Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

46-NJY BAP

Bütindünýä tupany ýene-de bolarmy?

Bütindünýä tupany ýene-de bolarmy?

1—11. a) Mukaddes Ýazgylarda «dünýä geçip gider» diýilmegi näme aňladýar? b) Tupandan öň adamlar näme etdi we Isa bize näme barada duýdurdy? ç) Hudaý Nuh pygambere nähili tabşyryk berdi we Tupan turanda näme boldy?

SEN ahyrzaman barada eşidipmidiň? ~ Şu günler köp adamlar şol barada aýdýarlar. Käbirleri ahyrzaman adamlar ýadro bombalaryny ýaryp urşanda bolar diýýärler. Seniň pikiriňçe, Hudaý biziň owadan Ýer şarymyzy, asmany we ýagty saçýan ýyldyzlary hemişelik ýok edermi? ~

2 Mukaddes Ýazgylarda ahyrzaman barada aýdylýar. Onda: «Dünýä geçip gider» diýilýär (1 Ýahýa 2:17). Ahyrzamanda Ýer ýok edilermi? ~ Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň Ýeri adamlaryň bagtly ýaşamagy üçin ýaradandygy aýdylýar (Işaýa 45:18). Zebur 37:29-da: «Dogry adamlar ýeri miras alyp, onda ebedi ýaşar» diýilýär. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylarda Ýeriň ebedi durjakdygy aýdylýar (Zebur 104:5; Wagyz kitaby 1:4).

3 Ahyrzamanda Ýer ýok edilmejek bolsa, onda näme bolar? ~ Muny bilmek üçin Nuh pygamberiň günlerinde näme bolandygyny bileli. Injilde: «Şol wagtky dünýä Tupanda ýok edildi» diýilýär (2 Petrus 3:6).

4 Tupanda kim halas boldy? ~ Injilde aýdylyşy ýaly, Ýehowa «hudaýsyz adamlaryň dünýäsine tupan turzanda, dogrulyk wagyzçysy Nuhy we beýleki ýedi adamy halas etdi» (2 Petrus 2:5).

Nuhuň günlerinde nähili dünýä ýok edildi?

5 Tupanda nähili dünýä ýok edildi? Ýer ýok edildimi ýa-da erbet adamlar? ~ Mukaddes Ýazgylarda «hudaýsyz adamlaryň dünýäsiniň» ýok edilendigi aýdylýar. Şeýle-de üns beren bolsaň, Nuh pygambere «wagyzçy» diýilýär. Nuh näme barada wagyz edýär? ~ Ol adamlara «şol wagtky dünýäniň» soňunyň geljekdigi barada duýdurýar.

6 Isa şägirtlerine Tupandan öň adamlaryň näme edendiklerini aýdýar. Ol şeýle diýýär: «Adamlar Nuhuň gämä münen gününe çenli, tupandan öňki günlerde iýip, içip, öýlenip, äre çykýardylar. Tupan turup, hemmesini äkidýänçä, olar hiç zada üns bermeýärdiler». Soňra Isa häzirki dünýäniň soňy gelmänkä hem, adamlaryň Nuhuň günlerindäki ýaly boljakdygyny aýdýar (Matta 24:37—39).

7 Isanyň sözlerinden görnüşi ýaly, biz Tupandan öň ýaşan adamlaryň mysalyndan wajyp sapak edinip bileris. Şu kitabyň 10-njy babyndan bilşimiz ýaly, şol adamlaryň näme edendigi ýadyňa düşýärmi? ~ Käbir adamlar zalymlyk bilen başgalara ýamanlyk edýärler. Isanyň aýtmagyna görä, Hudaý Nuh pygamberi wagyz etmäge iberende, köp adamlar ony diňlemeýärler.

8 Ýehowanyň Nuh pygambere erbet adamlary Tupan arkaly ýok etjekdigini aýdan güni gelip ýetýär. Bütin ýer ýüzüni suw alyp, hatda daglar hem suwuň aşagynda galýar. Ýehowa Nuha uly gämi gurmagy tabşyrypdy. 238-nji sahypadaky suratda görşüň ýaly, gämi ullakan dörtburç guty ýalydy.

9 Hudaý Nuha maşgalasyny we köp haýwanlary halas etmek üçin gämi ýasamalydygyny aýdýar. Nuh we onuň maşgalasy köp zähmet çekýär. Olar uly agaçlary çapyp, olardan gämi ýasap başlaýarlar. Gämini köp ýyllaryň dowamynda gurýarlar. Sebäbi ol gaty ullakandy.

10 Nuh gämi ýasamakdan başga ýene näme edýär? ~ Ol adamlara wagyz edip, Tupan barada duýdurýar. Adamlar ony diňleýärmi? Nuhuň maşgalasyndan başga hiç bir adam diňlemeýär. Beýleki adamlar öz işi bilen başagaýdy. Isa olaryň näme edendigini aýtdy? ~ Olar iýýärdi, içýärdi we durmuş gurýardy. Olar şeýle işler bilen başagaý bolup, Nuh pygamberi diňlemäge wagt tapmaýardy. Olar özleriniň erbetlik edýändigine düşünmeýärdi. Gel, olara näme bolandygyny bileli.

11 Nuh maşgalasy bilen gämä münende, Ýehowa onuň gapysyny ýapýar. Gämä girmedik adamlar Tupanyň boljakdygyna entegem ynanmaýar. Emma birden ýagyş ýagyp başlaýar! Onda-da ýöne bir ýagyş ýagman, güýçli çabga ýagýar! Tizden suw uly derýa ýaly şaglap akyp başlaýar. Ol uly agaçlary ýykyp, uly daşlary bolsa, kiçijik daş ýaly togalap äkidýär. Gämä girmedik adamlara näme bolýar? ~ Isa: «Tupan turup, hemmesini äkitdi» diýýär. Gämä girmedik adamlaryň hemmesi ölýär. Näme üçin? ~ Isanyň düşündirişi ýaly, «olar hiç zada üns bermediler». Olar Nuh pygamberi diňlemediler! (Matta 24:39; Gelip çykyş 6:5—7).

Biz näme üçin diňe dynç almak barada pikir etmeli däl?

12—19. a) Tupandan öň ýaşan adamlaryň mysalyndan nähili sapak edinýäris? b) Hudaý erbet adamlary näme arkaly we näme üçin ýok eder? ç) Armageddon näme we oňa kim ýolbaşçylyk eder?

12 Ýadyňa düşýän bolsa, Isa Tupanda heläk bolan adamlardan biziň wajyp sapak edinmelidigimizi aýtdy. Biz olardan nähili sapak edinip bileris? ~ Şol adamlar diňe bir erbet iş etmediler. Olar öz işleri bilen başagaý bolup, Hudaý we onuň etjek işleri barada öwrenmäge wagt tapmadylar. Şonuň üçin olar ýok edildi. Bizem olara meňzemez ýaly, seresap bolmaly, şeýle gerek? ~

13 Hudaý dünýäni ýene-de tupan bilen ýok edermi? ~ Ýok, sebäbi Ýehowa tupan bilen ýok etmejekdigini söz berdi. Alla: «Bulutlaryň arasynda goýan älemgoşarym eden ähtimiň alamaty bolar» diýdi. Hawa, älemgoşar Ýehowanyň «hiç haçan bütin janly-jandarlary sil bilen ýok etmejekdiginiň» alamatydyr (Gelip çykyş 9:11—17).

14 Alla dünýäni hiç haçan tupan bilen ýok etmez. Emma Mukaddes Ýazgylarda ahyrzaman barada aýdylýar. Hudaý ahyrzamanda kimleri halas eder? ~ Başga zatlar bilen ýürekden gyzyklanyp, emma Hudaý barada öwrenmek islemeýän adamlary Ýehowa halas edermi? Seniň pikiriňçe, hemişe öz işleri bilen başagaý bolup, Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmeýän adamlar halas bolarmy? ~

15 Sen Hudaýyň halas etjek adamlarynyň arasynda bolasyň gelýärmi? ~ Hudaý biziň maşgalamyzy hem Nuhuň maşgalasy ýaly halas etse gowy bolmazmy? ~ Eger biz ahyrzamanda diri galmak islesek, Hudaýyň zalym dünýäni nädip ýok etjekdigine we adalatly täze dünýäni berjekdigine düşünmeli. Gel, Hudaýyň muny nädip etjekdigini bileli.

16 Biz muny Danyýel kitabynyň 2-nji babynyň 44-nji aýadyndan bilýäris. Bu aýatda biziň günlerimiz barada aýdylýar. Onda şeýle diýilýär: «Şol patyşalaryň döwründe gökdäki Hudaý hiç wagt dargadylmajak, başga halkyň eline geçmejek bir patyşalyk gurar. Bu patyşalyk beýleki patyşalyklaryň ählisini ýok edip, olaryň soňuna çykar, özi bolsa ebedilik galar».

17 Sen munuň manysyna düşünýärmiň? ~ Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň hökümetiniň ýer ýüzündäki ähli hökümetleri ýok etjekdigi aýdylýar. Näme üçin? ~ Sebäbi olar Hudaýyň bellän Patyşasyna gulak asmaýarlar. Onuň Patyşasy kim? ~ Hawa, Isa Mesih!

Hudaýyň saýlan Patyşasy Isa Mesih Armageddonda zalym dünýäni ýok eder

18 Ýehowa Hudaýyň haýsy hökümetiň höküm sürmelidigini çözmäge haky bar. Ol Ogly Isany Patyşa edip saýlady. Tizden Hudaýyň saýlan Hökümdary Isa Mesih dünýädäki ähli hökümetleri ýok eder. Ylham kitabynyň 19-njy babynyň 11—16-njy aýatlarynda onuň ähli hökümetleri nädip ýok etjekdigi aýdylýar. Sen muny suratdan hem görüp bilersiň. Dünýädäki ähli hökümetleri ýok etjek Hudaýyň urşuna Armageddon diýilýär.

19 Hudaý Patyşalygynyň adamlaryň hökümetlerini ýok etjekdigini aýdýar. Emma Ýehowa biziň hem şol urşa gatnaşmalydygymyzy aýdýarmy? ~ Ýok, Mukaddes Ýazgylarda Armageddona «Gudratygüýçli Hudaýyň uly gününde boljak söweş» diýilýär (Ylham 16:14, 16). Hawa, Armageddon — Hudaýyň urşy. Ol bu söweşde Isa Mesihi gökdäki goşunynyň ýolbaşçysy edip belledi. Armageddon urşy tizden bolarmy? Biz bu barada indiki bapdan bileris.

Gel, Hudaýyň haçan erbet adamlary ýok edip, oňa gulluk edýän adamlary halas etjekdigi barada şu aýatlary okaly: Süleýmanyň tymsallary 2:21, 22; Işaýa 26:20, 21; Ýermeýa 25:31—33 we Matta 24:21, 22.