10-NJY BAP
«Ýehowanyň sözi... ähli ýere ýaýraýar»
Petrus türmeden boşaýar, mesihçiler yzarlamalara garamazdan wagyz edýär
1—4. Petrus nähili ýagdaýa düşdi? Onuň ýerine bolan bolsaňyz nähili bolardyňyz?
PETRUSY türmä basýarlar. Göz öňüne getiriň, esgerler Petrusy içerik salyp demir derwezäni ýapýar. Şonda onuň sesi türmäniň içine ýaňlanyp gidýär. Petrusyň her eli bir esgere zynjyr bilen baglanandy. Esgerler ony äkidip gözenege dykýarlar. Belki-de, Petrus indi näme bolarka diýip birnäçe sagatlap, hatda birnäçe günläp alada edendir, onuň ýüregi bükgüldäp durandyr. Türmäniň galyň diwarlary, demir gözenekleri, elindäki zynjyrlar, garawullap duran esgerler arkaýyn wagyz edip ýören resulyň howuny basandyr.
2 Gynansak-da, Petrus ajy habar eşidýär. Hirodes Agrippa I Petrusa ölüm jezasyny berýär a. Ol Pasha baýramyndan soň Petrusy halkyň öňüne çykaryp öldürjek bolýardy. Şeýtse, halkyň göwnüni awlaryn diýip pikir edýärdi. Ol gorkuzjak bolmaýardy, ýüregine düwen zadyny edýärdi, sebäbi şondan birnäçe wagt öň, Ýakuby hem gylyçdan geçirdipdi.
3 Göz öňüne getiriň, gap-garaňky gözenegiň içinde Petrusyň ýeke özi otyr. Ajy habary eşidende onuň kellesine nähili pikirleriň gelendigi hakda oýlanyp görüň. Belki-de, ol Isanyň birnäçe ýyl öň aýdan sözleri hakda oýlanandyr. Isa oňa: «Seni başga biri geýindirer, islemeýän ýeriňe äkider» diýip, nädip öldüriljegini aýdypdy (Ýah. 21:18, 19). Şonda Petrus: «Isanyň aýdan güni geläýdi öýdýän» diýip pikir edendir.
4 Eger Petrusyň ýerine siz bolan bolsaňyz nähili bolardyňyz? Şeýle ýagdaýda köp adamlar: «Indi bar zat gutardy» diýip ruhdan düşerdi. Ýöne Isanyň şägirtleri nähili ýagdaý bolsa-da, çykalganyň bardygyna ynanýarlar. Petrus bilen beýleki şägirtler yzarlamalar bolanda näme etdiler? Biz olardan näme öwrenip bileris? Geliň, bileliň.
«Ýygnak... dyngysyz doga edýärdi» (Resullar 12:1—5)
5, 6. a) Agrippa patyşa näme üçin we nädip ýygnaga azar berdi? b) Ýakubyň ölümi näme üçin ýygnaga agyr degdi?
5 Geçen bapda başga milletli Korneliýiň öý-içerisi bilen suwa çümdürilip, mesihçi bolandygyny bildik. Şol waka mesihçiler üçin görlüp-eşidilmedik wakalaryň biri boldy. Şondan soň Isanyň şägirdi bolan ýehudylar başga milletli adamlar bilen Hudaýa sežde edip başladylar. Muny görüp, Isanyň yzyna eýermeýän ýehudylaryň agzy açylandyr.
6 Hirodes gaty mekirdi, ýehudylaryň göwnüni awlajak bolýardy. Ýehudylar bolsa Isanyň şägirtlerini ýigrenýärdi. Şonuň üçinem Hirodes mesihçileri yzarlaýar. Ol Ýakubyň Isanyň ýakyn dosty bolandygyny bilýän bolmaly. Şol sebäpli ol Ýakuby gylyç bilen öldürdýär (Res. 12:2). Ýakubyň ölümi tutuş ýygnaga agyr degendir. Ýakup gudrat bilen Isanyň daş keşbiniň üýtgeýşini gören üç şägirdiň biridi. Şeýle-de ol beýleki resullaryň görmedik gudratlaryny görüpdi (Mat. 17:1, 2; Mar. 5:37—42). Isa Ýahýa bilen dogany Ýakuba «gök gürrüldisiniň ogullary» hem diýýärdi, sebäbi olar basan ýerinden ot çykarýardy, garadan gaýtmazdy (Mar. 3:17). Indi ýygnakda wepaly hem gaýduwsyz resulyň ýeri boş durdy. Dogan-uýalaryň ählisi ony gowy görýärdi.
7, 8. Petrus türmedekä dogan-uýalar näme etdi?
7 Agrippa maksadyna ýetdi, Ýakup öldürilende ýehudylar heşelle kakdy. Indi ol Petrusy öldürmegiň küýüne düşdi. Babyň başynda aýdylyşy ýaly, ol Petrusy tussag edipdi. Ýöne şu kitabyň 5-nji babynda resullaryň öň türmeden gudrat bilen boşandygy aýdylýar. Belki, Agrippa patyşanyň şol waka ýadyna düşendir. Şonuň üçin ol Petrus hem gaçyp gidäýmesin diýip, ony iki esgere baglaýar. Petrusy gije-gündiz garawullar ýaly 16 esger goýýar. Esgerler Petrusa kellesi bilen jogap bermelidi, gaçaýsa, olaryň özleri ölüme höküm edilmelidi. Şeýle kyn ýagdaýda mesihçiler Petrusa nädip kömek ederkä?
8 Elbetde, dogan-uýalar näme etmelidigini gowy bilýärdi. Resullar 12:5-de: «Petrus türmededi, ýygnak bolsa Hudaýa ol hakda dyngysyz doga edýärdi» diýilýär. Dogrudanam, Petrus şol wagt dogan-uýalaryň dileglerine mätäçdi, sebäbi ol kyn ýagdaýdady. Ýakubyň ölüminden soň dogan-uýalaryň birjigem imany gowşamady. Olar Ýehowanyň dogalaryny diňleýändigini bilýärdi. Ýehowa-da olaryň dileg etmegini isleýärdi. Hawa, Ýehowa islegine laýyk gelýän dogalary diňleýär, olara sowuk-sala garamaýar (Ýew. 13:18, 19; Ýak. 5:16). Bizem Petrus üçin gije-gündiz doga eden mesihçilerden görelde almaly.
9. Petrus üçin doga eden dogan-uýalaryň göreldesine nädip eýerip bileris?
9 Siz yzarlanýan, wagyz işi çäklendirilen ýurtda ýaşaýan ýa-da tebigy betbagtçylykdan kösenýän dogan-uýalary tanaýarsyňyzmy? Siz şeýle kynçylyklardan gözi açylmaýan dogan-uýalar üçin doga edip bilersiňiz. Şeýle-de maşgala agzalary garşy çykýan, ruhdan düşýän ýa-da imany üçin başga-da kynçylyklar bilen göreşýän dogan-uýalary tanaýansyňyz. Dogalary eşidýän Ýehowa Hudaýa dileg edeniňizde olaryň her biriniň adyny tutuň (Zeb. 65:2). Doga etmänkäňiz olaryň özi, düşen ýagdaýy hakda oýlanyň. Şonda kynçylyklara duşanyňyzda dogan-uýalaram siziň üçin dileg ederler.
«Yzyma düş» (Resullar 12:6—11)
10, 11. Petrusyň türmeden boşaýşyny gürrüň beriň.
10 Petrus öldüriljegini eşidip gorkdumy? Biz muny anyk bilmeýäris. Ýöne onuň gözüni aýyrman seredip duran iki esgeriň arasynda süýji uka gidendigini bilýäris. Petrusyň imany berkdi, ertir näme boljagyny bilmese-de, Ýehowanyň ony ýatdan çykarmajagyny bilýärdi (Rim. 14:7, 8). Ýagdaý birden üýtgeýär, türmäniň içi ýagtylyp gidýär. Petrus Ýehowanyň perişdesini görýär, esgerler bolsa görmeýär. Petrusyň elindäki zynjyrlar adam eli bilen açyp bolmajak ýaly görünse-de, gudrat bilen olaram üzülýär. Petrusyň türmeden boşajagy ýatsa-tursa kellesine gelen däldir.
11 Perişde Petrusa: «Çaltrak tur... Eşigiňi we çarygyňy geý... Donuňy geýip, yzyma düş» diýýär. Petrus hem dessine perişdäniň aýdyşy ýaly edip, yzyna düşýär. Olar gözenekden çykyp, garawullaryň ýanyndan geçýärler. Soňra türmäniň daşyndaky derwezäniň ýanyna barýarlar. Belki-de, Petrus: «Indi bu äpet derwezeden nädip çykarkam?» diýip alada edendir. Ýöne derwezäniň ýanyna baran badyna ol öz-özünden açylýar. Olar daşaryk çykansoň, perişde gözden gaýyp bolýar. Bar zat düýş ýaly geçip-giden hem bolsa, Petrus görnüş görmändigine, Ýehowanyň perişdesi arkaly türmeden boşadandygyna düşünýär (Res. 12:7—11).
12. Ýehowanyň Petrusy halas etmegi bize nähili umyt berýär?
12 Ýehowa wepaly gullukçylaryny islendik kynçylykdan çykarmagy başarýar. Petrus hem dünýäde iň güýçli hökümetden ygtyýar alan patyşanyň elinde türmede otyrdy. Ýöne şeýle güýçli hökümdar hem ony türmede saklap bilmedi. Ýehowa ony türmeden çykardy. Elbetde, Ýehowa ähli gullukçylaryny gudrat bilen halas etmeýär. Meselem, Ýakuby öldürenlerinde ýa-da birnäçe wagtdan soň, Isanyň aýdyşy ýaly Petrusy ölüme höküm edenlerinde Ýehowa olary halas etmedi. Şu günlerem mesihçiler Ýehowanyň gudrat bilen halas etmejegine düşünýärler. Ýehowa hiç haçan üýtgemeýär (Mel. 3:6). Ol tizden Ogly arkaly tussaglaryny asla boşatmaýan türmeden, ýagny ölümden millonlarça adamlary azat eder (Ýah. 5:28, 29). Şol umyt başymyza nähili agyr günler düşse-de, döz gelmäge kömek edýär.
Olar «Petrusy görüp haýran galdylar» (Resullar 12:12—17)
13—15. a) Petrus Merýemiň öýüne gelende näme boldy? b) Şondan soň Resullar kitabynda näme hakda gürrüň berilýär? Petrus baran ýerinde näme edýär?
13 Petrus türmeden çykansoň: «Ýarygije kimiňkä barsamkam?» diýip oýlanandyr. Şol töwerekde Merýem atly uýa ýaşaýardy. Äri ölen bolsa-da, ol gurply ýaşaýardy, uly öýi bardy. Dogan-uýalar onuň öýünde ýygnak geçirýärdiler. Petrus ýarygije Merýemiň öýüne barýar. Merýem Markus diýilýän Ýahýanyň ejesidi. Resullar kitabynda Markus hakda ilkinji gezek şu wakada aýdylýar. Markus Petrusyň edil ogly ýaly bolupdyr (1 Pet. 5:13). Petrusyň türmeden boşan gijesi dogan-uýalar Merýemiň öýünde üýşüp, doga edip otyrdylar. Birdenem Petrus gelýär. Olar Ýehowanyň dogalaryna şeýle tiz jogap berendigine haýran galandyrlar.
14 Petrus derwezäni kakanda Roda atly hyzmatkär gyz gapyny açmaga gelýär. Roda diýen grek ady «bägül» diýmegi aňladýar. Ol Petrusyň sesini eşidip, gulaklaryna ynanmaýar, gapyny açmagyň deregine ylgap yzyna gidýär. Ol öýdäkilere Petrusyň gelendigini aýdýar. Ýöne olar oňa ynanman, akylyndan azaşypdyr diýýärler. Roda olary ynandyrjak bolup, Petrusyň sesini eşidendigini gaýta-gaýta aýdýar. Ýygnakdaky dogan-uýalaryň käbiri: «Ol Petrusyň perişdesiniň sesini eşidendir» diýişýärler. Petrus bolsa entegem derwezäni kakyp durdy (Res. 12:12—15). Olar ahyry derwezäniň gapysyny açýarlar.
15 Dogan-uýalar gapyda «Petrusyň durandygyny görüp haýran galdylar» (Res. 12:16). Olar şeýle bir begendiler welin, Petrus: «Ýuwaş boluň» diýip yşarat etmeli boldy. Petrus olara bar zady gürrüň berdi. Soňra: «Bolan wakany Ýakuba we beýleki doganlara aýdyň» diýip, Hirodesiň esgerleri tapmaz ýaly başga ýere gitdi. Şeýdip, ol asuda-parahat ýerde Ýehowa gulluk etmegini dowam etdi. Şondan soň Petrus hakda Resullar kitabynyň 15-nji babynda gürrüň berilýär. Şol bapda sünnetlenmek barada mesele ýüze çykanda Petrusyň doganlara kömek edendigi aýdylýar. Resullar kitabynyň şondan soňky baplarynda Pawlusyň eden işleri we wagyz syýahatlary ýazylan. Ýöne Petrus hemişe baran ýerinde dogan-uýalaryň imanyny berkidýärdi. Petrus Merýemiň öýündäki dogan-uýalar bilen hoşlaşyp gaýdýar. Dogan-uýalar gowy görýän resulyndan aýra düşmeli bolsalar-da, onuň janynyň sagdygyna begendiler.
16. Biz gelejekde näme üçin gowy günleri göreris?
16 Käte Ýehowa gullukçylaryna garaşanyndanam köp zady berýär. Şonda olaryň şatlygynyň çägi bolmaýar. Petrusyň türmeden boşan gijesi dogan-uýalaryň şatlykdan ýaňa aýagy ýere degmedi. Şu günler bizem Ýehowadan bereket alanymyzda şatlykdan ýaňa uçaýjak bolýarys (Nak. 10:22). Gelejekde Ýehowanyň wadalary bütin ýer ýüzünde ýerine ýeter. Şonda aljak bereketlerimizi häzirki bereketlerimiz bilen deňäniňde hiç zat bolup galar. Eger Ýehowa wepaly bolsak, gelejekde diňe gowy günleri göreris.
«Ýehowanyň perişdesi oňa... jeza berdi» (Resullar 12:18—25)
17, 18. Adamlar Hirodesi näme üçin şöhratlandyrdy?
17 Hirodes patyşa şonça garawul goýsa-da, Petrusyň türmeden gaçanyna haýran galýar, hatda onuň gahary hem gelýär. Ol dessine Petrusyň gözlegine çykýar. Petrusy garawullan esgerlere bolsa jeza berýär (Res. 12:19). Belki-de, ol esgerleri ölüme höküm edendir. Hirodes patyşa zalym, doňýürek adamdy, rehimdarlygyň nämedigini hem bilmeýärdi. Şeýle nejis adama näme bolduka?
18 Petrus türmeden çykansoň, Hirodes patyşanyň özüne ynamy gaçandyr, diligysga bolandyr. Ýöne bir gün duşmanlary onuň huzuryna gelip, ylalaşyk baglaşmak isleýär. Şonda patyşanyň ýene-de özüne göwni ýetip başlaýar. Ol halkyň öňüne çykyp söz sözleýär. Luka Hirodesiň halkyň öňüne çykmanka, şa lybasyny geýendigini aýdýar. Ýehudy taryhçysy Iosif Flawiýiň aýtmagyna görä, «Hirodesiň eşigi kümüşdendi. Şonuň üçinem ýagta çykanda onuň egin-eşigi öwşün atýardy. Adamlaryň öňünde ol edil taňry ýaly görünýärdi». Gopbamsy patyşa söze başlanda halk: «Bu adamyň sesi däl, taňrynyň owazy!» diýip gygyrýar (Res. 12:20—22).
19, 20. a) Ýehowa Hirodes patyşa näme üçin jeza berdi? b) Hirodes bilen bolan wakadan nämäni bilse bolýar?
19 Alkyşa, şan-şöhrata diňe Hudaý mynasyp! Hirodes patyşa muny boýun alyp, halky saklap bilerdi. Şeýle eden bolsa Hudaý oňa jeza bermezdi. Nakyllar kitabynda: «Heläkçilikden öň tekepbirlik gelýär» diýilýär (Nak. 16:18). Hirodes patyşa-da başyna bela satyn aldy, Ýehowanyň perişdesi oňa şol bada jeza berdi. Men-menlik edip özüni peseltmändigi üçin Hirodes patyşa gurtlap öldi (Res. 12:23). Taryhçy Iosif «Agrippanyň Hudaýy däl-de, özüni şöhratlandyrandygy üçin şol bada jeza alandygyny we şondan soň bary-ýogy bäş gün ýaşandygyny» aýtdy b.
20 Bütin dünýä Şeýtanyň golastynda bolansoň, adamlaryň köpüsi erbet işleri edýär (1 Ýah. 5:19). Käte olar edýän işleri üçin jezasyz galýan ýaly görünýär. Hudaýyň gullukçylary erbet adamlar eden ýamanlygynyň azabyny görmese gynanýar. Ýöne Hirodes patyşa bilen bolan waka Ýehowanyň erbet adamlary jezasyz goýmajakdygyny subut edýär. Adalaty söýýän Ýehowa Hudaý iru-giç adalaty dikelder (Zeb. 33:5).
21. Resullar 12-nji bapda ýene näme hakda aýdylýar? Muny bilmek bize nädip göwünlik berýär?
21 Resullar kitabynyň 12-nji baby «Ýehowanyň sözi bolsa ähli ýere ýaýraýardy, köp adamlar hem iman edýärdi» diýen ruhlandyryjy sözler bilen tamamlanýar. Dogrudanam, şondan soň hoş habar köp ýerlere ýaýrady. Şu günlerem Ýehowa halkyna wagyz etmäge kömek edýär. Resullar 12-nji bapda Ýakubyň ölümi, Petrusyň gudrat bilen türmeden boşaýşy hakda aýdylsa-da, Ýehowa barada köp zatlary bilse bolýar. Şeýtan wagyz işine päsgel berjek bolsa-da, ýygnagy bütinleý ýok etjek bolsa-da, Ýehowa ýol bermedi. Şeýtan näçe jan etse-de, bary biderek boldy. Hawa, hoş habaryň ýaýramagyna hiç kim päsgel berip bilmez (Işa. 54:17). Ýehowanyň we Isa Mesihiň tarapyny tutup, wagyz edýänleriň badyny hiç zat gowşadyp bilmez. Geliň, Ýehowanyň Sözüni wagyz etmegi hormat saýalyň!
a « Hirodes Agrippa I» diýen çarçuwa serediň.
b Bir lukman Iosif bilen Lukanyň Hirodesiň keseli barada aýdan sözlerini şeýle düşündirýär: «Hirodesiň içegesine gurçuk düşen bolmaly. Şol sebäpli onuň içegesinden hiç zat geçmän ölýär. Adatça, şeýle gurçuklar adam gaýtaranda ýa-da jan berjek bolýan adamyň bedeninden çykýar». Bir kitapda şeýle diýilýär: «Luka lukman bolansoň, Hirodesiň keselini jikme-jik ýazýar. Onuň sözlerinden Hirodesiň ejir çekip ölendigini bilse bolýar».