28-NJI BAP
«Bütin ýer ýüzünde... wagyz edersiňiz»
Ýehowanyň Şaýatlary Isanyň şägirtleriniň başlan işini dowam edýär
1. I asyrdaky mesihçiler bilen Ýehowanyň Şaýatlarynyň näme meňzeşligi bar?
I ASYRDAKY mesihçiler Ýehowanyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen yhlasly wagyz etdiler. Mukaddes ruh olary nirä iberse gitdiler, näme et diýse etdiler. Yzarlamalar hem kölege ýaly olaryň yzlaryndan galmaýardy. Ýöne olar birjikde wagyz etmegini goýmadylar. Ýehowa-da olaryň eden tagallasyny ýalkady. Häzir Ýehowanyň Şaýatlary bilen hem şeýle ýagdaýlar bolýar.
2, 3. Resullar kitaby näme üçin özboluşly kitap?
2 Resullar kitabynda şägirtler bilen bolan täsirli wakalar ýazylan. Olary okanymyzda imanymyz berkeýär, ruhlanýarys. Resullar kitaby özboluşly kitap, sebäbi Isa göge galansoň, I asyrdaky mesihçileriň eden işleri diňe şu kitapda ýazylan.
3 Resullar kitabynda 95 adamyň, 32 ýurduň, 54 şäheriň we 9 sany adanyň ady agzalýar. Kitapda sada halk, tekepbir dini ýolbaşçylar, özüne göwni ýetýän syýasatçylar we zalym duşmanlar barada gürrüň berilýär. Onda, esasanam, I asyrda ýaşan dogan-uýalarymyzyň taryhy ýazylan. Olaram biziň ýaly, her dürli kynçylyklara duş gelýärdiler, ýöne şonda-da hoş habary yhlasly wagyz etdiler.
4. I asyrdaky mesihçileriň näme üçin ýüregimiziň töründe orny bar?
4 Yhlasly resullar Petrus bilen Pawlusyň, Luka lukmanyň, eli açyk Barnabasyň, batyrgaý Stefanusyň, mätäçleriň dadyna ýetişýän Tawitanyň, myhmansöýer Lidiýanyň we başga-da köp wepaly dogan-uýalaryň ýaşanyna 2 000 ýyl geçipdi. Emma olaryň henizem ýüregimiziň töründe orny bar, sebäbi olaram biziň ýaly Isa gulak asyp, şägirt taýýarladylar (Mat. 28:19, 20). Olaryň yzyny ýöretmek biziň üçin uly hormat!
5. Hoş habar nädip ýaýrap başlady?
5 Ýadyňyzda bolsa, Isa şägirtlerine «üstüňize mukaddes ruh inende güýjüňize güýç goşulup Iýerusalimde, tutuş Ýahudada, Samariýada we bütin ýer ýüzünde men hakda wagyz edersiňiz» diýipdi (Res. 1:8). Başda mukaddes ruh şägirtlere «Iýerusalimde» wagyz etmäge güýç berdi (Res. 1:1—8:3). Soňra olar mukaddes ruhuň kömegi bilen «tutuş Ýahudada we Samariýada» wagyz etdiler (Res. 8:4—13:3). Şeýdip, hoş habar ýuwaş-ýuwaşdan «bütin ýer ýüzüne» ýaýrap başlady (Res. 13:4—28:31).
6, 7. I asyrdaky mesihçilere wagyz etmek näme üçin aňsat däldi?
6 I asyrdaky dogan-uýalarda biziňki ýaly Mukaddes Kitap ýokdy. Şonuň üçin olara wagyz etmek aňsat däldi. Meselem, Matta hoş habaryny b. e. takmynan 41-nji ýylynda ýazyp gutarypdy. Resullar kitaby hem b. e. takmynan 61-nji ýylynda ýazyldy. Şoňa çenli Pawlusyňam diňe käbir hatlary ýazylypdy. Görşümiz ýaly, I asyrdaky mesihçilerde Mukaddes Kitabyň doly görnüşi ýokdy. Olar hoş habary diňlemek isleýän adamlara edebiýat hem berip bilmeýärdiler. Öňler pygamberleriň kitaplary sinagogada okalýardy. Isanyň şägirdi bolmanka, ýehudylar hem Hudaýyň Sözüni diňlemek üçin şol ýere barmalydy (2 Kor. 3:14—16). Olar wagyz edende Mukaddes Kitapdaky aýatlary ýatdan aýdar ýaly ünsli diňlemelidiler.
7 I asyrdaky mesihçilerden tapawutlykda, her birimizde Mukaddes Kitap bar. Şeýle-de çykýan edebiýatlaryň sany-sajagy ýok. Biz 240 ýurtda dürli dilde hoş habary wagyz edip, şägirt taýýarlaýarys.
Mukaddes ruh güýç berýär
8, 9. a) Mukaddes ruhuň kömegi bilen şägirtler nämeleri etdiler? b) Mukaddes ruh wepaly hyzmatkäre näme etmäge kömek edýär?
8 Isa resullaryna şägirt taýýarlamagy tabşyranda «üstüňize mukaddes ruh inende, güýjüňize güýç goşular» diýipdi. Olar Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen ýeriň dört künjeginde wagyz etmelidiler. Mukaddes ruh Petrus bilen Pawlusa keselleri sagaltmaga, adamlardan jynlary çykarmaga, hatda ölüleri direltmäge güýç berdi. Hudaý olara, esasanam, ebedi ýaşaýşa ýetmek isleýän adamlara hakykaty öwretmek üçin mukaddes ruhuny beripdi (Ýah. 17:3).
9 B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni Isanyň şägirtleri «mukaddes ruhuň kömegi bilen dürli dillerde gepläp başladylar». Olar «Allanyň gudratly işleri hakda» wagyz etdiler (Res. 2:1—4, 11). Elbetde, şu günler islän dilimizde geplär ýaly Ýehowa gudrat görkezmeýär. Ýöne mukaddes ruh wepaly hyzmatkäre edebiýatlary dürli dillerde çykarmaga kömek edýär. Meselem, her aý «Garawul diňi» we «Oýanyň!» žurnallarynyň millionlarça nusgasy çap edilýär. Şeýle-de internet sahypamyzda 1 000-den gowrak dillerde dürli edebiýatlar hem wideolar çykýar. Şu zatlar bize dürli milletden, taýpadan we dilden bolan adamlara «Allanyň gudratly işleri hakda» gürrüň bermäge kömek edýär (Ylh. 7:9).
10. 1989-njy ýyldan bäri wepaly hyzmatkär nämä üns berýär?
10 1989-njy ýyldan bäri wepaly hyzmatkär Mukaddes Kitabyň dürli dillere terjime edilmegi üçin elinde baryny edýär. Häzir Mukaddes Kitap 200-den gowrak dilde elýeterli. Onuň 240 milliondan gowrak nusgasy çap edildi we onuň sany ýyl-ýyldan artýar. Şeýle ägirt uly işleri diňe Ýehowanyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen edip bolýar.
11. Edebiýatlar nädip dürli dillerde çykarylýar?
11 Şu günler 150-den gowrak ýurtlarda müňlerçe meýletinçiler Hudaýyň Sözüni we edebiýatlary terjime etmäge kömek edýärler. Ýehowa guramasyna mukaddes ruhy arkaly ýolbaşçylyk edýär. Ýer ýüzünde Ýehowanyň guramasyna taý geljek gurama ýok. Biz mukaddes ruhuň kömegi bilen Ýehowa Hudaý, Hudaýyň Patyşalygy we Patyşasy hakda «birkemsiz wagyz edýäris» (Res. 28:23).
12. Pawlusa hem beýleki dogan-uýalara wagyz etmäge näme kömek etdi?
12 Pawlus Pisidiýanyň Antakyýa şäherinde ýehudylara we başga milletlere wagyz edende «ebedi ýaşamak isleýän ähli adamlar iman etdiler» (Res. 13:48). Resullar kitabynyň soňunda Lukanyň aýdyşy ýaly, Pawlus «Hudaýyň Patyşalygy barada... batyrgaý öwredýärdi. Pawlusa hiç zat päsgel bermeýärdi» (Res. 28:31). Onuň nirede wagyz edendigi ýadyňyza düşýärmi? Ol şol döwrüň iň güýçli imperiýalarynyň biri Rimde wagyz etdi. I asyrdaky mesihçiler dürli usullary ulansalar-da, ählisi mukaddes ruhuň kömegi hem görkezmesi bilen wagyz etdiler.
Yzarlamalaram olary saklap bilmedi
13. Bizi yzarlanlarynda näme üçin doga etmeli?
13 I asyrdaky şägirtler yzarlananda Ýehowadan batyrgaýlyk dilediler. Ýehowa-da olara gorkman wagyz eder ýaly mukaddes ruhuny berdi (Res. 4:18—31). Bizi-de yzarlanlarynda Ýehowadan güýç hem akyldarlyk dilemeli (Ýak. 1:2—8). Şonda Ýehowa yhlasly wagyz eder ýaly mukaddes ruhuny berer. Hiç zat, hatda garşylyklaram, yzarlamalaram hoş habaryň ýaýramagyna böwet bolup bilmez. Yzarlamalarda hoş habary wagyz eder ýaly, Ýehowadan mukaddes ruh, akyldarlyk we batyrgaýlyk dilemeli (Luka 11:13).
14, 15. a) Stefanus öldürilenden soň näme bolupdy? b) Dogan-uýalar Sibire sürgün edilensoň näme boldy?
14 Stefanus soňky demine çenli gorkman wagyz etdi (Res. 6:5; 7:54—60). Duşmanlar Stefanusy öldürensoň, yzarlamalar hasam güýjedi. Resullar bilen şägirtlerem Ýahuda we Samariýa gaçyp gitdiler. Ýöne hoş habar şonda-da wagyz edilýärdi. Meselem, Filipus Samariýa gidip, şol ýerde «Mesih barada wagyz edip başlady» (Res. 8:1—8, 14, 15, 25). Şeýdip, köpler Isanyň şägirdi boldy. Şeýle-de Resullar 11:19, 20-nji aýatlarda şeýle diýilýär: «Stefanus öldürilenden soň, yzarlamalar sebäpli çar tarapa dargan şägirtler Finikiýa, Kipre we Antakyýa baryp ýetdiler. Ýöne olar diňe ýehudylara wagyz edýärdiler. Antakyýa gelenleriň arasynda kiprli we kirenaly şägirtler hem bardy. Olar grekçe gepleýän adamlar bilen gürrüňdeş bolup, Halypamyz Isa hakdaky hoş habary wagyz edýärdiler». Yzarlamalar sebäpli resullaryň, şägirtleriň başga ýere gaçyp gidendigi üçin hoş habary köp adamlar eşitdi.
15 Sowet Soýuzy döwründe-de şeýle wakalar bolupdy. 1950-nji ýyllarda Ýehowanyň Şaýatlarynyň müňlerçesini Sibire sürgün etdiler. Sürgün edilen dogan-uýalaryň wagyz etmegi hoş habaryň köp ýerlere ýaýramagyna sebäp boldy. Dogan-uýalar 10 000 kilometr uzakda ýerleşýän şäherlere gitmek üçin pul tapyp bilmezdiler. Ýöne hökümetiň sürgün edendigi sebäpli dogan-uýalara şol ýerlere barmak üçin pul çykarmak gerek bolmady. Bir dogan şeýle gürrüň berýär: «Hökümet ýolbaşçylary wagyz etdirmejek boldy. Ýöne bar zat tersine boldy, Sibirdäki müňlerçe akýürekli adamlar Hudaýyň Sözüni eşitdiler».
Ýehowa bereket ýagdyrýar
16, 17. Ýehowanyň şägirtlere bereket berýändigini Resullar kitaby nädip subut edýär?
16 I asyrdaky mesihçiler Ýehowadan bol bereketleri aldylar. Pawlusam, şägirtlerem tohum sepdiler we suwardylar, «ýöne ösdürýän Hudaýdy» (1 Kor. 3:5, 6). Resullar kitabynda ýazylan wakalar Ýehowanyň wagyz işini bereketleýändigini görkezýär. Meselem, «Hudaýyň sözi köp ýerlere wagyz edilýärdi, Iýerusalimde şägirtleriň sany barha artýardy» (Res. 6:7). Şägirtleriň köp ýerlerde wagyz edendigi üçin «Ýahudada, Jelilede we Samariýada ýygnaklara asudalyk aralaşdy hem-de şägirtleriň sany gün-günden artýardy. Olar Ýehowadan gorkup (hormat goýup), onuň ýolundan ýöreýärdiler we mukaddes ruhuň güýji bilen teselli tapýardylar» (Res. 9:31).
17 Siriýanyň Antakyýa şäherinde ýaşaýan ýehudylaram, grek dilinde gepleýän adamlaram batyrgaý şägirtlerden hoş habary eşitdiler. Resullar 11:21-de aýdylyşy ýaly, «Ýehowa olary goldaýardy. Şeýlelikde, köp adamlar iman edip Halypamyzyň şägirdi boldular». Şeýdip, şol şäherde «Ýehowanyň sözi... ýaýraýardy, köp adamlar hem iman edýärdi» (Res. 12:24). Pawlus bilen beýleki şägirtleriň dürli milletli adamlara wagyz etmegi bilen «Ýehowanyň sözi gitdigiçe ýaýrap, barha güýçlenýärdi» (Res. 19:20).
18, 19. a) Ýehowanyň bereket berýändigini nireden bilýäris? b) Ýehowanyň halkyny goldaýandygy baradaky wakany gürrüň beriň.
18 Şu günler Ýehowanyň bereket berýändigini gözümiz bilen görýäris. Meselem, köp adamlar Hudaýa iman edip, özüni bagyş edýärler we suwa çümdürilýärler. Şeýle-de biz diňe Ýehowanyň kömegi bilen yzarlamalarda, garşylyklarda berk durýarys. Bizem Pawlus we beýleki şägirtler ýaly, wagyz etmegimizi goýmaýarys (Res. 14:19—21). Ýehowa mundan beýlägem bizden kömegini gaýgyrmaz, «ebedi gollary bilen» islendik otdan alyp çykar (5 Mus. 33:27). Onsoňam, Ýehowa beýik adynyň hatyrasyna hiç haçan halkyny terk etmez (1 Şam. 12:22; Zeb. 94:14).
19 Ýehowanyň halkyny goldaýandygyny Harold doganyň wakasyndan görse bolýar. Ikinji jahan urşy döwri nemesler ony wagyz edýändigi üçin Zaksenhauzen konslagerine sürgün edýärler. 1942-nji ýylyň maýynda nemesleriň gizlin polisiýasy onuň aýaly Elzany tussag edýär. Kiçijik gyzjagazyny bolsa elinden alýar. Elza birnäçe lagerlere sürgün edilýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Sürgünde geçiren ýyllarym bir wajyp zady öwrendim. Çekip çydardan agyr synaglary hem Ýehowanyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen ýeňip bolýan eken. Tussag edilmänkäm bir uýanyň hatyny okapdym. Ol hatynda Ýehowanyň agyr synaglarda mukaddes ruhy arkaly ýüregimize giňlik berýändigini ýazypdyr. Şonda men uýanyň sözlerini ulaldyp aýdýan ýaly gördüm. Ýöne öz başymdan geçirenimde dogry aýdýandygyna düşündim. Dogrudanam, başyňdan geçirmeseň düşünmek kyn eken. Menem tussag edilenimde Ýehowanyň mukaddes ruhy arkaly ýüregime giňlik berendigine göz ýetirdim».
Wagyz ediň!
20. Pawlus öý tussaglygyndaka näme etdi? Onuň ýagdaýy käbir dogan-uýalary nädip ruhlandyrýar?
20 Resullar kitabynyň soňunda «Pawlusyň Hudaýyň Patyşalygy barada» yhlasly wagyz edendigi aýdylýar (Res. 28:31). Ol Rimde öý tussaglygyndaka, öýden-öýe wagyz edip bilmeýärdi. Ýöne ýanyna gelenleriň hiç birini sypdyrman wagyz edýärdi. Şu günler käbir dogan-uýalar garrylyk, keselçilik ýa-da maýyplygy sebäpli öýünden çykyp bilmeýär. Käbirleri bolsa garrylar öýünde ýaşaýar. Ýöne olaryň Ýehowa söýgüsi hiç haçan sowamaýar, yhlasy hem gowşamaýar. Geliň, Ýehowadan şol dogan-uýalara hak Hudaý we onuň niýetleri barada bilmek isleýän adamlary duşurmagyny diläliň.
21. Biz näme üçin yhlasly bolmaly?
21 Biziň köpümiz öýden-öýe wagyz edýäris ýa-da wagzyň başga görnüşlerine gatnaşyp bilýäris. Şonuň üçin wagyzçy adymyza mynasyp bolup, hoş habaryň «bütin ýer ýüzünde» wagyz edilmegine goşant goşalyň. Mesihiň gelen döwründe ýaşaýandygymyz üçin yhlasly bolmak has-da wajyp (Mat. 24:3—14). Geliň, wagtymyzy biderek gidirmäliň, sebäbi häzir «Halypamyzyň işinde... köp zähmet çekmegiň» tüýs wagty (1 Kor. 15:58).
22. Ýehowanyň güni gelmänkä näme etmegi ýüregimize düwmeli?
22 Geliň, «Ýehowanyň beýik hem gorkunç güni gelmezinden öň», batyrgaý wagyz etmegi we wepaly bolmagy ýüregimize düweliň (Ýow. 2:31). Weriýalylar ýaly «Hudaýyň sözüni höwes bilen kabul edýän» adamlar henizem bar (Res. 17:10, 11). «Berekella, wepaly hem ýagşy gul!» diýen sözleri eşidýänçäk, wagyz etmegimizi goýmalyň (Mat. 25:23). Eger yhlasly wagyz etsek we hemişe Ýehowa wepaly bolsak, gaýtalanmajak işe gatnaşandygymyzy hiç haçan ýatdan çykarmarys. Hatda täze dünýäde hem Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz eden günlerimizi begenip ýatlarys.