Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

42-NJI BAP

Biz näme üçin zähmet çekmeli?

Biz näme üçin zähmet çekmeli?

1—6. a) Oýnamak näme üçin nädogry däl? b) Isa näme etmegi öwrendi we ol näme üçin işine ökde boldy? ç) Isa zähmet çekmegi näme üçin gowy görýärdi we biz näme üçin gowy görýäris?

SEN işlemegi has gowy görýärmiň ýa-da oýnamagy? ~ Elbetde, oýnamak nädogry däl. Mukaddes Ýazgylarda Iýerusalimiň «köçeleri oýnap ýören oglan-gyzlardan doly bolandygy» aýdylýar (Zakarýa 8:5).

2 Beýik Mugallym oýnaýan çagalara seredip begenýärdi. Ol ýer ýüzüne gelmänkä: «Men Hudaýyň ýanynda bir ussa ýalydym... Onuň öňünde hemişe şatlanardym» diýdi. Üns beren bolsaň, Isa gökde Ýehowa bilen zähmet çekýärdi. Ol gökdekä: «Meniň begenjim adam ogullary bilendi» diýdi. Öňki baplardan bilşimiz ýaly, Beýik Mugallym her bir adama, hatda çagalara-da aýratyn üns berýärdi (Süleýmanyň tymsallary 8:30, 31).

Beýik Mugallym ýer ýüzüne gelmänkä näme üçin begenýärdi?

3 Seniň pikiriňçe, Isa çagaka oýnadymy? ~ Mümkin, ol oýnandyr. Isa gökde «ussa» bolan bolsa, ýer ýüzünde-de işledimikä? ~ Hawa, oňa «agaç ussasynyň ogly» we «agaç ussasy» diýýärdiler. Näme üçin? ~ Ýusup Isany ogly ýaly ulaldyp, oňa ussaçylygy öwredýär. Şol sebäpli Isa ulalanda, agaç ussasy bolýar (Matta 13:55; Markus 6:3).

4 Isa nähili agaç ussasy bolýar? ~ Ol gökde ussa bolan bolsa, ýer ýüzünde ökde agaç ussasy bolup bilmezmidi? ~ Şol döwürde agaç ussasynyň edýän işi kyndy. Belki-de, Isa gidip, agaç çapandyr, ony bölekläp, öýüne getirendir. Soňra ol agaçdan stol, oturgyç ýaly her dürli zatlary ýasandyr.

5 Isa bu işden şatlyk tapýardymy? ~ Eger sen adamlar üçin gowy stol, oturgyç ýa-da başga zatlary ýasap bilen bolsaň begenmezmidiň? ~ Mukaddes Ýazgylarda «eden işiňden lezzet almagyň» gowudygy aýdylýar. Zähmet çekmek oýnamakdan has köp şatlyk berýär (Wagyz kitaby 3:22).

6 Işlemek jan-saglyga peýdaly we akyl taýdan ösmäge kömek edýär. Çagalaryň köpüsi diňe oturyp, telewizor görýär ýa-da wideooýunlaryny oýnaýar. Olar semreýär we saglygy gowşaýar. Şeýle çagalaryň özleri hem bagtly bolmaýar, başgalary hem bagtly etmeýär. Biz bagtly bolmak üçin näme etmeli? ~

7—13. a) Isa näme üçin bagtlydy? b) Isa ýer ýüzünde nähili aýratyn ýumuş berildi we ol oňa nähili garaýardy? ç) Çagalar nähili işleri edip biler we bu olaryň maşgalasyna näme üçin peýdaly bolar?

7 17-nji bapdan bilşimiz ýaly, biz adamlara bir zat berip we kömek edip, bagtly bolup bilýäris (Resullaryň işleri 20:35). Mukaddes Ýazgylarda: «Ýehowa bagtly Hudaý» diýilýär (1 Timoteos 1:11). Süleýmanyň tymsallarynda Isanyň Hudaýyň öňünde hemişe şatlanandygy aýdylýar. Isa näme üçin şatlandy? ~ Ol munuň bir sebäbini düşündirip: «Meniň Atam henize çenli işläp ýör, men hem işleýärin» diýdi (Ýahýa 5:17).

8 Isa ýer ýüzünde bütin ömrüne agaç ussasy bolmady. Ýehowa Hudaý oňa ýer ýüzünde aýratyn ýumuş beripdi. Nämedigini bilýärmiň? ~ Isa: «Men Hudaýyň Patyşalygyny wagyz etmek üçin iberildim» diýdi (Luka 4:43). Käwagt Isanyň wagyz eden adamlary oňa ynanyp, ondan eşiden zatlaryny başgalara gürrüň berýärdi. Mysal üçin, şu suratdaky samariýaly aýal hem şeýle etdi (Ýahýa 4:7—15, 27—30).

Isa ýer ýüzünde nähili işleri etdi?

9 Isa Ýehowanyň beren ýumşuna nähili garaýardy? Ol ony ýerine ýetirmek isleýärdimi? ~ Isa: «Iýmitim-meni Ýollanyň islegini berjaý etmek, onuň işini ýerine ýetirmek» diýdi (Ýahýa 4:34). Sen halaýan iýmitiňi iýmegi gowy görýärmiň? ~ Isa-da Hudaýyň beren ýumşuny ýerine ýetirmegi gowy görýärdi.

10 Hudaý bizi zähmet çekmekden şatlyk tapar ýaly edip ýaratdy. Ýehowa adama «zähmetinden lezzet almagy» sowgat berendigini aýdýar. Biz ýaşlygymyzdan zähmet çekmegi öwrensek, durmuşymyz has-da şatlykly bolar (Wagyz kitaby 5:18).

11 Elbetde, çagalar uly adamlar ýaly işläp bilmeýär. Emma biziň ählimiz käbir işleri edip bilýäris. Seniň eneň-ataň maşgalaňyzy eklemek üçin her gün işe gidýändir. Şeýle-de öýüňizi tertipli we arassa saklamak üçin köp zähmet çekmeli bolýar.

12 Sen maşgalaňa peýdaly boljak nähili işleri edip bilersiň? ~ Meselem, sen saçak ýazyp, gap-çanaklary ýuwup, hapa atylýan bedräni döküp, düşegiňi we oýunjaklaryňy ýygnap, kömek edip bilersiň. Belki, sen bu işleriň käbirini eýýäm edýänsiň. Şu işleri etseň, maşgalaňa peýdaly bolar.

Oýunjaklaryňy oýnanyňdan soň näme üçin ýygnamaly?

13 Gel, şeýle işleriň maşgalaňa nädip peýda berýändigini bileli. Sen oýnanyňdan soň, oýunjaklaryňy ýygnamaly. Munuň näme üçin wajypdygyny bilýärmiň? ~ Şeýtmek bilen, öýüňizi tertipli saklarsyň we betbagtçylygyň öňüni alarsyň. Oýunjaklaryňy ýygnamasaň, ejeň bir zady göterip gelýärkä, onüň üstüne basmagy mümkin. Ýa-da ol büdräp, ýykylyp, bir ýerini agyrdar. Onuň hatda keselhana düşmegi hem ahmal. Sen ejeňiň şeýle ýagdaýa düşmegini isleýärmiň? ~ Sen oýnanyňdan soň, oýunjaklaryňy ýygnasaň, hemmeler üçin gowy bolar.

14—16. a) Öý işiňi näme üçin etmeli? b) Biz näme üçin işden gaçmaly däl? ç) Biz iş barada özümize nähili sorag bermeli?

14 Çagalaryň başga-da etmeli işleri bar. Meselem, mekdepde berilýän öý işi. Sen mekdepde okamagy öwrenýärsiň. Käbir çagalar okamagy gowy görýär, käbiri bolsa kyn görýär. Ilkibada, okamak kyn ýaly görünse-de, gowy okamagy öwrenseň, begenersiň. Okamagy öwrenip, köp gyzykly zatlary bilersiň. Hatda sen Mukaddes Ýazgylary hem özbaşdak okap bilersiň. Öý işiňi gowy etseň, bu saňa peýdaly bolar, şeýle gerek? ~

15 Käbir adamlaryň işläsi gelmeýär. Belki-de, sen şeýle adamlary tanaýansyň. Biz zähmet çekmekden şatlyk tapmagy öwrenmeli, sebäbi Hudaý bizi işlemek üçin ýaratdy. Beýik Mugallym öz edýän işinden şatlyk tapýardymy? ~ Hawa, bu iş onuň üçin gowy görýän iýmitini iýmek ýalydy. Ol nähili işdi? ~ Isa adamlara Ýehowa Hudaý we ebedi ýaşaýyş barada gürrüň berýärdi.

16 Biz zähmet çekmekden şatlyk tapar ýaly, özümize şeýle sorag bermeli: «Bu işi näme üçin etmeli?» Biz işiň wajypdygyna düşünsek, ony etmek aňsat bolar. Edýän işiň uly bolsa-da, ýönekeýje bolsa-da, ony ýürekden etmeli. Şeýle etseň, Beýik Mugallym ýaly, senem öz eden işiňden şatlyk taparsyň.

Mukaddes Ýazgylar adamlara zähmetsöýer bolmaga kömek edýär. Gel, şu aýatlary okaly: Süleýmanyň tymsallary 10:4; 22:29; Wagyz kitaby 3:12, 13 we Koloseliler 3:24.