9-NJY BAP
«Hudaý hiç kimi ala tutmaýar»
Mesihçiler dürli milletlere wagyz edip başlaýar
1—3. Petrus nähili görnüş gördi? Biz onuň manysyna näme üçin düşünmeli?
B. E. 36-njy ýylydy. Howa gaty yssydy, Petrus Ýafa şäherindedi. Ol Simun atly bir adamyň öýünde birnäçe gün myhman bolýar. Simun deri ussasydy, deňziň golaýynda ýaşaýardy. Ýehudylar şeýle käri bolan adamlary halamaýardylar, hatda olar bilen gatnaşmaýardylar a. Petrus bolsa ýehudylar ýaly adam saýlamaýardy. Ýöne bu ýeterlik däldi. Şol sebäpli Ýehowa Petrusa doga etmek üçin üçege çykanda hiç bir adamy ala tutmaly däldigini öwretdi.
2 Petrus doga edip durka görnüş görýär. Islendik ýehudy şol görnüşi görse, ör-gökden gelerdi. Petrus görnüşde saçaga meňzeş bir zady görýär. Onuň içinde her dürli haýwanlar bardy. Kanuna görä, şol haýwanlar haram hasaplanýardy. Şonda perişde Petrusa: «Olary soýup iý» diýýär. Petrus hem: «Hapa we haram zatlary ömrümde iýen däldirin» diýýär. Perişde: «Hudaýyň halal hasaplaýan zatlaryna haram diýme» diýip bir gezek däl, üç gezek aýdýar (Res. 10:14—16). Petrus görnüşe birbada düşünmese-de, Ýehowa soň manysyny düşündirýär.
3 Biz Petrusyň gören görnüşiniň manysyna düşünmek isleýäris, sebäbi ondan Ýehowanyň adamlary ala tutmaýandygyny öwrenýäris. Eger Ýehowa ýaly hiç bir adamy ala tutmasak, birkemsiz wagyz edip bileris. Geliň, Petrusyň gören görnüşiniň manysyna düşünmek üçin şondan öňki we soňky wakalary bileliň.
«Elmydama Hudaýa doga-dileg ederdi» (Resullar 10:1—8)
4, 5. Korneliý kimdi? Ol doga edip otyrka näme boldy?
4 Petrusyň görnüş görmezinden bir gün öň, üýtgeşik waka bolýar. Şol waka Ýafadan takmynan 50 kilometr demirgazykda ýerleşýän Kaýsariýada bolýar. Hudaý Korneliý atly adama görnüş görkezýär. Petrusyň bolsa mundan habary ýokdy. Korneliý Rim goşunynyň ýüzbaşysy bolsa-da, Hudaýa ynanýardy b. Onuň özi hem, tutuş maşgalasy hem hudaýhondy. Korneliýiň asly ýehudy däldi, ýehudy dinine-de geçmändi. Ýöne ol akýürekli adamdy, garyp ýehudylara gerek-ýarak zatlaryny ýetirýärdi. Şeýle-de «elmydama Hudaýa doga-dileg edýärdi» (Res. 10:2).
5 Öýlän sagat üçlerde Korneliý doga edip otyrdy. Şonda Hudaýyň perişdesi: «Hudaý seniň dilegiňi eşitdi, garyplara kömek edýändigiňi gördi» diýýär (Res. 10:4). Perişde Korneliýe Petrusyň yzyndan adam ibermegi tabşyrýar. Korneliý başga milletleriň arasynda ilkinji mesihçi bolan adamdy.
6, 7. a) Hudaý akýürekli adamlaryň dogalaryna jogap berýärmi? Mysal getiriň. b) Şol wakalardan näme öwrenýäris?
6 Ýehowa şu günlerem hak Hudaýy gözleýän akýürekli adamlaryň dileglerine jogap berýärmi? Geliň, Albaniýada bolan waka hakda gürrüň edeliň. Ýehowanyň Şaýatlary bir aýala «Garawul diňi» žurnalyny berýärler. Žurnalda çagalary terbiýelemek barada aýdylýar c. Aýal gapyny kakan uýa: «Ynanmarsyň, men ýaňyja Hudaýa gyzlarymy gowy terbiýelär ýaly kömek sorap dileg etdim. Ol hem seni iberdi. Hudaý maňa tüýs gerek zady ýetiräýdi» diýýär. Şeýdip, aýalyň özi hem, gyzlary hem okuw geçip başlaýar. Birnäçe wagtdan äri hem okuw geçýär.
7 Bütin dünýäde şuňa meňzeş wakalar birki gezek däl, gaty köp bolýar. Onsoňam şeýle wakalar tötänden bolmaýar. Mundan iki zady bilse bolýar. Birinjiden, Ýehowa hak Hudaýy gözleýän akýürekli adamlaryň dogalaryna jogap berýär (1 Pat. 8:41—43; Zeb. 65:2). Ikinjiden, adamlara wagyz edenimizde perişdeler kömek edýär (Ylh. 14:6, 7).
«Petrus geň galdy» (Resullar 10:9—23a)
8, 9. Hudaý Petrusa näme diýdi? Petrus näme etdi?
8 Petrus üçekde gören görnüşi hakda oýlanyp otyrka, onuň ýanyna Korneliýiň iberen adamlary gelýär (Res. 10:17). Petrus görnüşde perişdä üç gezek hem haram hasaplanýan haýwanlary iýmejekdigini aýdypdy. Indi ol gelen adamlar bilen ýehudy bolmadyk adamyň öýüne bararmy? Hudaý Petrusyň şol adamlar bilen gitmegini isleýärdi. Şonuň üçin hem mukaddes ruhy arkaly: «Seni üç adam sorap geldi. Aşak düşüp, olar bilen git. Olara ynanmazçylyk etme, sebäbi olary men ugratdym» diýdi (Res. 10:19, 20). Petrus görnüş görensoň, Hudaýyň tabşyran ýumşuny ýerine ýetirmek bilen boldy.
9 Petrus Korneliýe adam ibermegi perişdäniň tabşyrandygyny bilensoň, olary «öýe çagyryp myhman alýar» (Res. 10:23a). Ol garaýşyny üýtgedip, perişdä gulak asdy.
10. Ýehowa halkyna nädip ýolbaşçylyk edýär? Biz haýsy soraglar hakda oýlanmaly?
10 Ýehowa şu günler hem halkyna islegine düşünmäge kem-kemden kömek edýär (Nak. 4:18). Ol mukaddes ruhy arkaly «wepaly hem paýhasly hyzmatkäre» görkezme berýär (Mat. 24:45). Käte Hudaýyň Sözüne täze düşündirişler berilýär ýa-da guramada käbir işleriň başgaça edilmelidigi aýdylýar. Şonuň üçin şeýle soraglar hakda oýlanmaly: «Men täze düşündirişleri ýürekden kabul edýärinmi? Guramada berilýän görkezmelere höwes bilen eýerýärinmi?»
Petrus olara «suwa çümdürilmelidigini aýtdy» (Resullar 10:23b—48)
11, 12. Petrus Kaýsariýa baranda näme etdi? Petrus nämä düşündi?
11 Ertesi Petrus bilen dokuz adam Kaýsariýa gaýtdy. Olaryň üçüsi Korneliýiň iberen adamlarydy, altysy bolsa Ýafadaky ýehudy doganlardy (Res. 11:12). Korneliý dogan-garyndaşlaryny we dost-ýarlaryny öýüne çagyryp, Petrusa garaşyp otyrdy. Olaryň hiç biri ýehudy däldi (Res. 10:24). Petrus ömründe birinji gezek başga milletli adamyň öýüne girdi. Ol öýdäkilere şeýle diýdi: «Bilýän bolsaňyz, ýehudylara başga milletli adam bilen gatnaşmak bolmaýar. Emma Hudaý maňa hiç bir adamy haram hasaplamaly däldigini aýtdy» (Res. 10:28). Şonda Petrus gören görnüşiniň iýip-içgi barada däldigine düşündi. Ol hiç bir adamy, hatda başga milletli adamy hem haram hasaplamaly däldi.
12 Korneliýiň öýüne gelen adamlaryň ählisi Petrusyň agzyndan söz çykaryna garaşyp durdy. Korneliý: «Biziň hemmämiz Hudaýyň öňünde durup, Ýehowanyň sen arkaly aýtjak zatlaryny diňlemäge taýyn» diýýär (Res. 10:33). Eger Ýehowany tanasy gelýän adam size-de şeýle sözleri aýtsa, begenerdiňiz gerek?! Şonda Petrus söze başlap: «Dogrudan-da, Hudaý hiç kimi ala tutmaýan eken. Hudaý özünden gorkup, dogruçyl ýaşaýan islendik milletli adamdan razydyr» diýýär (Res. 10:34, 35). Petrus Ýehowanyň ähli adamlara rehimdarlyk edýändigine, hiç bir adamyň tire-taýpasyna, milletine, at-abraýyna, akýagyz ýa garaýagyzdygyna seretmeýändigine düşünýär. Şonuň üçin hem Korneliýiň öýündäkilere Isanyň gullugy, ölümi we direliş barada gürrüň berýär.
13, 14. a) B. e. 36-njy ýylynda näme boldy? b) Wagyz edenimizde näme üçin adam saýlamaly däl?
13 Soňra görlüp-eşidilmedik zat bolýar. Petrus gepläp durka, başga milletlileriň üstüne mukaddes ruh inýär (Res. 10:44, 45). Mukaddes Kitapda diňe şu wakada adamlara suwa çümdürilmezden öň mukaddes ruhuň inendigi aýdylýar. Şonda Petrus Hudaýyň «başga milletli adamlary» saýlandygyna düşünip, olara suwa çümdürilmelidigini aýdýar (Res. 10:48). Indi ýehudylar Hudaýyň saýlan halky hasaplanmaýar, sebäbi b. e. 36-njy ýylynda Hudaý başga milletli adamlary hem saýlap başlady (Dan. 9:24—27). Şonda Petrus Patyşalygyň üçünji açaryny ulandy (Mat. 16:19). Şol açar başga milletli adamlara saýlanan mesihçi bolmaga ýol açdy.
14 Bizem adamlara wagyz edenimizde «Hudaýyň hiç kimi ala tutmaýandygyna» düşünýäris (Rim. 2:11). «Hudaý ähli adamlaryň halas bolmagyny isleýär» (1 Tim. 2:4). Biz adam saýlap, wagyz etmeli däl. Isa Hudaýyň Patyşalygy barada ähli adamlara wagyz etmegi tabşyrdy. Şonuň üçin adamlar haýsy tire-taýpadan, milletden bolsa-da, daş-keşbi tapawutlansa-da, haýsy dine uýsa-da, hemmelere wagyz edýäris.
«Köşeşdiler we Hudaýy şöhratlandyrdylar» (Resullar 11:1—18)
15, 16. Käbir mesihçiler näme üçin nägile boldular? Petrus nähili subutnamalary getirdi?
15 Petrusyň Iýerusalimdäki doganlara bolan zatlary gürrüň beresi gelýärdi. Ýöne doganlar başga milletli adamlaryň suwa çümdürilendigini eýýäm eşidipdiler. Petrus Iýerusalime gelende sünnetlenmegi goldaýanlar nägile boldular. Olar: «Sen sünnetsiz adamlaryň öýüne baryp, olar bilen iýip içipsiň» diýip gaharlandylar (Res. 11:1—3). Doganlar Ýehowa sežde etmek isleýän adam Musanyň kanuny boýunça sünnetlenmeli diýip pikir edýärdiler. Olar başga milletli adamlaryň mesihçi bolanyna däl-de, sünnetlenmändigine gynandylar. Ýöne Hudaý indi Musanyň kanuny boýunça ýaşamagy talap etmeýärdi. Mesihçi bolan ýehudylaryň käbirine munuň bilen ylalaşmak kyndy.
16 Hudaý başga milletli adamlaryň suwa çümdürilmegini isleýärdi. Petrusam muňa gowy düşünýärdi. Şonuň üçin ol Resullar 11:4—16-njy aýatlarda dört sebäbini getirýär. 1) Ol görnüş görýär (4—10 aýatlar). 2) Mukaddes ruh görkezme berýär (11, 12-nji aýatlar). 3) Korneliýe perişde görünýär (13, 14-nji aýatlar). 4) Başga milletli adamlaryň üstüne mukaddes ruh inýär (15, 16-njy aýatlar). Petrus gürrüňiniň soňunda: «Eger Hudaý Halypamyz Isa Mesihe iman edenlere, ýagny bize beren mukaddes ruhuny olara-da beren bolsa, onda Hudaýa garşy çykar ýaly men kim bolupdyryn?» diýýär (Res. 11:17).
17, 18. a) Ýehudy mesihçiler nähili karara gelmelidiler? b) Agzybirligi saklamak näme üçin hemişe aňsat däl? Biz haýsy soraglar hakda oýlanmaly?
17 Petrus subutnama getirensoň, doganlar bir karara gelmelidiler. Olar şonda-da başga milletli adamlary ýazgardylarmy ýa-da kabul etdiler? Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Olar (resullar we beýleki mesihçiler) Petrusy diňlänlerinden soňra, köşeşdiler we Hudaýy şöhratlandyryp: „Hudaý başga halklaryň hem toba etmegini we ýaşaýşa gowuşmagyny isleýän eken“ diýdiler» (Res. 11:18). Şeýdip, olar garaýşyny üýtgetdiler. Ýygnakda-da agzybirlik boldy.
18 Hudaýyň halky «dürli milletden, taýpadan, halkdan we dilden» bolany üçin agzybirligi saklamak aňsat däl (Ylh. 7:9). Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnaklarynda ýaşaýan ýeri, medeniýeti, terbiýesi tapawutlanýan adamlar köp. Şonuň üçin biz şu soraglar hakda oýlanmaly: «Men milleti, tire-taýpasy tapawutlanýan adamlary hem gowy görýärinmi? Şu dünýädäki adamlardan tapawutlylykda dogan-uýalary özümden ýokary saýýarynmy?» Geliň, birnäçe ýyl mundan öň Petrusyň goýberen ýalňyşyny ýatlalyň. Petrus käbir doganlardan gorkup, başga milletli adamlar bilen gepleşmegini goýýar. Şonda Pawlus hemmeleriň öňünde oňa maslahat berýär (Gal. 2:11—14). Bizem başga adamlardan özümizi ýokary tutmaz ýaly seresap bolmaly.
«Köp adamlar iman etdiler» (Resullar 11:19—26a)
19. Antakyýadaky mesihçiler kimlere wagyz edip başladylar? Netijesi nähili boldy?
19 Mesihçiler Hudaýyň islegine düşünen badyna başga milletli adamlara wagyz edip başladylarmy? Geliň, Siriýanyň Antakyýa şäherinde bolan waka seredeliň d. Şol şäherde ýehudylar köpdi. Olar başga milletli adamlar bilen hem gatnaşýardylar. Şonuň üçin Antakyýada başga milletli adamlara wagyz etmäge gowy mümkinçilik bolýardy. Ýehudylaryň käbiri şol ýerde «grekçe gepleýän adamlara» hoş habary wagyz edip başladylar (Res. 11:20). Olar diňe grekçe gepleýän ýehudylar bilen däl-de, başga milletli adamlar bilen hem gürrüňdeş bolýardylar. Ýehowa-da olara bereket berýärdi. Şeýdip, «köp adamlar iman etdiler» (Res. 11:21).
20, 21. Barnabas pespäldigini nädip görkezdi? Biz Barnabasdan näme öwrenip bileris?
20 Hudaýy gözleýän akýürekli adamlara wagyz etmek üçin Iýerusalimdäki doganlar Barnabasy Antakyýa iberdiler. Antakyýada gyzyklanýanlar gitdigiçe köpelýärdi. Barnabasa kömekçi gerekdi, bir özi ýetişmeýärdi (Res. 9:15; Rim. 1:5). Sawul başga milletli adamlara wagyz etmek üçin saýlanan resuldy, ol Barnabasa gowy kömek edip bilerdi. Ýöne Barnabas Sawuldan kömek sorarmy ýa-da özünden ökde çykar öýdüp gorkarmy? Barnabas pespäldi, özüniň ähli zady edip bilmejegine gowy düşünýärdi. Ol Tarsusdan Sawuly gözläp tapyp, Antakyýa alyp gaýdýar. Sawul bilen Barnabas bir ýyllap Antakyýada şägirtleriň imanyny berkidýärler (Res. 11:22—26).
21 Barnabas ýaly nädip pespäl bolup bileris? Pespäl adam başarýan-başarmaýan zadynyň bardygyny boýun alýar. Her bir adamyň güýçli hem gowşak taraplary bolýar, ukyp-başarnygy biri-biriniňkiden tapawutlanýar. Meselem, käbirleri adamlaryň dilini tapyp köçede, öýden-öýe wagyz etmeli bolsa, çöp döwen ýaly edýär. Ýöne gaýtadan ideg etmeli ýa-da Mukaddes Kitapdan okuw geçmeli bolsa, duran ýeri. Siziň hem ökde wagyzçy bolasyňyz gelse, tejribeli dogan-uýalardan kömek soraň. Ilkinji ädimi özüňiz ätseňiz, ökde mugallym bolarsyňyz, şatlygyňyzyň çägi bolmaz (1 Kor. 9:26).
«Doganlaryna elinden gelen kömegi etdiler» (Resullar 11:26b—30)
22, 23. Antakyýadaky mesihçiler doganlyk söýgüsini nädip görkezdiler? Biz doganlyk söýgüsini nädip görkezýäris?
22 «Antakyýada şägirtler Hudaýyň islegi bilen ilkinji sapar mesihçi diýen ady aldylar» (Res. 11:26b). Olar şol ada mynasypdy, sebäbi Mesihiň yzyna eýerýärdiler. Mesihçi bolan ýehudylar we başga milletli adamlar birek-birege doganlyk söýgüsini görkezdilermi? Geliň, b. e. takmynan 46-njy ýylynda bolan waka hakda gürrüň edeliň e. Şol ýyl güýçli açlyk bolýar. Açlyk düşende gününi zordan görýän garyplara hasam kyn bolýardy. Ýahudadaky mesihçiler hem garyp ýaşaýardy. Açlyk döwri olaryň iýmäge, geýmäge zatlary ýokdy. Antakyýadaky ýehudylar hem, başga milletli mesihçiler hem olaryň mätäçlik çekýändigini eşidip, «elinden gelen kömegi» etdiler (Res. 11:29). Şeýdip, olar dogan-uýalary ýürekden söýýändigini, aladasyny edýändigini görkezdiler.
23 Hudaýyň halky şu günler hem birek-birege doganlyk söýgüsini görkezýär. Olar öz ýurdunda bolsun ýa-da başga ýurtda, tapawudy ýok, dogan-uýalaryň kömege mätäçdigini eşitseler, derrew dadyna ýetişýärler. Tebigy betbagtçylygyň bolan ýerinde filial komitetleri dessine betbagtçylykda kömek edýän komitetleri gurnaýarlar. Doganlar harasatda, ýer titremede ýa-da suw joşgunynda ejir çeken dogan-uýalaryň hemmetaraplaýyn aladasyny edýärler. Biz dogan-uýalary kyn gününde ýeke goýman, hakykatdan hem söýýändigimizi görkezýäris (Ýah. 13:34, 35; 1 Ýah. 3:17).
24. Petrusyň gören görnüşinden näme öwrenýäris?
24 Petrusyň Ýafada gören görnüşinden köp zady öwrense bolýar. Biz adamlary ala tutmaýan Hudaýa sežde edýäris. Adamlaryň nirede önüp-ösendigine ýa-da olar hakda aýdylýan gep-gürrüňlere garamazdan wagyz edýäris. Sebäbi Ýehowa biziň ähli adamlara wagyz etmegimizi isleýär. Geliň, akýürekli adamlaryň hiç birini duşumyzdan geçirmäliň, şonda olaram Ýehowany tanar (Rim. 10:11—13).
a Ýehudylaryň käbiri deri önümler bilen işleşmegi ýigrenji hasaplaýardy, deri ussalaryny hem äsgermeýärdi, hatda olary ybadathana-da salmaýardy. Olaryň iş ýerleri şäherden azyndan 20 metr uzakda bolmalydy. Ine şol sebäpli-de Simun «deňziň golaýynda» ýaşaýardy (Res. 10:6).
b « Korneliý we Rim goşuny» diýen çarçuwa serediň.
c 2006-njy ýylyň 1-nji noýabrynda çykan «Garawul diňi» (rus.) žurnalyndaky «Çaga terbiýesi barada maslahatlar» diýen makala.
d « Siriýadaky Antakyýa» diýen çarçuwa serediň.
e Taryhçy Iosifiň aýtmagyna görä, imperator Klawdiýiň hökümdarlyk eden döwri (b. e. 41—54) güýçli açlyk bolupdyr.