Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

39-NJY BAP

Hudaý Ogluny direltdi

Hudaý Ogluny direltdi

1—4. a) Isa öldürilende, Ýehowa özüni nähili duýdy? b) Isa nämä ynanýardy? ç) Isa näçe günden direldi we nirede galdyrylmady?

ISA dosty Lazar ölende aglady. Isa köp görgi görüp ölende, Ýehowa özüni nähili duýduka? ~ Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň hem gaýgylanýandygy we gynanýandygy aýdylýar (Zebur 78:40, 41; Ýahýa 11:35).

2 Mähriban Oglunyň ölümini görende, Ýehowanyň nähili gynanandygyny göz öňüne getirip bilermiň? ~ Isa Hudaýyň ony ýatdan çykarmajakdygyny bilýärdi. Şol sebäpli ol ölmänkä: «Eý, Ata! Özümi seniň eliňe berýärin!» diýip, soňky sözlerini aýtdy (Luka 23:46).

3 Isa Hudaýyň ony direldip, mazarda galdyrmajakdygyna ynanýardy. Isa direlensoň, Petrus resul Mukaddes Ýazgylarda ol barada aýdylan sözleri gaýtalady. Petrus: «Ol mazarda galdyrylmady, teni çüýremedi» diýdi (Resullaryň işleri 2:31; Zebur 16:10). Dogrudan-da, Isanyň teni çüýremedi we porsamady.

4 Isa ýer ýüzündekä, şägirtlerine özüniň «öldüriljekdigini we üç günden direljekdigini» aýtdy (Luka 9:22). Şol sebäpli Isa direlende, şägirtler geň galmaly däldi. Ýöne olar näme etdiler? ~ Gel, muny bileli.

5—13. a) Isanyň ölen güni nähili wakalar boldy? b) Isa nähili tende direldi we soňra adamlara nädip göründi? ç) Isanyň direlen güni nähili wakalar boldy?

5 Beýik Mugallym hepdäniň bäşinji güni öýlän sagat üç töweregi ölýär. Mejlisiň agzasy Ýusup atly baý adam Isanyň ölendigini eşidýär. Ol Isanyň şägirdi bolsa-da, muny adamlara açyk aýtmaýar. Ýusup Rim hökümdary Pilatusyň ýanyna baryp, Isanyň jesedini pürsden almaga we jaýlamaga rugsat soraýar. Soňra ol Isany bir bagyň içindäki mazarda jaýlaýar.

Mazar näme üçin boşdy?

6 Şondan soň mazaryň agzyna bir uly daş goýup, ony ýapýarlar. Indi Isanyň ölenine üç gün bolýar. Hepdäniň ýekşenbe günüdi. Daň atyp, entek daş-töwerek ýagtylmandy. Esgerler mazary garawullaýardy. Olary baş ruhanylar iberipdi. Näme üçindigini bilýärmiň? ~

7 Ruhanylaram Isanyň direljekdigi barada aýdan sözlerini eşidipdi. Şol sebäpli olar Isanyň şägirtleri onuň jesedini ogurlap, Isa direldi diýmez ýaly, mazarda garawul goýýarlar. Birdenkä, mazaryň golaýynda ýer titräp, garaňkyda yşyk peýda bolýar. Bu Ýehowanyň perişdesidi! Esgerler gorkudan ýaňa gymyldap bilmeýärler. Perişde mazaryň agzyndaky daşy togalap aýyrýar. Mazar boşdy!

8 Hawa, Petrus resulyň aýdyşy ýaly, «Hudaý Isany direltdi» (Resullaryň işleri 2:32). Hudaý Isany direldip, oňa ýene-de perişdeleriňki ýaly ruhy ten berdi (1 Petrus 3:18). Emma adamlar Isany görüp biler ýaly, ol adam sypatynda gelmelidi. Isa şeýle etdimi? ~ Gel, bu barada bileli.

9 Gün dogýar. Esgerler eýýäm gidipdiler. Magdalaly Merýem we Isanyň şägirdi bolan başga aýallar mazara gelýärdi. Olar ýolda bir-birine: «Daşy mazaryň agzyndan bize kim aýryp bererkä?» diýişýärdiler (Markus 16:3). Emma olar mazara gelende, daş eýýäm aýrylypdy. Mazaryň içi bolsa boşdy! Isanyň jesedi ýokdy! Magdalaly Merýem şol bada ylgap, Isanyň şägirtleriniň ýanyna gidýär.

10 Beýleki aýallar bolsa, mazaryň ýanynda galýar. Olar: «Isanyň jesedi niredekä?» diýip haýran galýarlar. Birdenkä, şol ýerde ap-ak eşikli iki sany adam peýda bolýar. Olar perişdedi. Olar aýallara: «Siz näme üçin Isany bu ýerden gözleýärsiňiz? Ol direldi. Baryň, tiz gidiň-de, şägirtlere muny aýdyň» diýýär. Şonda aýallar, gör, nähili çalt ylgap gidendir! Ýolda olara bir adam duşýar. Sen onuň kimdigini bilýärmiň? ~

11 Ol Isady! Isa aýallara: «Baryň, şägirtlerime direlendigimi aýdyň» diýýär. Aýallar örän tolgunýar. Olar şägirtleriň ýanyna baryp: «Isa diri! Biz ony gördük!» diýýärler. Merýem mazaryň boşdugyny Ýahýa bilen Petrusa eýýäm aýdypdy. Suratdan görşüň ýaly, olar mazara gelýär. Petrus bilen Ýahýa Isanyň kepen matasynyň ýerde ýatanyny görýär. Emma olar näme bolandygyna düşünmeýärler. Olar Isanyň direlendigine näçe ynanjak bolsa-da, bu olar üçin asla hakykat däl ýalydy.

Petrus bilen Ýahýa näme barada pikir edýärkä?

12 Şol gün Isa Emmaus obasyna barýan iki şägirdine görünýär. Isa ýolda olar bilen gepleşýär. Emma şägirtler ony tanamaýar. Sebäbi Isa başga adamyň sypatynda görünýär. Isa olar bilen nahar iýmek üçin doga edýär. Şonda şägirtler ony tanaýar. Şägirtler tolgunyp, howlukmaçlyk bilen Iýerusalime dolanýarlar. Olar birnäçe kilometr ýol ýöreýärler. Belki, bu waka Isa Petrusa görnenden soň bolandyr.

13 Şol gün agşam şägirtleriň köpüsi gapylary gulplap, bir öýde üýşüp otyrdy. Birdenkä, olaryň arasynda Isa peýda bolýar! Indi olar Beýik Mugallymyň hakykatdanam direlendigini bilýärler. Şonda olar, gör, nähili begenendir! (Matta 28:1—15; Luka 24:1—49; Ýahýa 19:38—20:21).

Adamlar Isanyň direlişi barada nähili pikir edýärler? Bu barada siz nähili pikir edýärsiňiz?

14—16. a) Isa näçe günläp şägirtlerine göründi we soňra näme boldy? b) Biz I asyrdaky Isanyň şägirtleriniň göreldesine nädip eýerip bileris?

14 Isa özüniň direlendigini şägirtleri biler ýaly, olara 40 günläp dürli adamyň sypatynda görünýär. Soňra ol göge Atasynyň ýanyna dolanýar (Resullaryň işleri 1:9—11). Tizden şägirtler Hudaýyň Isany direldendigi barada adamlara gürrüň berýärler. Ruhanylar şägirtleri urup, hatda käbirlerini öldürse-de, olar wagyz etmegini goýmaýarlar. Şägirtler öldürilse-de, Hudaýyň Ogluny direldişi ýaly, olary hem direltjekdigine ynanýarlar.

15 Biz hem Isanyň şägirtleri ýaly adamlara Hudaýyň Ogluny direldendigi barada gürrüň berip bileris. Adamlar hatda bizi öldürjekdigini aýtsalar-da, biz hiç haçan gorkmaly däl. Biz ölsek-de, Ýehowa Isany direldişi ýaly, bizi hem direlder.

16 Hudaýyň gullukçylaryny ýatdan çykarman direltjekdigini bilmek bizi begendirmeýärmi? ~ Biz bu zatlary bilenimizden soň, Hudaýy begendirmek isleýäris. Sen Hudaýy nädip begendirip bolýandygyny bilýärmiň? ~ Biz bu barada indiki bapda gürrüň ederis.

Isanyň direlendigine ynansak, umydymyzy we imanymyzy berkideris. Gel, şu aýatlary okaly: Resullaryň işleri 2:22—36; 4:18—20 we 1 Korintoslylar 15:3—8, 20—23.