Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

12-NJI BAP

Isa bize doga etmegi öwredýär

Isa bize doga etmegi öwredýär

1—7. a) Doga näme? Ýekelikde-de, köpçülik bilen hem doga edip bolýandygyny nireden bilýäris? b) Dogadan soň näme üçin «Omyn» diýmeli we bu nämäni aňladýar? ç) Ýygnakda doga edilende näme üçin daş-töweregiňe seretmän we goh etmän ünsli diňlemeli? d) Nehemýanyň eden dogasyndan näme öwrenýäris?

SEN Ýehowa Hudaý bilen gepleşýärmiň? ~ Ol seniň bilen gepleşmek isleýär. Hudaý bilen gepleşmek bu doga etmekdir. Isa gökdäki Atasyna hemişe doga edýärdi. Käwagt ol Hudaý bilen gepleşmek üçin ýeke galýardy. Mukaddes Ýazgylarda «Onuň ýeke özüniň doga etmek üçin daga çykandygy» we «agşam düşende hem şol ýerde ýeke galandygy» barada aýdylýar (Matta 14:23).

2 Sen haçan ýekelikde Ýehowa doga edip bilersiň? ~ Sen agşam ýatmazyňdan öň, Ýehowa bilen gepleşip bilersiň. Isa: «Doga edeniňde, öz otagyňa girip, gapyny ýap-da, gizlinlikdäki Ataňa doga et» diýýär (Matta 6:6). Sen her gün agşam ýatmazyňdan öň Ýehowa doga edýärmiň? ~ Elbetde, sen doga etmeli.

Isa ýekelikde-de, adamlaryň ýanynda-da doga edýär

3 Isa adamlaryň ýanynda-da doga edýärdi. Ol dosty Lazar ölende, onuň mazarynyň ýanynda adamlar bilen doga edýär (Ýahýa 11:41, 42). Isa şägirtleri bilen hem doga edýärdi. Senem ýygnak duşuşyklarynda edilýän doga goşulýarmyň? ~ Adatça, ol ýerde uly adamlar doga edýär. Olar seniň üçin hem doga edýärler. Şol sebäpli olaryň aýdýan sözlerini ünsli diňläp, «Omyn» diýip bilersiň. Dogadan soň «Omyn» diýmek nämäni aňladýar? ~ Bu edilen doganyň seniň göwnüňe ýarandygyny, aýdylan sözler bilen razylaşýandygyňy we özüňem şol zatlary aýtjakdygyňy aňladýar.

Ýygnakda edilýän dogalary näme üçin ünsli diňlemeli?

4 Isa nahar iýmezden öň hem doga edýärdi. Ol iýmit üçin Ýehowa minnetdarlyk bildirýärdi. Senem nahar iýmezden öň hemişe doga edýärmiň? ~ Ýehowa minnetdarlyk bildirseň gowy bolardy. Birnäçe adam bolup nahar iýeniňizde, köplenç ululardan biri doga edýär. Eger-de ýeke özüň ýa-da Ýehowany tanamaýan adamlar bilen naharlanýan bolsaň näme? ~ Onda seniň özüň doga etmeli bolarsyň.

5 Biz hemişe sesli doga etmelimi? Biziň içimizden edýän dogalarymyzy Ýehowa eşidýärmi? ~ Bu soraglaryň jogabyny bilmek üçin, Nehemýa bilen bolan waka seredeli. Ol Ýehowanyň gullukçysydy we Pars patyşasy Artakserksiň köşgünde hyzmat edýärdi. Bir sapar ol Iýerusalimiň diwarlarynyň ýykylandygyny eşidip, örän gynanýar. Iýerusalim Ysraýylyň merkezi şäheridi.

Sen Nehemýa ýaly haçan içiňden doga edip bilersiň?

6 Patyşa Nehemýadan nämäni alada edýändigini soraýar. Şonda Nehemýa, ilki bilen, içinden doga edýär. Soňra ol nämäni alada edýändigini patyşa düşündirýär. Şeýle-de Iýerusalimiň diwarlaryny dikeltmek üçin, ol ýere ibermegini haýyş edýär. Soňra näme bolandygyny bilýärmiň? ~

7 Hawa, Allatagala Nehemýanyň dogasyna jogap berýär. Patyşa onuň haýyşyny ýerine ýetirýär. Ol hatda şäheriň diwarlaryny dikeltmek üçin köp agaç hem berýär. Bizem içimizden doga etsek, Hudaý bize-de jogap berer (Nehemýa 1:2, 3; 2:4—8).

8—10. a) Doga babatda nähili wajyp zady unutmaly däl? b) Biz näme barada doga edip bileris?

8 Biz başymyzy egip ýa-da dyza çöküp doga etmelimi? Sen nähili pikir edýärsiň? ~ Isa käte dyza çöküp, käte dik durup doga edýärdi. Käwagt ol başyny göge galdyryp doga edýärdi. Isa Lazar ölende hem şeýle doga edipdi.

9 Bu nämäni aňladýar? ~ Bu adamyň nähili ýagdaýda durup doga etmelidiginiň wajyp däldigini görkezýär. Käte başyňy egip, gözüňi ýumsaň gowy bolar. Käwagt bolsa, Isa ýaly dyza çöküp doga edesiň geler. Ýöne Hudaýyň hemişe, ýagny gije bolsun, gündiz bolsun dogalarymyzy eşidýändigini unutma. Hawa, biz Ýehowanyň dogalarymyzy diňleýändigine ýürekden ynanmaly. Sen muňa ynanýarmyň? ~

Sen Hudaýa näme barada doga edip bilersiň?

10 Sen Ýehowa näme barada doga edýärsiň? ~ Ýehowa bize ençeme gowy zatlary berdi. Şol zatlar üçin minnetdarlygymyzy bildirsek gowy bolmazmy? ~ Biz iýýän iýmitimiz üçin minnetdarlyk bildirip bileris. Sen gök asman, uly agaçlar we owadan güller üçin Hudaýa sagbolsun aýdypmydyň? ~ Bularyň ählisini Alla ýaratdy.

11—17. a) Isa şägirtlerine nähili üç wajyp zat barada doga etmegi öwretdi? b) Isa ýene-de nähili zatlar barada doga etmelidigini aýtdy?

11 Bir sapar şägirtler Isadan nähili doga etmelidigini soraýarlar. Şonda Beýik Mugallym olara has wajyp zatlar barada doga etmegi öwredýär. Sen olaryň nämedigini bilýärmiň? ~ Gel, Injilden Matta 6:9—13-nji aýatlary açaly. Bu ýerde ýazylan Isanyň nusgalyk dogasyny köp adamlar bilýär. Indi bolsa, bu aýatlary bile okaly.

12 Ilki bilen, Isa Hudaýyň ady barada doga etmelidigini öwredýär. Ol Hudaýyň adynyň mukaddes bolmagy üçin doga etmelidigini aýdýar. Allanyň ady näme? ~ Onuň ady Ýehowa. Hawa, biz bu ady söýmeli.

13 Ikinjiden, Isa Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegi barada doga etmegi öwredýär. Sebäbi Allatagalanyň Patyşalygy ýer ýüzünde parahatlygy dikelder we ony Jennet eder.

14 Üçünjiden, Beýik Mugallym Hudaýyň isleginiň gökde bolşy ýaly, ýer ýüzünde-de amala aşmagy barada doga etmelidigini aýdýar. Biz bu hakda doga edýän bolsak, onda Hudaýyň islegine görä ýaşamaly.

15 Şeýle-de Isa gündelik iýjek çöregimizi Hudaýdan dilemelidigimizi aýdýar. Onsoňam, ol bize eden nädogry işlerimize toba edip, Alladan ötünç soramalydygyny öwredýär. Emma Hudaý bizi bagyşlar ýaly, biz hem göwnümize degen adamlary bagyşlamaly. Saňa bagyşlamak aňsatmy? ~

16 Iň soňunda bolsa, Isa Hudaýyň bizi zalym Şeýtan Iblisden goramagy barada doga etmelidigini aýdýar. Ine, biz şu zatlar barada doga etmeli.

17 Biz edýän dogalarymyzy Ýehowanyň eşidýändigine ynanmaly. Gel, Ýehowadan diňe kömek dilemän, oňa minnetdarlyk hem bildireli. Biz ak ýürekden Hudaýa doga edip, dogry zatlary dilesek, ol begener. Ol biziň ähli dileglerimizi ýerine ýetirer. Sen muňa ynanýarmyň? ~

Şu aýatlarda doga barada gowy maslahatlar berilýär: Rimliler 12:12; 1 Petrus 3:12 we 1 Ýahýa 5:14.