Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

15-NJI BAP

«Ýygnaklary ruhy taýdan berkidýär»

«Ýygnaklary ruhy taýdan berkidýär»

Etrap gözegçileri dogan-uýalaryň imanyny berkidýär

Resullar 15:36—16:5

1—3. a) Pawlus wagyz syýahatyna kimi alyp gitdi we näme üçin? b) Şu bapdan nämeleri öwreneris?

 PAWLUS RESUL uly şäherleriň birinden çykyp, beýleki şähere ýola rowana bolýar. Ol ýanyndaky ýaş ýigide guwanyp seredýär. Ýigidiň ady Timoteosdy. Yhlasly hem gujur-gaýratly Timoteos şol wagt 20 ýaşlarynda bolan bolmaly. Ol öňe ädim ätdigi saýyn öýünden uzaklaşýardy. Listra we Ikoniýa şäherleri alyslarda galypdy. Timoteosa nämeler garaşýardy? Ol öň uzak ýola çykyp görmändi. Ýöne Pawlus şol ýerlere bäş barmagy ýaly beletdi. Bu gezek olar ikinji wagyz syýahatyna barýardy. Pawlus her dürli kynçylyklaryň, howply ýagdaýlaryň boljakdygyny bilýärdi. Ol Timoteos şol kynçylyklara çydap bilermikä diýip alada edendir.

2 Her näme-de bolsa, Pawlus Timoteosa şeýle ynanýardy welin, hatda Timoteosyň özüne ynamy şeýle güýçli bolan däldir. Pawlus ýanyna ynamdar kömekçiniň gerekdigine düşünýärdi. Olar ýygnaklara aýlanyp, dogan-uýalary ruhlandyrmalydy. Başlan işini soňuna çenli edip biler ýaly agzybir bolmalydy. Şondan biraz wagt öň, Pawlus bilen Barnabasyň sözi azaşyp, hersi bir tarapa gidipdi. Pawlus şeýle ýagdaýyň ýene-de gaýtalanmagyny islemeýärdi.

3 Biz düşünişmezlik bolanda näme etmeli? Pawlus wagyz syýahatyna näme üçin Timoteosy alyp gitdi? Etrap gözegçileri nähili işleri edýärler? Soraglaryň jogabyny şu bapdan bileris.

«Ýör, indi... doganlaryň hal-ýagdaýyny soraly» (Resullar 15:36)

4. Pawlus näme üçin ikinji wagyz syýahatyna gitmek isleýärdi?

4 Geçen bapdan bilşimiz ýaly, Ýolbaşçylyk maslahaty Antakyýadaky ýygnaga Pawlusy, Barnabasy, Ýahudany we Silasy iberýär. Olar dogan-uýalara sünnetlenmek meselesiniň çözülendigini aýdýarlar. Şondan soň Pawlus resul Barnabasa ýene-de wagyz syýahatyna gitmegi teklip edýär. Ol: «Ýör, indi Ýehowanyň sözüni wagyz eden şäherlerimize baryp, doganlaryň hal-ýagdaýyny soraly» diýýär (Res. 15:36). Resullar kitabyndan Pawlusyň ikinji wagyz syýahatyna näme üçin gitjek bolandygyny bilse bolýar. Ol şol şäherlere diňe täze şägirtleri görmek üçin däl-de, birinjiden, Ýolbaşçylyk maslahatynyň kararyny beýleki ýygnaklara aýtmak üçin gitjek bolýardy (Res. 16:4). Ikinjiden, etrap gözegçisi hökmünde dogan-uýalary ruhlandyryp, imanyny berkitjek bolýardy (Rim. 1:11, 12). Şu günler Ýehowanyň Şaýatlarynyň guramasy ýygnaklary nädip ruhlandyrýar?

5. Şu günler Ýolbaşçylyk maslahaty nädip görkezme berýär we ruhlandyrýar?

5 Şu günler Isa Mesih Ýolbaşçylyk maslahatynyň üsti bilen ýygnaklara ýolbaşçylyk edýär. Şol saýlanan mesihçiler hatlaryň, edebiýatlaryň, ýygnak duşuşyklaryň, beýleki esbaplaryň üsti bilen bütin dünýädäki dogan-uýalara görkezme berýär we ruhlandyrýar. Ýolbaşçylyk maslahaty her ýygnagyň ýagdaýyny bilmek üçin etrap gözegçileri belleýär. Bütin dünýäde talaplara laýyk gelýän müňlerçe ýaşulular etrap gözegçisi bellenýär.

6, 7. Etrap gözegçileri nähili işleri edýärler?

6 Etrap gözegçileri ähli ýygnaklara aýlanyp, dogan-uýalaryň imanyny berkidýärler. Olar I asyrdaky etrap gözegçisi Pawlusdan görelde alýarlar. Pawlus özi ýaly etrap gözegçisi bolan Timoteosa şeýle diýipdi: «Hudaýyň sözüni wagyz et, amatly wagtda-da, kyn döwürde-de yhlasly öwret, käýe, berk duýduryş ber, öwüt-ündew et. Ýöne elmydama sabyrly bol we ökdelik bilen öwret... hoş habary hemişe wagyz et» (2 Tim. 4:2, 5).

7 Pawlusyň aýdyşy ýaly, etrap gözegçisi bilen aýaly wagzyň dürli görnüşine gatnaşýar. Olar yhlasly wagyz edýärler, ökdelik bilen öwredýärler. Şeýdip, dogan-uýalara gowy görelde görkezýärler. Dogan-uýalar hem olardan yhlasly we ökde wagyzçy bolmagy öwrenýärler (Rim. 12:11; 2 Tim. 2:15). Etrap gözegçileri Ýehowa janyny aýaman gulluk edýärler. Olar yssy, sowuk bolsa-da, hatda janyna howp abansa-da, tabşyrylan ýumşy höwes bilen ýerine ýetirýärler (Flp. 2:3, 4). Etrap gözegçiniň nutuklary ýygnaklary ruhlandyrýar, tälim berýär, dogry ýola salýar. Eger olaryň edýän işleri hakda oýlansak we görelde alsak, köp peýdasy deger (Ýew. 13:7).

«Uly dawa turdy» (Resullar 15:37—41)

8. Pawlus wagyz syýahatyna gitmegi teklip edende Barnabas näme etdi?

8 Pawlusyň: «Doganlaryň hal-ýagdaýyny soraly» diýenini Barnabas hem halady (Res. 15:36). Pawlus bilen Barnabas öňem şol şäherlere wagyz etmäge gidipdi. Olar şol ýerdäki dogan-uýalary gowy tanaýardylar (Res. 13:2—14:28). Şonuň üçin doganlar şu gezegem bile gitseler gowy bolar öýtdüler. Ýöne bir mesele ýüze çykdy. Resullar 15:37-de aýdylyşy ýaly: «Barnabas Markus diýilýän Ýahýany-da alyp gitmekçi boldy». Barnabas Pawlus bilen biragyz maslahatlaşman, ýegeni Markusy wagyz syýahatyna alyp gitjekdigini aýtdy.

9. Pawlus näme üçin Barnabasyň aýdanyny göwnemedi?

9 Pawlus Barnabasyň aýdanyny göwnemedi, sebäbi Resullar 15:38-de: «Markus Pamfiliýada olary taşlap gaýdypdy, wagyz etmäge kömek etmändi» diýilýär. Pawlus bilen Barnabas birinji wagyz syýahatyna gidende Markus hem olaryň ýanyndady. Ýöne soň olary ýarty ýolda taşlap gaýdypdy (Res. 12:25; 13:13). Olar Pamfiliýada wagyz edip ýörkä, Markus yzyna Iýerusalime gaýdýar. Mukaddes Kitapda Markusyň näme üçin öýüne gaýdandygy aýdylmaýar. Ýöne ol özüne tabşyrylan işi ýarym-ýarty edip, Pawlus resulyň öňünde ynamdan gaçýar. Şonuň üçin Barnabas Markusy alyp gideli diýende Pawlusa birbada ynanmak kyn düşendir.

10. Pawlus bilen Barnabasyň arasynda näme üçin dawa turdy? Dawa näme bilen gutardy?

10 Doganlaryň ikisem öz diýenini tutup durdy. Barnabas-a Markusy alyp gitjek bolýardy, Pawlusyň bolsa alyp gidesi gelmeýärdi. Şol sebäpli «olaryň arasynda şeýle uly dawa turýar welin, hersi bir tarapa gidýär» (Res. 15:39). Barnabas Markus bilen dogduk mekany Kipre gaýdýar. Pawlus bolsa niýetinden el çekmän, ýoluny dowam edýär. Resullar kitabynda: «Pawlus... Silasy saýlady. Doganlar Ýehowanyň Pawlus üçin ýagşylyk etmegini diläp, olary ugratdylar» diýilýär (Res. 15:40). Olar bilelikde «Siriýanyň we Kilikiýanyň üstünden geçip, ýygnaklary ruhy taýdan berkidýärler» (Res. 15:41).

11. Göwnümize degen adam bilen öýkeleşip ýörmezlige näme kömek eder?

11 Şu waka biziň günälidigimizi, her birimiziň ýalňyşyp bilýändigimizi ýatladýar. Pawlus bilen Barnabas Ýolbaşçylyk maslahatynyň ýygnaklara iberen wekilleridi. Birnäçe wagtdan soň Pawlusyň özem Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy bolan bolmaly. Dogrudanam, doganlar gyzyl ýalydy, ýöne şol gezek olaryň ikisem gaharyny saklap bilmedi. Pawlus bilen Barnabasyň arasynda dörän düşünişmezlik olaryň dostlugyna nokat goýdumy? Elbetde, ýok. Doganlar ýalňyşsa-da, pesgöwünlidi, Isadan görelde almaga jan edýärdi. Olar öýkeleşip ýörmedi, wagtyň geçmegi bilen biri-birini bagyşlap, ýene-de dost boldy (Efes. 4:1—3). Hatda Pawlus resul biraz wagt geçensoň Markus bilenem işleşdi a (Kol. 4:10).

12. Ýaşulular Pawlus bilen Barnabasdan nädip görelde almaly?

12 Pawlus bilen Barnabas dawalaşyp, çekeleşip ýörýän adam däldi. Barnabas ýuka ýürek, eli açyk adamdy. Aslynda, onuň ady Ýusupdy. Ýöne ýagşy häsiýetleri bolandygy üçin resullar oňa Barnabas diýýärdiler. Barnabas «göwünlik ogly» diýmegi aňladýar (Res. 4:36). Pawlus bolsa mähirli, aladaçyl adamdy (1 Sel. 2:7, 8). Şu günlerem ýaşulular, etrap gözegçileri Pawlus bilen Barnabasdan görelde almaly. Olar pesgöwünli bolmaly, biri-birine we dogan-uýalara mähirli bolup, aladasyny etmeli (1 Pet. 5:2, 3).

«Gowy abraýy bardy» (Resullar 16:1—3)

13, 14. a) Timoteos kim? Pawlus onuň bilen nädip tanyşýar? b) Pawlus Timoteosa näme üçin üns berýär? ç) Timoteosa nähili ýumuş tabşyrylýar?

13 Pawlus ikinji wagyz syýahatynda Rimiň Galatýa welaýatyndaky ýygnaklary ideýär. Resullar kitabynda: «Pawlus Derbä, soňra Listra şäherine geldi. Şol şäherde Timoteos atly şägirt bardy. Onuň ejesi Isa iman edýän ýehudydy, emma kakasy grekdi» diýilýär b (Res. 16:1).

14 B. e. takmynan 47-nji ýylynda Pawlus birinji wagyz syýahatynda Timoteosyň maşgalasy bilen tanyşýar. Şondan iki-üç ýyl geçensoň, Pawlus ýene-de şol şähere baranda Timoteosy görýär. Timoteosyň «doganlaryň arasynda gowy abraýy bardy». Şonuň üçinem ol Pawlusyň gözüne ilýär. Timoteos diňe öz ýygnagynda däl, goňşy şäherdäki ýygnaklarda-da gowy tanalýardy. Listradaky, şondan takmynan 30 kilometr uzakda ýerleşýän Ikoniýadaky doganlaram ony öwýärdiler, ol hakda gowy zatlary aýdýardylar (Res. 16:2). Mukaddes ruhuň görkezmesi bilen ýaşulular Timoteosa jogapkärli ýumuş tabşyrýarlar. Ol Pawlus we Silas bilen wagyz syýahatyna gidýär (Res. 16:3).

15, 16. Timoteosyň ýygnakda näme üçin gowy abraýy bardy?

15 Dogan-uýalar ýaşajyk Timoteosy näme üçin gowy görýärdiler? Akylly, boý-syratly, ukyp-başarnykly bolandygy üçinmi? Adamlar köplenç şeýle zatlara üns berýärler. Bir gezek Şamuwel pygamberem adamyň daş keşbine seredip baha beripdi. Şonda Ýehowa oňa: «Hudaýyň garaýşy adamyňky ýaly däldir. Adam daş keşbe seredýär, Ýehowa ýürege seredýär» diýipdi (1 Şam. 16:7). Timoteosyň boý-syraty, ukyp-başarnygy däl-de, ýagşy häsiýetleri doganlaryň ünsüni çekýärdi. Şonuň üçin onuň ýygnakda gowy abraýy bardy.

16 Ýyllar geçensoňam Pawlus Timoteosy ýagşy häsiýetleri üçin öwýär. Ol Timoteosyň adamlaryň ýürekden aladasyny edýändigini, öz bähbidini gözlemeýändigini we ýygnakda dürli ýumuşlary yhlasly ýerine ýetirýändigini aýdýar (Flp. 2:20—22). Şeýle-de Mukaddes Kitapda Timoteosa «ak ýürekden iman edýän» adam diýilýär (2 Tim. 1:5).

17. Ýaşlar Timoteosdan nädip görelde alyp biler?

17 Şu günlerem ýaşlaryň köpüsi Timoteos ýaly, Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdürýärler. Şeýdip, olar ýaşlygyndan Ýehowanyň öňünde, halkynyň arasynda ýagşy at gazanýarlar (Nak. 22:1; 1 Tim. 4:15). Ýehowa ýürekden iman edýärler, ikiýüzli durmuşy alyp barmaýarlar (Zeb. 26:4). Dogan-uýalar hem Timoteos ýaly ýaşlaryň gadyryny bilýärler. Ýaşlar wagyzçy bolanda, Ýehowa özüni bagyş edip, suwa çümdürilende dogan-uýalaryň begenjinden ýaňa aýagy ýere degmeýär. Şeýle ýaşlar dogan-uýalaryň göz-guwanjy!

«Ruhy taýdan berkeýär» (Resullar 16:4, 5)

18. a) Pawlus bilen Timoteos wagyz syýahatynda näme etdi? b) Dogan-uýalar näme etdi we netijesi nähili boldy?

18 Pawlus resul Timoteos bilen ençeme ýyl wagyz etdi. Olar wagyz syýahatynda Ýolbaşçylyk maslahaty näme tabşyrsa, şony hem edýärdiler. Mukaddes Kitapda: «Olar şäher-şäher aýlanyp, Iýerusalimdäki resullaryň, ýaşulularyň gelen kararyny aýdyp berýärdiler we olary berjaý etmegi tabşyrýardylar» diýilýär (Res. 16:4). Ýygnakdaky dogan-uýalaram Iýerusalimdäki resullaryň we ýaşulularyň görkezmesine gulak asýardylar. Şonuň üçin «ýygnaklar ruhy taýdan berkäp, şägirtleriň sany gün-günden artýardy» (Res. 16:5).

19, 20. «Ýolbaşçylyk edýän doganlara» näme üçin gulak asmaly?

19 Şu günlerem Ýehowanyň halky «ýolbaşçylyk edýän doganlara gulak asyp», köp bereketleri alýarlar (Ýew. 13:17). Dünýäniň ýagdaýy her gün üýtgäp dur. Şonuň üçinem mesihçiler «wepaly hem paýhasly hyzmatkäriň» berýän görkezmelerine ünsli bolup, olara gulak asmaly (Mat. 24:45; 1 Kor. 7:29—31). Şonda imanymyz gowşamaz we dünýäniň haram ýollaryndan uzakda durarys (Ýak. 1:27).

20 Pawlus, Barnabas, Markus we I asyrdaky beýleki saýlanan doganlaram günäli bolandygy üçin ýalňyşdylar (Rim. 5:12; Ýak. 3:2). Häzirki ýaşulularam, Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary hem ýalňyşyp biler. Ýöne olaryň dogry görkezme berýändigine ynanyp bileris. Sebäbi Ýolbaşçylyk maslahaty Mukaddes Kitabyň maslahatlaryna eýerýär we Hudaýyň halkyna I asyrdaky resullar ýaly gözegçilik edýär (2 Tim. 1:13, 14). Olaryň tagallasy bilen ýygnaklaryň sany gün-günden artýar we ruhy taýdan berkeýär.

a « Markusa köp borç ynanylypdy» diýen çarçuwa serediň.

b « Janaýaman gulluk eden Timoteos» diýen çarçuwa serediň.