2-NJI BAP
«Men hakda wagyz edersiňiz»
Isa resullaryny hoş habary wagyz etmäge taýynlady
1—3. Resullar Isa bilen soňky gezek görşende näme boldy? Haýsy soraglaryň jogabyny bileris?
ISA ölensoň şägirtleri örän gynanypdylar. Ýöne direlensoň, olaryň şatlygynyň çägi bolmady. Isa 40 günüň içinde resullaryna göründi, olara köp zatlary öwretdi, ruhlandyrdy. Resullaryň Isanyň ýanyndan aýrylasy gelmeýärdi. Ýöne Isanyň göge galmaly wagty gelip ýetipdi.
2 Şol wagt Isa bilen resullar Zeýtun dagynda durdylar. Resullar Isanyň her bir sözüni ünsli diňleýärdiler. Isa sözüni tamamlap şägirtlere elini uzadyp ak pata berdi. Soňra Isa göge galyp başlady. Şägirtler oňa seredip durdylar. Isa bulutlaryň içine girip, gözden gaýyp boldy. Ýöne şägirtler şonda-da gözüni aýyrmaýardylar (Luka 24:50; Res. 1:9, 10).
3 Indi şägirtleriň durmuşy bütinleý üýtgedi. Olar Halypasynyň başlan işini dowam etmelidi. Resullar muny nädip ederler? Olara Isa kömek etdi, hoş habary wagyz etmäge taýýarlady. Isa olara nädip kömek etdi we resullar näme etdi? Resullardan biz näme öwrenip bileris? Şu wajyp soraglaryň jogaby Resullar kitabynyň birinji babynda bar.
«Ençeme gezek subut etdi» (Resullar 1:1—5)
4. Resullar kitabynyň başynda näme ýazylan?
4 Luka resullar kitabynyň başynda Teofile ýüzlenýär. Ol Hoş habaryny hem Teofile a ýazýar. Resullar kitaby Hoş habaryň dowamy diýse-de bolýar. Sebäbi Luka kitabynyň soňundaky wakalar Resullar kitabynyň başynda-da agzalýar. Ol Resullar kitabynda Hoş habardaky wakalary jemläp aýdýar we käbir jikme-jiklikleri goşýar.
5, 6. a) Isanyň şägirtlerine imanyny berkitmäge näme kömek eder? b) Hakyky mesihçiler imanyny berkitmek üçin näme edýärler?
5 Isanyň şägirtlerine imanyny berkitmäge näme kömek eder? Resullar 1:3-de şeýle diýilýär: «Isa görgi görüp ölenden soňra-da, şägirtlerine direlendigini ençeme gezek subut etdi». Şu aýatda Luka lukman subutnamalar hakda gürrüň edýär (Kol. 4:14). Lukanyň ulanan grek sözi lukmançylyk kitaplarynda duş gelýär. Şol söz göze görnüp duran, anyk we ynama mynasyp subutnamalary aňladýar. Isa pygamber hem şeýle subutnamalary getiripdir. Käte Isa bir ýa iki şägirdine, bir gezek bolsa 12 resulyna görnüpdir. Başga bir gezek Isa 500-den gowrak şägirtlere göründi (1 Kor. 15:3—6). Şägirtler Isanyň direlendigini öz gözleri bilen gördüler. Şonda olaryň imany hasam berkedi.
6 Şu günlerem mesihçiler subutnamalary öwrenip imanyny berkidýärler. Isanyň ýer ýüzünde ýaşandygyny, günälerimiz üçin ölendigini, soňra direlendigini görkezýän subutnamalar barmy? Hudaý Mukaddes Kitaba adamlaryň öz gözi bilen gören wakalaryny ýazdyrdy. Olaryň ýazan zatlary biziň üçin subutnama. Eger bizem şol wakalary doga edip ünsli öwrensek, imanymyz berkär. Subutnamalary öwrenýän adamyň imany bolan zatlara ýöne bir ynanýan adamyň imanyndan has berk bolýar. Ebedi ýaşaýşy hem şeýle imanly adam alyp bilýär (Ýah. 3:16).
7. Isa näme barada wagyz edýärdi? Mesihçiler näme barada wagyz edýär?
7 Isa «Hudaýyň Patyşalygy barada-da» wagyz edýärdi. Meselem, ol Mesihiň ejir çekjekdigi, soňra öldüriljekdigi baradaky pygamberlikleri düşündirdi (Luka 24:13—32, 46, 47). Ol Mesihiň kimdigini düşündirende Hudaýyň Patyşalygy barada-da aýdýar, sebäbi Isa şol Patyşalygyň patyşasy bolmalydy. Mesihçiler hem Isadan görelde alyp, Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edýärler (Mat. 24:14; Luka 4:43).
«Bütin ýer ýüzünde» (Resullar 1:6—12)
8, 9. a) Resullar nämä ýalňyş düşünýärdiler? b) Isa resullaryny nädip düzetdi? Biz näme öwrenýäris?
8 Resullar Zeýtun dagynda ýygnanyşanda Isa bilen soňky gezek görüşdiler. Şonda olar Isadan: «Mugallym, Ysraýylda patyşalygy häzir dikeltjekmi?» diýip soradylar (Res. 1:6). Resullar Isanyň aýdanlaryna ýalňyş düşünipdiler. Olar başga zada garaşýandygy üçin şol soragy beripdiler. Birinjiden, olar Hudaýyň Patyşalygy diňe ysraýyl halky üçin dikeldiler öýdýärdiler. Ikinjiden, olar Hudaýyň Patyşalygy «şol wagt» höküm sürüp başlar diýip pikir etdiler. Isa olary nädip düzetdi?
9 Isa ýene on günden resullarynyň täze halkyň döreýşini gözi bilen görjekdigini bilýärdi. Şonda resullar Hudaýyň Patyşalygynyň diňe ysraýyl halky üçin dikeldilmejekdigine düşüner. Şondan soň Hudaý ysraýyl halkyndan ýüz öwrer. Olar Hudaýyň halky hasaplanmaz. Şeýle-de Isa Hudaýyň Patyşalygynyň şol wagt höküm sürüp başlamajakdygyny düşündirdi. Ol: «Bellenen wagty we döwri diňe Atam bilýändir, size bilmek hökman däl» diýdi (Res. 1:7). Dogrudanam, Ýehowa islegini amala aşyrjak wagtyny diňe özi çözýär. Isa ölmänkä: «Şol güni we sagady... diňe Ata bilýändir» diýip, özüniň hem bilmeýändigini aýtdy (Mat. 24:36). Eger mesihçi: «Dünýäniň soňy haçan gelerkä?» diýip howsala düşse, özüne degişli däl zady alada edýär.
10. Biz şägirtlerden näme öwrenip bilýäris we näme üçin?
10 Resullar Isanyň aýdanlaryna doly düşünmeseler-de, olaryň imany berkdi. Şonuň üçin biz olary ýazgarmaly däl. Olar pesgöwünli bolup, Isanyň maslahatyny kabul etdiler, sebäbi resullaryň niýeti gowudy. Isa şägirtlerine ençeme sapar: «Oýa boluň» diýipdi (Mat. 24:42; 25:13; 26:41). Şonuň üçin hem şägirtleriň ruhy taýdan oýa bolup, Ýehowanyň islegini haçan amala aşyrjakdygyny bilesi gelýärdi. Bizem şägirtleriň göreldesine eýermeli. «Soňky günlerde» ýaşaýandygymyz üçin hasam oýa bolasymyz gelýär (2 Tim. 3:1—5).
11, 12. a) Isa resullaryna näme tabşyrdy? b) Bize wagyz etmäge näme kömek edýär we näme üçin?
11 Isa şägirtlerine: «Siziň üstüňize mukaddes ruh inende, güýjüňize güýç goşulyp, Iýerusalimde, tutuş Ýahudada, Samariýada we bütin ýer ýüzünde men hakda wagyz edersiňiz» diýdi (Res. 1:8). Şeýdip, ol şägirtlerine nämä üns bermelidigini aýtdy. Şägirtler Isanyň direlendigi hakda ilki bilen Iýerusalimde wagyz etmelidiler. Sebäbi Isany şol ýerde öldüripdiler. Soňra olar Ýahudada, Samariýada we başga ýerlerde wagyz etmelidiler.
12 Şeýle-de Isa şägirtlerine wagyz etmäge mukaddes ruhuň beriljekdigini hem aýtdy. Resullar kitabynda «mukaddes ruh» diýen jümle 40-dan gowrak duş gelýär. «Mukaddes ruh» sözüniň köp agzalmagy wagyz etmäge Ýehowanyň mukaddes ruhunyň gerekdigini görkezýär. Şonuň üçin biz her gün Ýehowadan mukaddes ruhuny dilemeli (Luka 11:13). Şu günler biz mukaddes ruhuň kömegine hasam mätäç.
13. Hudaýyň halky nirelerde wagyz edýär? Biz näme üçin yhlasly bolmaly?
13 Şol döwür resullar dünýäniň ähli künjeginde wagyz edip bilmeýärdiler. Ýöne häzir Ýehowanyň Şaýatlary bütin ýer ýüzünde wagyz edýärler. Ýehowa ähli adamlaryň Patyşalyk baradaky hoş habary eşitmegini isleýär (1 Tim. 2:3, 4). Dünýäniň dört künjeginde wagyz etmek aňsat bolmasa-da, Hudaýyň halky şol işe ýürekden ýapyşýar. Eger sizem yhlasly wagyz edýän bolsaňyz, adamlaryň janyny halas edýändigiňize begenýänsiňiz. Gaýratyňyz gowşamaz ýaly, Ýehowa güýç berer. Şeýle-de Resullar kitabyndan dogry hem ökdelik bilen wagyz etmegi öwrenersiňiz. Resullar kitabyndan nädip wagyz etseň has gowy boljakdygyny bilersiňiz. Şeýle-de nähili ýagdaý bolsa-da, ýan bermän yhlasly wagyz etmegi öwrenersiňiz.
14, 15. a) Perişdeler Isanyň gelmegi barada näme diýdiler? Olar nämäni göz öňünde tutdylar? b) Isanyň ynsan bedeninde gelmändigini nireden bilýäris?
14 Ýokarky abzaslarda aýdylyşy ýaly, Isa göge galdy we gözden gaýyp boldy. Şol wagt 11 şägirdi oňa seredip durdy. Birdenem perişdeler şägirtlere şeýle diýdi: «Eý jelileliler, näme üçin asmana seredip dursuňyz? Isa siziň ýanyňyzdan nädip asmana galan bolsa, edil şonuň ýaly-da gaýdyp geler» (Res. 1:11). Käbir dini ýolbaşçylar Isa ynsan bedeninde geler diýip öwredýärdiler. Dogrudanam, Isa ynsan bedeninde gelermi? Ýok, perişdeler beýle diýjek bolmady. Biz muny nireden bilýäris?
15 Perişdeler Isanyň göni manydaky bedeni hakda aýtmadylar. Olar Isanyň asmana galşyny göz öňüne tutdylar. Ol asmana nädip galdy? Perişdeler resullar bilen gepleşende, Isa eýýäm gözden gaýyp bolupdy. Isanyň asmana galyp, gökdäki Atasynyň ýanyna gidenini diňe resullar görüpdi. Edil şonuň ýaly, Isanyň gelşi hem onuň gidişi ýaly bolar. Ol şeýle-de boldy. Şu günlerem Mukaddes Kitaba we haýsy döwürde ýaşaýandygyna düşünýän adamlar Isanyň gökde patyşa bolandygyny bilýärler (Luka 17:20). Bizem Isanyň patyşadygyny görkezýän subutnamalary öwrenmeli. Adamlara hem şol barada gürrüň berip, Hudaýa sežde etmegiň wajypdygyny öwretmeli.
«Haýsysyny saýlan bolsaň... görkezäý» (Resullar 1:13—26)
16—18. a) Resullar 1:13, 14-nji aýatlardan näme öwrenýäris? b) Isanyň ejesi Merýemden näme öwrenýäris? ç) Ýygnaklara näme üçin barmaly?
16 Resullar «begenişip Iýerusalime gaýtdylar» (Luka 24:52). Olar Isanyň tabşyrygyna gulak asdymy? Resullar 1:13, 14-nji aýatlardan resullaryň şähere gelip, ýokarky otagda ýygnanyşandygyny we käbir gyzykly maglumatlary bilse bolýar. Şol döwür Palestinadaky jaýlaryň ýokarky otaglary bardy. Oňa öýüň içine girmän çykyp bolýardy, sebäbi basgançaklary daşyndady. Şägirtleriň ýygnanyşan ýokarky otagy Markusyň ejesiniň öýi bolmaly, sebäbi Resullar 12:12-de şägirtleriň Markusyň ejesiniň öýüne ýygnanyşandygy aýdylýar. Şol otag kimiňki bolsa-da, ýönekeýje we ýygnanyşmak üçin amatlydy. Şol gün ýene kimler ýygnanyşdy we olar näme etdi?
17 Ýokarky otaga ýygnanyşanlaryň arasynda resullardan başga-da şägirtler, hatda aýallaram bardy. Isanyň ejesi Merýem hem şol ýere barypdy. Mukaddes Kitapda Merýem barada soňky gezek şu wakada agzalýar. Merýem dogan-uýalardan özüni ýokary tutmandyr. Gaýtam pesgöwünli bolup, olar bilen Hudaýa sežde edipdir. Şol ýere Merýem bilen dört ogly hem gelipdi. Öň Isanyň doganlary oňa iman etmeýärdi (Mat. 13:55; Ýah. 7:5). Ýöne Isa direlensoň, onuň şägirdi boldular. Merýem hem ogullarynyň Isa iman edip, şägirt bolandygyna örän begenendir (1 Kor. 15:7).
18 Şägirtler şol gün näme üçin ýygnanyşdylar? Mukaddes Kitapda: «Olar... dyngysyz doga edýärdiler» diýilýär (Res. 1:14). Olar bilelikde ýygnanyşyp Hudaýa sežde edýärdiler. Şägirtlerden görelde alyp, şu günler bizem ýygnanyşýarys. Şeýdip, birek-biregi ruhlandyrýarys, görkezme, maslahat alýarys we Ýehowa agzybir sežde edýäris. Biz aýdym aýdyp, doga edip, Ýehowany begendirýäris. Geliň, imanymyzy berkidýän ýygnaklardan hiç haçan galmalyň (Ýew. 10:24, 25).
19—21. a) Ýehowa Petrusa nähili ýumuş ynandy? Şol wakadan biz näme öwrenýäris? b) Iudanyň ýerine näme üçin başga resul saýlandy? Şol meseläniň çözülişinden näme öwrenýäris?
19 Indi şägirtler wajyp meseläni çözmelidiler. Şol meseläni Petrus orta atýar (15—26-njy aýatlar). Petrus şondan birnäçe hepde öň Isadan üç gezek ýüz öwrüpdi (Mar. 14:72). Ýöne Ýehowa oňa ýene-de ýumuş ynanýar. Biziň hiç birimiz günä etmeris diýip bilmeýäris. Eger biz ýürekden toba etsek, Ýehowa bagyşlar, sebäbi ol «ýagşy, geçirimli» Hudaý (Zeb. 86:5).
20 Petrus Iudanyň ýerine başga birini resul saýlamalydygyna düşünýär. Ýöne kimi saýlamaly? Resul bolmaly adam Isa ýerdekä onuň şägirdi bolan we Isanyň direlişini gözi bilen gören bolmaly (Res. 1:21, 22). Isa: «Siz hem tagtda oturyp, Ysraýylyň 12 taýpasyna kazylyk edersiňiz» diýdi (Mat. 19:28). Ýehowa hem Isanyň 12 resulynyň gelejekde Täze Iýerusalimiň düýbüni tutjak «12 daş» bolmagyny isleýärdi (Ylh. 21:2, 14). Şonuň üçin Ýehowa Petrusa «wezipesi başga birine berilsin» diýen pygamberlige düşünmäge kömek etdi (Zeb. 109:8). Şol pygamberlik Iudada ýerine ýetdi.
21 Öňler bir zady saýlamak üçin bije atylýardy (Nak. 16:33). Mukaddes Kitapda 12-nji resul saýlananda soňky gezek bije atylandygy aýdylýar. Şägirtler mukaddes ruhy alyp başlansoň, bije atylmandyr. Resullaryň näme üçin bije atandygyny olaryň dogasyndan bilip bolýar. Olar şeýle doga edýär: «Eý Ýehowa, sen ähli adamlaryň ýüregini görýärsiň. Olaryň haýsysyny saýlan bolsaň, bize görkezäý» (Res. 1:23, 24). Resullar şol adamy Ýehowanyň saýlamagyny isleýärdiler. Bije Mattyýanyň paýyna düşýär. Ol Isanyň wagyz etmäge iberen 70 şägirdiniň biridi. Şeýdip, Mattyýa «12 resulyň» biri bolýar b (Res. 6:2).
22, 23. Gözegçi doganlara näme üçin gulak asmaly?
22 Şu waka Ýehowanyň guramasynda tertip-düzgüniň bolmagyny isleýändigini görkezýär. Şonuň üçin ýygnaklarda gözegçiler bellenýär. Ýaşulular gözegçileri bellemek üçin Mukaddes Kitapdaky talaplara laýyk gelýän-gelmeýändigine seredýärler we Hudaýdan mukaddes ruhy arkaly görkezme bermegini dileýärler. Dogan-uýalar hem gözegçileri Hudaýyň belleýändigine düşünýärler. Ýolbaşçylyk edýän doganlara gulak assak, ýygnagyň agzybir bolmagyna kömek ederis (Ýew. 13:17).
23 Isa direlensoň, hemme zat üýtgedi. Şägirtleriň imany hasam berkedi. Olar indi öňünde boljak zatlara doly taýyndylar. Indiki bapdan üýtgeşik waka barada bileris.
a Luka Hoş habarynda Teofile «hormatly Teofil» diýip ýüzlenýär. Käbir adamlaryň aýtmagyna görä, şol wagtlar Teofil Isanyň şägirdi däl-de, ýokary wezipeli adam bolupdyr (Luka 1:1). Luka Resullar kitabynda bolsa «Eý, Teofil» diýip ýüzlenýär. Käbir alymlaryň aýtmagyna görä, Teofil Hoş habary okansoň, Isanyň şägirdi bolupdyr. Şonuň üçin hem «hormatly Teofil» diýip ýüzlenmändir.
b Pawlus başga milletlere wagyz etmek üçin saýlanan resuldy. Ýöne ol 12 resula degişli bolmandyr (Rim. 11:13; 1 Kor. 15:4—8). Isa ýerdekä Pawlus onuň şägirdi bolmandy. Şonuň üçin ol 12 resulyň biri bolup bilmeýärdi.