7-NJI BAP
«Isa hakda hoş habar» wagyz edilýär
Hoş habarçy Filipusyň göreldesi
1, 2. Duşmanlar hoş habary wagyz etdirmejek bolsa-da näme boldy?
IÝERUSALIMDE güýçli yzarlama başlady. Sawul hem «ýygnaklary yzarlap, azar berýärdi» (Res. 8:3). Şonuň üçin şägirtler ol ýerden gaçyp gaýtdylar. Käbir adamlar: «Sawul mesihçileriň ýoguna ýanar, hoş habar wagyz edilmez» diýip pikir edendir. Ýöne şägirtleriň çar tarapa dargamagy gowy netije berdi.
2 Şägirtler nirä barsalar-da, «Hudaýyň hoş habaryny wagyz edýärdiler» (Res. 8:4). Duşmanlar hoş habary wagyz etdirmejek bolýardylar. Ýöne ähli zat tersine boldy. Şägirtler baran ýerlerinde wagyz edip, hoş habary has köp adama ýetirýärler. Şu günlerem duşmanlar mesihçileri yzarlaýarlar, ýöne hoş habaryň ýaýramagyna päsgel berip bilmeýärler.
«Çar tarapa dargan şägirtler» (Resullar 8:4—8)
3. a) Filipus kim? b) Samariýada ýaşaýan adamlar näme üçin hoş habary eşitmändi? Isa näme diýdi?
3 Şägirtleri yzarlanlarynda Filipusam gaçyp gidipdi a (Res. 8:4; « „Hoş habarçy“ Filipus» diýen çarçuwa serediň). Ol Samariýa şäherine barypdy. Şol ýerde ýaşaýan adamlar öň hoş habary eşitmändi. Sebäbi öň Isa resullaryna: «Samariýalylaryň hiç bir şäherine girmäň; diňe Ysraýyl öýüniň ýiten goýunlaryny gözläň» diýipdi (Mat. 10:5, 6). Isa samariýalylara asla wagyz edilmez diýjek bolmady. Wagty gelende olaram hoş habary eşitmelidi. Ol göge gitmänkä, şägirtlerine: «Iýerusalimde, tutuş Ýahudada, Samariýada we bütin ýer ýüzünde men hakda wagyz edersiňiz» diýipdi (Res. 1:8).
4. Hoş habar samariýalylara nähili täsir etdi we näme üçin?
4 Filipus Samariýa baranda «hasylyň ýetişendigini» gördi (Ýah. 4:35). Onuň aýdan habary Samariýanyň teşne adamlaryny gandyrdy. Ýehudylar samariýalylar bilen gatnaşmaýardylar, hatda olary ýigrenýärdiler. Ýöne samariýalylar hoş habaryň diňe ýehudylara däl-de, özlerine-de wagyz edilýändigini gördüler. Onsoňam Filipusyň aýdýan zatlary fariseýleriň öwredýän zatlaryndan tapawutlanýardy. Fariseýler adam saýlaýardy, başgalardan özüni ýokary tutýardy. Ýöne Filipus hoş habary samariýalylara wagyz edip, adam saýlamaýandygyny görkezdi. Şonuň üçinem samariýalylar Filipusy ünsli diňlediler (Res. 8:6).
5—7. Yzarlamalar bolsa-da hoş habar nädip ýaýrady?
5 I asyrdaky ýaly, Hudaýyň halkyny şu günlerem yzarlaýarlar, türmä basýarlar. Mesihçiler hatda başga ýurda-da göçüp gitmeli bolýarlar. Ýöne şeýle kynçylyklar hoş habaryň ýaýramagyna päsgel bermän, gaýtam köp adamlaryň hakykaty eşitmegine sebäp bolýar. Meselem, II jahan urşunda Ýehowanyň Şaýatlaryny konslagerlere sürgün etdiler. Olar şol ýerlerde-de yhlasly wagyz edýärdiler. Hoş habary konslagerde eşiden bir ýehudy şeýle diýýär: «Ýehowanyň Şaýatlary gaty batyrgaý. Olar hiç kimden, hiç zatdan gorkman, hakykaty wagyz edýärdiler. Olar hak Hudaýa iman edýärler, Mukaddes Kitapdan öwrenen zatlary boýunça ýaşaýarlar. Olaryň imany menem Ýehowanyň Şaýady bolmaga höweslendirdi».
6 Käte Ýehowanyň Şaýatlary yzarlaýan adamlara wagyz edýärler. Olaryň käbiri hatda Ýehowanyň Şaýadam bolýar. Meselem, Frans Deş dogany Guzendaky (Awstriýadaky) konslagere sürgün edýärler. Şonda ol ofiserleriň birine Mukaddes Kitapdan okuw geçýär. Aý aýlanyp, ýyllar geçýär. Olar Ýehowanyň Şaýatlarynyň kongresinde görüşýärler. Şonda ikisem bir halkyň agzasy bolandygyna begenendirler.
7 Şeýle ýagdaýlar yzarlamalar sebäpli bir ýurtdan başga ýurda gaçyp giden mesihçiler bilenem boldy. Takmynan 50 ýyl mundan öň Malawide güýçli yzarlama bolansoň, mesihçiler Mozambige göçmeli boldular. Olar şol ýerde köp adamlara wagyz etdiler. Soň Mozambikde-de güýçli yzarlama başlandy. Ýöne mesihçiler wagyz etmegini bes etmediler. Fransisko Koana dogan şeýle gürrüň berýär: «Wagyz edýändigimiz üçin biziň köpümizi birnäçe sapar tussag etdiler. Ýöne akýürekli adamlaryň hoş habara gowy seslenýändigini görüp, I asyrdaky ýaly Hudaýyň bize-de kömek edýändigine ynamymyz artdy».
8. Hoş habaryň ýaýramagyna ýene näme sebäp boldy?
8 Diňe yzarlamalar däl-de, ýurduň syýasy we ykdysady ýagdaýynyň üýtgemegi hem hoş habaryň ýaýramagyna sebäp bolýar. Soňky birnäçe ýylyň içinde köp adamlar uruş, işsizlik sebäpli öz ýurdundan göçüp gaýtmaly boldular. Olaryň käbiri hoş habary eşidip, Mukaddes Kitapdan okuw geçdiler. Daşary ýurtdan göçüp gelen adamlara wagyz etmek üçin olaryň dilini öwrenmeli bolýar. Sizem ýaşaýan ýeriňizdäki dürli «milletden, taýpadan, halkdan» bolan adamlara wagyz etmäge jan edýärsiňizmi? (Ylh. 7:9).
«Maňa-da güýç beriň» (Resullar 8:9—25)
9. Simun kimdi? Ol Filipusyň görkezen gudratlaryna näme üçin haýran galdy?
9 Filipus Samariýada ençeme gudratlary görkezdi. Ol maýyp, ysmaz adamlary sagaltdy, köp adamlaryň içinden jynlary çykardy (Res. 8:6—8). Simun atly bir adam Filipusyň görkezen gudratlaryna haýran galýar. Simun jadygöýdi, Samariýada ony tanamaýan ýokdy. Hemmeler Simuna: «Onda Beýik Hudaýyň güýji bar» diýýärdiler. Simun Filipusa Hudaýyň güýç berýändigini görüp iman edýär (Res. 8:9—13). Ýöne ol näme sebäpden mesihçi bolýar?
10. a) Petrus bilen Ýahýa Samariýada näme etdiler? b) Bolan zatlary görüp Simun näme etdi?
10 Resullar Samariýada köp adamlaryň Isanyň şägirdi bolýandygyny eşidýärler. Şonuň üçin şol ýere Petrus bilen Ýahýany iberýärler (« Petrusa berlen açarlar» diýen çarçuwa serediň). Resullar Samariýa gelip, täze şägirtleriň üstüne elini goýýarlar. Şonda olara mukaddes ruh inýär b. Muny görüp, Simunyňam Petrus bilen Ýahýa ýaly, adamlara mukaddes ruhy beresi gelýär. Ol resullara: «Adamlaryň üstüne elimi goýanymda, mukaddes ruh iner ýaly, maňa-da güýç beriň» diýýär. Simun resullara hatda pul hem hödürleýär. Ol Hudaýyň berýän ukybyny satyn aljak bolýar (Res. 8:14—19).
11. Petrus Simuna näme diýdi? Simun näme diýdi?
11 Petrus Simuna çürt-kesik jogap berýär. Ol oňa: «Puluň başyňa ýetsin! Sen Hudaýyň mugt berýän zadyny pula satyn aljak bolýaňmy? Hudaýyň öňünde ýaman niýetli bolanyň üçin, biziň bilen gulluk etmäge mynasyp dälsiň» diýýär. Soňra Petrus Simuna: «Ýehowa ýalbaryp, toba et-de, ýaman niýetiňden dän. Belki, ol ýüregiňdäki ýaman niýetiňi bagyşlar» diýýär. Aslynda, Simun erbet adam däldi. Onuň gowy zat edesi gelýärdi. Ýöne şol wagt ol ýalňyşdy. Soňra ýalňyşyna düşünip, resullara: «Meniň üçin Ýehowa ýalbaryp doga ediň. Aýdan zatlaryňyzyň hiç biri başyma inmesin» diýdi (Res. 8:20—24).
12. Hristian dünýäsinde näme edilýär?
12 Petrusyň Simuna beren maslahaty biziň ählimize degişli. Onuň maslahaty ýygnakda berilýän borçlary satmaly däldigini ýa-da satyn almaly däldigini görkezýär. Gynansak-da, hristian dünýäsinde ýokary wezipä ýetmek üçin pul berýärler ýa-da alýarlar. 1878-nji ýylda çykan kitapda aýdylmagyna görä, «adamlar buthanada ruhany bolmak üçin pul berýärler. Olar pul berýänine utanmaýarlar, muny gizlejegem bolmaýarlar».
13. Mesihçiler näme etmeli däl?
13 Mesihçilerem ýygnakdaky borçlary satmaly däl ýa-da satyn almaly däl. Meselem, ýygnakda jogapkärli borçlary almak üçin ýaşululara ýaranjaňlyk edip sowgat bermeli däl, öwüp arşa çykarmaly däl. Ýygnakda jogapkärli borçlary bolanlar hem baý dogan-uýalara ýaranjaňlyk edip, diňe olaryň daşynda pyrlanmaly däl. Şu iki ýagdaý hem wezipäni satmak ýa-da satyn almak bolýar. Hudaýyň gullukçylary Ýehowa jogapkärli borçlary berýänçä, oňa sabyrly garaşmaly (Luka 9:48). Ýehowany däl-de, «özüni öwüp» arşa çykarýan adamlara Hudaýyň guramasynda orun ýok (Nak. 25:27).
«Okaýan zatlaryňa düşünýäňmi?» (Resullar 8:26—40)
14, 15. a) Efiopiýaly wezir kim? Filipus weziri nirede gördi? b) Pygamberligi düşündirensoň wezir Filipusa näme diýdi? Wezir näme üçin suwa çümdürilmäge taýyndy? (Çykgyda serediň).
14 Ýehowanyň perişdesi Filipusa: «Iýerusalimden Gaza barýan ýola düş» diýýär. Şol wagt Filipus näme üçin şol tarapa gitmelidigine düşünen däldir. Ýöne ol efiopiýaly weziriň «Işaýa pygamberiň kitabyny sesli okaýandygyny» görende, perişdäniň näme üçin şeýle diýendigine düşünendir (« Efiopiýaly wezir agta edildimi?» diýen çarçuwa serediň). Şonda mukaddes ruh Filipusa: «Bar, arabanyň yzyndan ýet» diýýär. Ol weziriň ýanyna ylgap baryp: «Okaýan zatlaryňa düşünýäňmi?» diýýär. Wezirem: «Biri düşündirmese, nädip düşüneýin?» diýýär (Res. 8:26—31).
15 Efiopiýaly wezir Filipusa arabasyna münmegi haýyş edýär. Olar ýolboýy gürrüň edip gidýärler. Köp adamlar ýaly, efiopiýaly wezirem Işaýanyň pygamberligindäki «goýnuň», «guluň» kimdigini bilmeýärdi (Işa. 53:1—12). Filipus oňa şol pygamberligiň Isa Mesihde ýerine ýetendigini düşündirýär. B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni suwa çümdürilen adamlar ýaly, ýehudy dinine geçen efiopiýaly wezir hem suwa çümdürilmelidigine düşünýär. Şonuň üçin ol Filipusa: «Ine suw! Maňa suwa çümdürilmäge näme päsgel berýär?» diýdi. Filipusam ony suwa çümdürýär c (« Suwa çümdürilmek» diýen çarçuwa serediň). Soňra Ýehowa mukaddes ruhy arkaly Filipusa Aşdota gitmegi tabşyrýar. Filipus şol ýerde-de hoş habary wagyz edýär (Res. 8:32—40).
16, 17. Wagyz etmäge perişdeler nädip kömek edýär?
16 Filipus ýaly, häzirki mesihçilerem Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz edýärler. Olar mümkinçilikden peýdalanyp, her dürli ýagdaýda, hatda bir ýere gidenlerinde-de wagyz edýärler. Köplenç olaryň akýürekli adamlara duşmagy tötänlik däl. Olara perişdeler kömek edýär. Mukaddes Kitapda perişdeleriň Hudaýyň halkyny «her millete, her taýpa, her dile we her halka» wagyz etmäge ugrukdyrýandygy aýdylýar (Ylh. 14:6). Hoş habary ýaýratmaga perişdeleriň kömek etjekdigini Isa-da pygamberlik edipdi. Isa bugdaý we haşal ot mysalynda perişdeleri hasyl döwründäki, ýagny dünýäniň soňundaky orakçylar bilen deňeşdirdi. Şeýle-de ol perişdeleriň «Patyşalygynda adamlaryň günä etmegine sebäp bolýan ähli zady we kanuny bozýan adamlary üýşürjegini» aýtdy (Mat. 13:37—41). Ýehowa gökde höküm sürjekleri we «başga goýunlardan» ybarat «uly märekäni» ýygnamagy hem perişdelere tabşyrar (Ylh. 7:9; Ýah. 6:44, 65; 10:16).
17 Köp adamlar Hudaýdan kömek sorap doga edensoň, Ýehowanyň Şaýatlarynyň olara wagyz edendigini aýdýarlar. Bir gezek iki sany Ýehowanyň Şaýady wagza gidýär. Olaryň ýanynda çagajygam bardy. Olar wagyz edip bolansoň, öýüne gaýtjak bolýar. Ýöne çagajygyň ýene bir gapyny kakasy gelýär. Çagajyk gapyny kakanda, bir ýaş gelin açýar. Wagyzçylaram onuň bilen gürrüňdeş bolýar. Ýaş gelin olara Mukaddes Kitaba düşüner ýaly birini iberäý diýip, Hudaýa dileg edendigini aýdýar. Şeýdip, wagyzçylar onuň bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlaýarlar.
18. Biz näme üçin höwes bilen wagyz etmeli?
18 Şu günler hoş habar has köp adamlara wagyz edilýär. Bizem wagyz edip, perişdeler bilen işleşmegi hormat saýýarys. Ýehowanyň tabşyran hormatly işini höwes bilen edesimiz gelýär. Şonuň üçin yhlasly wagyz ediň, «Isa hakda hoş habary» gürrüň beriň. Şonda köp şatlyk taparsyňyz (Res. 8:35).
a Şu bapda aýdylýan Filipus Isanyň resuly Filipus däl. Ol Iýerusalimdäki grekçe we ýewreýçe gepleýän dul aýallara azyk paýlamak üçin saýlanan ýedi sany göreldeli adamyň biridi (Res. 6:1—6).
b Şol döwür täze şägirtler suwa çümdürilende mukaddes ruhy alýardy. Şeýdip, olar Isa bilen gökde patyşalar we ruhanylar bolup gulluk etmäge saýlanýardy (2 Kor. 1:21, 22; Ylh. 5:9, 10; 20:6). Ýöne Samariýadaky täze şägirtlere suwa çümdürilende mukaddes ruh berilmändi. Olar Petrus bilen Ýahýa elini goýansoň, mukaddes ruhy aldylar we gudrat görkezip başladylar.
c Efiopiýaly wezir suwa çümdürilmäge taýyndy. Ol howlugyp karara gelmedi. Ol ýehudy dinine geçensoň, mukaddes kitaplary, Mesih baradaky pygamberlikleri gowy bilýärdi. Filipus oňa Hudaýyň Isa arkaly niýetini amala aşyrjakdygyny düşündirensoň, wezir suwa çümdürilmegi soňa goýmaýar.