22-NJI BAP
«Goý, Ýehowanyň islegi bolsun!»
Pawlus Ýehowanyň isleýşi ýaly Iýerusalime gidýär
1—4. Pawlus Iýerusalime näme üçin gidip barýardy? Iýerusalimde oňa näme bolmalydy?
ŞOL GÜN gaty gynançly gün boldy. Pawlus bilen Luka gämä münüp, Miletden ýola düşjek bolup durdy. Hemmeleriň ýüzi salykdy. Efesli ýaşulularyň Pawlus bilen Lukadan aýra düşesi gelmeýärdi. Pawlus dagy goş-golamlaryny gämä ýükläpdiler. Olaryň ýanynda gerek-ýarak zatlary, Ýahudadaky mesihçilere berlen sadakalar bardy. Olar sadakalary dogan-uýalara sag-aman gowşurmak isleýärdiler.
2 Ýelkenler açylan badyna pessaý şemal gämini kenardan ýuwaş-ýuwaş uzaklaşdyryp başlady. Kenarda duran doganlaryň ýüzleri gamgyn, gözleri ýaşdan doludy (Res. 20:4, 14, 15). Pawlus dagy kenardaky doganlar tä gözýetimden ýitýänçä, ellerini galgadyp durdylar.
3 Pawlus Efesdäki ýaşulular bilen üç ýyla golaý gulluk edipdi. Indi mukaddes ruh ony Iýerusalime iberýärdi. Pawlus azajygam bolsa Iýerusalimde nämeleriň boljakdygyndan habarlydy. Şondan biraz wagt öň, ol ýaşululara: «Indi bolsa mukaddes ruhuň aýdyşy ýaly Iýerusalime barýaryn. Ol ýerde başyma nämeleriň injekdigini bilemok. Emma mukaddes ruh maňa her şähere baranymda tussag ediljekdigimi we görgi görjekdigimi duýdurýar» diýdi (Res. 20:22, 23). Gözüne garaňky görünse-de, Pawlus mukaddes ruhuň aýdyşy ýaly Iýerusalime gitmelidi. Elbetde, Pawlus janyndan irmedi, ýöne Ýehowany razy etmek üçin hemme zada, hatda Iýerusalime gitmäge-de taýyndy.
4 Pawlusyň ýerine bolan bolsaňyz sizem şeýle ederdiňizmi? Biz Ýehowa özümizi bagyş edenimizde ömürboýy onuň islegini ýerine ýetirjekdigimizi söz berýäris. Pawlusyň göreldesi Ýehowanyň isleginiň ähli zatdan wajypdygyna düşünmäge kömek edýär.
«Kipr adasynyň golaýyndan» geçdik (Resullar 21:1—3)
5. Pawlus bilen doganlar Tir şäherine barýança nirelerden geçdiler?
5 Pawlus bilen ýanyndaky doganlar deňziň üsti bilen Kosa gelýärler. Olar ýeliň ugruna ýüzüp, hiç ýerde durman Kosa sag-aman ýetýärler (Res. 21:1). Olar şol gün Kosada galan bolmaly, sebäbi ertesi gün Rodosa, ondan soň Patara ýüzdüler. Doganlar Kiçi Aziýanyň günorta kenarýakasyndaky Pataradan ýük daşalýan gämä münüp, Finikiýanyň Tir şäherine ýola düşýärler. Gidip barýarkalar «Kipr adasynyň golaýyndan» geçýärler (Res. 21:3). Luka näme üçin Resullar kitabynda doganlaryň Kipr adasynyň golaýyndan geçendigini ýazýar?
6. a) Kipr adasyny görende Pawlus näme üçin ruhlanandyr? b) Biz näme hakda oýlanmaly we näme üçin?
6 Ýolda Kipr adasyny görende Pawlusyň şol ýerde bolan wakalar ýadyna düşendir. Ol bolan wakalary ýanyndaky doganlara-da gürrüň berendir. Takmynan dokuz ýyl öň Pawlus Barnabas hem Markus bilen birinji wagyz syýahatyna gidende Kipr adasynda wagyz edipdi. Şonda Elimas atly jadygöý olara wagyz etdirmejek bolup, oýun baryny görkezipdi (Res. 13:4—12). Şol zatlary ýatlap, Pawlusyň güýjüne güýç goşulandyr, Iýerusalime gitmäge höweslenendir. Bizem Ýehowanyň kynçylyklarda goldaw beren we bereket alan günlerimizi ýatlamaly. Şonda Dawudyň: «Dogruçylyň derdi köpdür, emma Ýehowa ähli derdinden gutarýar» diýen sözleriniň dogrudygyna göz ýetireris (Zeb. 34:19).
Resullar 21:4—9)
«Biz bolsa şägirtleri gözläp tapdyk» (7. Doganlar Tire baransoň näme etdiler?
7 Pawlus üçin dogan-uýalar garyndaşlaryndan hem ýakyndy. Ol dogan-uýalar bilen görşüp, gürrüňdeş bolmagy gowy görýärdi. Tire baransoň Luka: «Biz bolsa şägirtleri gözläp tapdyk» diýip ýazýar (Res. 21:4). Diýmek, doganlar Tirde şägirtleriň bardygyny eşidip, olary gözläp tapýarlar we olaryňkyda myhmançylykda galýarlar. Dünýäniň islendik künjeginde dogan-uýalar bar. Biz nirä barsak-da, olar güler ýüz bilen garşy alýarlar. Bütin dünýäde Hudaýy ýürekden söýýän we oňa sežde edýän dostlarymyzyň bolmagy Ýehowadan uly bereket.
8. Resullar 21:4-däki sözlere nähili düşünse bolýar?
8 Doganlar Tir şäherinde ýedi gün galýarlar. Şonda garaşylmadyk zat bolýar. Luka bu barada şeýle ýazýar: «(Tirdäki) doganlar mukaddes ruh arkaly Pawlusa Iýerusalime gitmezligi gaýta-gaýta aýtdylar» (Res. 21:4). Ýehowa pikirini üýtgetdimikä? Indi ol Pawlusyň Iýerusalime gitmegini islemeýärmi? Elbetde, ýok! Ýehowa mukaddes ruhy arkaly Pawlusa Iýerusalime gitmezligi däl-de, onuň şol ýerde kösenjekdigini aýtdy. Tirdäki doganlar Pawlusy ýöne ýere alyp galjak bolmadylar, sebäbi Ýehowa olara-da mukaddes ruhy arkaly Pawlusyň Iýerusalimde ejir çekjekdigini açypdy. Olar Pawlusy alada edýärdi, gorajak bolýardy. Doganlar näçe aýak depip dursalar-da, Pawlus Ýehowanyň isleýşi ýaly Iýerusalime gitmegi ýüregine düwdi (Res. 21:12).
9, 10. a) Tirdäki doganlaryň ýalbaryp durşuny görüp Pawlusyň näme ýadyna düşen bolmaly? b) Şu günler adamlar nähili ýaşamak isleýärler? Isa näme diýdi?
9 Doganlaryň Iýerusalime gitme diýip ýalbaryp durşuny görüp, Pawlusyň Isanyň şägirtleri ýadyna düşendir. Isa Iýerusalime gidip ejir çekjekdigini, soňra öldüriljekdigini aýdanda şägirtler ony saklajak bolupdylar. Hatda Petrus: «Halypam, özüňe haýpyň gelsin! Beýle zat bolmasyn» diýip garşy çykypdy. Şonda Isa: «Çekil öňümden, Şeýtan! Sen Hudaýyň islegini ýerine ýetirmäge päsgel berýärsiň. Sen Hudaýyň isleýşi ýaly däl-de, adamlar ýaly pikirlenýärsiň» diýdi (Mat. 16:21—23). Isa Hudaýyň islegini ýerine ýetirmek üçin janyny gurban bermäge-de taýyndy. Pawlus hem Hudaýyň islegini ýerine ýetirmek üçin hiç zatdan, hatda ölümden hem gorkmady. Elbetde, Petrus ýaly, Tirdäki doganlar hem Pawlusa ýagşylyk isleýärdi. Ýöne olar Pawlusyň Iýerusalime gitmegini Hudaýyň isleýändigine düşünmeýärdi.
10 Şu günler adamlaryň köpüsi janyny gynamak islemeýärler. Olar aňsadyna bakyp, haýsy din köp zady talap etmeýän bolsa, şoňa uýýarlar. Ýöne Isa şägirtlerine: «Kim meniň yzyma eýermek islese, özünden geçsin-de, jebir pürsüni alyp, hemişe yzyma düşsün» diýdi (Mat. 16:24). Isanyň ýörän ýoly iň gowy hem dogry ýol, ýöne ondan ýöremek aňsat däl.
11. Tirdäki doganlar Pawlusy nädip goldadylar?
11 Biraz wagtdan Pawlus dagy ýola düşmelidiler. Ine-de, Tirdäki doganlar bilen hoşlaşmaly wagt geldi. Dogan-uýalar Pawlusy şeýle bir gowy görýärdiler welin, ony ugratmak üçin deňziň kenaryna hemmeler, hatda aýallar bilen çagalara çenli geldi. Olaryň ählisi dyza çöküp Hudaýa doga etdiler, soňra doganlar bilen hoşlaşdylar. Pawlus kenara gelen dogan-uýalary görüp ruhlanan bolsa gerek. Soňra Pawlus, Luka we ýanyndaky doganlar gämili Ptolemeýe ugradylar. Ol ýerde-de doganlar bilen görşüp, bir gün galdylar (Res. 21:5—7).
12, 13. a) Filipus nähili görelde galdyrdy? b) Maşgalabaşylar ondan näme öwrenip biler?
12 Soňra Luka Pawlus bilen ýanyndaky doganlaryň Kaýsariýa barandygyny ýazýar. Olar Filipusyň öýüne barýarlar a (Res. 21:8). Olar Filipusy görüp begenen bolmaly. Takmynan 20 ýyl öň resullar Iýerusalimde azyk paýlamak üçin doganlary belleýärler. Olaryň arasynda Filipus hem bardy. Filipus ençeme ýyl Ýehowa gulluk etdi, hoş habary yhlasly wagyz etdi. Iýerusalimde yzarlama bolanda şägirtler başga şäherlere göçüpdiler. Şonda Filipus Samariýa gaýdyp, hoş habary wagyz edip başlaýar. Soňra ol efiopiýaly wezire wagyz edip, ony suwa çümdürýär (Res. 6:2—6; 8:4—13, 26—38).
13 Filipus hiç wagt badyny gowşatmady. Ol Kaýsariýada ýaşaýarka-da hoş habary yhlasly wagyz etdi. Luka oňa ýöne ýere «hoş habarçy» diýmedi. Filipusyň dört sany pygamber gyzy bardy. Olar hem kakasy ýaly ýanyp duran wagyzçydy b (Res. 21:9). Filipus maşgalasyna-da Ýehowany söýmäge we oňa gulluk etmäge kömek etdi. Şu günlerem maşgalabaşylar Filipusyň göreldesine eýermäge jan edýärler. Olar yhlasly wagyz edip, çagalaryna görelde bolýarlar, olary yhlasly wagyzçy bolmaga höweslendirýärler.
14. Pawlusyň dogan-uýalar bilen görüşmegi nähili netije berdi? Şu günler bizde nähili mümkinçilikler bar?
14 Pawlus baran ýerinde dogan-uýalary gözläp tapyp, olar bilen görüşýärdi. Dogan-uýalaram Pawlus bilen ýanyndaky doganlary höwes bilen myhman alýardylar. Şeýdip, myhman bolanlar hem, myhman alanlar hem ruhlanýardy (Rim. 1:11, 12). Şu günlerem birek-biregi ruhlandyrmaga gowy mümkinçilikler bar. Eger etrap gözegçisi bilen aýaly ýygnagymyzy idände barymyzdan bazar eýläp myhman alsak, özümizem ruhlanarys, olaram ruhlandyrarys (Rim. 12:13).
«Ölmäge-de taýyn» (Resullar 21:10—14)
15, 16. Agabus näme barada pygamberlik etdi? Ony eşidenler näme etdiler?
15 Pawlus Filipusyň öýünde otyrka, Agabus atly pygamber gelýär. Hemmeler ony gowy tanaýardy, ol hormatlanýan adamdy. Ol Klawdiýiň hökümdarlyk eden döwründe güýçli açlygyň boljakdygyny öňünden aýdypdy (Res. 11:27, 28). Filipusyň öýündäkiler Agabusyň gelenine geň galyp: «Ol näme üçin geldikä? Ýene-de pygamberlik edermikä?» diýip pikir edendir. Öýüň içi dym-dyrslykdy, hemmeler Agabusa seredip durdy. Agabus Pawlusyň bilindäki pul we aňry-bäri saklap bolýan guşagyny alyp, öz el-aýagyny daňýar. Soňra: «Mukaddes ruh şeýle diýýär: „Iýerusalimde ýehudylar guşagyň eýesini şeýdip daňarlar we başga halklaryň eline tabşyrarlar“» diýdi (Res. 21:11).
16 Pawlusyň Iýerusalime gitmelidigini Agabusyň aýdan pygamberligi hem görkezýär. Şeýle-de pygamberlikde ýehudylaryň Pawlusy «başga halklaryň eline tabşyrjakdygy» aýdylýar. Pygamberligi eşidip duranlaryň ählisi howsala düşüp, «Pawlusa Iýerusalime gitme diýip ýalbaryp başlaýarlar». Şonda Pawlus: «Näme üçin aglaşyp, ýüregimi dilim-dilim edýäňiz? Men Iýerusalimde diňe bir daňylmaga däl, Halypamyz Isanyň adynyň hatyrasyna ölmäge-de taýyn» diýýär (Res. 21:12, 13).
17, 18. Pawlus niýetinden el çekmändigini nädip görkezdi? Ony yryp bilmänsoň doganlar näme etdi?
17 Indi ýagdaýy göz öňüne getiriň. Luka-da, beýleki doganlar hem Pawlusy Iýerusalime ibermejek bolup her zat etdiler, käbiri hatda agladylaram. Pawlus dogan-uýalaryň ony gowy görýändigini, aladasyny edýändigini görýär. Ol dogan-uýalaryň gynanmagyny islemedi. Olara: «Ýüregimi dilim-dilim edýäňiz» diýdi. Ýöne Pawlus niýetinden el çekmedi. Ol doganlara Iýerusalime näme üçin gidip barýandygyny düşündirdi. Tirdäki doganlar ony ýolundan saklap bilmedi. Indi Kaýsariýadaky doganlar hem Iýerusalime gitmekden saklap bilmez. Pawlus ýaly mert bolaýsaň! Isa ýaly oňa-da hiç kim, hiç zat Iýerusalime gitmäge päsgel berip bilmedi (Ýew. 12:2). Elbetde, Pawlusyň ölesi gelmeýärdi, ýöne ol Isanyň ady üçin ölmäge-de taýyndy, hatda muny hormat hasaplaýardy.
18 Ahyry doganlar Pawlusyň gelen kararyny goldadylar. Olar Pawlusy alyp galjak bolup aýak diräp durmadylar. Resullar 21:14-de şeýle diýilýär: «Biz Pawlusy yryp bilmedik, şonuň üçin garşy çykman: „Goý, Ýehowanyň islegi bolsun!“ diýdik». Pawlusy yrjak bolan doganlar aýdanlary bilen ylalaşdylar. Olar näçe kyn bolsa-da, Ýehowanyň islegine garşy çykmaly däldigine düşündiler. Pawlus ölümini boýun alyp, ýoldaşlary bilen ýola düşdi. Dogan-uýalar Pawlusa garşy çykman goldasalar, oňa synagda berk durmak hasam aňsat bolardy.
19. Biz Pawlusdan näme öwrenýäris?
19 Pawlus bilen bolan ýagdaýdan bir wajyp zady öwrenýäris. Eger dogan ýa-da uýa Ýehowa gulluk etmek üçin islendik zatdan geçmäge taýyn bolsa, oňa böwet bolmaly däl ýa-da saklamaly däl. Şu maslahata eýerenimizde Pawlusdan görelde almaly. Biz diňe janymyza howp abananda däl, başga ýagdaýlarda-da oňa eýerip bileris. Meselem, köp dogan-uýalar öýüni taşlap, uzak ýerlere gulluk etmäge gidip biler. Şonda ene-atalar çagalarynyň gelen kararyna garşy çykyp, olary ruhdan düşürmeli däl. Angliýada ýaşaýan Files uýanyň gyzy Afrika missioner bolup gulluk etmäge gidýär. Files ýekeje gyzyny uzak ýerlere ibermegiň aňsat bolmandygyny şeýle gürrüň berýär: «Gyzym gulluk etmäge gitjekdigini aýdanda depämden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Gyzymyň gelen kararyna begenjegimem, gynanjagymam bilmedim. Şonda Ýehowa köp doga etdim. Ýöne gyzymy kararyndan dändirjek bolmadym. Onsoňam, men hemişe oňa Hudaýa gulluk etmegi birinji orunda goýmagy öwredýärdim. Gyzym 30 ýyl bäri daşary ýurtlarda Hudaýa wepaly gulluk edýär. Munuň üçin Ýehowa gije-gündiz minnetdarlyk aýdýaryn». Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin islendik zada taýyn dogan-uýalary goldap, ruhlandyrmak — iň uly ýagşylyk.
Resullar 21:15—17)
«Doganlar bizi gujak açyp garşy aldylar» (20, 21. Pawlusyň dogan-uýalar bilen görüşmegi gowy görýändigini nämeden bilýäris? Ol dogan-uýalar bilen näme üçin görüşdi?
20 Pawlus bilen doganlar taýýarlyk görüp, Iýerusalime ýola düşdüler. Kaýsariýadaky käbir doganlar hem Pawlusy goldap bile gaýdýarlar. Pawlus syýahatyna başlan gününden Iýerusalime gelýänçä, ýolboýy dogan-uýalar bilen görüşdi. Pawlus bilen ýanyndaky doganlar Tirde şägirtleri gözläp tapyp, şol ýerde bir hepde boldular. Ptolemeýde dogan-uýalaryňkyda bir gün myhmançylykda galdylar. Kaýsariýada Filipusyň öýünde bolsa birnäçe gün boldular. Soňra Kaýsariýadan käbir şägirtler bilen Iýerusalime gaýtdylar. Şol ýerde olar ilkinji şägirtleriň biri Minasonyň öýünde boldular. Lukanyň aýdyşy ýaly, Iýerusalimdäki doganlar olary «gujak açyp garşy aldylar» (Res. 21:17).
21 Görşümiz ýaly, Pawlus dogan-uýalar bilen görüşmegi gowy görýärdi. Olam biziň ýaly, dogan-uýalar bilen oturuşyp-turuşyp, gepleşip ruhlanýardy. Şol zatlar Pawlusa ganyna galjak bolýan zalym adamlaryň öňünde mertlerçe durmaga güýç berdi.
a « Ýahudanyň Kaýsariýa şäheri» diýen çarçuwa serediň.
b « Uýalar ýygnakda hyzmatçy bolup bilermi?» diýen çarçuwa serediň.