33-NJI BAP
Isa bizi nädip goraýar?
1—7. a) Şu günler Isany kim diýip tanaýarys? b) Isa şägirtleri bilen gaýykdaka, gudratly güýjüniň bardygyny nädip görkezdi? ç) Isanyň şägirtleri näme üçin gorkmaly däldi?
ISA ulalansoň, özüniň çagaka nädip halas edilendigini bilýär. Şonda ol Ýehowa doga edip, minnetdarlyk bildirdimikä? ~ Isa Merýem bilen Ýusubyň ony Müsüre alyp gidip, halas edendigini bilende, olara näme diýdikä? ~
2 Elbetde, Isa indi çaga däl. Ol ýer ýüzünde ýaşamaýar. Emma sen onuň diridigine ynanýarmyň? ~ Hawa, Isa ölensoň, Hudaý ony direltdi we ol häzir gökde güýçli Patyşa. Seniň pikiriňçe, ol şägirtlerini gorap bilýärmi? ~ Hawa, Isa ýer ýüzünde ýaşanda, ony söýýänleri gorap bilýändigini görkezdi. Bir gezek Isa şägirtleri bilen bile gaýykda barýarka, olary halas etdi. Gel, bu barada bileli.
3 Isa uzynly gün Jelile kölüniň kenarynda adamlara Hudaý barada gürrüň berýär. Şol kölüň uzynlygy takmynan 20 kilometr, ini bolsa 12 kilometrdi. Agşam düşende, Isa şägirtlerine: «Kölüň aňyrsyna geçeliň» diýýär. Olar gaýyga münüp, kölüň beýleki kenaryna tarap ýüzüp başlaýarlar. Isa
gaty ýadawdy. Şonuň üçin ol gaýygyň yzyna geçip ýatýar. Tizden ol süýji uka gidýär.4 Şägirtler bolsa ýatman, gaýykly ýüzüp barýardylar. Daş-töwerek ümsümlikdi. Emma birden güýçli şemal turýar. Şemal şeýle bir güýçlenýär welin, tolkunlar gitdigiçe ýokary galýar. Tolkunlar gaýyga urup, onuň içi suwdan dolup başlaýar.
5 Şägirtler gark bolarys öýdüp gorkýarlar. Emma Isa gorkmaýar. Ol entegem uklap ýatyrdy. Ahyry şägirtler ony oýaryp: «Mugallym, Mugallym bizi halas et! Biz tupandan ýaňa gark bolup barýarys» diýýärler. Isa turup, şemala hem tolkunlara: «Sem bol, dek otur!» diýýär.
6 Şol bada şemal ýatyp, kölde ümsümlik bolýar. Şägirtler muňa gaty geň galýarlar. Olar beýle zady hiç haçan görmändiler. Olar bir-birlerine: «Bu kim? Ol şemala hem suwa buýruk berýär, olar-da gulak asýar» diýýärler (Luka 8:22—25; Markus 4:35—41).
7 Sen Isanyň kimdigini bilýärmiň? ~ Oňa gudratly güýji kim berdi? ~ Isa üýtgeşik adamdy. Şonuň üçin şägirtler onuň ýanyndakalar, hiç zatdan gorkmaly däldiler. Isa hiç bir adamyň başarmaýan zadyny edip bilýärdi. Başga bir gezek kölde ýene-de tupan turýar. Gel, şonda Isanyň näme edendigini saňa gürrüň bereýin.
8—13. a) Kölde başga bir gezek tupan turanda näme boldy? b) Isa bu gezegem näme üçin gudrat görkezdi?
8 Bu öňki wakadan biraz soň bolýar. Agşam düşüp barýarka, Isa şägirtlerine gaýyga münüp, kölüň beýleki kenaryna geçmelidiklerini aýdýar. Isanyň özi bolsa, Atasyna ýekelikde doga etmek üçin daga çykýar.
9 Isanyň şägirtleri gaýyga münüp, kölüň beýleki tarapyna geçmek üçin, kenardan ugraýarlar. Emma tizden şemal turýar. Ol gitdigiçe güýçlenýär. Şol wagt ýary gijedi. Isanyň şägirtleri gaýygyň ýelkenini aşak düşürip, kürekläp başlaýarlar. Emma olar gaty uzaga gidip bilmeýärler.
Sebäbi olaryň garşysyndan güýçli şemal öwüsýär. Gaýyk uly tolkunlardan ýaňa çaýkanýar we onuň içi suwdan dolup başlaýar. Şägirtler kenara ýetmek üçin näçe jan etseler-de, ýetip bilmeýärler.10 Şol wagt Isa dagdady. Ol dagda köp wagtlap bolýar. Emma indi ol şägirtleriniň tupanda galandygyny görýär. Şol sebäpli ol dagdan düşüp, kölüň kenaryna barýar. Isa şägirtlerine kömek etjek bolup, tupan turup dursa-da, kölüň ýüzünden ýöräp başlaýar!
11 Eger sen suwuň ýüzünden ýörejek bolsaň, näme bolar? ~ Sen suwa çümüp, gark bolarsyň. Emma Isa bilen beýle bolmady. Onda üýtgeşik güýç bardy. Isa gaýygyň ýanyna barmak üçin ep-esli ýöreýär. Daňa golaý şägirtler Isanyň suwuň ýüzünden ýöräp gelýänini görýärler. Emma olar görýän zadyna ynanyp bilmeýärler. Şonuň üçin olar gorkup gygyrýarlar. Şonda Isa olara: «Batyr boluň, bu men, gorkmaň» diýýär.
12 Isa gaýyga münen badyna, tupan ýatýar. Şägirtler ýene-de haýran galýarlar. Olar dyza çöküp: «Sen, dogrudan-da, Hudaýyň Oglusyň» diýýärler (Matta 14:22—33; Ýahýa 6:16—21).
13 Biz şol döwürde ýaşap, Isanyň eden işlerini gören bolsak, nähili gowy bolardy, şeýle dälmi? ~ Sen Isanyň näme üçin gudrat görkezendigini bilýärmiň? ~ Sebäbi ol şägirtlerini gowy görüp, olara kömek etmek isleýärdi. Şeýle-de ol gelejekde Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy bolup, gudratly güýji arkaly nämeler etjekdigini görkezdi.
14—15. a) Şu günler Isa güýji arkaly näme edýär? b) Biz gelejekde nähili gudratlar göreris?
14 Şu günler Şeýtan Isanyň şägirtlerine Hudaýyň Patyşalygy barada adamlara gürrüň berdirmejek bolýar. Resullaryň işleri 12:2; Ylham 1:9).
Şol sebäpli Isa güýji arkaly şägirtlerini goraýar. Emma Isa güýji arkaly şägirtlerini keselçilikden goramaýar ýa-da olary keselinden sagaltmaýar. Isanyň resullary hem wagtyň geçmegi bilen öldüler. Ýahýanyň dogany Ýakuby öldürdiler. Ýahýanyň özüni hem türmä basdylar (15 Şu günlerem adamlar Ýehowa gulluk etse-de, etmese-de keselleýär we ölýär. Emma tizden Isa Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy hökmünde ýer ýüzüniň üstünden höküm sürüp başlanda, ähli zat başgaça bolar. Şonda hiç kim hiç haçan gorkmaz. Sebäbi Isa güýji arkaly özüne gulak asýanlaryň ählisine bereket berer (Işaýa 9:6, 7).
Şu aýatlarda Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy Isanyň gudratly güýjüniň bardygy aýdylýar: Danyýel 7:13, 14; Matta 28:18 we Efesliler 1:20—22.