Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

18-NJI BAP

Sagbolsun aýtmagy näme üçin ýatdan çykarmaly däl?

Sagbolsun aýtmagy näme üçin ýatdan çykarmaly däl?

1—5. a) Bize ýagşylyk eden adamlara näme diýmeli? b) Pis açma keseli nähili bolýar we näme üçin şeýle keselli adamlar aýry ýaşaýardy? ç) Isa pis açan adamlar bilen özüni nähili alyp barýardy?

SEN şu gün nahar iýdiňmi? ~ Ony kim bişirdi? ~ Belki-de, nahary ejeň ýa-da başga biri bişirendir. Onda näme üçin Hudaýa sagbolsun aýtmaly? ~ Sebäbi miwe berýän agaçlary we gök-önümleri Hudaý ösdürýär. Ýöne biz nahary bişiren we saçagy ýazan adama-da sagbolsun aýtmaly.

2 Käwagt biz ýagşylyk eden adamlara sagbolsun aýtmagy ýatdan çykarýarys. Bir sapar pis açan adamlar hem Beýik Mugallyma sagbolsun aýtmagy ýatdan çykardylar.

3 Sen pis açma keseliniň nähili bolýandygyny bilýärmiň? ~ Käte bu kesel adamyň endamyny çüýredýär we ony betnyşan edýär. Isanyň ýerde ýaşan döwründe pis açan adamlar beýleki adamlardan aýry ýaşaýardy. Eger pis açan adam biriniň golaýlaşyp gelýändigini görse, ýanyna gelmez ýaly gygyryp duýdurýardy. Sebäbi oňa pis açma keseli ýokuşyp bilerdi.

4 Isa pis açan adamlar bilen özüni örän mähirli alyp barýardy. Bir gezek ol Iýerusalime barýarka, bir obanyň üstünden geçýär. Isa oba sowlanda, ony on sany pis açan adam görýär. Olar Isanyň Hudaýyň güýji bilen ähli keselleri sagaldýandygyny eşidipdiler.

5 Pis açan adamlar Isanyň ýanyna barman, uzakda durýarlar. Ýöne olar Isanyň sagaldyp biljekdigine ynanýarlar. Şol sebäpli olar Beýik Mugallymy görende: «Isa, Mugallym, bize kömek et!» diýip gygyrýarlar.

6—12. a) Isa on sany pis açan adama näme diýdi we näme üçin? b) Pis açan adamlar Isanyň sagaldyp biljekdigine ynanýardymy? Düşündiriň. ç) Pis açan adamlar ruhanynyň ýanyna barýarkalar näme boldy? d) Dokuz adamdan tapawutlylykda samariýaly näme etdi?

6 Seniň kesellän adamlara nebsiň agyrýarmy? ~ Isanyň nebsi agyrýardy. Ol pis açan adamlaryň ejir çekýändigini bilýärdi. Şonuň üçin Isa olara: «Baryň, ruhanylara görnüň» diýdi (Luka 17:11—14).

Isa şu pis açan adamlara näme ediň diýdi?

7 Isa olara näme üçin şeýle diýýär? Sebäbi gadymy döwürde Ýehowa halkyna pis açan adamlar barada kanun beripdi. Kanuna görä, Hudaýyň ruhanysy pis açan adamyň bedenini barlap durmalydy. Ruhany pis açan adamyň sagalandygyny anyklap bilýärdi. Eger ol sagalan bolsa, oňa ýene-de beýleki adamlaryň arasynda ýaşamaga rugsat berilýärdi (Lewiler 13:16, 17).

8 Emma pis açan on adam entek sagalmandy. Olar Isanyň aýdyşy ýaly, ruhanynyň ýanyna gidýärlermi? ~ Hawa, olar derrew ýola düşýärler. Sebäbi olar Isanyň sagaldyp biljekdigine doly ynanýardy. Soňra näme bolýar?

9 Pis açan adamlar ruhanynyň ýanyna barmankalar, ýolda keselinden doly sagalýarlar! Olar Isanyň güýjüne ynanandygy üçin sylaglandylar. Gör, olar nähili begenendir! Olar indi minnetdarlygyny bildirmek üçin näme etmelidi? Sen näme ederdiň? ~

Bu adam näme etmegi ýatdan çykarmady?

10 Sagalan adamlaryň biri yzyna dolanyp, Isanyň ýanyna barýar. Ol Ýehowa alkyş aýdyp, ony şöhratlandyrýar. Näme üçin? Sebäbi ol Hudaýyň güýji bilen sagalýar. Şeýle-de ol Beýik Mugallymyň öňünde dyza çöküp, köp sagbolsun aýdýar. Ol Isanyň sagaldanyna örän minnetdar bolýar.

11 Emma galan dokuz adam näme edýär? Isa şeýle diýdi: «Keselden gutulanlar on dälmidi? Galan dokuzy hany? Bu adamdan başga yzyna öwrülip, Hudaýy şöhratlandyran bolmadymy?»

12 Hawa, dogrudan-da, on adamdan ýekejesi Hudaýy şöhratlandyrdy we yzyna dolanyp, Isa sagbolsun aýtdy. Bu adam başga ýurtda ýaşaýan samariýalydy. Beýleki dokuz adam Hudaýa-da, Isa-da sagbolsun aýtmadylar (Luka 17:15—19).

13—18. a) Sagbolsun aýdan samariýaly adamdan nähili görelde alyp bileris? b) Ýagşylyk eden adamlara näme üçin sagbolsun aýtmaly?

13 Seniň şol adamlaryň haýsysyna meňzäsiň gelýär? Elbetde, biziň ählimiz samariýaly adama meňzäsimiz gelýär, şeýle dälmi? ~ Bize ýagşylyk eden adama näme etmegi ýatdan çykarmaly däl? ~ Hawa, biz oňa sagbolsun aýtmaly. Köplenç adamlar sagbolsun aýtmagy ýatdan çykarýar. Emma sagbolsun aýtmak dogry bolardy. Biz ony aýdanymyzda, Ýehowa Hudaýy we onuň Ogly Isany begendirýäris.

Isanyň ýanyna dolanyp gelen adamdan nähili görelde alyp bileris?

14 Sen bu barada oýlansaň, adamlaryň saňa ýagşylyk edendigi ýadyňa düşer. Sen keselläp görüpmidiň? ~ Belki, sen on sany pis açan adam ýaly kesellän dälsiň. Emma seniň sowuklan ýa-da içiň agyran wagty bolandyr. Şonda biri seniň aladaňy etdimi? ~ Olar seni bejerendirler hem-de başga-da zatlar edendirler. Olar seniň sagalmagyňa kömek edendikleri üçin begendiňmi? ~

15 Samariýaly adam Isanyň sagaldandygyna minnetdarlyk bildirýär. Muňa Isa örän begenýär. Kakaň bilen ejeňiň saňa edýän zatlaryna sagbolsun aýtsaň, olar begenmezmi? ~ Elbetde, begenerler.

Sagbolsun aýtmagy näme üçin ýatdan çykarmaly däl?

16 Käbir adamlar biziň üçin her gün ýa-da her hepde bir zatlar edýärler. Belki, bu olaryň etmeli işidir. Hatda olar muny şatlyk bilen edýändir. Emma sen olara sagbolsun aýtmagy ýatdan çykarmagyň mümkin. Mugallymyň saňa bilim bermek üçin jan edýändir. Elbetde, bu onuň borjy. Emma sen oňa bilim berýändigi üçin sagbolsun aýtsaň, ol örän begener.

17 Käwagt adamlar seniň üçin ýönekeýje zatlar edýändir. Kimdir biri saňa gapyny açyp beripmidi? Ýa-da saçagyň başynda saňa bir zat alyp beripmidi? Hatda sen şol zatlar üçin hem sagbolsun aýtsaň gowy bolar.

18 Eger biz adamlara sagbolsun aýtmagy ýatdan çykarmaýan bolsak, onda gökdäki Atamyza hasam minnetdar bolmaly. Ýehowa bize, gör, nähili köp zatlary berýär! Ol bize ýaşaýşy we ondan lezzet almagymyz üçin ähli gowy zatlary sowgat berýär. Şol sebäpli her gün Hudaýy şöhratlandyraly we ol hakda öwgüli sözleri aýdaly.

Gel, indi minnetdarlyk bildirmek barada şu aýatlary okaly: Zebur 92:1; Efesliler 5:20; Koloseliler 3:17 we 1 Selanikliler 5:18.