5-NJI BAP
«Bu meniň oglumdyr»
1—8. a) Hudaýyň Ogly ýer ýüzünde nädip doguldy? (Luka 1:26—38) b) Isa bilen Merýem nähili görelde görkezdi we biz olaryň göreldesine nädip eýerip bileris? ç) Isanyň dogluşy näme üçin başga adamlaryňkydan tapawutlanýar?
ÇAGALARYŇ özlerini gowy alyp barmagy, ata-enesini begendirýär. Eger-de gyzjagaz nämedir bir zady gowy etse, kakasy begenip: «Bu meniň gyzym» diýýär. Eger-de oglanjyk nämedir bir zady örän gowy etse, onuň kakasy buýsanyp: «Bu meniň oglum» diýýär.
2 Isa hemişe Atasyny begendirýär. Şol sebäpli Atasy oňa guwanýar. Isa üç şägirdi bilen daga çykanda näme bolandygy ýadyňa düşýärmi? ~ Hawa, Hudaý gökden: «Bu meniň söýgüli Oglumdyr, men ondan gaty razydyryn» diýdi (Matta 17:5).
3 Isa hemişe Atasyna ýaraýan işleri etmekden şatlyk tapýardy. Munuň sebäbini bilýärmiň? Ol Atasyny gowy görýärdi. Eger-de bir zady diňe borjuň bolany üçin etseň, onda ony etmek kyn bolýar. Ýöne ony höwes bilen edeniňde, aňsadrak bolýar.
4 Isa ýer ýüzüne gelmezinden öň hem, Atasynyň haýyşyny höwes bilen ýerine ýetirýärdi. Sebäbi ol Atasy Ýehowa Hudaýy örän söýýärdi. Ol gökde Atasynyň ýanynda bolmagy gowy görýärdi. Ýöne Hudaý oňa wajyp ýumuş tabşyrýar. Isa ony ýerine ýetirmek üçin gökden gaýtmalydy. Ol bäbek bolup, ýer ýüzünde dogulmalydy. Isa muny höwes bilen edýär, çünki bu Ýehowanyň haýyşydy.
5 Ýöne Isanyň ýer ýüzünde dogulmagy üçin, onuň ejesi bolmalydy. Onuň ejesiniň adyny bilýärmiň? ~ Onuň ady Merýem. Ýehowa Merýem bilen gepleşmek üçin, gökden Jebraýyl atly perişdesini iberýär. Jebraýyl perişde oňa ogul dogurjagyny we onuň adyna Isa dakmalydygyny
aýdýar. Çaganyň atasy kim bolmalydy? ~ Perişde çaganyň atasy Ýehowa Hudaý bolar diýýär. Ine, şol sebäpli Isa Hudaýyň Ogly diýilýär.6 Seniň pikiriňçe, Merýem näme jogap berdikä? ~ Ol: «Men Isanyň ejesi bolasym gelenok» diýdimi? Ýok. Merýem Ýehowanyň islegini berjaý edesi gelýärdi. Emma Hudaýyň gökde ýaşaýan Ogly ýer ýüzünde nädip çaga bolup doglup bilerdi? Isanyň dogluşy başga çagalaryňkydan nämede tapawutlanýardy? Sen muny bilýärmiň? ~
7 Hudaý Adam ata bilen How enäni ýaradanda, olary üýtgeşik usul bilen birleşer ýaly etdi. Şondan soň enäniň göwresinde çaga ösüp başlaýar. Adamlar muňa gudrat diýýärler! Senem ony gudrat hasaplaýansyň.
8 Ýöne Hudaý has üýtgeşik gudrat görkezýär. Ol Oglunyň ýaşaýşyny gökden Merýemiň göwresine geçirýär. Mundan öň hem, soň hem beýle gudrat bolmandy. Şeýlelikde, Isa başga çagalar ýaly, ejesiniň göwresinde ösüp başlaýar. Şondan soň Merýem Ýusuba durmuşa çykýar.
9—17. a) Isanyň doglan gijesi näme boldy? b) Isa nirede önüp-ösdi we ol Hudaýa ýaraýan nähili işleri etdi? (Zebur 40:7—9) ç) Biz Isadan ýene-de nämeleri öwrenip bileris?
9 Isanyň dogulmaly wagty gelende, Merýem bilen Ýusup Beýtullaham şäherine barýarlar. Emma ol ýerde adam köpdi. Olar şäherde jaý tapyp bilmän, mal ýatakda bolýarlar. Suratda görşüň ýaly, Merýem Isany dogransoň, ony ahyrda
ýatyrýar. Ahyrda sygyrlara we başga-da mal-garalara iým berilýärdi.10 Isanyň doglan gijesi ýene-de bir üýtgeşik zat bolýar. Beýtullahamyň golaýynda çopanlara perişde görünýär. Perişde olara Isanyň dogulmagynyň wajypdygyny aýdýar. Ol şeýle diýýär: «Ine, men size bütin halky begendirjek şatlygy buşlaýaryn: şu gün... size Halasgär doguldy» (Luka 2:10, 11).
11 Şeýle-de perişde çopanlara Isanyň Beýtullahamda ahyrda ýatanyny aýdýar. Birdenem, gökde ençeme perişdeler peýda bolýar we olar Hudaýy şöhratlandyryp başlaýar. Perişdeler: «Iň ýokarlarda Hudaýa şöhrat, ýer ýüzünde parahatlyk, ynsanlar arasynda hoşniýetlilik bolsun!» diýip aýdym aýdýarlar (Luka 2:12—14).
12 Perişdeler gidenden soňra, çopanlar Beýtullaham şäherine baryp, Isany tapýarlar. Olar Ýusup bilen Merýeme perişdelerden eşiden zatlaryny gürrüň berýärler. Şonda Merýem Isanyň ejesi bolmaga razylaşanyna nähili begenendir!
13 Soňra Ýusup bilen Merýem Isany alyp Nasyra şäherine gidýärler. Şol ýerde Isa önüp-ösýär. Isa ulalandan soň, beýik mugallymçylyk işine başlaýar. Bu hem Isanyň ýer ýüzünde ýerine ýetirmeli wajyp işleriniň biridi. Şol maksat bilen hem Hudaý ony ýer ýüzüne iberýär. Isa bu ýumşy höwes bilen ýerine ýetirýär, sebäbi ol gökdäki Atasyny örän söýýär.
Matta 3:17). Ejeň bilen kakaň seni gowy görýändiklerini aýdanlarynda, sen begenýärmiň? ~ Isa-da Atasynyň aýdan sözlerine örän begenen bolmaly.
14 Isa Beýik Mugallym bolup öwredip başlamanka, Ýahýa çokundyryjy ony Iordan derýasynda suwda çokundyrýar. Şol wagt ýene-de bir gudrat bolýar. Isa suwdan çykan badyna, Ýehowa gökden: «Bu meniň söýgüli Oglum. Men ondan köp razydyryn» diýýär (15 Isa hemişe-de dogry işleri edýärdi. Ol hiç haçan özüni Hudaý hasaplamady. Adamlara-da men Hudaýdyryn diýmedi. Jebraýyl perişde Merýeme Isanyň Hudaýyň Ogly diýlip tanaljakdygyny aýtdy. Isa-da özüniň Hudaýyň Ogludygyny aýdýardy. Ol: «Hudaýa garanyňda, men köp bilýärin» diýmeýärdi. Gaýtam, ol: «Ata menden beýikdir» diýdi (Ýahýa 14:28).
16 Isa gökde ýaşanda-da, hemişe Hudaýyň tabşyran ýumşuny ýerine ýetirýärdi. Ol: «Bolýar, men ederin» diýip-de, başga iş edip ýörmeýärdi. Ol Atasyny gowy görýärdi. Şonuň üçin onuň aýdanlaryny diňleýärdi. Isa ýer ýüzüne gelende, Atasynyň tabşyran ähli zatlaryny berjaý etdi. Ol wagtyny boş geçirmedi. Ine, şol sebäpli Atasy ondan razydy!
17 Bizem Ýehowany begendirmek isleýäris, şeýle dälmi? ~ Munuň üçin Isa ýaly ähli zatda Hudaýa gulak asmaly. Alla bize ähli zady Mukaddes Ýazgylar arkaly aýdýar. Hudaýa gulak asan bolup, özümiz bolsa Mukaddes Ýazgylara garşy gelýän zatlara ynansak ýa-da Hudaýa ýaramaýan işleri etsek, dogry bolarmy? ~ Biz Ýehowany ýürekden söýüp, ony begendirsek, bagtly bolarys. Gel, muny hiç haçan unutmaly.
Gel, indi Isa barada näme bilmelidigini we nämä ynanmalydygyny görkezýän şu aýatlary okaly: Matta 7:21—23; Ýahýa 4:25, 26 we 1 Timoteos 2:5, 6.