Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

37-NJI BAP

Ýehowa we onuň ogluny ýatlamak

Ýehowa we onuň ogluny ýatlamak

1—7. a) Hudaý bize nähili üýtgeşik sowgat berdi? b) Bize näme üçin başga ata gerek boldy? ç) Isa nädip biziň atamyz we Halasgärimiz boldy? d) Töleg näme we ol näme üçin gerek?

AÝDALY, biri saňa üýtgeşik sowgat berýär. Sen şonda özüňi nähili duýarsyň? ~ Sen sowgat beren adama ýöne sagbolsun aýdyp, soňra ony ýatdan çykararsyňmy? Ýa-da ony hemişe ýatlarsyňmy? ~

2 Ýehowa Hudaý bize üýtgeşik sowgat berdi. Ol Ogluny ýer ýüzüne iberdi. Isa biziň üçin öldi. Näme üçindigini bilýärmiň? ~ Muny bilmek örän wajyp.

3 23-nji bapdan bilşimiz ýaly, Adam ata Hudaýyň kämil kanunyny bozup, günä etdi. Biziň ählimize Adam atadan günä geçdi. Biz günäden nädip halas bolup bileris? ~ Göçme manyda aýdanyňda, bize başga ata gerek. Ol kämil adam bolmalydy. Kim bize şeýle ata bolup biler? ~ Isa.

4 Ýehowa Adam atanyň deregine adamlara ata bolar ýaly, Isany ýer ýüzüne iberdi. Mukaddes Ýazgylarda: «Ilkinji ynsan Adam ata ýaşaýan jan boldy, ýöne soňky Adam ata ýaşaýyş berýän ruh boldy» diýilýär. Ilkinji Adam ata kimdi? ~ Hawa, ol Hudaýyň toprakdan ýaradan adamydy. Onda ikinji Adam ata kim? ~ Isa. Mukaddes Ýazgylarda: «Ilkinji adam (Adam ata) ýerden, toprakdandyr, ikinji adam (Isa) bolsa gökden inendir» diýilýär (1 Korintoslylar 15:45, 47; Gelip çykyş 2:7).

5 Hudaý Isanyň janyny gökden Merýemiň göwresine geçirýär. Oňa Adam atadan günä geçmeýär. Şol sebäpli Isa kämil bolup dogulýar (Luka 1:30—35). Ol doglanda, bir perişde çopanlara: «Şu gün size Halasgär doguldy» diýýär (Luka 2:11). Emma Isa Halasgärimiz bolar ýaly nähili bolmalydy? ~ Ol ulalyp, Adam ata ýaly bolmalydy. Şonda Isa «ikinji Adam ata» bolup bilerdi.

6 Şeýle-de Mukaddes Ýazgylarda Halasgärimiz Isanyň «Ebedi Atamyz» boljakdygy aýdylýar (Işaýa 9:6, 7). Hawa, günä edip kämilligini ýitiren Adam atanyň deregine, «ikinji Adam ata», ýagny kämil Isa atamyz boldy. Isanyň özi bolsa, Ýehowa Hudaýyň Ogly.

Adam ata bilen Isanyň näme meňzeşligi bar we bu näme üçin wajyp?

7 Biz Isa barada bilip, onuň Halasgärdigine ynanýarys. Biziň nämeden halas bolmalydygymyz ýadyňa düşýärmi? ~ Hawa, biz Adam atadan geçen günäden we ölümden halas bolmaly. Isa ulalansoň, biziň üçin kämil janyny berdi. Muňa töleg diýilýär. Ýehowa töleg gurbany arkaly biziň günälerimizi bagyşlaýar (Matta 20:28; Rimliler 5:8; 6:23).

8—15. a) Isa ölüminiň öň ýanyndaky gijesi resullary bilen nämäni belledi? b) Isa Pesah baýramyna derek nämäni girizdi? ç) Isa Ýatlama agşamynda nähili nyşanlary ulandy we olar näme aňladýar? d) Biz Ýatlama agşamynda nämäni ýatlaýarys?

8 Biz Ýehowanyň we Oglunyň biziň üçin eden zadyny hiç haçan ýatdan çykarmak islemeýäris, şeýle gerek? ~ Isa şägirtlerine ony nädip ýatlamalydygyny görkezdi. Bizem şonuň ýaly ýatlap bileris. Gel, men saňa bu barada gürrüň bereýin.

9 Göz öňüne getir, sen Iýerusalimdäki bir jaýyň ýokarky otagynda otyrsyň. Gün ýaşyp, garaňky düşüp barýar. Isa resullary bilen saçak başynda otyr. Saçakda guzynyň eti, çörek we gyzyl şerap bar. Olar muny ýörite iýýärler. Näme üçindigini bilýärmiň? ~

10 Sebäbi bu Ýehowanyň ýüzlerçe ýyl öň, ysraýyllylary Müsürden azat edendigini ýatladýardy. Şonda Ýehowa halkyna şeýle diýipdi: «Her bir maşgala bir guzyny soýup, onuň ganyny öýüniň gapysynyň ikiýan söýesine hem-de üstki söýesine çalsyn. Guzynyň etini bolsa, öýünde maşgalasy bilen iýsin».

Guzynyň gany ysraýyllylary nädip halas etdi?

11 Ysraýyllylar şeýle hem etdiler. Şol gije Hudaýyň perişdesi Müsürdäki ähli öýlere aýlanýar. Ol ilkinji doglan çagalaryň köpüsini öldürýär. Emma perişde guzynyň gany çalnan gapyny görende, şol öýden sowlup geçýär. Perişde şol öýdäki çagalary öldürmeýär. Müsüriň patyşasy bolan zatlary görüp, gaty gorkýar. Şonda ol ysraýyllylara: «Baryň, Müsürden çykyň!» diýýär. Olar zatlaryny düýelerine, eşeklerine ýükläp, Müsürden çykyp gidýärler.

12 Ýehowa halkyny nädip halas edendigini, olaryň ýatdan çykarmagyny islemeýär. Şol sebäpli ol: «Siz ýylda bir gezek şol güni baýram etmelisiňiz» diýýär. Oňa Pesah baýramy diýilýär (Müsürden çykyş 12:1—13, 24—27, 31).

13 Isa resullary bilen Pesah baýramyny belläp, şol wakany ýatlaýar. Soňra Isa örän wajyp zady edýär. Emma mundan öň, dönüklik eden Iuda Iskariot gidýär. Soňra Isa çöregi alyp, doga edýär-de, ony bölüp, şägirtlerine berýär. Ol: «Alyň, iýiň. Bu çörek meniň siziň üçin berjek bedenimdir» diýýär.

14 Soňra Isa gyzyl şerap guýlan käsäni alyp, ýene-de doga edýär. Ol ony şägirtlerine berip şeýle diýýär: «Şundan hemmäňiz içiň. Bu şerap siziň günäleriňiziň bagyşlanmagy üçin döküljek ganymdyr. Muny meni ýada salmak üçin berjaý ediň» (Matta 26:26—28; 1 Korintoslylar 11:23—26).

Şerap bilen deňeşdirilýän Isanyň gany näme üçin bize gymmatly?

15 Isa şägirtlerine ony ýatlamalydygyny aýdýar. Sen muňa üns berdiňmi? ~ Olar indi Pesah baýramyny bellemeli däldi. Munuň deregine, ýylda bir gezek Isanyň ölümini ýatlamalydylar. Oňa Ýatlama agşamy diýilýär. Näme üçin? ~ Sebäbi bu bize Ýehowa Hudaýyň we Isanyň biziň üçin beren töleg gurbanyny ýatladýar.

16—18. a) Biz Ýatlama agşamynda näme barada oýlanmaly? b) Çörekden we şerapdan kimler datmaly we näme üçin? ç) Çörekden we şerapdan datmaýan adamlar näme üçin Ýatlama agşamyna barmaly?

16 Çörek bize Isanyň bedenini ýatladýar. Isa biziň ebedi ýaşamagymyz üçin janyny gurban etdi. Onda gyzyl şerap nämäni ýatladýar? ~ Ol Isanyň döken gymmatly ganyny ýatladýar. Isanyň gany Müsürde gurban edilen Pesah guzusynyň ganyndan has gymmatlydyr. Näme üçindigini bilýärmiň? ~ Mukaddes Ýazgylarda Isanyň gany arkaly biziň günälerimiziň bagyşlanýandygy aýdylýar. Ähli günälerimiz aýrylanda, biz hiç haçan kesellemeris, garramarys we ölmeris. Biz Ýatlama agşamyna baranymyzda, şol barada oýlanmaly.

17 Ýatlama agşamynda her bir adam çörekden we şerapdan datmalymy? ~ Isa çörekden we şerapdan datjak adamlara: «Siz gökde Patyşalygymda tagtlarda oturyp, meniň bilen höküm sürersiňiz» diýdi (Luka 22:19, 20, 29). Bu olaryň Isa bilen gökde patyşa boljakdygyny aňladýar. Şol sebäpli diňe gökde Isa bilen höküm sürmäge umyt edýän adamlar çörekden we şerapdan datmaly.

18 Emma çörekden we şerapdan datmaýan adamlaram Ýatlama agşamyna barmaly. Näme üçindigini bilýärmiň? ~ Sebäbi Isa janyny biziň üçin hem gurban etdi. Biz Ýatlama agşamyna baryp, muny ýatdan çykarmaýandygymyzy görkezýäris. Biz Hudaýyň üýtgeşik sowgadyny unutmaýarys.

Mukaddes Ýazgylarda Isanyň töleg gurbanynyň wajyplygy düşündirilýär. Gel, bu barada okaly: 1 Korintoslylar 5:7; Efesliler 1:8; 1 Timoteos 2:5, 6 we 1 Petrus 1:18, 19.