6-NJY BAP
Stefanus «Hudaýyň kömegi we güýji bilen berk durdy»
Stefanus Mejlisde batyrgaý wagyz edýär
1—3. a) Stefanusyň başyna nähili kynçylyk düşdi? Ol özüni nähili alyp bardy? b) Haýsy soraglaryň jogabyny bileris?
IÝERUSALIMDE ybadathananyň golaýynda Mejlis jaýy bardy. Mejlisiň 71 agzasy tegelenişip otyrdy, ortada bolsa Stefanus durdy. Olar Stefanusa höküm çykarmak üçin ýygnanyşypdylar. Kazylar erk-ygtyýarly, abraýly adamlardy. Olaryň köpüsi Isanyň şägirtlerini ýigrenýärdi. Mejlisiň agzalaryny şol ýere baş ruhany Kaýafa ýygnapdy. Şondan birnäçe aý öň, Isa Mesihem Mejlisde höküm edilende Kaýafa ýolbaşçylyk edipdi. Indi Stefanus gorkarmy?
2 Şonda üýtgeşik bir zat bolýar. «Stefanusyň ýüzi perişdäniň ýüzi ýaly» bolýar (Res. 6:15). Kazylar oňa haýran galyp seredýärler. Perişdeler Hudaýyň habaryny aýdýarlar. Şol sebäpli olar hiç zatdan gorkmaýarlar, özlerini rahat alyp barýarlar. Stefanusam özüni arkaýyn alyp bardy. Kazylaram onuň rahatdygyny gördüler. Stefanusa rahatlygy saklamaga näme kömek etdi?
3 Şu soragyň jogabyndan biz köp zatlary öwrenip bileris. Geliň, ilki bilen Stefanusyň başyna şeýle kynçylyklaryň näme üçin düşendigini, Stefanusyň öň imanynyň nähili bolandygyny we biziň ondan näme öwrenjekdigimizi bileliň.
«Olar halky... öjükdirdiler» (Resullar 6:8—15)
4, 5. a) Stefanus ýygnakda nähili işleri etdi? b) Stefanusa Hudaýyň kömek edýändigi nämeden görünýär?
4 Stefanus täze dörän mesihçiler ýygnagynda köp işleri edýärdi. Geçen bapdan bilşimiz ýaly, resullar ýedi adamy saýlap, azyk paýlamagy tabşyrdylar. Şol pesgöwünli adamlaryň arasynda Stefanusam bardy. Stefanusyň pesgöwünligi sylagsyz galmaýar. Resullar 6:8-de Stefanusyň käbir resullar ýaly, «Hudaýyň kömegi we güýji bilen... köp alamat hem gudrat görkezendigi» aýdylýar. Nädip?
5 Stefanus pesgöwünli adamdy, şonuň üçin hem mukaddes ruh oňa ýol görkezýärdi. Ol Ýehowanyň güýji bilen köp zatlary etdi. Stefanus mähirlidi, ýumşakdy, adamlaryň dilini tapýardy. Adamlar ony höwes bilen diňleýärdi, sebäbi Stefanus peýdaly zatlary öwredýärdi. Ýöne ol ukyp-başarnyklary üçin öwünmedi. Adamlaryň ýürekden aladasyny edip, Ýehowany şöhratlandyrdy. Şonuň üçinem dini ýolbaşçylar oňa garşy çykdy.
6—8. a) Stefanusy haýsy iki zatda aýypladylar? b) Biz näme üçin Stefanus barada öwrenmeli?
6 Käbir adamlar Stefanus bilen jedelleşdiler. Ýöne onuň «paýhasyna we mukaddes ruhuň güýji bilen aýdýan sözlerine garşy çykyp bilmediler» a. Şonuň üçinem halky, ýaşululary oňa garşy öjükdirdiler, töhmet atdyrdylar. Şeýdip, Stefanusy tutup Mejlise getirýärler (Res. 6:9—12). Olar Stefanusy «Hudaýa we Musa dil ýetirýär» diýip aýyplaýarlar.
7 Töhmetçiler Stefanusy Iýerusalimdäki ybadathana barada erbet zatlary aýdyp, Hudaýa «dil ýetirýär» diýip aýyplaýarlar (Res. 6:13). Şeýle-de oňa «Musanyň kanunyny, onuň bilen bagly däp-dessurlary üýtgedip, Musa hormat goýmaýar» diýýärler. Olaryň aýyplamasy ýöne-möne zat däldi. Şol döwür ýehudylar ybadathanany, Musanyň kanunyndaky jikme-jiklikleri, oňa goşan däp-dessurlaryny ähli zatdan ileri tutýardylar. Şeýle aýyplamalar esasynda Stefanusa ölüm jezasy berlip bilýärdi.
8 Şu günlerem dini ýolbaşçylar Hudaýyň halkyna azar bermek üçin şeýle usullary ulanýarlar. Olar hökümet ýolbaşçylaryny öjükdirip, Ýehowanyň Şaýatlaryny yzarladýarlar. Ýöne bize töhmet atsalar, Stefanusdan görelde alyp bileris.
«Hudaýyň şöhraty» barada wagyz edýäris (Resullar 7:1—53)
9, 10. Käbir tankytçylar Stefanus barada näme diýdiler?
9 Babyň başynda Stefanusa garşy çykanlarynda onuň «ýüzi perişdäniň ýüzi ýaly» boldy diýlipdi. Şondan soň Kaýafa Stefanusa: «Olaryň aýdýany dogrumy?» diýýär (Res. 7:1). Indi gezek Stefanusyňkydy, ol batyrgaýlyk bilen söze başlaýar.
10 Käbir tankytçylar: «Stefanus köp zatlary aýtsa-da, özüni aklap bilmedi» diýýärler. Ýöne Stefanus imany barada gorkman gürrüň berip görelde görkezdi (1 Pet. 3:15). Ýadyňyzda bolsa, Stefanusy «Hudaýa we Musa dil ýetirýär» diýip aýyplaýarlar. Stefanus olara ysraýyllaryň taryhynda bolan üç döwür barada gürrüň berýär. Geliň, şol döwürlerde bolan käbir jikme-jikliklere seredeliň.
11, 12. a) Stefanus näme üçin Ybraýym barada gürrüň berdi? b) Ol näme üçin Ýusup barada gürrüň berdi?
11 Ata-babalarynyň döwri (Res. 7:1—16). Stefanus Ybraýym barada gürrüňe başlady. Ýehudylar Ybraýymyň imanyndan görelde alýardylar. Stefanus olara tanyş wakany gürrüň berdi. Ol Ybraýyma «Ýehowanyň şöhratynyň» ilkinji gezek Mesopotamiýada görnendigini belläp geçdi (Res. 7:2). Ybraýym Ýehowanyň wada beren ýurdunda gelmişek bolup ýaşaýardy. Şol döwür ybadathana-da, Musanyň kanuny hem ýokdy. Ýöne Ybraýym Ýehowa wepaly boldy. Oňa Ýehowa wepaly sežde etmek üçin ybadathana-da, Kanun hem gerek bolmady.
12 Ýehudylar Ýusuba hem hormat goýýardylar. Stefanus Ýusup barada-da gürrüň berdi. Ysraýylyň taýpalary Ýusubyň doganlaryndan döredi. Ýöne Ýusuby gul edip satanlaram şolardy. Ýehowa Ýusup arkaly ysraýyllary açlykdan halas etdi. Stefanus Ýusup bilen Isa Mesihiň başdan geçirenleriniň meňzeşdigini bilse-de, adamlar köpräk diňlär ýaly, Isa hakda şol bada agzamady.
13. Stefanus özi barada aýdylan zatlaryň ýalandygyny nädip subut etdi? Stefanus kem-kemden nämäni düşündirdi?
13 Musa pygamberiň döwri (Res. 7:17—43). Stefanusyň Musa barada gürrüň bermegi ýerliklidi, sebäbi Mejlisiň agzalarynyň köpüsi saddukeýlerdi. Saddukeýler bolsa diňe Musa pygamberiň kitaplaryny okaýardylar. Ýadyňyzda bolsa, Stefanusy «Musa pygambere dil ýetirýär» diýip aýyplapdylar. Ýöne Stefanus olaryň aýdýan zadynyň ýalandygyny subut etdi. Onuň sözünden Musa we Kanuna hormat goýýandygy görünýärdi (Res. 7:38). Şeýle-de Stefanus ysraýyllaryň Musa pygambere garşy çykandygyny aýtdy. Musa olary ençeme sapar halas etjek bolupdy. Ýöne halk ondan ýüz öwürdi. Musa pygambere ilkinji sapar 40 ýaşynda garşy çykdylar. Şondan 40 ýyldan köpräk wagt geçensoň, halk birnäçe sapar Musa garşy gozgalaň turuzdy b. Şeýdip, Stefanus ysraýyl halkynyň Ýehowanyň bellän ýolbaşçysyna ençeme sapar garşy çykandygyny kem-kemden düşündirdi.
14. Stefanus Musa barada gürrüň berende haýsy wajyp pikirleri aýtdy?
14 Stefanus Ysraýyldan Musa ýaly pygamberiň çykjakdygynam ýatlatdy. Ol kim? Halk ony nähili kabul eder? Stefanus soragyň jogabyny gürrüňdeşligiň soňunda aýtdy. Ol ýene bir wajyp pikiri aýtdy. Musa islendik ýeriň mukaddes bolup biljekdigine düşündi. Ýehowa Musa bilen ýanyp duran ýandagyň içinden gürleşende «duran ýeriň mukaddes» diýdi. Diýmek, Ýehowa Iýerusalimdäki ybadathana ýaly belli bir ýerde sežde etmelimi? Geliň, bileliň.
15, 16. a) Näme üçin Stefanus çadyr barada gürrüň açdy? b) Stefanus Süleýmanyň ybadathanasy hakda näme üçin gürrüň berdi?
15 Çadyr we ybadathana (Res. 7:44—50). Stefanus kazylara Iýerusalimde ybadathana ýokka, halkyň çadyrda Hudaýa sežde edendigini ýatlatdy. Ýehowa Musa pygambere çadyr gurmagy tabşyrypdy. Çadyry islän ýeriňe göçürip bolýardy. Eger Musa Hudaýa çadyrda sežde eden bolsa, onda hiç kimiň çadyr ybadathanadan pes diýmäge dili barmazdy.
16 Birnäçe wagtdan soň Süleýman Hudaýa sežde etmek üçin ybadathana gurupdy. Şonda ol Hudaýa dileg edip, bir wajyp pikiri aýtdy. Stefanus şeýle diýdi: «Allatagala ynsan eli bilen ýasalan öýde ýaşamaýar» (Res. 7:48; 2 Tar. 6:18). Ýehowa öz islegini amala aşyrmak üçin ybadathana gurdurdy. Ýöne Ýehowa ybadathana bolmasa-da, niýetini amala aşyryp bilýär. Diýmek, hudaýhon adamlar diňe adam eli bilen ýasalan binalarda Hudaýa arassa sežde edip bolýandyr öýtmeli däl. Soňra Stefanus Işaýa pygamberiň kitabyna salgylanyp sözüni şeýle jemleýär: «Gökler meniň tagtym, ýer basgançagym. Siz maňa nirede jaý salyp bilersiňiz? Öýüm nirede bolar? Ýehowa şeýle diýýär: „Ähli zady elim bilen ýaratdym, olary men döretdim“» (Res. 7:49, 50; Işa. 66:1, 2).
17. a) Stefanus adamlaryň ýalňyşýandygyny nädip subut etdi? b) Stefanus erbet iş etmändigini nädip görkezdi?
17 Stefanus Mejlisde söz sözlände töhmet atýan adamlaryň ýalňyşandygyny subut etdi. Ol adamlara Ýehowanyň islegini dürli ýollar bilen amala aşyryp bilýändigini düşündirdi. Ýehowa belli bir ýagdaý ýa-da ýer bolmasa-da, niýetini amala aşyryp bilýär. Stefanusy diňläp duranlar Iýerusalimdäki beýik, owadan ybadathanany gowy görýärdiler. Musanyň kanunyna goşulan däp-dessurlar boýunça ýaşaýardylar. Ýöne olar Ýehowanyň ybadathanany näme üçin gurdurandygyna, kanuny näme üçin berendigine düşünmeýärdiler. Stefanusyň aýdan sözleri hakda oýlansaň, şeýle sorag ýüze çykýar: «Ýehowa gulak assaň, kanuna, ybadathana hormat goýdugyň bolmaýarmy?» Stefanus Hudaýa jany-teni bilen gulak asdy. Ol adamlaryň öňünde erbet iş etmändigini subut etdi.
18. Biz nädip Stefanusdan görelde alyp bileris?
18 Biz Stefanusdan näme öwrenip bilýäris? Stefanus mukaddes kitaplary gowy bilýärdi. Bizem «hakykat sözüne» dogry düşünmek üçin Mukaddes Kitaby gowy öwrenmeli (2 Tim. 2:15). Şeýle-de Stefanus ýaly adamlaryň göwnüne degmän, olar bilen mähirli gepleşmeli. Stefanusy diňleýänler ony ýigrenýärdi. Ýöne ol adamlaryň gyzyklanýan zatlary hakda gürrüň edip, olaryň dilini tapdy. Adamlar şol zatlara hormat goýýardylar. Şeýle-de Stefanus sylaşykly gepleşdi. Uly ýaşly adamlara «atalar» diýip ýüzlendi (Res. 7:2). Bizem Hudaýyň Sözüni «ýumşaklyk we çuňňur hormat bilen» aýtmaly (1 Pet. 3:15).
19. Stefanus Mejlisde nädip wagyz etdi?
19 Biz adamlaryň göwnüne degmejek bolup, Hudaýyň habaryny aýtmaga çekinmeli däl. Şeýle-de Ýehowanyň höküm habaryny aýdanymyzda adamlara ýaranjak bolup, ony ýumşatmaly däl. Stefanus gowy görelde galdyrdy. Ol Mejlisiň öňünde birnäçe delilleri getirse-de, tekepbir kazylaryň üýtgemejekdigini bilýärdi. Şonuň üçin mukaddes ruhuň kömegi bilen tekepbir kazylara Ýusuba, Musa we beýleki pygamberlere garşy çykan ata-babalaryna meňzeýändigini aýtdy (Res. 7:51—53). Dogrudanam, Isa Mesihi ölüme höküm edenlerem ýehudylardy. Aslynda, Musa-da, beýleki pygamberlerem Mesih barada pygamberlik edipdiler. Diýmek, kazylaryň özleri Musanyň kanunyna gulak asmadylar.
«Halypam, Isa! Ruhumy kabul et» (Resullar 7:54—8:3)
20, 21. Stefanusy diňläp duran kazylar näme etdiler? Ýehowa Stefanusy nädip ruhlandyrdy?
20 Stefanusyň aýdýan zatlary dogry bolansoň, kazylar gaýtargy berip bilmediler. Olar aýtmaga söz tapman, Stefanusa dişini gyjadylar. Şonda Hudaýa wepaly Stefanus Halypasy Isa ýaly öldüriljekdigine düşünen bolmaly.
21 Stefanusa Hudaýa wepaly bolmak üçin batyrgaýlyk gerekdi. Ýehowa oňa görnüş görkezýär. Şol görnüş ony ruhlandyran bolmaly. Ol görnüşde Ýehowanyň şöhratyny, Isanyň onuň sag tarapynda oturandygyny görýär. Stefanus gören görnüşi hakda aýdanda kazylaryň ählisi gulaklaryny ýapýar. Näme üçin? Öň Isa-da şol kazyýetde özüniň Mesihdigini, tizden Atasynyň sag tarapynda oturjakdygyny aýdypdy (Mar. 14:62). Stefanusyň gören görnüşi Isanyň hakykaty aýdandygyny subut edýär. Mejlis Isa dönüklik edip, ony ölüme höküm edipdi. Indi kazylar Stefanusy daşlap öldürmegiň ugruna çykdylar c.
22, 23. Stefanus bilen Halypasynyň ölüminiň nähili meňzeşligi bar? Biz Stefanus ýaly nämä ynamly bolup bileris?
22 Halypasy Isa ýaly, Stefanus hem öldüriljek wagty Ýehowa doly bil baglady. Ol howsala düşmedi, hatda özüni daşlap duran adamlaryň hem günäsini geçdi. Ol: «Halypam, Isa! Ruhumy kabul et» diýdi. Şol wagt ol henizem görnüşde Ynsan ogly bilen Ýehowany görýän bolmaly. Stefanusy Isanyň: «Direldýänem, ýaşadýanam mendirin» diýen sözleri ruhlandyrandyr (Ýah. 11:25). Ahyrynda Stefanus batly ses bilen: «Ýehowa, olara günäsi üçin jeza berme» diýip doga etdi, soňra jan berdi (Res. 7:59, 60).
23 Stefanus imany üçin öldürilen ilkinji şägirtdi (« Stefanus öldürilýär» diýen çarçuwa serediň). Gynansak-da, imany üçin öldürilen başga-da şägirtler bar. Şu wagta çenli din, syýasat üçin hiç zatdan gaýtmaýan zalym adamlar Hudaýyň wepaly gullukçylaryny öldürdiler. Ýöne Stefanus ýaly bizem Ýehowanyň kömek etjekdigine şübhelenmän bilýäris. Häzir Isa gökde Patyşa, Ýehowa oňa uly ygtyýar hem güýç berdi. Patyşamyz Isa hiç kim, hiç zat Hudaýyň wepaly gullukçylaryny direltmäge päsgel berip bilmez (Ýah. 5:28, 29).
24. Stefanusy daşlanlarynda Sawul näme etdi? Stefanusyň ölümi şägirtlere nähili täsir etdi?
24 Sawul atly ýaş ýigit Stefanusyň daşlanýandygyny görüp durdy. Ol Stefanusy daşlaýan adamlary goldady, hatda olaryň donlaryny hem garawullady. Stefanus öldürilenden soň, Sawul Isanyň şägirtlerini yzarlap, azar berip başlady. Ýöne şägirtleriň imany gowşamady. Gaýtam Stefanusyň ölümi şägirtleri soňky demine çenli Hudaýa wepaly bolmaga höweslendirdi. Üstesine Sawul hem Isanyň şägirdi boldy (Res. 22:20). Şondan soň oňa Pawlus hem diýýärdiler. Ol Stefanusy daşlan adamlary goldandygyna ökündi. Pawlus ýalňyşandygyna düşünip şeýle diýdi: «Men öň Hudaýa dil ýetirýärdim, halkyny yzarlaýardym we gödek adamdym» (1 Tim. 1:13). Pawlus Stefanusy we onuň Mejlisde aýdan sözlerini hiç haçan ýadyndan çykarmady. Ol käbir hatlarynda we çykyşlarynda Stefanusyň aýdan sözlerini agzady (Res. 7:48; 17:24; Ýew. 9:24). Pawlus «Hudaýyň kömegi we güýji bilen» imanda berk duran we batyrgaý bolan Stefanusdan görelde aldy. Biz nädip Stefanusyň göreldesine eýerip bileris?
a Stefanusa garşy çykan adamlaryň käbiri «Azatlar sinagogasyndandy». Belki, olary rimliler tussag edip, soň azat edendir ýa-da olar ýehudy dinine geçen azat bolan gullardyr. Şonuň üçinem olara «Azatlar sinagogasy» diýilýändir. Stefanus bilen jedelleşenleriň arasynda kilikiýalylar hem bardy. Sawulam Kilikiýanyň Tarsus şäherindendi. Ýöne şu wakada Sawulyň kilikiýalylaryň arasynda bolandygy aýdylmaýar.
b Musanyň Müsürde bilim alandygy, Müsürden näçe ýaşynda gaçyp gaýdandygy we Midýan ýurdunda näçe wagt ýaşandygy barada diňe Stefanus agzaýar. Şol zatlar hakda Mukaddes Kitabyň başga ýerinde aýdylmaýar.
c Rim hökümeti Mejlise adamy ölüme höküm etmäge rugsat bermeýärdi (Ýah. 18:31). Ýöne kazylar märekäni öjükdirip, Stefanusy öldürtdiler. Şonuň üçin ony kazylar däl-de, gahar-gazaba münen märeke öldüren ýaly boldy.