Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

11-NJI SAPAK

Mukaddes Kitaby okamagyň peýdasy

Mukaddes Kitaby okamagyň peýdasy

Uly bir işiň başyna baranyňda, birbada kyn bolup görünýär. Emma ony bölüp-bölüp etseň, aňsat bolýar. Mukaddes Kitaby okanyňda hem şeýle edip bilersiň. Mümkin, sen: «Baý-bow, uly kitaby haçan okap gutararyn?» diýýänsiň. Şu sapakda Mukaddes Kitaby gyzykly edip okap we öwrenip bolýandygyny bileris.

1. Mukaddes Kitaby näme üçin her gün okamaly?

«Ýehowanyň kanunyny», ýagny Mukaddes Kitaby her gün okasaň, bagtly bolarsyň we eden işiň ugruna bolar (Zebur 1:1—3-nji aýatlary oka). Her gün birnäçe minut okajak bol. Mukaddes Kitaby näçe köp okasaň, şonça-da okasyň geler.

2. Mukaddes Kitaby nähili okamaly?

Mukaddes Kitaba gowy düşünmek üçin, okap otyrkaň biraz saklanyp, «oýlanmaly» (Zebur 119:97). Okan wagtyň şeýle soraglar hakda oýlan: «Ýehowa Hudaý barada näme bildim? Öwrenen zatlaryma görä nädip ýaşap bilerin? Şu aýatlar kime kömek edip biler?»

3. Mukaddes Kitaby haçan okamaly?

Köpimize Mukaddes Kitaby okamaga wagt tapmak kyn bolýar. Şonuň üçin «wagtyňy paýhasly ulanmak» maslahat berilýär (Efesliler 5:16). Munuň üçin her gün okamaga belli bir wagt goýup bilersiň. Meselem, köpler her gün irden okaýar. Käbirleri bolsa günortan ýa-da agşam ýatmazdan öň okaýar. Sen haçan okap bilersiň?

SÖHBETDEŞLIK

Mukaddes Kitaby gyzykly edip okamagy we sapaga gowy taýýarlanmagy öwreniň.

Çaganyň nahar iýmegi öwrenişi ýaly, Mukaddes Kitaby hem gyzykly edip okamagy öwrenip bileris

4. Mukaddes Kitaby höwes bilen okaň

Mukaddes Kitaby okap başlamak birbada aňsat bolmaýar. Çagalaryň nahar iýmegi kem-kemden öwrenişi ýaly, Mukaddes Kitaby hem höwes bilen okamagy öwrenip bolýar. 1 Petrus 2:2-ni okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Mukaddes Kitaby her gün okasaň, ony hasam okasyň gelermi?

WIDEONY görüp, ýaşlaryň Mukaddes Kitaby okamagy nädip gowy görüp başlandygyny biliň. Soňra aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýaşlar Mukaddes Kitaby okamaga nähili garaýardylar?

  • Olar her gün okamagy nädip öwrendiler?

  • Mukaddes Kitaby gyzykly edip okamagy nädip öwrendiler?

Käbir peýdaly maslahatlar

  • Düşnükli terjimäni saýla. «Mukaddes Kitaby» (Täze dünýä terjimesi) oka.

  • Gowy görýän ýeriňden okap başla. «Mukaddes Kitaby okap başla» diýen çarçuwa seret.

  • Okan baplaryňy belläp goý. Şu kitapdaky «Okan baplaryňy belle» diýen çarçuwa seret.

  • JW Library®programmasyndan oka. Programmany telefonyňa ýa-da başga elektron enjamyňa ýükläp, Mukaddes Kitaby hemme ýerde okap hem diňläp bilersiň.

  • «Mukaddes Kitapdaky» goşmaça maglumaty oka. Kartalar, çarçuwalar we sözlük bilen has gyzykly edip okap bilersiň.

5. Sapaga taýýarlanyň

Zebur 119:34-i okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Mukaddes Kitaby okamankaň ýa-da sapaga taýýarlanmazdan öň näme üçin doga etmeli?

Her sapaga gowy düşünmek üçin näme edip bilersiň? Sapaga şeýle taýýarlan:

  1. A. Sapagyň başyndaky abzaslary oka.

  2. B. Aýatlary okap, öwrenýän zatlaryň bilen baglanyşygyna düşünjek bol.

  3. Ç. Her soraga jogap berýän jümleleriň aşagyny çyz. Şonda mugallym bilen pikir alşanyňda aňsat bolar.

Bilýäňizmi?

Ýehowanyň Şaýatlary Mukaddes Kitabyň dürli terjimelerini okaýarlar. Ýöne olar «Mukaddes Kitaby» (Täze dünýä terjimesi) okamagy has gowy görýärler, sebäbi şol terjimede pikirler dogry berlen, okamak aňsat we Hudaýyň ady ulanylýar («Ýehowanyň Şaýatlarynyň öz Mukaddes Kitaby barmy?» diýen Internet makala serediň).

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Mukaddes Kitaby okap oturar ýaly, eli boş adam barmy?!»

  • Sen nähili pikir edýärsiň?

GAÝTALAMAK

Mukaddes Kitaby okap, gowy düşünmek üçin ýörite wagt bellemeli, doga etmeli we sapaga taýýarlanmaly.

Jemleýji soraglar

  • Mukaddes Kitaba gowy düşünmek üçin näme etmeli?

  • Mukaddes Kitaby okamaga we sapaga taýýarlanmaga haçan wagt goýup bilersiň?

  • Her sapaga näme üçin öňünden taýýarlanmaly?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Mukaddes Kitaba gowy düşünmek üçin käbir maslahatlar berilýär.

«Mukaddes Kitaby okamagyň nähili peýdasy bar?» («Garawul diňi» No. 1, 2017)

Mukaddes Kitaby birnäçe ýyldan bäri okaýan adamlaryň berýän maslahatlary.

«Çuňňur şahsy okuwyny geçiriň» (2:06)