Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Suratlaryň indeksi

Suratlaryň indeksi

Sahypalary

  • Daşky sahypa. Pawlus, Tawita, Galiýon, Luka, esger bilen ressullar, saddukeý, esgerler Pawlusy Kaýsariýa äkidýärler; dogan-uýalar patefon arkaly we sesi güýçlendirýän enjamly ulagda wagyz edýärler.

  • 1. Pawlusy tussag edip, ýük daşaýan gämide Rime äkidýärler; ýanynda Luka-da bardy.

  • 2, 3. Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Jon Bar bilen Teodor Ýaraç dünýä kartasynyň ýanynda dur.

  • 11. Isa Jeliledäki dagda 11 resulyna we beýleki şägirtlere tabşyryk berýär.

  • 14. Isa göge galýar, şägirtlerem oňa seredip durlar.

  • 20. Pentikost güni şägirtler baýramçylyga gelen adamlaryň dilinde gepläp başlaýarlar.

  • 36. Resullar gahar-gazaply Kaýafanyň öňünde durlar. Ol ýerde şägirtleri tussag etmek üçin esgerlerem bar.

  • 44. Aşakda: Ikinji jahan urşunda Gündogar Germaniýanyň kazyýeti Ýehowanyň Şaýatlaryny Amerikanyň içalylary diýip aýyplaýar («Neue Berliner Illustrierte», 3-nji oktýabr, 1950).

  • 46. Stefanus Mejlisiň öňünde dur. Onuň bir tarapynda atly-abraýly saddukeýler, beýleki tarapynda bolsa öte dindar fariseýler bar.

  • 54. Petrus täze şägirdiň üstüne elini goýýar; Simunyň elinde pully haltajyk bar.

  • 75. Petrus bilen şägirtler Korneliýiň öýüne gelýär. Korneliý üýtgeşik geýnen. Onuň çep egnine atylan ýapynjasyndan ýüzbaşydygyny bilse bolýar.

  • 83. Perişde Petrusa ýol görkezýär; Petrus Antoniýa galasynda tussaglykda saklanan bolmaly.

  • 84. Aşakda: 1945-nji ýylda Monrealyň (Kwebek) golaýynda gany gyzyp duran adamlar ýygnanýar («Weekend Magazine», iýul, 1956).

  • 91. Pawlus bilen Barnabasy Antakyýadan (Pisidiýadaky) kowdular. Olaryň arkasynda üstünden suw geçirýän köpri bar, ol I asyryň başlarynda gurlan bolmaly.

  • 94. Pawlus bilen Barnabas adamlary özlerine sežde etdirmeýär. Adatça, Listrada şatlyk-şowhun hem aýdym-saz bilen gurbanlyk berýärdiler.

  • 100. Ýokarda: Silas bilen Ýahuda Antakyýadaky (Siriýanyň) ýygnagy ruhlandyrdy (Res. 15:30—32). Aşakda: Etrap gözegçisi Ugandada ýygnakda çykyş edip dur.

  • 107. Iýerusalimdäki dogan-uýalar ýygnaklary öýlerde geçirýärler.

  • 124. Pawlus bilen Timoteos ýük gämide Rime barýar. Uzakdan maýak hem görünýär.

  • 139. Pawlus bilen Silas goh-galmagal edýän märekeden gaçyp, howluda gizlenýärler.

  • 155. Galiýon Pawlusy aýyplaýan adamlary kowýar. Onuň egninde gyrasyndan goýy gyzyl çyzyk geçýän ak ýapynjasy, ýagny «togasy» we aýagynda «kalsei» diýilýän aýakgaby bar. Welaýat häkimleri şeýle geýinýärdi.

  • 158. Dimitris Efesdäki kümüş ussalary bilen gepleşip dur. Bazarda Artemida buthanasynyň heýkeljikleri satylýar.

  • 171. Pawlus bilen doganlar gämä münýärler. Olaryň arkasynda b. e. öň I asyrda gurlan ýadygärlik görkezilen.

  • 180. Aşakda: 1940-njy ýyllarda Kanadada edebiýatlarymyzy ýaýratmak gadagan edilýär. Şol döwür ýaş dogan gizlin edebiýat getirýär (Sahna).

  • 182. Pawlus ýaşulular bilen maslahatlaşýar. Onuň arkasynda Luka bilen Timoteos otyr. Olar sadakalary paýlamaga kömek edýärler.

  • 190. Pawlusyň ýegeni bilen Klawdiý Lisiý Antoniýa galasynda gepleşýär. Pawlus şol ýerde tussaglykda oturan bolmaly. Onuň arkasynda Hirodesiň ybadathanasy görkezilen.

  • 206. Pawlus ýük daşalýan gämide ruhdan düşen adamlar üçin doga-dileg edýär.

  • 222. Elleri zynjyra baglanan Pawlus Rim şäherine seredip dur. Zynjyryň bir ujy Pawlusyň eline, beýlekisi Rim esgerine baglanandy.