Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

23-NJI BAP

«Gulak asyň! Men size bolan zatlary düşündireýin»

«Gulak asyň! Men size bolan zatlary düşündireýin»

Pawlus gaharjaň märekäniň hem-de Mejlisiň öňünde imany hakda gürrüň berdi

Resullar 21:18—23:10

1, 2. Pawlus Iýerusalime näme üçin gitdi? Şol ýerde oňa nämeler garaşýardy?

 PAWLUS Iýerusalimiň adamdan doly, darajyk köçelerinden ýöräp barýardy. Ýüzlerçe ýyl bäri şol ýerde Ýehowa sežde edilýärdi. Adamlar milletine, şäheriniň taryhyna buýsanýardylar. Pawlus şäherdäki mesihçileriň köpüsiniň henizem Musanyň kanunyna eýerýändigini, Ýehowanyň beren täze görkezmelerine gulak asmaýandygyny gördi. Şonuň üçinem Pawlus Efesdekä şol mesihçilere kömek etmek üçin Iýerusalime gitmegi ýüregine düwýär. Ol Iýerusalime gidip, hem dogan-uýalara berlen sadakalary eltjek bolýardy, hem-de olaryň nädogry garaýşyny düzetjek bolýardy (Res. 19:21). Pawlus başyna belalaryň geljegini bilse-de, Iýerusalime gaýdýar.

2 Pawlus Iýerusalime gelensoň görgi baryny görýär. Birinjiden, şol ýerdäki doganlaryň käbiri Pawlus barada aýdylan myş-myşlara ynanýarlar. Ikinjiden, Isany ýigrenýän adamlar Pawlusa gün bermeýärler. Olar oňa töhmet atýarlar, urup-ýençýärler, öldürjek bolýarlar. Ýöne iki ýagdaýda-da Pawlus mümkinçilikden peýdalanyp, imany hakda gürrüň berýär. Pesgöwünli, batyrgaý hem-de imany berk resul her dürli kynçylyklara döz gelip, bize gowy görelde galdyrdy. Geliň, Pawlusyň başdan geçirenleri hakda gürrüň edeliň we göreldesine eýereliň.

«Hudaýy şöhratlandyrdylar» (Resullar 21:18—20a)

3—5. a) Pawlus Iýerusalimde kimler bilen görüşdi? Olara näme gürrüň berdi? b) Pawlusyň Iýerusalimde ýaşulular bilen görüşmeginden näme öwrenýäris?

3 Iýerusalime baran gününiň ertesi Pawlus bilen ýoldaşlary ýygnak ýaşululary bilen görüşmäge gidýärler. Olaryň arasynda resullaryň bolandygy aýdylmaýar. Belki-de, olar başga şäherlere wagyz etmäge gidendir. Ýöne Isanyň dogany Ýakup Iýerusalimdedi (Gal. 2:9). Şol gün «ähli ýaşulular» üýşýär. Duşuşygy Ýakup alyp baran bolmaly (Res. 21:18).

4 «Pawlus ýaşulular bilen saglyk-amanlyk soraşandan soň, Hudaýyň kömegi bilen eden işlerini we başga halklara wagyz edişini birin-birin gürrüň berdi» (Res. 21:19). Muny eşidip ýaşulularyň begenişini göz öňüne getiriň! Köp adamlaryň hakykaty kabul edip, Hudaýyň halkyna goşulýandygyny eşidenimizde aýagymyz ýere degmeýär (Nak. 25:25).

5 Pawlus sözüniň arasynda Ýewropadan getiren sadakalary hakda-da aýdan bolmaly. Iýerusalimdäki doganlar ýat ýerdäki dogan-uýalaryň olary alada edip sowgat iberendiklerini görüp, begenendirler hemem minnetdar bolandyrlar. Pawlus olara nirelere barandygyny, nähili wakalaryň bolandygyny gürrüň berende ýaşulular «Hudaýy şöhratlandyrdylar» (Res. 21:20a). Şu günlerem dogan-uýalar tebigy betbagtçylyga uçran ýa-da kesellän imandaşlaryny ýeke goýmaýarlar. Olaryň aladasyny edip, kömek edýärler. Kynçylyga uçran dogan-uýalaram hemişe dadyna ýetişýän dostlarynyň bardygyna begenýärler.

«Töwrada yhlasly eýerýärler» (Resullar 21:20b, 21)

6. Doganlar Pawlusa nähili kynçylyk hakda aýtdylar?

6 Ýaşulular Pawlusa Ýahudada onuň bilen bagly meseläniň dörändigini aýdýarlar. Olar şeýle diýýärler: «Dogan, görýäňmi, müňlerçe ýehudylar Isanyň şägirdi boldular. Olar Töwrada yhlasly eýerýärler. Emma olar sen hakda şeýle zatlary eşidipdirler: sen başga halklaryň arasynda ýaşaýan ýehudylara Musanyň kanunyna garşy gelýän zatlary öwredýärmişiň. Olara çagalaryňyzy sünnetlemäň, däp-dessurlary berjaý etmäň diýenmişiň» a (Res. 21:20b, 21).

7, 8. a) Ýahudadaky mesihçileriň köpüsinde nähili nädogry garaýyş bardy? b) Ýehowa olary näme üçin henizem wepaly hasaplaýardy?

7 Musanyň kanunynyň ýatyrylanyna 20 ýyldanam köpräk wagt geçipdi. Ýöne näme üçin mesihçileriň köpüsi oňa entegem eýerýärdiler? (Kol. 2:14). B. e. 49-njy ýylynda resullar bilen ýaşulular Iýerusalimde ýygnanyşyp, ýygnaklara hat iberdiler. Şol hatda başga milletlere sünnetlenmegiň we Musanyň kanunyna eýermegiň hökman däldigi aýdylypdy (Res. 15:23—29). Hatda mesihçi bolan ýehudylar hakda aýdylmansoň, olaryň köpüsi Musanyň kanunyna eýermegiň gerek däldigine düşünmeýärdiler.

8 Şol ýehudylar köp zada dogry düşünmese-de, Ýehowa olary henizem wepaly hasaplaýardy, sebäbi olar Isanyň şägirdi bolmazdan öňem, soňam ýalan taňrylara sežde etmeýärdiler ýa-da ýalan dini däp-dessurlary berjaý etmeýärdiler. Olaryň şol wagta çenli eýerip gelýän kanunyny hem Ýehowa beripdi. Kanunda jynlar ýa-da ýalan dinler bilen bagly zatlar ýokdy. Musanyň kanuny köne ähtiň esasynda berlipdi. Ýöne Ýehowa indi mesihçiler bilen täze äht baglaşypdy. Diýmek, Ýehowany razy etmek isleýän adama Musanyň kanunyna eýermek gerek däl. Musanyň kanunyna eýermegi talap edýän ýehudy mesihçiler Ýehowanyň öwredýän zatlaryna doly düşünmeýärdiler. Ýehowa olara täzeçe sežde etmegi öwredýärdi, olaram şony kabul etmelidi b (Ýer. 31:31—34; Luka 22:20).

«Sen barada aýdylan gep-gürrüňler ýalan» (Resullar 21:22—26)

9. Pawlus Musanyň kanuny babatda nämeleri öwredýärdi?

9 Köp adamlar Pawlusyň öwredýän zatlaryna nädogry düşünipdirler. Şonuň üçinem Pawlus barada her dürli myş-myşlary eşidýärler. Pawlus başga halklaryň arasyndaky ýehudylara «çagalaryňyzy sünnetlemäň, däp-dessurlary berjaý etmäň» diýip öwredenmiş. Ol başga milletli adamlara hoş habary wagyz edýärdi. Olara Musanyň kanunyna eýermegiň hökman däldigini düşündirýärdi. Şeýle-de ol başga milletli adamlar sünnetlenmeli, Musanyň kanunyna eýermeli diýip öwredýänleri düzedýärdi (Gal. 5:1—7). Ol baran şäherinde ýehudylara-da wagyz edýärdi. Olara Isa ölensoň, Musanyň kanunynyň ýatyrylandygyny, Hudaýy razy etmek üçin Musanyň kanunyny berjaý etmegiň gerek däldigini düşündirýärdi (Rim. 2:28, 29; 3:21—26).

10. Pawlus kanun we sünnetlenmek meselesinde nädip paýhasly boldy?

10 Şol döwür käbir ýehudylar Sabat güni işlemeýärdiler ýa-da belli bir iýmitleri iýmeýärdiler (Rim. 14:1—6). Pawlus däp-dessurlary berjaý edendigi üçin olary ýazgarmady. Şeýle-de ol asla sünnetlenmeli däl diýmedi. Hatda Pawlus ýehudylar kabul eder ýaly, Timoteosy sünnetledi, sebäbi onuň kakasy grekdi (Res. 16:3). Elbetde, sünnetlenmeli ýa-da sünnetlenmeli däldigini her kimiň özi çözýärdi. Pawlus galatýalylara şeýle diýipdi: «Isa Mesihiň şägirtlerine sünnetli ýa-da sünnetsiz bolmak hökman däl, ýöne söýgi bilen iman ähmiýetlidir» (Gal. 5:6). Emma Musanyň kanunynda talap edilýändigi üçin ýa-da Ýehowany razy etmek üçin sünnetlenmeli diýýänler ýalňyşýardy, imanynyň gowşakdygyny görkezýärdi.

11. Ýaşulular Pawlusa nähili maslahat berdi? Pawlus olara gulak asmak üçin näme etmelidi? (Çykgyda serediň).

11 Pawlus baradaky aýdylýan gep-gürrüňleriň ýalandygyny bilselerem, ýehudy mesihçiler biynjalyk bolýardy. Şonuň üçinem ýaşulular Pawlusa şeýle etmegi tabşyrýarlar: «Ine, Hudaýa wada beren dört adam bar. Olary ýanyňa alyp, däp boýunça tämizleniň. Tölegini töläp, olaryň saçlaryny aldyr. Şonda hemmeler sen barada aýdylan gep-gürrüňleriň ýalandygyna we Töwrada eýerip, dogry ýoldan ýöreýändigiňe göz ýetirerler» c (Res. 21:23, 24).

12. Pawlus ýaşululara gulak asyp nämäni görkezdi?

12 Aslynda, kynçylyk myş-myşyň ýaýrandygy üçin däl-de, ýehudylaryň Musanyň kanunyna ýapyşyp ýatandygy üçin döräpdi. Pawlus muňa gowy düşünýärdi, ýaşululara-da düşündirip bilerdi. Ýöne ol eglişik edip, Hudaýyň kada-kanunlary bozulmaýandygy üçin olara gulak asdy. Şondan öňräk Pawlus: «Men kanuna görä ýaşamasam-da, kanuna görä ýaşaýanlary halas etjek bolup, olar üçin kanuna görä ýaşaýan ýaly boldum» diýip ýazypdy (1 Kor. 9:20). Pawlus ýaşululara gulak asyp, «kanuna görä ýaşaýan ýaly» boldy. Şeýle-de ol bize gowy görelde galdyrdy. Bizem ýaşululara gulak asmaly, öz diýenimizi gögertjek bolmaly däl (Ýew. 13:17).

Mukaddes Kitapdaky kada-kanunlar bozulmansoň, Pawlus paýhasly bolup ýaşululara gulak asdy. Siz hem Pawlus ýaly eglişik edýärsiňizmi?

«Beýle adam ýagty jahanda ýaşamaly däldir» (Resullar 21:27—22:30)

13. a) Ýehudylar ybadathanada näme üçin gozgalaň turuzýar? b) Pawlus olaryň elinden nädip aman sypýar?

13 Tämizlenme günleri tamamlanyp gelýärkä, Pawlus bilen ýanyndaky doganlar ybadathana barýar. Şonda ybadathanada gopgun turýar. Aziýaly ýehudylar Pawlusa başga milletli adamlary ybadathana getirýär diýip, märekäni öjükdirýär. Eger goşun serkerdesi gelmedik bolsa, olar Pawlusy urup öldürerdi. Goşun serkerdesi esgerlere Pawlusy märekäniň arasyndan alyp gitmegi buýurýar. Şondan soň Pawlusy türmä basýarlar (ol dört ýyldanam gowrak tussaglykda oturýar). Pawlusyň entegem janyna howp abanýardy. Goşun serkerdesi ýehudylardan Pawlusy näme üçin urýandyklaryny soranda, olaryň hersi bir zat diýýär. Ol goh-galmagaldan ýaňa hiç zada düşünmeýär. Halk entegem Pawlusa topulyp duransoň, esgerler Pawlusy göterip alyp gitmeli bolýar. Olar esgerleriň bolýan jaýyna ýetip barýarkalar, Pawlus goşun serkerdesinden: «Rugsat beriň, halka bir agyz söz aýdaýyn» diýip soraýar (Res. 21:39). Goşun serkerdesi oňa rugsat berýär. Şeýdip, Pawlus iman edýän zatlary hakda gürrüň berip başlaýar.

14, 15. a) Pawlus ýehudylara nämäni düşündirdi? b) Goşun serkerdesi Pawlusyň nämede aýyplanýandygyny bilmek üçin näme etdi?

14 «Gulak asyň! Men size bolan zatlary düşündireýin» diýip, Pawlus söze başlaýar (Res. 22:1). Ol ýewreýçe geplänsoň, märeke ünsli diňleýär. Ol näme üçin Isanyň şägirdi bolandygyny gowy düşündirýär. Ol ýehudylaryň barlap, anygyna-şänigine ýetip biläýjek käbir jikme-jikliklerini nygtaýar. Pawlus ökde mugallym Gamaliýelden bilim alypdy, Isanyň şägirtlerini yzarlapdy. Muny köp adamlar bilýärdi. Bir gün Pawlus Damasga barýarka, ýolda Isa görnüp, onuň bilen gürleşýär. Pawlusyň ýanyndakylar ýagtylygy görýärdi, sesi hem eşidýärdi, ýöne hiç zada düşünmediler (Res. 9:7; 22:9). Pawlus görnüş görenden soň, kör bolýar. Ony ýoldaşlary Damasga elinden tutup äkidýärler. Damaskda Ananýas atly ýehudy bardy. Ol gudrat bilen Pawlusyň gözlerini açýar.

15 Pawlus Iýerusalime gelensoň, ybadathanada ýene-de Isanyň görnendigini aýdýar. Muny eşidip ýehudylar hasam möwç alyp: «Öldüriň ony, beýle adam ýagty jahanda ýaşamaly däldir» diýip gygyryşdylar (Res. 22:22). Goşun serkerdesi Pawlusy gorajak bolup, esgerleriň bolýan jaýyna äkitmegi buýurdy. Onuň märekäniň Pawlusa näme üçin topulýandygyny bilesi gelýärdi. Şonuň üçin hem esgerlere Pawlusy urup-ýenjip, sorag-ideg etmegi tabşyrdy. Esgerler urjak bolup durka, Pawlus özüniň Rimiň raýatydygyny aýdýar. Şeýle-de ol günäkärdigi anyklanmadyk raýaty urmagyň kanuna garşy gelýändigini ýatladýar. Şu günler hem Ýehowanyň Şaýatlary özüni gorap, iman edýän zatlary barada arkaýyn gürrüň bermek üçin ýurduň kanunlaryndan peýdalanýarlar (« Rimiň kanuny we raýatlyk hukugy», « Biziň döwrümizdäki kazyýet işleri» diýen çarçuwalara serediň). Goşun serkerdesi Pawlusyň Rimiň raýatydygyny bilip, başgaça hereket etdi. Ertesi ol Pawlusy Mejlisiň öňüne eltdi. Goşun serkerdesi Pawlusyň meselesine seretmegi olara tabşyrdy.

«Men fariseýlerden» (Resullar 23:1—10)

16, 17. a) Pawlusyň Mejlisiň agzalary bilen nädip gepleşendigini gürrüň beriň. b) Pawlus pesgöwünlidigini nädip görkezdi?

16 Pawlus Mejlisiň öňünde özüni gorap şeýle diýdi: «Adamlar, doganlar, şu wagta çenli meniň ynsabym Hudaýyň öňünde päkdir» (Res. 23:1). Pawlusyň bar aýdyp ýetişeni hem şol boldy. «Baş ruhany Ananýas ýanynda duranlara Pawlusyň agzyna urmagy buýurdy» (Res. 23:2). Heý-de, şu baş ruhana gelişjek zatmy?! Baş ruhany meseläniň anygyna-şänigine ýetmän netije çykardy. Ol ýalançy diýip, Pawlusy kemsitdi. Pawlus hem oňa: «Eý ikiýüzli, Hudaý seni ursun! Sen Töwrada görä höküm etmek üçin otyrsyň dälmi? Onda näme üçin meni urmagy buýrup, Töwratda aýdylanlary bozýaň?» diýdi (Res. 23:3).

17 Mejlisiň agzalary Pawlusdan beýle jogaba garaşmandylar. Olar: «Sen Hudaýyň baş ruhanysyna dil ýetirýäňmi?» diýdiler. Pawlus hem: «Doganlar, onuň baş ruhanydygyny bilmändirin. Hudaýyň sözünde: „Halkyň baştutanyna dil ýetirme“ diýilýär» diýdi d (Res. 23:4, 5; 2 Mus. 22:28). Şeýdip, ol pesgöwünlidigini, kanuna gulak asýandygyny görkezdi. Şondan soň Pawlus özüni goramak üçin başgaça hereket edýär. Ol Mejlisiň agzalarynyň fariseýlerden hem-de saddukeýlerden ybaratdygyny bilýärdi. Şonuň üçin hem: «Adamlar, doganlar, men fariseýlerden, fariseýiň ogly. Meni direlişe umyt edýändigim üçin höküm edýärler» diýdi (Res. 23:6).

Biz hem Pawlus ýaly, dürli dine uýýan adamlara wagyz edenimizde olaryň dilini tapjak bolmaly

18. Pawlus özüne näme üçin fariseý diýdi? Biz dürli dine uýýan adamlara nädip wagyz edip bileris?

18 Pawlus özüne näme üçin fariseý diýdi? Ol «fariseýiň ogludy». Köpler onuň fariseýleriň maşgalasynda ulalandygyny bilýärdi e. Pawlus Isanyň şägirdidi, ýöne näme üçin özüne fariseý diýdi? Bilşimiz ýaly, fariseýler adam ölenden soň ruhunyň ýaşaýandygyna ynanýardylar. Olar dogruçyl adamyň ruhy ýene ynsan bedeninde ýaşar diýip öwredýärdiler. Pawlus beýle pikir etmeýärdi. Ol Isanyň direliş barada öwreden zatlaryna ynanýardy (Ýah. 5:25—29). Ýöne Pawlusyň fariseýler bilen pikiri gabat gelýän ýeri hem bardy, ýagny olam ölen adamlar üçin umydyň bardygyna ynanýardy. Munuň tersine saddukeýler direlişe asla ynanmaýardylar. Biz hem başga dine uýýan adamlara wagyz edenimizde Pawlus ýaly adamlaryň dilini tapyp wagyz edip bileris. Meselem, biz hem olar ýaly Hudaýa ynanýandygymyzy aýdyp bileris.

19. Mejlisde näme üçin dawa turdy?

19 Pawlus gepläp bolandan soň, iki dini toparyň arasyna tow düşdi. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Şonda goh-galmagal turdy. Fariseýleriň arasyndaky käbir kanunçylar gahar-gazap bilen ýerlerinden galyp, jedelleşip başladylar. Olar: „Biz ondan hiç hili günä tapmadyk. Belki, onuň bilen ruh ýa-da perişde gepleşendir“ diýdiler» (Res. 23:9). Fariseýleriň sözleri saddukeýleriň depe saçyny üýşürendir, sebäbi olar perişdeleriň bardygyna ynanmaýardylar (« Saddukeýler we fariseýler» diýen çarçuwa serediň). Dawa barha güýjänsoň, goşun serkerdesi Pawlusy alyp gitmegi buýurýar (Res. 23:10). Ýehudylar munuň bilen hem köşeşmeýär. Indi Pawlusa näme bolar? Muny indiki bapdan bileris.

a Iýerusalimde ýehudy mesihçiler köp bolansoň, ýygnaklaram köp bolan bolmaly. Olar dogan-uýalaryň öýünde ýygnanyşýardylar.

b Birnäçe ýyl geçensoň, Pawlus ýewreýlere ýazan hatynda täze ähtiň köne ähtden has gowudygyny düşündirdi. Şeýle-de ol indi täze äht boýunça ýaşamalydygyny aýtdy. Pawlus subutnamalary getirensoň, Musanyň kanunyna gyşarnyksyz eýerýän mesihçiler indi täze äht boýunça ýaşamalydygyna düşündiler. Şol subutnamalar olara Musanyň kanunyny öňe sürýän ýehudylara-da hakykaty düşündirmäge kömek etdi (Ýew. 8:7—13).

c Alymlaryň aýtmagyna görä, şol dört adam nezirlik wadasyny beripdir (4 Mus. 6:1—21). Musanyň kanuny boýunça öň şeýle wadalary berip bolýardy, ýöne indi ýatyrylypdy. Kanun ýatyrylan bolsa-da, Pawlus şol doganlaryň Ýehowa beren wadasyny soňuna çenli berjaý etmegine garşy çykmady. Pawlus çykdajylaryny töläp, olar bilen gitmegi nädogry hasaplamandyr. Biz olaryň näme wada berendigini anyk bilmeýäris. Adatça, nezirler günäden arassalanmak üçin mal gurbanlygyny berýärdiler. Ýöne Pawlus olaryňky ýaly etmedik bolmaly. Isa janyny töleg hökmünde gurban berensoň, günäden arassalanmak üçin mal gurbanlygyny bermek hökman däldi. Elbetde, biz Pawlusyň näme edendigini anyk bilmeýäris, ýöne ynsaby çatmadyk zatlary etmändigini bilýäris.

d Käbirleriniň aýtmagyna görä, Pawlusyň gözi gowy görmeýändigi sebäpli baş ruhanyny tanan däldir. Belki-de, köpden bäri Iýerusalimde bolmandygy üçin şol wagt baş ruhanynyň kimdigini bilen däldir. Ýa-da Pawlus adamlaryň köplüginden ýaňa, şol sözleri kimiň aýdandygyny saýgaryp ýetişen däldir.

e B. e. 49-njy ýylynda resullar we ýaşulular başga milletleriň Musanyň kanuny boýunça ýaşamalydygyny ýa-da ýaşamaly däldigini çözmek üçin ýygnanyşypdylar. Resullar 15:5-de olaryň arasynda «öň fariseýleriň dini toparynyň agzasy bolanlaryň» hem bardygy aýdylýar. Diýmek, Isanyň şägirdi bolandan soňam, olaryň öň fariseý bolan diýen ady galypdyr.