Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýolbaşçylyk maslahatynyň haty

Ýolbaşçylyk maslahatynyň haty

Gadyrly wagyzçy:

Göz öňüne getir, resullar Zeýtun dagynda dur, senem olaryň arasynda. Birdenem Isa ýanyňa gelýär. Ol göge galmanka şeýle diýýär: «Siziň üstüňize mukaddes ruh inende, güýjüňize güýç goşulyp, Iýerusalimde, tutuş Ýahudada, Samariýada we bütin ýer ýüzünde men hakda wagyz edersiňiz» (Res. 1:8). Şonda özüňi nähili duýardyň?

Belki, sen: «Azajyk adam nädip bütin ýer ýüzüne wagyz ederkä? Isa bolmajak zady aýdýar» diýip pikir edersiň. Soňam Isanyň ölmänkä aýdan sözleri ýadyňa düşer. Ol: «Gul hojaýyndan uly däldir. Olar meni yzarlan bolsalar, sizi-de yzarlarlar, maňa gulak asan bolsalar, size-de gulak asarlar. Meniň şägirdimdigiňiz üçin size garşy çykarlar, sebäbi olar meni Ibereni tanamaýarlar» diýdi (Ýah. 15:20, 21). Indi sen: «Yzarlamalara, garşylyklara garamazdan nädip birkemsiz wagyz ederkäm?» diýip oýlanýarsyň.

Ýehowanyň Şaýatlaryna-da bütin ýer ýüzünde ähli milletlere wagyz etmek tabşyryldy (Mat. 28:19, 20). Biz yzarlasalar-da, garşy çyksalar-da nädip birkemsiz wagyz edip bileris?

Biz resullar we I asyrdaky mesihçiler barada okap, olaryň nädip wagyz edendigini we Ýehowanyň olara nädip kömek edendigini bileris. Şu kitapda olaryň başdan geçiren gyzykly wakalary we köp adamlara wagyz edendigi barada gürrüň berilýär. Kitaby okanyňda şol ýagdaýlaryň häzirem bolýandygyny görersiň. Sen diňe wagyz edişimiziň däl-de, onuň gurnalyşynyň hem meňzeşdigine göz ýetirersiň. Eger şu zatlar barada oýlansaň, Ýehowanyň ýerdäki guramasyna häzirem gözegçilik edýändigine şübhelenmersiň.

Resullar bilen bolan wakalary we olaryň eden işlerini öwrenseň, Ýehowanyň kömek etjekdigine we mukaddes ruhuny berjekdigine ynamyň artar. Kitapdan öwrenen zatlaryňa görä ýaşasaň, hoş habary «birkemsiz wagyz edersiň» we köp adamlary halas edersiň (Res. 28:23; 1 Tim. 4:16).

Doganlaryňyz,

Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahaty