Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

21-NJI BAP

«Men hiç bir adamyň ganyna galmadym»

«Men hiç bir adamyň ganyna galmadym»

Pawlus yhlasly wagyz edýär we ýaşululara maslahat berýär

Resullar 20:1—38

1—3. a) Pawlus Trowasdaky dogan-uýalar bilen ýygnanyşanda näme boldy? b) Pawlus näme etdi? Şol wakadan Pawlus barada näme öwrenýäris?

 ÝARYGIJEDI. Trowasdaky dogan-uýalar bir jaýyň ýokarky otagynda ýygnanyşypdylar. Olar Pawlusy görmäge gelipdiler, sebäbi ol ertesi şol ýerden gaýtmalydy. Otagyň içi çyralardan doly bolansoň gyzypdy, howa ýokdy. Äpişgeleriň birinde Eftih atly ýaşajyk oglan Pawlusy diňläp otyrdy. Birdenkä ol irkilip, üçünji gatdan aşak gaçýar.

2 Luka lukman bolansoň, oglanjyga kömek etmek üçin hemmelerden öňürti ylgap baran bolmaly. Ýöne eýýäm giçdi, Eftih «jan beripdi» (Res. 20:9). Birdenem üýtgeşik gudrat bolýar. Pawlus oglany gujaklap, ýanyndakylara: «Galmagal etmäň, ol diri» diýýär. Şeýdip, Pawlus Eftihi direldýär (Res. 20:10).

3 Şol waka Ýehowanyň mukaddes ruhy arkaly ähli zady başarýandygyny subut etdi. Eftihiň ölümine Pawlus günäkär däldi. Ýöne şol waka dogan-uýalaryň imanyny gowşadyp bilerdi. Pawlus olaryň şol gün gynanyp gaýtmagyny islemedi. Şonuň üçinem Eftihi direltdi. Soňra Pawlus mundan beýlägem yhlasly wagyz eder ýaly dogan-uýalaryň imanyny berkitdi. Hawa, Pawlus adamlaryň janyna hormat goýýardy. Ol: «Men hiç bir adamyň ganyna galmadym» diýip arkaýyn aýtdy (Res. 20:26). Biz Pawlusyň göreldesine eýerip, adamlaryň janyna nädip hormat goýup bileris? Geliň, bileliň.

«Makedoniýa ýola düşdi» (Resullar 20:1, 2)

4. Pawlus Efesdekä näme bolupdy?

4 Geçen bapdan bilşimiz ýaly, Efesdekä Pawlusyň başyna birgiden kynçylyklar düşýär. Onuň wagyz edýändigi üçin adamlar gahar-gazaba münýär. Artemida taňrysynyň heýkeljiklerini ýasap satýan kümüş ussalary gozgalaň turuzýar. Ýöne Resullar 20:1-de aýdylyşy ýaly, «goh-galmagal ýatyşanda, Pawlus şägirtleri çagyryp, olary ruhlandyrdy. Soňra olar bilen hoşlaşyp, Makedoniýa ýola düşdi».

5, 6. a) Pawlus Makedoniýada näçe wagt galdy we näme üçin? b) Dogan-uýalar Pawlusy näme üçin gowy görýärdi?

5 Pawlus Makedoniýa gitmek üçin Trowasyň gämi duralgasyna barýar. Titus Korinfden gelýänçä, ol birnäçe gün şol ýerde galýar (2 Kor. 2:12, 13). Titusyň gelmejegi belli bolansoň, Pawlus Makedoniýa ýola düşýär. Ol şol ýerde «doganlary ruhlandyrmak» üçin bir ýyl töweregi bolan bolmaly a (Res. 20:2). Biraz wagtdan Titusam Makedoniýa gelýär. Ol Pawlusyň korinflilere ýazan birinji hatynyň dogan-uýalary ruhlandyrandygyny aýdýar (2 Kor. 7:5—7). Şonda Pawlus korinflilere ýene bir hat ýazýar.

6 Luka Pawlusyň Efesdäki hem-de Makedoniýadaky doganlar bilen görşüp, ruhlandyrandygyny aýdýar. Dogrudanam, Pawlus dogan-uýalary janyndan hem eý görýärdi. Ol ikiýüzli fariseýler ýaly däldi. Fariseýler özlerini adamlardan ýokary saýýardy. Ýöne Pawlus dogan-uýalar bilen Hudaýa gulluk etmegi hormat hasaplaýardy (Ýah. 7:47—49; 1 Kor. 3:9). Pawlus pesgöwünlidi, hatda berk maslahat bermeli bolanda-da, mähirli bolýardy (2 Kor. 2:4).

7. Ýaşulular Pawlusyň göreldesine nädip eýerip biler?

7 Ýaşulular we etrap gözegçileri Pawlusyň göreldesine eýermäge jan edýärler. Olar hatda berk maslahat bermeli bolanda-da, söýgüsini bildirýärler. Olar adamyň ýagdaýyna düşünjek bolýarlar, hiç kim bilen gödek gürleşmän, gaýtam ruhlandyrýarlar. Ençeme ýyl bäri etrap gözegçisi bolup gulluk edýän bir dogan şeýle gürrüň berýär: «Dogan-uýalaryň dogry zady edesi gelýär. Ýöne durmuşda bolýan kynçylyklar, gaýgy-aladalar, özüne ynamsyzlygy sebäpli göreşmäge güýji bolmaýar». Ýaşulular şeýle dogan-uýalaryň dadyna ýetişýär (Ýew. 12:12, 13).

Pawlusa garşy «dildüwşük gurnaýarlar» (Resullar 20:3, 4)

8, 9. a) Pawlus näme üçin Siriýa gitmeýär? b) Ýehudylar Pawlusy näme üçin ýigrenýärdiler?

8 Pawlus Makedoniýadan Korinfe gelip, şol ýerde üç aý bolýar b. Soňra Kenharaýa baryp, gämili Siriýa gitmekçi bolýar. Sebäbi şol ýerden Iýerusalime gidip, dogan-uýalaryň beren sadakalaryny mätäçlere ýetirip bilýärdi c (Res. 24:17; Rim. 15:25, 26). Ýöne Resullar 20:3-de aýdylyşy ýaly, Pawlus «ýehudylaryň dildüwşük gurnandygyny bilýär». Şeýdip, ol ýoluny üýtgetmeli bolýar.

9 Ýehudylar Pawlusy itden beter ýigrenýärdi, sebäbi ol ýehudy dininden geçip, Isanyň şägirdi bolupdy. Korinfdekä sinagoga ýolbaşçysy Krispusa Isanyň şägirdi bolmaga kömek edipdi (Res. 18:7, 8; 1 Kor. 1:14). Bir gezek ýehudylar Pawlusy Ahaýýanyň welaýat häkimi Galiýonyň öňüne eltýärler. Olar Pawlusy kanuny bozmakda aýyplaýarlar. Ýöne Galiýon olaryň arzyny diňlejegem bolmaýar. Şondan bäri ýehudylar Pawlusy öldürmegiň küýüne düşüp ýördüler (Res. 18:12—17). Ahyry olar Pawlusyň Kenharaýa gelip, gämä münjekdigini bilýärler. Olar dil düwşüp, Pawlusy öldürjek bolýarlar. Indi Pawlus näme eder?

10. Pawlus gorkandygy üçin Kenharaýa gitmedimi? Düşündiriň.

10 Pawlus janyna howp salmazlyk üçin Kenharaýa gitmedi. Ol yzyna dolanyp, Iýerusalime Makedoniýanyň üsti bilen gitmegi makul gördi. Şeýle-de ol dogan-uýalaryň beren zatlaryny sag-aman gowşurmak isleýärdi. Şol döwür pyýada gitmegem howpludy, ýolda talaňçylar bolýardy, hatda myhmanhanalara-da barar ýaly däldi. Ýöne Pawlus Iýerusalime Kenharaýdan däl-de, Makedoniýadan gidenini howpsuzrak gördi. Pawlus ýeke däldi, ýanynda Aristarhus, Gaý, Sekundus, Sopater, Timoteos, Trofimus we Tihikus bardy (Res. 20:3, 4).

11. Mesihçiler janyny goramak üçin näme edýärler? Isa nähili görelde galdyrdy?

11 Şu günlerem mesihçiler Pawlusdan görelde alyp, janyna howp salmaz ýaly seresap bolýarlar. Käbir ýerlerde dogan-uýalar azyndan iki bolup ýa-da topar bolup wagyz edýärler. Mesihçiler yzarlamalaryň boljakdygyna düşünýärler (Ýah. 15:20; 2 Tim. 3:12). Ýöne olar wagyzda janyna howp saljak ýagdaýlardan gaça durýarlar. Isa-da şeýle edipdi. Bir gezek Iýerusalimde daşlajak bolanlarynda, «ol gizlenip ybadathanadan çykyp gidýär» (Ýah. 8:59). Ýehudylar dil düwşüp, Isany öldürjek bolanlarynda bolsa ol göze düşüp ýörmän, çölüň golaýyndaky şähere gidýär (Ýah. 11:54). Isa gözsüz batyrlyk etmedi, Hudaýyň islegini ýerine ýetirmek üçin janyny gorady. Mesihçilerem şeýle edýärler (Mat. 10:16).

«Olar... biçak begendiler» (Resullar 20:5—12)

12, 13. a) Eftihiň direlişi dogan-uýalara nähili täsir etdi? b) Bize näme göwünlik berýär?

12 Doganlar Pawlus bilen Makedoniýa çenli bile gidýärler. Soňra bölünip, Trowasa çenli aýry gidýärler. Luka: «Biz bäş günde Trowasa bardyk» diýýär d (Res. 20:6). Diýmek, olar Trowasda ýene görşen bolmaly e. Babyň başynda aýdylyşy ýaly, Pawlus şol ýerde Eftihi direldipdi. Eftihiň direlendigini gören dogan-uýalar gözüne ynanan däldir. Resullar 20:12-de: «Olar oglanyň diridigine biçak begendiler» diýilýär.

13 Elbetde, şu günler gudrat bilen hiç kim direlmeýär. Ýöne Mukaddes Kitapdaky direlişe bolan umyt dogan-garyndaşlary aradan çykan adamlary «biçak begendirýär» (Ýah. 5:28, 29). Pawlusyň direlden oglanjygy günäli bolandygy üçin ýene-de öldi (Rim. 6:23). Emma Hudaýyň Täze dünýäsinde direlen adamlar ebedi ýaşar. Isa bilen gökde höküm sürmek üçin direlen adamlaram hiç haçan ölmez (1 Kor. 15:51—53). Hawa, direliş gökde ýaşamaga umyt edýänleriňem, ýerde ýaşamaga umyt edýänleriňem göwnüni göterýär (Ýah. 10:16).

«Jemagatyň öňünde we öýden-öýe» wagyz etdim (Resullar 20:13—24)

14. Pawlus Efesiň ýaşulularyna näme diýdi?

14 Pawlus bilen ýoldaşlary Trowasdan Asosa, soňra Mitlene, Mitlenden Higosa, Higosdan Samosa, Samosdan bolsa Milete bardylar. Pawlus Pentikost baýramyna çenli Iýerusalime barjak bolýardy. Ol eglenmejek bolup Efese-de barmaýar. Ýöne Miletden Efese habar ýollap, ýaşululary çagyrýar (Res. 20:13—17). Ýaşulular gelende Pawlus olara şeýle diýýär: «Aziýa gelen günümden bäri siziň araňyzda özümi nähili alyp barandygymy bilýänsiňiz. Men Halypamyza kiçigöwünlilik bilen gulluk etdim we gözýaşlar döküp, köp görgi gördüm. Sebäbi ýehudylar dildüwşük gurnap, janymyň kastyna çykdylar. Size peýdaly zatlary öwretmekden, jemagatyň öňünde we öýden-öýe aýlanyp, öwretmekden çekinmedim. Men ýehudylara-da, greklere-de toba edip, Hudaýa we Halypamyz Isa iman etmekleri hakda birkemsiz wagyz etdim» (Res. 20:18—21).

15. Biz näme üçin öýden-öýe wagyz edýäris?

15 Biz Pawlusdan görelde alyp, dürli usullar arkaly wagyz edýäris. Biz adamlaryň köp ýerinde, duralgalarda, bazarlarda hoş habary gürrüň berýäris. Esasanam, öýden-öýe wagyz etmegi gowy görýäris. Näme üçin? Birinjiden, öýden-öýe wagyz edip, her bir adama Hudaýyň Patyşalygy barada gaýta-gaýta eşitmäge mümkinçilik berýäris. Şeýdip, Ýehowanyň adam saýlamaýandygyny subut edýäris. Ikinjiden, akýürekli adamlaryň her birine Hudaý barada bilim almaga kömek edýäris. Üçünjiden, öýden-öýe wagyz edip, Hudaýa imanymyz berkeýär we çydamly bolmagy öwrenýäris. Adamlaram «jemagatyň öňünde we öýden-öýe» yhlasly wagyz edýändigimizi görüp, Ýehowanyň Şaýadydygymyzy bilýärler.

16, 17. Pawlusa näme üçin batyrgaý adam diýse bolýar? Mesihçiler Pawlusdan nädip görelde alýar?

16 Pawlus Iýerusalimde nähili kynçylyklara uçrajakdygyny bilmeýärdi. Ýöne ol Efesdäki ýaşululara: «Ýöne men janymy gaýgyrmaýaryn. Diňe Hudaýyň ýagşylygy barada hoş habary birkemsiz wagyz edip, özüme tabşyrylan ýumşy ýerine ýetirmek we Halypamyz Isanyň ynanan işini soňuna çenli berjaý etmek isleýärin» diýdi (Res. 20:24). Pawlus batyr adamdy. Ol Hudaýyň islegini ýerine ýetirmek üçin hemme zada taýyndy. Hatda keselçiligem, yzarlamalaram oňa böwet bolup bilmedi.

17 Şu günler biz köp kynçylyklar bilen göreşmeli bolýarys. Käbirimiz wagyz işi çäklendirilen ýurtda ýaşaýarys, käbirimizi yzarlaýarlar. Köp dogan-uýalar keselçilik bilen göreşýär ýa-da göwnüçökgünlige düşýär. Emma olar ýan bermeýär. Ýaşlara bolsa deň-duşlary azar berýär. Ýöne nähili kynçylyklar bolsa-da, biz Pawlusdan görelde alyp, hoş habary «birkemsiz wagyz etmäge» jan edýäris.

«Özüňize ünsli boluň, tutuş sürä göz-gulak boluň» (Resullar 20:25—38)

18. Pawlus hiç bir adamyň ganyna galmaz ýaly näme etdi? Efesli ýaşulular ondan nädip görelde alyp bilýärdi?

18 Pawlus efesli ýaşululara maslahat berýär we olara nähili görelde görkezendigini ýatladýar. Ilki bilen ol ýaşululara soňky gezek görüşýändigini aýdýar. Soňra olara: «Men hiç bir adamyň ganyna galmadym, siz muňa şaýatsyňyz. Men Hudaýyň öwüt-nesihatlaryny hemişe gürrüň berýärdim» diýýär. Efesli ýaşulular Pawlusdan görelde alyp, hiç bir adamyň ganyna galmaz ýaly näme etmelidi? Pawlus olara: «Özüňize ünsli boluň, tutuş sürä göz-gulak boluň, sebäbi mukaddes ruh sizi Hudaýyň ýygnagyny bakmak üçin gözegçi edip belledi. Ol ýygnagy Oglunyň gany bilen satyn aldy» diýýär (Res. 20:26—28). Şeýle-de Pawlus ýygnagyň arasyna «ýyrtyjy möjek» ýaly adamlaryň girip, şägirtleri yzyna eýertmek üçin hakykaty ýoýjakdyklaryny aýdýar. Indi ýaşulular näme etmeli? Pawlus olara: «Siz bolsa oýa boluň! Meniň üç ýyllap gije-gündiz gözýaş döküp, her biriňize elmydama öwüt-nesihat berendigimi unutmaň» diýýär (Res. 20:29—31).

19. I asyryň soňuna imandan dänenler näme etdi we hristian dini nädip döredi?

19 I asyryň ahyrynda ýygnaga «ýyrtyjy möjekler» girip başlady. B. e. takmynan 98-nji ýylynda Ýahýa resul: «Häzir Mesihiň duşmanlary has köpeldi... Olar biziň aramyzdady, ýöne çykyp gitdiler, sebäbi biziňki däldiler. Eger olar bize degişli bolsadylar, aramyzda bolardylar» diýdi (1 Ýah. 2:18, 19). III asyrda imandan dänenler şeýle köpelýär welin, ýygnaklarda ruhanylar topary döreýär. Olar hakykaty ýoýup, Mukaddes Kitabyň taglymatlaryny ýalan dini ynançlar we däp-dessurlar bilen garyşdyrýarlar. IV asyrda Rim imperatory Konstantin şol ruhanylar toparyna, ýagny hristian dinine döwlet tarapyndan rugsat berýär. Şeýdip, hristian dini döreýär. Gynansak-da, şu günlerem imandan dänenleriň girizen däp-dessurlaryna we taglymatlaryna köp adamlar eýerýärler.

20, 21. Pawlus ýygnagyň aladasyny nädip etdi? Ýygnak ýaşululary Pawlusdan nädip görelde alýarlar?

20 Pawlus ýygnakdaky dogan-uýalardan peýdalanýan dini ýolbaşçylar ýaly däldi. Ol hiç kime ýük bolman, öz gününi görmek üçin zähmet çekýärdi. Ol dogan-uýalara höwes bilen hyzmat edýärdi. Hiç zada hantama bolmaýardy. Pawlus efesli ýaşululary hem dogan-uýalaryň söýgi bilen aladasyny etmäge höweslendirdi. Şeýle-de ýaşululara ejizlere kömek etmelidigini we halypasy Isanyň: «Bermek almakdan has bagtly edýändir» diýen sözlerini ýatlatdy (Res. 20:35).

21 Şu günlerem ýygnak ýaşululary Pawlusyň göreldesine eýerip, dogan-uýalaryň aladasyny edýärler. Olar baýamak üçin adamlardan pul alýan dini ýolbaşçylara meňzemeýärler. Janaýamaz ýaşulular ýygnagyň aladasyny etmegi Hudaýyň tabşyrandygyna düşünýärler. Olar öz peýdasyny gözlemän, Hudaýyň tabşyran hormatly ýumşuny höwes bilen edýärler. Hawa, tekepbir we ähli zady abraý gazanmak üçin edýän adamlar Ýehowa gulluk edip bilmeýär (Nak. 25:27). Özüne göwni ýetýän, özüni öwýän adamlar iru-giç abraýdan düşýär (Nak. 11:2).

«Olar aglaşdylar» (Resullar 20:37)

22. Efesdäki ýaşulular Pawlusy näme üçin gowy görýärdi?

22 Pawlus dogan-uýalary janyndan hem eziz görýärdi. Şonuň üçin dogan-uýalaram ony gowy görýärdi. Pawlus Iýerusalime gaýdanda olar aglaşdylar we ony «gujaklap, mähirli ogşadylar» (Res. 20:37, 38). Dogan-uýalar Pawlus ýaly wagtyny, güýjüni, bar zadyny gaýgyrmaýan imandaşlaryny gowy görýär, olaryň gadyryny bilýär. Pawlusyň başyna düşen zatlar hakda oýlansak, onuň «hiç bir adamyň ganyna galmandygyny» bilse bolýar (Res. 20:26).

a « Pawlusyň Makedoniýada ýazan hatlary» diýen çarçuwa serediň.

b Belki-de, Pawlus rimlilere hatyny şol gezek Korinfdekä ýazan bolmaly.

c « Pawlus sadakalara jogapkär» diýen çarçuwa serediň.

d Resullar 20:5, 6-njy aýatlarda Luka «biz» diýen at çalyşmany ulanýar. Diýmek, Pawlus Filipide Luka bilen görşüp, Trowasa bile giden bolmaly (Res. 16:10—17, 40).

e Doganlar Filipiden Trowasa bäş günde bardylar. Öň olar şol ýoly iki günde geçipdiler. Bu gezek bolsa güýçli ýel turandygy üçin eglenen bolmaly (Res. 16:11).