Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

5-NJI BAP

«Hökümdar Hudaýymyza gulak asmaly»

«Hökümdar Hudaýymyza gulak asmaly»

Resullaryň göreldesi

Resullar 5:12—6:7

1—3. a) Resullary näme üçin Mejlise getirdiler? Olar näme etmeli boldular? b) Resullar bilen bolan wakany näme üçin öwrenesimiz gelýär?

 RESULLAR ýokary kazyýetiň öňünde durdylar. Mejlisiň agzalary bolsa gahardan ýaňa ýarylaýjak bolýardylar. Baş ruhany we Mejlisiň başlygy Ýusup Kaýafa Isanyň adyny hem agzamak islemeýärdi. Şonuň üçin şägirtlere: «Şol adamyň ady bilen öwretmäň diýipdik. Siz bolsa taglymatyňyz bilen bütin Iýerusalimi doldurdyňyz. Onuň ganyny hem biziň boýnumyza atjak bolýarsyňyz» diýdi (Res. 5:28). Olaryň niýeti bellidi. Olar «wagyz etseňiz ölersiňiz» diýjek boldy.

2 Indi resullar näme eder? Ýehowa Isa ygtyýar berdi. Resullara bolsa wagyz etmegi Isa tabşyrdy (Mat. 28:18—20). Olar adamdan gorkup wagyz etmegini bes edermi? Ýa-da batyrgaýlyk bilen wagyz edermi? Gürrüň resullaryň kime gulak asjakdygy baradady. Olar Hudaýa gulak asarmy ýa-da adama? Petrusyň batyrgaýlyk bilen beren jogaby resullaryň kime gulak asjakdygyny görkezýär.

3 Resullar Mejlisiň öňünde näme jogap berdiler? Biziň muny bilesimiz gelýär, sebäbi Hudaý bize-de hoş habary wagyz etmegi tabşyrdy. Bizem wagyz edenimizde köp kynçylyklara, yzarlamalara duş gelip bileris (Mat. 10:22). Ýaşaýan ýerimizde wagyz etmegi gadagan edip bilerler. Şonda biz näme ederis? Eger resullaryň Mejlisde näme jogap berendigini bilsek, olaryň göreldesine eýerip bileris a.

«Ýehowanyň perişdesi türmäniň derwezelerini açdy» (Resullar 5:12—21a)

4, 5. Kaýafa bilen saddukeýler näme üçin «göriplik» etdiler?

4 Mejlisiň agzalary Petrus bilen Ýahýa ilkinji gezek «hoş habary wagyz etmäň» diýip tabşyranlarynda olar şeýle diýipdi: «Biz gören-eşidenlerimizi aýtman durup bilmeris» (Res. 4:20). Şondan soň Petrus, Ýahýa we beýleki resullar ybadathanada wagyz edýärler. Olar gudratlary görkezýärler, adamlary sagaldýarlar, olaryň içinden jynlary çykarýarlar. Ybadathananyň gündogarynda «Süleýmanyň sütünleri» diýilýän ýere köp ýehudylar ýygnanýardy. Resullar şol ýerde gudrat görkezýärler. Hatda adamlaryň üstüne Petrusyň kölegesi düşse-de, sagalýardy. Sagalan adamlaryň köpüsi hoş habary kabul edýärler. Şeýdip, «Halypamyza iman edýän aýal-erkekleriň sany barha artýardy» (Res. 5:12—15).

5 Kaýafa bilen saddukeýleriň dini topary «göriplikden ýaňa» aýaga galdylar we resullary türmä saldylar (Res. 5:17, 18). Saddukeýler näme üçin şeýle etdiler? Resullar Isanyň direlendigi barada wagyz edýärdi. Saddukeýler bolsa direlişe ynanmaýardy. Resullar: «Diňe Isa iman eden adam sagalar» diýýärdiler. Emma saddukeýler köp adamlar Isa iman etse, rimliler jezalar öýdüp gorkýardy (Ýah. 11:48). Şonuň üçinem olar resullara wagyz etdirmejek boldular.

6. Ýehowanyň halkyny kimler ýigrenýär we näme üçin?

6 Şu günlerem dini ýolbaşçylar Ýehowanyň Şaýatlaryny yzarladýarlar. Olar köplenç hökümet işgärleri ýa habarlar arkaly ýalan-ýaşryk zatlary ýaýradýarlar. Emma akýürekli adamlar Mukaddes Kitapdan bilim alyp, dini ýolbaşçylaryň ýalan sözleýändigine göz ýetirýärler we dini däp-dessurlara gatnaşmaýarlar (Ýah. 8:32). Şol sebäpli dini ýolbaşçylar bizi ýigrenip, wagyz etdirmejek bolýarlar.

7, 8. Perişdäniň tabşyryk bermegi resullara nähili täsir etdi? Özümize nähili sorag bermeli?

7 Resullar türmede otyrkalar, Isa iman edýändikleri üçin öldürer öýdüp alada edendirler (Mat. 24:9). Emma gije garaşylmadyk zat bolýar. «Ýehowanyň perişdesi türmäniň derwezelerini açýar» b (Res. 5:19). Perişde olara şeýle tabşyryk berýär: «Baryň, ybadathanada adamlara ebedi ýaşaýyş hakda gürrüň beriň» (Res. 5:20). Perişdäniň sözleri olaryň imanyny berkidendir we nähili ýagdaý bolsa-da, Ýehowa wepaly bolmaga höweslendirendir. Resullar gorkman, «ir bilen ybadathana baryp, öwredip başladylar» (Res. 5:21).

8 Resullaryňky ýaly ýagdaýa düşsek, gorkman wagyz edip biler ýaly biziň hem imanymyz berkmi? Perişdeler bize wagyz etmäge kömek edýär. Şol barada oýlansak, «birkemsiz wagyz ederis» (Res. 28:23; Ylh. 14:6, 7).

«Adamlara däl-de, Hökümdar Hudaýymyza gulak asmaly» (Resullar 5:21b—33)

«Resullary Mejlisiň öňüne getirdiler» (Resullar 5:27)

9—11. Mejlisiň agzalary wagyz etmäň diýenlerinde resullar näme jogap berdiler? Biz olardan näme öwrenýäris?

9 Kaýafa bilen Mejlisiň kazylary resullary jezalandyrjak bolýarlar. Şol sebäpli olary getirtmek üçin türmä adam iberýärler. Esgerler türmä barýarlar. Türmäniň «derwezeleri berk gulplanandy, agzynda garawullar durdy». Ýöne derwezäni açanlarynda resullary tapmaýarlar, sebäbi perişde olary boşadypdy. Esgerleriň aljyraýşy göz öňüňize gelýärmi?! (Res. 5:23). Resullar Isa barada gürrüň berýändigi üçin tussag edilenem bolsa, ybadathanada wagyz edýärler. Ybadathananyň gözegçisi resullaryň wagyz edýändigini eşiden badyna esgerleri bilen gidip, olary tussag edýär we Mejlise getirýär.

10 Babyň başynda gürrüň edişimiz ýaly, gahardan ýaňa ýarylaýjak bolýan dini ýolbaşçylar resullara wagyz etmegi gadagan edýärler. Resullar näme eder? Petrus resullaryň adyndan şeýle diýýär: «Biz adamlara däl-de, Hökümdar Hudaýymyza gulak asmaly» (Res. 5:29). Mesihçiler asyrlarboýy resullaryň göreldesine eýerýärler. Elbetde, Hudaý bize «ýokary häkimiýetlere tabyn bolmagy» tabşyrdy. Ýöne olaryň Hudaýyň islegine garşy gitmäge haky ýok. Ýokary häkimiýetler wagyz etmegi gadagan etse, biz olara däl-de, Hudaýa gulak asmaly (Rim. 13:1). Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edenimizde ýokary häkimiýetleri öjükdirmez ýaly seresap bolmaly.

11 Resullar batyrgaýlyk bilen jogap berenlerinde kazylaryň gany depesine urdy. Şol sebäpli olary «öldürjek boldular» (Res. 5:33). Resullaram öldürileris öýdüp pikir edendirler. Ýöne Ýehowa olary üýtgeşik usul bilen halas edýär.

«Olary ýok edip bilmersiňiz» (Resullar 5:34—42)

12, 13. a) Gamaliýel kazylara näme maslahat berdi? Kazylar näme etdi? b) Ýehowa şu günler halkyna nädip kömek edýär? Biz nämä ynamly bolup bileris?

12 Gamaliýel «il arasynda abraýlydy we Töwrady öwredýärdi» c. Beýleki kazylaram ony sylaýardy. Gamaliýel: «Resullary az wagtlyk daşary çykaryň» diýende kazylar gulak asdy (Res. 5:34). Soňra Gamaliýel kazylara rimlilere garşy gozgalaň turzan adamlar barada aýtdy. Olaryň ýolbaşçysy ölende yzyna eýerýän adamlar dargap gitdi. Isanyň ölenine-de köp wagt geçmändi. Şonuň üçin Gamaliýel kazylara şeýle maslahat berdi: «Şu adamlara degmäň, öz gününe goýuň. Olaryň öwredýän zatlary we edýän işleri ynsanyňky bolsa, öz-özünden ýitip gider. Eger Hudaýdan bolsa, olary ýok edip bilmersiňiz, gaýtam Hudaýyň duşmany bolaýmaň» (Res. 5:38, 39). Kazylar Gamaliýeliň maslahatyny diňlediler. Soňra resullary çagyryp gamçyladylar, «Isanyň ady hakda wagyz etmezligi tabşyryp, boşadyp goýberdiler» (Res. 5:40).

13 Şu günlerem Ýehowa Gamaliýel ýaly ygtyýarly adamlar arkaly halkyna kömek edýär (Nak. 21:1). Ýehowa mukaddes ruhy arkaly hökümet ýolbaşçylaryna, kazylara, kanun çykaryjylara öz islegini etdirip bilýär (Neh. 2:4—8). Eger dogruçyl bolanymyz üçin görgi görýän bolsak, iki zada ynamly bolup bileris (1 Pet. 3:14). Birinjiden, Hudaý çydamaga güýç berýär (1 Kor. 10:13). Ikinjiden, duşmanlar Hudaýyň islegine garşy çykyp bilmez (Işa. 54:17).

14, 15. a) Resullar gamçylansalar-da näme üçin begendiler? b) Henrik Dornik dogan hakda gürrüň beriň.

14 Resullar gamçylanandygy üçin ruhdan düşdilermi ýa-da olaryň yhlasy gowşadymy? Ýok, gaýtam olar «begenip, Mejlisden çykyp gaýtdylar» (Res. 5:41). Elbetde, resullar gamçylanandygyna begenmediler. Olar Ýehowa wepaly bolandyklaryna, Halypasynyň ady üçin yzarlanýandyklaryna begendiler (Mat. 5:11, 12).

15 Bizem I asyrdaky dogan-uýalar ýaly, hoş habary wagyz edýändigimiz üçin köp synaglara duş gelýäris (1 Pet. 4:12—14). Elbetde, azar berseler, yzarlasalar, türmä bassalar aňsat bolmaýar. Ýöne Ýehowa wepaly bolanymyzda kalbymyz şatlykdan dolýar. Geliň, Henrik Dornik hakda gürrüň edeliň. Ol birnäçe ýyllap yzarlandy. 1944-nji ýylyň awgustynda Henrik bilen doganyny konslagere iberýärler. Duşmanlar: «Bulary mejburlap, hiç zat etdirip bolmaýar. Olar imany üçin öldüriljekdigine begenýärler» diýýär. Dornik dogan şeýle diýýär: «Elbetde, meniň ölesim gelenokdy. Ýöne Ýehowa wepaly bolasym gelýärdi. Şonuň üçin hem kynçylyklarda ýan bermedim, mertebämi sakladym. Şeýle edenime diýseň begenýän» (Ýak. 1:2—4).

Bizem resullar ýaly «öýden-öýe» wagyz edýäris

16. Şägirtler nädip wagyz etdiler? Biz olardan näme öwrenýäris?

16 Resullar ýene-de wagyz edip başladylar. Olar gorkman, «her gün ybadathana baryp we öýden-öýe aýlanyp... Isa Mesih hakda hoş habary wagyz edýärdiler» d (Res. 5:42). Olar Isanyň tabşyrygyna eýermäge jan edýärdiler, adamlaryň öýüne baryp wagyz edýärdiler (Mat. 10:7, 11—14). Şeýdip, hoş habar Iýerusalimiň ähli ýerine ýaýrady. Şu günlerem Ýehowanyň Şaýatlary resullaryň göreldesine eýerýärler. Olar her bir adam hoş habary eşider ýaly, öýden-öýe aýlanyp wagyz edýärler. Ýehowa öýden-öýe wagyz etmekligi goldaýarmy? Elbetde, goldaýar. Şu günler millionlarça adamlar Hudaýyň halkyna goşulýar. Olaryň köpüsi öýden-öýe wagyz edilende hoş habary ilkinji sapar eşitdiler.

«Azyk paýlamak» üçin ynamdar adamlar saýlandy (Resullar 6:1—6)

17—19. Täze dörän ýygnakda nähili kynçylyk ýüze çykdy? Resullar kynçylygy çözmek üçin näme etdi?

17 Täze dörän mesihçiler ýygnagynda ýene bir kynçylyk ýüze çykdy. Iýerusalime gelen myhmanlaryň köpüsi suwa çümdürildi. Olar öýüne gaýtmankalar köp zatlary bilesi gelýärdi. Myhmanlar gerek-ýarak zatlaryny alyp biler ýaly, Iýerusalimdäki şägirtler pul berdiler (Res. 2:44—46; 4:34—37). Şonda bir mesele ýüze çykdy. Azyk paýlananda ýewreýçe gepleýän dul aýallaryň aladasy edilýärdi. Ýöne grekçe gepleýän dul aýallar gözden salynýardy (Res. 6:1). Kynçylygyň köki milletparazlykdy. Täze dörän mesihçiler ýygnagynda agzybirlik bolar ýaly bir zatlar etmelidi.

18 Ýolbaşçylyk maslahatyndaky doganlaryň işi kändi. Şol sebäpli olar şeýle diýdiler: «Biz Hudaýyň sözüni öwretmegi goýup, azyk paýlap ýörsek, dogry bolmaz ahyry» (Res. 6:2). Olar meseläni çözmek üçin azyk paýlar ýaly, ýedi sany «paýhasly we mukaddes ruhdan doly» göreldeli adamy saýlamagy tabşyrdylar (Res. 6:3). Saýlanjak doganlaryň işi diňe bir azyk paýlamak däldi. Olar pullary nämä harçlamalydygyny çözmelidi, azyk satyn almalydy, hemme zadyň hasap-hesibini ýöretmelidi. Resullar doga edip oýlanansoň, «azyk paýlamak üçin» ýedi dogany saýladylar. Saýlanan ýedi doganyňam grek ady bardy. Şondan soň grekçe gepleýän dul aýallara doganlara ynanmak aňsat bolandyr e.

19 Azyk paýlamak üçin saýlanan doganlar «wagyz etmesemem bolýar» diýdilermi? Elbetde, ýok. Saýlanan doganlaryň arasynda Stefanusam bardy. Ol Hudaýyň kömegi bilen hoş habary batyrgaý wagyz edýär (Res. 6:8—10). Saýlanan ýedi doganyň biri Filipus «hoş habarçy» diýip tanalýar (Res. 21:8). Görşümiz ýaly, saýlanan doganlaryň ýedisi hem Patyşalyk baradaky hoş habary yhlasly wagyz edýärler.

20. Hudaýyň halky resullaryň göreldesine nädip eýerýär?

20 Şu günlerem Ýehowanyň halky resullaryň göreldesine eýerýärler. Ýolbaşçylyk maslahatynyň görkezmesi bilen Mukaddes Kitabyň talaplaryna laýyk gelýän doganlar ýaşuly ýa-da ýygnak hyzmatçysy bellenýär f. Ýygnagyň aladasyny etmek üçin saýlanan doganlar Ýehowanyňky ýaly pikirlenmeli we olarda ruhuň miwesi bolmaly (1 Tim. 3:1—9, 12, 13). Talaplara laýyk gelýän doganlar mukaddes ruh arkaly bellenýär. Olar ýygnakda köp işleri edýärler. Meselem, kömege mätäç uly ýaşly dogan-uýalary goldamak üçin elinde baryny edýärler (Ýak. 1:27). Ýaşulularyň käbiri Ýygnak jaýynyň gurluşygyna gatnaşýarlar, kongresleri gurnaýarlar ýa-da keselhanalar bilen işleýän komitetde gulluk edýärler. Hyzmatçylar hem ýygnakda köp işleri edip, ýaşulularyň işini ýeňledýärler. Şol doganlaryň kömegi bilen ýaşulularyň çopançylyk idegini etmäge we tälim bermäge wagty bolýar. Zähmetsöýer ýaşulular we hyzmatçylar ýygnakda köp borçlary ýerine ýetirseler-de, Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edýärler (1 Kor. 9:16).

«Hudaýyň sözi köp ýerlere wagyz edilýärdi» (Resullar 6:7)

21, 22. Ýehowa täze dörän mesihçiler ýygnagyny nädip goldady?

21 Täze dörän mesihçiler ýygnagy Ýehowanyň kömegi bilen yzarlamalara döz gelýär, ýygnakda dörän kynçylyklary çözýär. Ýehowanyň olara kömek edýändigi mese-mälim görünýär. Mukaddes Kitapda: «Hudaýyň sözi köp ýerlere wagyz edilýärdi, Iýerusalimde şägirtleriň sany barha artýardy. Hatda köp ruhanylar hem iman etdiler» diýilýär (Res. 6:7). Resullar kitabynda I asyrda hoş habaryň nädip ýaýrandygy barada başga-da wakalar bar (Res. 9:31; 12:24; 16:5; 19:20; 28:31). Şu günlerem Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habar dünýäniň dört künjeginde wagyz edilýär.

22 I asyrdaky dini ýolbaşçylar yzarlamagyny bes etmediler. Gaýtam yzarlamalar barha güýçlendi. Indiki bapda ýowuz yzarlamalara duçar bolan Stefanus barada gürrüň ederis.

a « Mejlis — ýehudylaryň ýokary kazyýeti» diýen çarçuwa serediň.

b Resullar kitabynda «perişde» sözi takmynan 20 gezek duş gelýär. Şu wakada ol ilkinji gezek agzalýar. Ýöne Resullar 1:10-da perişdeler barada aýdylanda olara «ak eşikli adamlar» diýlipdir.

c « Gamaliýel — atly-abraýly mugallym» diýen çarçuwa serediň.

d « Öýden-öýe wagyz etmek» diýen çarçuwa serediň.

e Mukaddes Kitapda doganlaryň haçan ýaşuly ýa gözegçi edip saýlanyp başlanandygy anyk aýdylmaýar. Ýöne «azyk paýlamak üçin» saýlanan doganlarda ýaşululardan talap edilýän häsiýetler bolan bolmaly.

f I asyrda käbir doganlar ýaşululary belläp bilýärdiler (Res. 14:23; 1 Tim. 5:22; Tit. 1:5). Şu günlerem Ýolbaşçylyk maslahaty etrap gözegçilerini belleýär. Etrap gözegçileri hem ýygnakda ýaşululary we hyzmatçylary belleýär.