24-NJI BAP
«Mert bol!»
Ýehudylar Pawlusy öldürjek bolýar Pawlus Feliksiň öňünde özüni goraýar
1, 2. Pawlus Iýerusalimde görýän görgülerine näme üçin geň galmady?
PAWLUS Iýerusalimde gahar-gazaba münen märekäniň elinden-ä sag-aman sypýar. Ýöne ony tussag edýärler. Pawlus Iýerusalimde «tussag ediljegini, görgi görjegini» bilýärdi (Res. 20:22, 23). Şonuň üçin ol bolýan zatlara geňem galmaýar. Elbetde, ol haçan, nirede, näme boljagyny anyk bilmeýärdi. Ýöne Isa Mesih hakda wagyz edendigi üçin hemme ýerde başynyň sypalmajagy bellidi (Res. 9:16).
2 Hatda pygamberlerem Pawlusyň el-aýagynyň daňyljakdygyny, «başga halklaryň» eline beriljekdigini aýdypdy (Res. 21:4, 10, 11). Şondan biraz wagt geçensoň, ýehudylar dawa-jenjel turzup, Pawlusy öldürjek boldular. Pawlus ölümiň bäri ýanyna baranda goşun serkerdesi ony märekäniň içinden «çekip çykarýar» we tussag edýär. Şeýdip, ol Rim esgerleriniň eline düşýär. Indi Pawlus görgi baryny görer, ony soraga tutarlar (Res. 21:31; 23:10). Şol wagt Pawlus resul ruhlandyryjy sözlere diýseň mätäçdi.
3. Yhlasly wagyz eder ýaly nireden güýç alýarys?
3 Biz hem soňky günlerde «Isa Mesihiň şägirtleri hökmünde Hudaýa wepaly ýaşamak isleýänleriň ählisiniň yzarlanjakdygyny» bilýäris (2 Tim. 3:12). Yhlasymyz gowşamaz ýaly, wagtal-wagtal ruhlandyryjy sözlere mätäç bolýarys. «Wepaly hem paýhasly hyzmatkäriň» tüýs wagtynda taýýarlaýan edebiýatlary we ýygnak duşuşyklary güýjümize güýç goşýar (Mat. 24:45). Ýehowanyň söz berişi ýaly, hiç bir duşman onuň halkyny ýok edip bilmez, wagyz etmekden saklap bilmez (Işa. 54:17; Ýer. 1:19). Geliň, Pawlusa näme bolandygyny bileliň. Garşylyklara garamazdan, yhlasly wagyz eder ýaly Pawlusy kim we nädip ruhlandyrdy? Şondan soň ol näme etdi?
Ýehudylaryň dildüwşügi başa barmaýar (Resullar 23:11—34)
4, 5. Isa Pawlusy nädip we näme üçin ruhlandyrdy?
4 Mejlisiň öňüne eltilen güni agşam Isa Pawlusy ruhlandyrýar. Ol: «Mert bol! Iýerusalimde men hakda birkemsiz wagyz edişiň ýaly, Rimde-de wagyz etmelisiň» diýýär (Res. 23:11). Isanyň sözleri Pawlusy ruhlandyrandyr. Ol Rime sag-aman ýetjekdigini, Isa barada wagyz etjekdigini bilýärdi.
5 Isanyň şol gün Pawlusy ruhlandyrany gowy boldy, sebäbi ertesi 40-dan gowrak «ýehudylar dil düwşüp, Pawlusy öldürmeseler, iýip-içmejekdikleri hakda ant içdiler». Diýmek, olar Pawlusy öldürmegi ýüregine düwüpdiler. Eger niýetleri başa barmasa, gargyşa galarys diýip pikir edýärdiler (Res. 23:12—15). Dildüwşüge görä, olar uly ruhanylardan we ýaşululardan rugsat alyp, Pawlusy hamala sorag-ideg etmek üçin Mejlise getirmelidiler. Aslynda, olar bukuda garaşyp, ýolda Pawlusy öldürjekdiler.
6. Ýehudylaryň dildüwşüginiň üsti nädip açylýar? Ýaşlar Pawlusyň ýegeninden näme öwrenip biler?
6 Ýehudylaryň dildüwşügi Pawlusyň ýegeniniň gulagyna ýetýär. Ol hem baryp daýysyna ýetirýär. Pawlus ýegenine eşiden zatlaryny goşun serkerdesi Klawdiý Lisiýe ýetirmegi tabşyrýar (Res. 23:16—22). Şu günler hem Pawlusyň ýegeni ýaly, Ýehowanyň ýüregini şatlandyrýan ýaşlar köp. Olar özlerinden geçip, batyrgaýlyk bilen Hudaýyň halkynyň aladasyny edýär. Olar guramada edilýän işleri goldamak üçin elinde baryny edýärler. Ýehowa şeýle ýaşlary söýýär, olaryň gadyryny bilýär.
7, 8. Klawdiý Pawlusy goramak üçin nämeler etdi?
7 Müňbaşy Klawdiý Lisiý ýehudylaryň dildüwşük gurnandygyny eşiden badyna, Pawlusy goramagyň ugruna çykýar. Ol şol gije 470 sany atly hem naýzaly esgerler bilen Pawlusy Iýerusalimden Kaýsariýa iberýär. Esgerler ony hökümdar Feliksiň ýanyna eltmelidi a. Rimiň Ýahuda welaýatynyň edara ediş merkezi Kaýsariýadady. Kaýsariýada ýehudylara garanda, başga milletli adamlar has köpdi. Iýerusalime garanyňda, Kaýsariýanyň halky rahat ýaşaýardy. Ol ýerde tertip-düzgün bardy. Iýerusalimde bolsa eden-etdilik köpdi. Dürli dine uýýan adamlar biri-birine garşy çykyp gozgalaň turuzýardylar. Rimiň Ýahudadaky Ýaragly güýçleri Kaýsariýada ýerleşýärdi.
8 Rimlileriň kanunyna görä, Klawdiý bolan zatlary düşündirip, Felikse hat ýazýar. Ol hatynda ýehudylaryň Pawlusy «öldürjek bolandygyny», ýöne onuň Rimiň raýatydygyny bilensoň, halas edendigini aýdýar. Şeýle-de ol Pawlusyň «ölüme höküm ediler ýaly ýa-da türmä basylar ýaly hiç zat etmändigini» agzaýar. Ýöne ýehudylar dildüwşük gurnansoň, Klawdiý Pawlusyň işini Felikse geçirýär. Feliks hem ýehudylaryň arzyny diňläp, meseläni çözmelidi (Res. 23:25—30).
9. a) Pawlusyň hak-hukuklary nädip bozuldy? b) Biz näme üçin käte hak-hukuklarymyzdan peýdalanmaly bolýarys?
9 Klawdiýiň ýazan zatlarynyň käbiri dogry däldi. Ol hökümdara gowy görünjek bolan bolmaly. Aslynda, ol Pawlusy Rimiň raýaty bolandygy üçin halas etmedi. Şeýle-de ol hatynda Pawlusy «iki zynjyr bilen baglandygyny», «soňra ony ýenjip, sorag etmegi tabşyrandygyny» ýazmady (Res. 21:30—34; 22:24—29). Şeýdip, ol Rimiň raýatynyň hak-hukugyny bozupdy. Şu günler hem Şeýtan ýalan diniň tarapdarlaryny bize garşy öjükdirýär. Olar bize garşy çykýarlar, yzarlaýarlar, Hudaýa sežde etdirmejek bolýarlar. Ýöne biz Pawlus ýaly, hak-hukuklarymyzy bilip, özümizi goraýarys.
«Men ynamly gepläp, özümi goraryn» (Resullar 23:35—24:21)
10. Pawlusy nämede aýypladylar?
10 Ýehudylar Iýerusalimden gelýänçä, garawullar Pawlusy «Hirodesiň köşgünde saklaýarlar» (Res. 23:35). Bäş gün geçenden soň, baş ruhany Ananýas, ýehudy ýaşululary we Tertulus atly dilewar adam gelýär. Tertulus gele-gelmäne hökümdar Felikse ýaranjak bolup öwüp başlaýar b. Soňra Pawlusyň meselesi hakda söz açyp şeýle diýýär: «Şu adam mergi kimin howply we nazaretlileriň dini toparyna ýolbaşçylyk edýär. Ol ähli ýehudylaryň arasynda gozgalaň turuzýan eken. Ol ybadathanany haram etjek bolanda, tussag etdik». «Ýehudylar hem onuň aýdýanlaryny makullap, Pawlusy aýyplaýardylar» (Res. 24:5, 6, 9). Gozgalaň turuzmak, dini topara ýolbaşçylyk etmek, ybadathanany haram etmek agyr günä hasaplanýardy. Şeýle zatlary eden adamyň başy ölümlidi.
11, 12. Pawlus özüni nädip aklady?
11 Soňra Pawlus: «Men ynamly gepläp, özümi goraryn» diýip söze başlaýar. Ol ýehudylaryň töhmet atýandygyny aýdýar. Pawlus resul ybadathanany haram etjegem bolmady, gozagalaňam turuzmady. Ol «ençeme ýyllap» Iýerusalime gelmändigini aýtdy. Ol yzarlamadan, açlykdan kösenýän dogan-uýalar üçin pul sadakalary getirendigini düşündirýär. Şeýle-de Pawlus ybadathana girmänkä, «däp boýunça» arassalanandygyny, «Hudaýyň we adamlaryň öňünde» ynsabyny päk saklamaga jan edendigini gürrüň berýär (Res. 24:10—13, 16—18).
12 Pawlus ýehudylaryň aýdyşy ýaly: «Men nazaretlileriň dini toparyna goşulyp, ata-babalarymyň Hudaýyna mukaddes gullugy berjaý edýändigimi boýun alýaryn. Töwratda we Pygamberler kitabynda ähli aýdylan zatlara ynanýaryn» diýdi. Şeýle-de ol käbir ýehudylar ýaly, «dogruçyllaryň hem-de erbetleriň direlmegine» umyt edýändigini aýdýar. Pawlus olaryň atan töhmetlerini subut etmegini talap edip şeýle diýýär: «Mejlisiň öňünde duran wagtym mende nähili günä tapan bolsalar, goý, gelenler şu wagt aýtsynlar. Men Mejlisiň öňünde: „Direlişe ynanýandygym üçin höküm edýärler“ diýipdim» (Res. 24:14, 15, 20, 21).
13—15. Ýolbaşçylaryň öňüne eltenlerinde Pawlusdan nädip görelde alyp bileris?
13 Duşmanlar bize-de: «Hökümete garşy çykýar, howply dini toparlary döredýär» diýip töhmet atmaklary mümkin. Ýa-da Hudaýa sežde edýändigimiz üçin hökümet ýolbaşçylarynyň öňüne eltilmegimiz mümkin. Şeýle ýagdaýda Pawlusdan görelde alyp bileris. Ol aljyramady, hökümet ýolbaşçylary bilen sylaşykly gepleşdi. Tertulus ýaly, olara ýalan sözlemedi. Ol dogry zatlary sypaýyçylyk hem ynam bilen aýtdy. Şeýle-de Pawlus ybadathanany haram edýär diýip aýyplan aziýaly ýehudylaryň şol ýerde ýokdugyny, olar arz-şikaýatyny kazyýete gelip aýtmalydygyny aýtdy (Res. 24:18, 19).
14 Pawlus ynanýan zatlary barada gürrüň etmäge çekinmedi. Ol direliş barada-da batyrgaýlyk bilen aýtdy. Mejlisdäki ýaly, bu ýerde-de goh-galmagal turar öýdüp gorkmady (Res. 23:6—10). Pawlus özüni aklap durka, näme üçin direliş hakda aýtdy? Ol Isanyň direlendigine ynanýardy we ol barada wagyz edýärdi. Oňa töhmet atýan adamlar bolsa Isanyň direlendigine ynanmaýardy (Res. 26:6—8, 22, 23). Aslynda, Pawlusy direlişe ynanýandygy üçin, esasanam, Isanyň direlendigine ynanýandygy üçin kazyýetiň öňüne getiripdiler.
15 Pawlus ýaly biz hem gorkman wagyz edip bileris. Isanyň şägirtlerine: «Meniň şägirdim bolanyňyz üçin hemmeler sizi ýigrener. Emma soňuna çenli çydan halas bolar» diýen sözleri bize-de güýç berýär. Ýolbaşçylaryň öňüne eltenlerinde näme hakda wagyz ederkäm diýip alada etmegimiz mümkin. Ýöne Isa: «Sizi häkimiýetleriň öňüne eltenlerinde, näme aýdaryn diýip alada etmäň. Näme diýmelidigini şol wagt bilersiňiz, sebäbi siz öz güýjüňiz bilen däl-de, mukaddes ruhuň kömegi bilen geplärsiňiz» diýdi (Mar. 13:9—13).
«Feliks gorkdy» (Resullar 24:22—27)
16, 17. a) Feliks Pawlusyň işine seredende näme diýdi we näme etdi? b) Feliks näme üçin gorkdy? Ol Pawlus bilen näme üçin görüşdi?
16 Feliks mesihçileriň ynanýan zatlary barada öňem birnäçe sapar eşidipdi. Resullar kitabynda şeýle diýilýär: «Feliks şu ýol (I asyrdaky mesihçiler göz öňünde tutulýar) hakda köp zady bilse-de: „Men siziň meseläňizi goşun serkerdesi Lisiý gelende çözerin“ diýip, işi soňa goýdy. Ol ýüzbaşa Pawlusy tussaglykda saklamagy, ýöne käbir ýeňillikleri döretmegi tabşyrdy. Feliks Pawlusyň ýanyna dost-ýarlarynyň gelmegine we aladasynyň edilmegine rugsat berdi» (Res. 24:22, 23).
17 Birnäçe gün geçensoň, Feliks Pawlusy ýanyna getirtdi. Hökümdaryň ýanynda ýehudy aýaly Druzila hem bardy. Olar Pawlusyň «Isa Mesih hakda aýdanlaryny diňlediler» (Res. 24:24). Pawlus «dogruçyllyk, özüňe erk etmeklik we höküm barada gürrüň berende, Feliks gorkýar». Belki-de, eden erbet işleri üçin onuň ynsaby kösändir. Ol Pawlusa: «Bar, häzirlikçe gidiber, wagtym bolsa çagyrdaryn» diýýär. Feliks Pawlus bilen şondan soň hem birnäçe sapar görşüpdi. Ýöne onuň maksady hakykat barada bilmek däl-de, Pawlusdan pul almakdy (Res. 24:25, 26).
18. Pawlus Feliks bilen onuň aýalyna «dogruçyllyk, özüňe erk etmeklik we höküm barada» näme üçin gürrüň berdi?
18 Pawlus Feliks bilen onuň aýalyna «dogruçyllyk, özüňe erk etmeklik we höküm barada» näme üçin gürrüň berdi? Olaryň Isanyň şägirdi bolmak üçin näme etmelidigini bilesi gelýärdi. Pawlus bolsa olaryň ahlaksyz, adalatsyz, zalym bolandygyny gowy bilýärdi. Pawlus olara Isanyň şägirdi bolmak üçin näme etmeli we näme etmeli däldigini gowy düşündirdi. Feliks bilen aýaly Hudaýyň kada-kanunlaryna garşy gelýän zatlary edýärdi. Şondan soň olar her bir adamyň oý-pikiri, aýdýan sözi we edýän işi üçin Hudaýyň öňünde jogap bermelidigine göz ýetirendirler. Şeýle-de Feliks Pawlusa çykarjak höküminden aýalyna we özüne çykaryljak hökümiň has agyr boljakdygyna düşünendir. Indi Feliksiň näme üçin gorkanyna geň galmasaňyz gerek!
19, 20. a) Wagyz edýän adamlarymyz durmuşyny üýtgetmese näme etmeli? b) Feliksiň Pawlusa ýagşylyk islemändigini nämeden bilýäris?
19 Biz hem Feliks ýaly adamlara wagyz etmegimiz mümkin. Başda olar hakykaty bilmek isleýän ýaly görnüp biler. Aslynda, olar öz peýdasyny gözleýärler. Şeýle adamlardan seresap bolmaly. Pawlus ýaly olara Hudaýy razy etmek üçin näme etmelidigini ýumşaklyk bilen düşündirmeli. Belki, olar Hudaýyň sözüni kabul edip, durmuşyny üýtgeder. Eger olar Hudaýyň ýigrenýän işlerini goýmasalar, onda olar bilen okuw geçmegimizi bes edýäris. Biz hakykaty bilmek isleýän akýürekli adamlary gözleýäris.
20 Feliksiň niýetini şu aýatdaky sözler görkezýär: «Iki ýyl geçende, Feliksiň ýerine Porkiwus Fest hökümdar boldy. Feliks bolsa ýehudylara ýaranjaňlyk edip, Pawlusy tussaglykdan boşatmady» (Res. 24:27). Görşümiz ýaly, Feliksiň Pawlusa ýagşylyk etmek niýeti ýokdy. Ol mesihçileriň gozgalaň turuzmaýandygyny, başbozar däldigini bilýärdi (Res. 19:23). Feliks Pawlusyň Rimiň kanunyny bozmandygyna gowy düşünse-de, «ýehudylara ýaranjaňlyk edip» ony türmeden boşatmady.
21. Porkiwus tagta geçensoň Pawlusa näme boldy? Pawlusyň imany näme üçin gowşamaýardy?
21 Resullar 24-nji babyň soňunda aýdylyşy ýaly, Porkiwus hökümdar bolansoňam Pawlus türmededi. Hawa, Pawlus bir däl, birnäçe hökümdaryň öňünde durmaly bolýar. Ony ýene-de sorag-ideg edýärler. Ol «patyşalaryň we hökümdarlaryň öňünde» mertlerçe durýar (Luka 21:12). Indiki bapdan biz onuň iň güýçli hökümdara nädip wagyz edendigini bileris. Pawlus itiň gününi görse-de, onuň Hudaýa bolan imany birjigem gowşamady. Oňa Isanyň: «Mert bol!» diýen sözleri hemişe güýç berýärdi.
a « Ýahudanyň hökümdary — Feliks» diýen çarçuwa serediň.
b Tertulus Feliksiň saýasynda «parahat ýaşaýandyklary» üçin sag bolsun aýdýar. Aslynda, Rimde gozgalaň turmanka, Feliksiň höküm süren döwri Ýahudada eden-etdiligiň hetdi-hasaby ýokdy. Beýleki patyşalar höküm sürýärkä, halk birazajyk hem bolsa parahat ýaşaýardy. Tertulus Felikse: «Alyp barýan işleriňiz üçin çäksiz minnetdar» diýip ýürekden aýtmady. Ýehudylaryň köpüsi Feliksi ýigrenýärdi, sebäbi ol ejize ganymdy, gozgalaňy ýatyrmak üçin adamlary ezýärdi (Res. 24:2, 3).