Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

4-NJI BAP

Sada we bilimsiz adamlar

Sada we bilimsiz adamlar

Ýehowa batyrgaý resullaryň tagallasyny bereketledi

Resullar 3:1—5:11

1, 2. Petrus bilen Ýahýa nähili gudrat görkezdiler?

 ASMANDAKY GÜN dumly-duşdan gelýän märekäniň üstüne ýiti şöhlesini saçyp durdy. Hudaýa wepaly ýehudylar bilen Isanyň şägirtleri ybadathana gelýärdiler. Hudaýa «doga edilýän wagtam» a golaýlapdy (Res. 2:46; 3:1). Adamlaryň gürrüňleriniň, gürpüldäp çykýan aýak sesleriniň yzy üzülmeýärdi. Giden märekäniň içinde Petrus bilen Ýahýa hem bardy. Olar «Owadan» diýen derwezä ýetip barýardy. Şol derwezäniň agzynda dogabitdi agsak adam oturýardy. Ol ýöräp bilmeýärdi, gelýän adamlardan pul dileýärdi (Res. 3:2; 4:22).

2 Petrus bilen Ýahýa ybadathana girip barýarka, agsak adam olardanam pul soraýar. Resullar onuň ýanyna baranda agsak adam pul berer öýdüp, olaryň eline seredýär. Ýöne Petrus: «Mende kümüş hem ýok, altyn hem ýok. Ýöne bar zadymdan bereýin: nazaretli Isa Mesihiň adyndan saňa diýýärin, ýöre!» diýýär. Göz öňüne getiriň, Petrus agsak adamyň elinden tutup, ýerinden galdyrýar. Ol ömründe ilkinji gezek aýak üstünde durýar. Ony gören märeke haýran galýar (Res. 3:6, 7). Agsak adamyň ýerinden turup aýaklaryna seredende begenişi göz öňüňize gelýärmi? Ol begenjinden ýaňa bökjekläp, gygyryp Hudaýy şöhratlandyrýar.

3. Hudaý agsak adama we märekä nähili ýagşylyk etdi?

3 Adamlar gören gudratyna haýran galyp, Petrus bilen Ýahýanyň ýanyna ylgap bardylar. Şägirtler «Süleýmanyň sütünleri» diýen ýerde durdylar. Öň Isa-da şol ýerde durup wagyz edipdi. Petrus märekä şol gudraty nädip edendigini düşündirýär (Ýah. 10:23). Ol märekä-de, sagalan agsak adama-da altyn-kümüşden has gymmatly zadyň berlendigini aýtdy. Hudaý şol gudraty görkezip, adamlara uly ýagşylyk etdi. Indi olar toba etseler, günäleriniň geçiljekdigini bilýärdi. Şeýle-de ýaşaýyş berýän «Baş Ýolbaşçynyň», ýagny Isa Mesihiň şägirdi bolup bilýärdiler (Res. 3:15).

4. a) Petrus bilen Ýahýa gudrat görkezensoň dini ýolbaşçylar näme etdiler? b) Nähili soraglaryň jogabyny bileris?

4 Şol gün diňe agsak adam däl, müňlerçe adam sagaldy. Agsak adam-a ýöräp başlady, ony gören adamlar bolsa Hudaýyň isleginiň nämedigine düşündiler. Indi olar Hudaýy razy edip bilýärdiler (Kol. 1:9, 10). Şol gün dini ýolbaşçylar Isanyň şägirtlerine Patyşalyk baradaky habary wagyz etdirmejek boldular (Res. 1:8). Olar Petrus bilen Ýahýany sada, bilimsiz adam hasaplaýardylar. Ýöne biz olaryň wagyz edişinden, ulanan usullaryndan näme öwrenip bilýäris? b (Res. 4:13). Petrus, Ýahýa we beýleki şägirtler garşylyklar bolsa-da nädip wagyz etdiler? Biz olaryň göreldesine nädip eýerip bilýäris?

«Öz güýjümiz» bilen däl (Resullar 3:11—26)

5. Petrusdan näme öwrenip bileris?

5 Petrusy diňläp duran märekäniň içinde Isany pürse çüýleden adamlaram bardy (Mar. 15:8—15; Res. 3:13—15). Petrus muny bilse-de, agsak adamy Isanyň kömegi bilen sagaldandygyny gorkman aýtdy. Ol märekä Isanyň ölümine sebäp bolandyklaryny hem aýtmaga çekinmedi. Ýöne Petrus olaryň muny «düşünmän edendigini» bilýärdi. Şonuň üçinem olar bilen gödek gürleşmedi (Res. 3:17). Gaýtam olara «doganlarym» diýip ýüzlendi. Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etdi. Şeýle-de Petrus adamlara: «Toba etseňiz, Isa iman etseňiz, Hudaý „ýüregiňize rahatlyk berer“» diýýär (Res. 3:19). Bizem gorkman Hudaýyň höküm habaryny açyk wagyz etmeli. Adamlar bilen gödek gepleşmeli däl, ýazgarmaly däl. Gaýtam olara doganymyz, uýamyz ýaly seretmeli we Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmeli.

6. Petrus bilen Ýahýa nädip pesgöwünli boldy?

6 Resullar pesgöwünli adamlardy. Olar gudrat görkezendigi üçin özüni şöhratlandyrmadylar. Petrus märekä şeýle diýdi: «Biz ony öz güýjümiz ýa-da Hudaýa wepaly bolandygymyz üçin sagaldandyrys öýdýäňizmi?» (Res. 3:12). Resullar ýagşylygy öz güýji bilen däl-de, Ýehowanyň güýji bilen edýändiklerine düşünýärdiler. Şeýdip, olar pesgöwünlidigini görkezdiler. Adamlaryňam Ýehowany we Isany şöhratlandyrmaklaryny isleýärdiler.

7, 8. a) Biz adamlara nädip ýagşylyk edýäris? b) «Ähli zadyň dikeldilýändigi» baradaky pygamberlik nädip ýerine ýetýär?

7 Biz adamlara hoş habary wagyz edenimizde resullar ýaly pesgöwünli bolmaly. Şu günler bize mukaddes ruh berilse-de, adamlary gudrat bilen sagaldyp bilmeýäris. Ýöne olara Ýehowa we Isa iman etmäge kömek edip bilýäris. Ýehowanyň adamlaryň günäsini bagyşlaýandygyny, olara göwünlik berýändigini aýdyp bilýäris. Şeýdip, Petrus resul ýaly, biz adamlara uly ýagşylyk edýäris. Her ýyl müňlerçe adamlar Ýehowa barada bilim alyp, Isanyň şägirdi bolýarlar.

8 Biz «ähli zadyň dikeldilýän» döwründe ýaşaýarys. Şol döwür barada Petrus resulam aýdypdy. 1914-nji ýylda Hudaýyň Patyşalygy gökde höküm sürüp başlady. Şonda Hudaýyň «mukaddes pygamberleri arkaly» aýdan pygamberligi ýerine ýetdi (Res. 3:21; Zeb. 110:1—3; Dan. 4:16, 17). Şondan biraz wagt geçensoň, Isa şägirtlerine arassa seždäni dikeltmäge kömek etdi. Şeýdip, millionlarça adamlar ruhy Jennetde ýaşap başladylar we Hudaýyň Patyşalygynyň raýatlary boldular. Olar «öňki häsiýetlerini» goýup, «Hudaýyň islegine görä ýaradylan... täze häsiýetleri geýdiler» (Efes. 4:22—24). Dogabitdi agsak adama Hudaýyň kömek edişi ýaly, täze häsiýetleri ösdürmäge-de Hudaýyň mukaddes ruhy kömek edýär. Adamlar muny öz güýji bilen edip bilmeýär. Petrus ýaly bizem Hudaýyň Sözüni batyrgaýlyk we ökdelik bilen öwretmeli. Biz köp adama Isanyň şägirdi bolmaga kömek etsegem, muny Hudaýyň güýji bilen başarýandygymyzy ýatdan çykarmaly däl.

«Biz... aýtman durup bilmeris» (Resullar 4:1—22)

9—11. a) Atly-abraýly ýolbaşçylar näme etdiler? b) Resullar näme etdiler?

9 Petrusyň ybadathanada aýdan zatlaryna, görkezen gudratyna hemmeler şaýat boldy. Agsak adam sagalanyna begenýärdi. Bökjekläp, gygyryp Hudaýy şöhratlandyrýardy. Ybadathananyň gözegçileri bilen uly ruhanylar märekäniň we agsak adamyň goh-galmagalyny eşidip ylgaşyp geldiler. Olar saddukeýlerdi. Saddukeýler baý, atly-abraýly, ygtyýarly dini topardy. Saddukeýler fariseýleriň girizen däp-dessurlaryna eýermeýärdi, direlişe-de ynanmaýardylar c. Olar Petrus bilen Ýahýanyň Isanyň direlişi barada gorkman, aç-açan gürrüň berýändiklerini görüp, gahardan ýaňa ýarylaýjak boldular.

10 Gözegçiler Petrus bilen Ýahýany türmä basdylar. Ertesi günem köşeşmän, olary ýehudylaryň ýokary kazyýetine süýräp eltdiler. Atly-abraýly ýolbaşçylar resullary sada, bilimsiz hasaplaýardylar, ybadathanada öwretmäge haky ýok diýip pikir edýärdiler. Sebäbi resullar hiç hili dini mekdepde okamandylar. Dini ýolbaşçylar Petrus bilen Ýahýanyň ynamly, batyrgaý gepleýändigine aňk-taňk boldular. Resullar näme üçin çekinmän ynamly geplediler? Olar Halypasy Isadan öwrenipdiler (Res. 4:13). Isa kanunçylar ýaly däl-de, ygtyýarly adam ýaly öwredýärdi (Mat. 7:28, 29).

11 Kazyýet Petrus bilen Ýahýa hiç ýerde wagyz etmezligi tabşyrdy. Ýehudylaryň ýokary kazyýetiniň çykaran karary kanundy. Hemmeler oňa gulak asmalydy. Şondan birnäçe hepde öň Isa-da şol kazylaryň öňünde durupdy. Olar Isany «öldürmeli» diýipdiler (Mat. 26:59—66). Resullar muny bilse-de, hiç zatdan gorkmadylar. Olar baý, atly-abraýly, ygtyýarly adamlaryň öňünde gorkman geplediler. Olara: «Oýlanyp görüň, Hudaýa gulak asmak dogrumy ýa-da size? Biz gören-eşidenlerimizi aýtman durup bilmeris» diýdiler (Res. 4:19, 20).

12. Gorkman wagyz etmek üçin näme etmeli?

12 Siz ýokary bilimli, wezipeli, atly-abraýly adamlara wagyz etmäge çekinýärsiňizmi? Eger dogan-garyndaşlaryňyz, klasdaşlaryňyz ýa işdeşleriňiz üstüňizden gülse näme? Şeýle ýagdaýlarda resullar ýaly gorkman wagyz edýärsiňizmi? Eger gorkýan bolsaňyz, alada etmäň. Gorkyny ýeňip bolýar. Isa şägirtlerine adamlara hormat goýup, ýumşaklyk bilen, ýöne ynamly wagyz etmegi öwretdi (Mat. 10:11—18). Isa direlensoň, şägirtlerine: «Dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn» diýip söz berdi (Mat. 28:20). Ol «wepaly hem paýhasly hyzmatkär» arkaly imanyň barada çekinmän wagyz etmegi öwredýär (Mat. 24:45—47; 1 Pet. 3:15). Biz «Mesihçileriň durmuşy we wagzy» duşuşygyndan, jw.org saýtyndaky «Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby» diýen makalalardan wagyz etmegi öwrenip bilýäris. Duşuşyklara yzygider barsaňyz, makalalary okasaňyz, imanyňyz barada çekinmän ynamly gürrüň berersiňiz. Şonda size-de gören-eşiden zatlaryňyzy aýtmaga hiç kim, hiç zat böwet bolup bilmez.

Hakykaty wagyz etmäge hiç kim, hiç zat böwet bolmasyn

«Batly ses bilen Hudaýa... doga etdiler» (Resullar 4:23—31)

13, 14. Garşylyklar bolanda näme etmeli we näme üçin?

13 Petrus bilen Ýahýa türmeden boşan badyna dogan-uýalaryň ýanyna barýarlar. Olar bilelikde «batly ses bilen Hudaýa» doga edýärler, wagyz etmäge batyrgaýlyk soraýarlar (Res. 4:24). Petrus Hudaýyň islegini ýerine ýetirmek üçin öz güýjüne daýanmaly däldigini gowy bilýärdi. Şondan birnäçe hepde öň, Petrus ynam bilen Isa: «Hemmeler senden ýüz öwürse-de, men hiç haçan ýüz öwürmerin!» diýipdi. Isa Petrusyň adamlardan gorkup taşlap gitjekdigini aýdypdy. Isanyň aýdyşy ýaly, Petrus dostundan, Halypasyndan ýüz öwürdi. Ýöne soň Petrus ýalňyşyndan sapak edindi (Mat. 26:33, 34, 69—75).

14 Isanyň tabşyrygyna gulak asmak üçin öz güýjüňize daýanmaň. Imandan dändirjek bolanlarynda ýa-da wagyz etdirmejek bolanlarynda, Petrus bilen Ýahýanyň göreldesine eýeriň. Ýehowadan güýç diläň. Ýygnagyňyzdaky dogan-uýalardan kömek soraň. Şeýle-de ýaşululara, otdan-suwdan geçen dogan-uýalara kynçylyklaryňyz barada gürrüň beriň. Şonda olar siziň üçin Ýehowa doga ederler. Ýehowa-da olaryň dogasyny eşidip, size güýç berer (Efes. 6:18; Ýak. 5:16).

15. Yhlasymyz gowşan bolsa resullardan näme öwrenip bileris?

15 Garşylyklar sebäpli siziňem wagyz etmäge höwesiňiz gaçan bolsa ýa-da yhlasyňyz gowşan bolsa, ruhdan düşmäň. Isa ölensoň, şägirtlerem biraz wagtlyk wagyz etmegini goýdular. Ýöne soň aýaga galdylar (Mat. 26:56; 28:10, 16—20). Şonuň üçin sizem öňki eden ýalňyşlaryňyzy ýatlap, ruhdan düşmäň. Ýalňyşyňyzy gaýtalaman, siziň ýaly kynçylyklary başdan geçirýän dogan-uýalara kömek ediň.

16, 17. Şägirtler näme barada doga etdiler? Olardan näme öwrenip bilýäris?

16 Hökümet ýolbaşçylary wagyz etmegi gadagan etseler näme barada doga etmeli? Isa şägirtlerine: «Meni yzarlan bolsalar, sizi-de yzarlarlar» diýipdi (Ýah. 15:20). Şonuň üçin şägirtler Ýehowa kynçylyklary, yzarlamalary aýyr diýip däl-de, «olaryň haýbat atyşyna seret» diýip doga etdiler (Res. 4:29). Olar pygamberligiň ýerine ýetýändigi üçin yzarlanýandygyna düşünýärdiler. Isa şägirtlerine Hudaýyň isleginiň ýerde amala aşmagy barada doga etmegi öwredipdi. Şonuň üçin şägirtler hökümet ýolbaşçylary näme etseler-de, Hudaýyň isleginiň ýerde amala aşjakdygyna şübhelenmeýärdiler (Mat. 6:9, 10).

17 Şägirtler: «Bize sözüňi batyrgaý wagyz etmäge kömek et» diýip, Ýehowa doga etdiler. Ýehowa olaryň dogasyna derrew jogap berdi. Şägirtleriň «oturan öýleri sarsdy we ählisi mukaddes ruhdan dolup, Hudaýyň sözüni batyrgaý wagyz edip başladylar» (Res. 4:29—31). Dogrudanam, Hudaýyň isleginiň amala aşmagyna hiç kim, hiç zat böwet bolup bilmeýär (Işa. 55:11). Kynçylyklaryň, garşylyklaryň sany-sajagy bolmasa-da, duşmanlar güýçli ýaly görünse-de, Ýehowadan güýç dilesek, ol bize batyrgaý wagyz etmäge kömek eder.

«Adamyň däl, Hudaýyň» öňünde jogapkär (Resullar 4:32—5:11)

18. Iýerusalimdäki dogan-uýalar biri-birine nädip kömek etdiler?

18 Iýerusalimdäki ýygnak gün-günden ulalýardy. Şägirtleriň sany 5 000-denem geçdi d. Olar dürli ýerden bolsalaram, bir bedeniň agzalary ýaly agzybirdiler. Şägirtler «bir pikirde we bir garaýyşdadylar» (Res. 4:32; 1 Kor. 1:10). Olar diňe Ýehowadan kömek soraman, eden dogasyna görä hereket etdiler. Birek-biregiň imanyny berkitdiler, gerek-ýarak zatlaryny ýetirdiler (1 Ýah. 3:16—18). Meselem, Ýusup atly şägirt mellegini satyp, puluny resullara getirip berýär. Resullar oňa «Barnabas» diýýärdiler. Resullar onuň beren puluna myhmanlara gerek-ýarak zatlary alyp berdiler. Şeýdip, myhmanlar Iýerusalimde galyp, Ýehowa we Isa barada köpräk öwrenip bildiler.

19. Ýehowa Ananýas bilen Sapfirany näme üçin ölüme höküm etdi?

19 Ananýas bilen Sapfira atly är-aýal mellegini satyp, puluny resullara getirip berdiler. Olar «puluň ujundan bir bölegini gizläp goýdular». Ýöne resullara hemmesini getirip beren ýaly etdiler (Res. 5:2). Ýehowa olary satan melleginiň puluny doly bermändigi üçin däl-de, niýetiniň erbet bolandygy üçin ölüme höküm etdi. Olar «adama däl, Hudaýa ýalan sözlediler» (Res. 5:4). Isa ikiýüzli adamlary ýazgarypdy. Ananýas bilen Sapfira hem ikiýüzli boldular. Olar Hudaýy razy etmek üçin däl-de, adamlaryň öňünde abraý gazanmak üçin sadaka berdiler (Mat. 6:1—3).

20. Ýehowa nähili gulluk etmegimizi isleýär?

20 Iýerusalimdäki şägirtler örän jomartdy. Şu günlerem millionlarça mesihçiler bütin dünýäde wagyz edilmegi üçin höwes bilen sadaka berýärler. Olar wagyz etmek üçin wagtyny, puluny, hiç zadyny gaýgyrmaýarlar. Ýehowa-da biziň mejburlyk bilen däl-de, höwes bilen gulluk etmegimizi isleýär (2 Kor. 9:7). Ol biziň berýän zadymyzyň sanyna, möçberine däl-de, nähili niýet bilen berýändigimize üns berýär (Mar. 12:41—44). Biz Ananýas bilen Sapfira ýaly bolasymyz gelenok. Biz Ýehowa öz peýdamyz ýa-da adamlaryň öňünde abraý gazanmak üçin gulluk etmeli däl. Geliň, Petrusdan, Ýahýadan, Barnabasdan görelde alyp, Hudaýy we adamlary söýýändigimiz üçin ýürekden gulluk edeliň (Mat. 22:37—40).

a Ybadathanada irden we öýlän gurbanlyk berilýärdi. Şol wagt adamlar Hudaýa doga edýärdiler. Öýlänki gurbanlyk sagat «üç töweregi» berilýärdi.

c « Baş ruhany we uly ruhanylar» diýen çarçuwa serediň.

d B. e. 33-nji ýylynda Iýerusalimde 6 000-e golaý fariseý bardy, saddukeýler hem köp däldi. Fariseýler bilen saddukeýler diňe öz sözüni ýöredesi gelýärdi. Şonuň üçinem resullaryň Isa barada wagyz etmegini islemeýärdiler.