Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

17-NJI BAP

«Mukaddes kitaplar barada söhbetdeş boldy»

«Mukaddes kitaplar barada söhbetdeş boldy»

Mukaddes Kitaba esaslanyp öwretmek; weriýalylaryň göreldesi

Resullar 17:1—15

1, 2. Filipiden Selanik şäherine kimler barýardy? Olar näme hakda oýlanandyrlar?

 RIMLILERIŇ ökde gurluşykçylarynyň guran gatnawly uly ýoly kert gaýaly daglaryň arasyndan geçýärdi. Şol ýoldan köplenç esgerler, söwdagärler, senetçiler geçýärdi. Ýoluň goh-galmagaly ýetikdi. Käte eşekleriň aňňyryşy, daş düşelen ýoluň üstünden geçýän arabalaryň şakyrdysy, gümür-ýamyr edip barýan ýolagçylaryň sesleri eşidilýärdi. Şol ýoluň üsti bilen Pawlus, Silas we Timoteos dagylaram Filipiden Selanige barýardy. Olar takmynan 130 kilometr ýol geçmelidiler. Doganlara, esasanam, Pawlus bilen Silasa şeýle uzak ýoly sökmek aňsat düşen däldir, sebäbi Filipide olaryň urlup-ýenjilenine köp wagt bolmandy. Ýaralaram entek doly bitip ýetişmändi (Res. 16:22, 23).

2 Şeýle uzak ýol birbada gözüňe garaňky görünýär. Ýöne doganlar gümür-ýamyr edip, barmaly ýerine nädip ýetenini hem bilen däldirler. Onsoňam, Filipide wagtlary türmäniň gözegçisiniň bütin maşgalasy bilen hakykata gelşi olaryň henizem göz öňünde durandyr. Bolan zatlar doganlara ýoluny dowam edip, Hudaýyň Sözüni yhlasly wagyz etmäge güýç berdi. Selanik şäherine golaýlaşdygyça doganlaryň ýüregi gürsüldäp urandyr. Olar bu ýerde bize nämeler garaşýarka diýip pikir edendirler. Filipidäki ýaly, olar Selanik şäherinde-de taýak iýerlermi?

3. Pawlusyň göreldesi gorkman wagyz etmäge nädip kömek edýär?

3 Biraz wagtdan Pawlus Selanikdäki mesihçilere nähili duýgulary başdan geçirendigi barada şeýle ýazýar: «Bilşiňiz ýaly, biz başda Filipide görgi görüp, azap baryny çekdik. Emma ençeme garşylyklara garamazdan, Hudaýyň kömegi bilen size hoş habary batyrgaý wagyz etdik» (1 Sel. 2:2). Onuň hatyny okanyňda Filipide bolan ýagdaýlardan soň, Selanik şäherinde nämeler bolarka diýip alada eden ýaly görünýär. Pawlusyň ýagdaýyna düşünse bolýar. Sizem käte Pawlus resul ýaly wagyz etmäge çekinýärsiňizmi? Pawlus Ýehowa bil baglady, onuň batyrgaý bolmaga kömek etjekdigine ynanýardy. Onuň göreldesi size-de batyrgaý bolmaga kömek eder (1 Kor. 4:16).

Ol mukaddes kitaplardan düşündirdi (Resullar 17:1—3)

4. Pawlus haýsy sebäplere görä Selanikde üç hepdedenem gowrak bolupdyr?

4 Mukaddes Kitapdan bilşimiz ýaly, Pawlus Selanik şäherinde üç Sabat güni sinagogada wagyz edýär. Onda Pawlus Selanikde üç hepde boldumyka? Muny anyk bilmeýäris. Biz onuň Selanik şäherine baran güni sinagoga barandygynam anyk bilmeýäris. Onuň ýazan hatlaryndan Selanik şäherine baransoň, doganlaryň gerek-ýarak zatlaryny almak üçin işländigini bilse bolýar (1 Sel. 2:9; 2 Sel. 3:7, 8). Şeýle-de Pawlus Selanik şäherindekä Filipidäki doganlar oňa kömek üçin iki gezek zat iberipdirler (Flp. 4:16). Diýmek, Pawlus Selanikde üç hepdedenem köp wagt galan bolmaly.

5. Pawlus adamlaryň ýüregine täsir etmek üçin näme etdi?

5 Pawlus resul uludan demini alyp, sinagoga gelen adamlara wagyz edip başlady. «Pawlus hemişekisi ýaly sinagoga bardy. Ol üç hepdeläp Sabat güni mukaddes kitaplar barada söhbetdeş boldy. Ol adamlara Mesihiň görgi görüp ölüp, soňra direlmelidigini düşündirip, subut edýärdi. Pawlus: „Men Isa hakda wagyz edýärin. Ol Mesihdir“ diýýärdi» (Res. 17:2, 3). Üns beren bolsaňyz, Pawlus adamlaryň gaharyny getirip, öjükdirjek bolmaýardy. Gaýtam olaryň ýüregine täsir etjek bolýardy. Sinagoga gelen adamlar mukaddes kitaplary gowy bilýärdiler, okap berenlerinde diňlemegi halaýardylar. Ýöne aýatlara doly düşünmeýärdiler. Şonuň üçinem Pawlus olar bilen pikir alşyp, aýatlary düşündirýär. Soňra nazaretli Isanyň wada edilen Mesihdigini mukaddes kitaplar arkaly subut edýär.

6. Isa şägirtlerine nädip öwredýärdi? Öwreden zatlary şägirtlerine nähili täsir etdi?

6 Pawlusam Isa ýaly, mukaddes kitaplara esaslanyp öwredýärdi. Meselem, Isa şägirtlerine Ynsan oglunyň ejir çekip öljekdigini, soňra direljekdigini aýdýardy (Mat. 16:21). Isa direlensoň, şägirtlerine görünýär. Şägirtler Isanyň direlendigini görüp, onuň hakykaty aýdandygyna düşünýärler. Olara şondan başga subutnama geregem däldi. Ýöne Isa olaryň käbirine «mukaddes kitaplardaky, ýagny Musadan başlap ähli pygamberleriň kitaplarynda özi hakda ýazylan zatlary düşündirdi». Şonda şägirtleri: «Ol ýolda mukaddes kitaplarda ýazylanlary düşündirende, ýüregimiz tolgunypdy» diýdiler (Luka 24:13, 27, 32).

7. Biz näme üçin Mukaddes Kitaba esaslanyp wagyz etmeli?

7 Hudaýyň Sözi adamyň ýüregine güýçli täsir edýär (Ýew. 4:12). Şonuň üçinem häzirki mesihçiler Isa, Pawlus we beýleki resullar ýaly, Mukaddes Kitapdan öwredýär. Bizem adamlar bilen pikir alyşýarys, aýatlary düşündirýäris we subutnama getirýäris. Olara aýdýan zatlarymyzyň dogrudygyny subut etmek üçin aýatlary okap berýäris. Biz adamlara öz sözümizi däl-de, Hudaýyň Sözüni wagyz edýäris. Eger wagyzda adamlara aýatlary görkezsek, olar Hudaýyň habaryny aýdýandygymyza düşünerler. Özümizem her bir aýdýan sözümiziň Hudaýyň habarydygyny ýatdan çykarmaly däl. Aýdýan habarymyzyň Hudaýyňkydygyna akýürekden ynansak, Pawlus ýaly hoş habary batyrgaý hem ynamly wagyz ederis.

«Käbirleri iman etdi» (Resullar 17:4—9)

8—10. a) Selanikdäki adamlar hoş habara nähili seslendiler? b) Ýehudylar näme üçin Pawlusa göriplik etdiler? ç) Ýehudylar doganlara nädip garşy çykdylar?

8 Isa şägirtlerine: «Gul hojaýyndan uly däldir. Olar meni yzarlan bolsalar, sizi-de yzarlarlar, maňa gulak asan bolsalar, size-de gulak asarlar» diýipdi (Ýah. 15:20). Pawlusam muny öz başyndan geçiripdi. Selanikdekä Pawlusyň wagyz eden habaryny käbiri höwes bilen diňlese, käbirleri garşy çykdy. Hoş habary höwes bilen diňlän adamlar barada Luka şeýle ýazdy: «Käbirleri (ýehudylar) iman edip (mesihçi bolup), Pawlus bilen Silasa goşuldylar. Olara hak Hudaýa sežde edýän köp grekler we birnäçe abraýly aýallar hem goşuldy» (Res. 17:4). Şol şägirtler doganlara aýatlary ýüregine jüňk bolar ýaly edip düşündirendigi üçin minnetdar bolandyrlar.

9 Pawlusyň sözleri käbirleriniň göwnüne ýarady, käbirleriniň bolsa dişini gyjady. Selanikdäki ýehudylaryň käbiri «köp grekleriň» hoş habary kabul edendigi üçin Pawlusa göriplik etdiler. Şol ýehudylar grekleri ýehudy dinine geçirmek üçin Töwrady öwredipdiler we olary öz şägirtleri hasaplaýardylar. Birdenem Pawlus sinagogada wagyz edip, greklere mesihçi bolmaga kömek etdi. Ol ýehudylaryň şägirtlerini hamala elinden alan ýaly boldy. Ýehudylaryň gahardan ýaňa içine ot düşdi.

«Olar Pawlus bilen Silasy märekäniň öňüne çykarmak üçin, Ýasonyň öýüne kürsäp girdiler» (Resullar 17:5)

10 Şondan soň näme bolandygy barada Luka şeýle ýazýar: «Ýehudylar bolsa olara göriplik edip, bazarda işsiz oturan birgiden erbet adamlary ýygnap, bütin şäheri galagoplyga düşürdiler. Olar Pawlus bilen Silasy märekäniň öňüne çykarmak üçin, Ýasonyň öýüne kürsäp girdiler. Olary tapmansoňlar, Ýasony we başga-da käbir doganlary şäher ýolbaşçylarynyň ýanyna süýräp getirip: „Hemme ýerde agzalalyk döredýän adamlar indi bärik gelipdirler. Ýason hem olary myhman alypdyr. Olar Sezaryň kanunlaryna garşy çykyp, Isa diýen adamy patyşa hasaplaýarlar“ diýdiler» (Res. 17:5—7). Geliň, soňra näme bolandygyny bileliň.

11. Ýehudylar Pawlus bilen Silasa nähili töhmet atdylar? Olary haýsy kanuny bozmakda aýypladylar? (Çykgyda serediň).

11 Gaharjaň märeke öňünden çykan her bir zady ýykyp-ýumrup weýran edýän apy-tupan ýalydy. Şonuň üçinem ýehudylar märekäni Pawlus bilen Silasa garşy öjükdirdiler. Ýehudylar doganlaryň ýoguna ýanjak bolýardylar. Olar şäherde «galagopluk» turzup, hökümet ýolbaşçylaryna Pawlus bilen Silasa ýowuz höküm çykarylar ýaly etjek bolýardylar. Birinjiden, olar Pawlus bilen doganlara: «Hemme ýerde agzalalyk döredýärler» diýip töhmet atdylar. Aslynda, doganlar däl-de, olaryň özleri goh-galmagal turzupdy. Ikinjiden, ýehudylar: «Bular başga birine patyşa diýýärler, Sezaryň kanunyna garşy çykýarlar» diýdiler. Olaryň ikinji atan töhmeti hasam agyrdy, mesele ula ýazyp bilýärdi a.

12. Selanikdäki mesihçilere atylan töhmet näme üçin erbetdi?

12 Ýadyňyzda bolsa kanunçylar bilen fariseýler hem Isany şeýdip aýyplapdylar. Olar Pilatusa: «Ol halky ýoldan çykarýar. Özüne... patyşa diýýär» diýdiler (Luka 23:2). Pilatus Rim imperatorynyň dönük hasaplamagyny islemeýärdi. Şonuň üçin oňa ýaranjak bolup Isany ölüme höküm edýär. Şonuň ýaly Selanikdäki mesihçilere-de atylan töhmetler sebäpli olaryň janyna howp abanyp bilýärdi. Bir kitapda şeýle diýilýär: «Olara atylan töhmet ýöne-möne däldi. Imperatora dönüklik etjek bolýar diýip aýyplanýan adam öldürilýärdi». Päliýaman ýehudylar maksadyna ýetdimi? Geliň, bileliň.

13, 14. a) Märeke näme üçin şägirtlere wagyz etmegi bes etdirip bilmedi? b) Pawlus Isa ýaly nädip seresap boldy? Biz ondan näme öwrenip bileris?

13 Märeke näme etse-de, Selanikdäki mesihçiler wagyz etmegini bes etmedi. Näme üçin? Birinjiden, duşmanlar Pawlus bilen Silasy tapmadylar. Ikinjiden, şäheriň ýolbaşçylary halkyň doganlar barada aýdan zatlarynyň dogrudygyna şübhelenen bolmaly. Şonuň üçinem olar «Ýasondan we ýanyndaky adamlardan girew alyp, olary goýberdiler» (Res. 17:8, 9). Pawlus başyna bela satyn almajak bolup, başga şähere wagyz etmäge gidýär. Ol Isanyň: «Ýylanlar ýaly seresap, kepderiler ýaly sada boluň» diýen maslahatyna eýerýär (Mat. 10:16). Pawlusyň şu hereketi gorkaklyk däldi. Ol gözsüz batyrlyk edip özüni oda atmady. Biz Pawlusdan näme öwrenip bileris?

14 Şu günlerem dini ýolbaşçylar adamlary Ýehowanyň Şaýatlaryna garşy öjükdirýärler. Olar hökümet işgärlerine: «Ýehowanyň Şaýatlary gozgalaň turuzjak bolýar, ýurduna dönüklik edýär» diýýärler. Olar hem I asyrdaky ýehudylar ýaly bize göriplik edýärler. Mesihçiler hiç haçan başyna bela satyn almak islemeýärler. Biz gahardan ýaňa ýarylaýjak bolýan adamlar bilen sanaşyp durmaýarys. Gaýtam şeýle adamlar bilen gowy gürrüň edip biler ýaly, gahary köşeşensoň barýarys.

Olaryň «dünýägaraýşy giňdi» (Resullar 17:10—15)

15. Weriýalylar hoş habara nähili seslendiler?

15 Gaçyp başyny gutarsynlar diýip doganlar Pawlus bilen Silasy Selanikden Weriýa şäherine iberýärler. Weriýa takmynan 65 kilometr uzakda ýerleşýärdi. Pawlus Weriýada-da sinagoga baryp, adamlara wagyz edýär. Ol ýerdäki adamlaryň hoş habary höwes bilen diňleýändigini görüp, Pawlusyň başy göge ýetendir. Lukanyň aýtmagyna görä, «selaniklilere garanda, Weriýada ýaşaýan adamlaryň dünýägaraýşy giňdi, sebäbi olar Hudaýyň sözüni höwes bilen kabul edip, eşiden zatlarynyň dogrudygyny anyklamak üçin, mukaddes kitaplardan her gün gözleg geçirýärdiler» (Res. 17:10, 11). Selanikdäki mesihçiler weriýalylara garanda gadyrbilmezdimi? Ýok, beýle däl. Sebäbi şondan biraz wagt soň, Pawlus Selanikdäki mesihçileri hem öwüp şeýle diýýär: «Siziň üçin Hudaýa elmydama minnetdarlyk aýdýarys. Siz Hudaýyň sözüni eşiden günüňizden bäri, ony ynsan sözi hökmünde däl-de, Hudaýyň sözi hökmünde kabul etdiňiz. Hakykatdan-da, ol Hudaýyň sözi, şonuň üçin size güýçli täsir edýär» (1 Sel. 2:13). Mukaddes Kitapda näme üçin weriýalylaryň dünýägaraýşy giňdi diýilýär?

16. Luka näme üçin weriýalylaryň dünýägaraýşy giň diýdi?

16 Weriýalylar Pawlusyň aýdan habaryny birinji gezek eşitseler-de, ynanmazçylyk etmediler ýa-da tankytlamadylar. Ýöne olar her bir eşiden zadyna ynanyp ýören sada adamlaram däldi. Näme üçin? Birinjiden, Pawlus wagyz edende olar ünsli diňlediler. Ikinjiden, Pawlusyň aýdan zatlaryny mukaddes kitaplar bilen deňeşdirdiler. Üçünjiden, olar Hudaýyň Sözüni diňe Sabat güni däl-de, her gün öwrenýärdiler. Onsoňam, muny «höwes bilen» edýärdiler. Olar bilen zatlarynyň Mukaddes Kitaba gabat gelýändigini barlamak üçin wagt tapýardylar. Şeýdip, «olaryň köpüsi iman etdiler», pesgöwünli bolup durmuşyny üýtgetdiler (Res. 17:12). Luka-da weriýalylaryň «dünýägaraýşy giň» diýip ýöne ýere aýtmandyr.

17. Weriýalylara näme üçin gowy görelde galdyrdy diýse bolýar? Biz näme üçin weriýalylardan hemişe görelde alyp bilýäris?

17 Weriýadaky şägirtler biz barada Mukaddes Kitaba ýazylar, mesihçiler bizden görelde alar diýip pikirem eden däldirler. Olar Pawlusyň tamasyny ödediler, Ýehowa Hudaýy hem begendirdiler. Bizem okuw geçýän adamlary Hudaýyň Sözüni yhlasly öwrenmäge höweslendirmeli. Şonda olaryň imany iki ýana çaýkanyp durman, berk bolar. Suwa çümdürilenlerem weriýalylardan görelde alyp bilermi? Elbetde, her bir mesihçiniň dünýägaraýşy giň bolmaly. Başgaça aýdanyňda, biz Ýehowa barada köpräk öwrenip, prinsipleri boýunça ýaşamaga jan etmeli. Şonda Ýehowa bizi islegine görä terbiýelär (Işa. 64:8). Gökdäki Atamyz Ýehowany razy ederis, olam bize dürli ýumuşlary ynanar.

18, 19. a) Pawlus resul näme üçin Weriýadan gaýtdy? Ol bize nähili görelde galdyrdy? b) Pawlus nirede we nähili adamlara wagyz etmelidi?

18 Pawlus Weriýada köp wagt bolmady. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Selanikdäki ýehudylar Pawlusyň Hudaýyň sözüni Weriýada hem wagyz edýändigini eşidip, olara garşy märekäni öjükdirmek üçin geldiler. Şonda doganlar Pawlusy derrew gämi duralgasyna ugratdylar. Ýöne Silas bilen Timoteos şäherde galdy. Doganlar Pawlusy Afina eltip, yzlaryna dolandylar. Pawlus olardan Silas bilen Timoteosy hem çaltrak ibermegi haýyş etdi» (Res. 17:13—15). Hoş habara garşy çykýan duşmanlar doganlary goýar ýerde goýmadylar. Olar Pawlusy Selanik şäherinden kowanyny az görüp, Weriýa-da bardylar. Ol ýerde-de gozgalaň turuzjak boldular, ýöne başa barmady. Pawlusa wagyz edere ýer köpdi, şonuň üçinem ol başga şähere gidip wagyz etmegini dowam etdi. Geliň, bizem adamlar näçe garşy çyksalar-da, hoş habary wagyz etmegi goýmalyň.

19 Pawlus Selanikdäki we Weriýadaky ýehudylara wagyz edip, batyrgaý bolmagyň hem-de mukaddes kitaplar barada pikir alyşmagyň wajypdygyna göz ýetirdi. Bizem şu baby öwrenip, munuň dogrudygyna göz ýetirdik. Indi Pawlus düýbünden başga adamlara — Afinanyň butparaz adamlaryna wagyz etmelidi. Şäheriň adamlary Pawlusy diňlärmi ýa-da garşy çykar? Muny indiki bapda bileris.

a Bir alymyň aýtmagyna görä, şol wagtlar Sezar şeýle perman çykarypdyr: «Kimde-kim Sezara derek başga biriniň patyşa boljakdygyny, şol patyşanyňam Sezara höküm çykarjakdygyny aýtsa, oňa jeza berilsin». Ýehudylar Pawlusyň sözüni ýoýup, Sezaryň şol kanunyna garşy çykýar diýip aýypladylar (« Resullar kitabyndaky Sezarlar» diýen çarçuwa serediň).