan ýeriňizde adamlar ölüler babatda nämä ynanýarlar? b) Lazar bilen bolan waka ölülerden gorkmaly däldigini nädip görkezýär?

16 Käbir adamlar ölülerden gorkýarlar. Olar ölen adamlar zyýan ýetirer öýdüp, mazarlygyň içinden geçmeýärler. Ýöne ölen adamlar dirilere zyýan ýetirip bilýärmi? ~ Ýok, zyýan ýetirip bilmeýär.

Ölen adamlardan näme üçin gorkmaly däl?

17 Käbirleri ölen adamyň ruhunyň aýlanyp gezýändigine ynanýar. Şol sebäpli olar ölüleriň ruhy üçin bir zatlar bişirýär. Emma olar Hudaýyň ölen adamlar barada aýdýan zatlaryna ynanmaýarlar. Eger biz Hudaýyň aýdýan zatlaryna ynansak, ölülerden gorkmarys. Biz Hudaýyň ýaşaýyş berendigine minnetdar bolsak, ony begendirýän işleri ederis.

18 Emma sen: «Hudaý ölen çagalary direldermikä? Ýehowa olary direltmek isleýärmikä?» diýip oýlanýansyň. Biz bu barada indiki bapdan bileris.

Mukaddes Ýazgylarda ölen adamlara näme bolýandygy barada aýdylýar: Zebur 115:17 we 146:3, 4.