Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

18-NJI SAPAK

Isa pygamberiň hakyky şägirtlerini nädip tanap bolýar?

Isa pygamberiň hakyky şägirtlerini nädip tanap bolýar?

Milliardlarça adamlar Isany tanaýandygyny, onuň yzyna eýerýändigini aýdýarlar. Ýöne olaryň köpüsi Isanyň tabşyryklaryny öwretmeýärler, berjaý etmeýärler. Onda Isa pygamberiň şägirtlerini nädip tanamaly?

1. Kimlere Isanyň şägirtleri diýilýär?

Isa pygamberiň yzyna eýerýänlere şägirtler diýilýär (Resullar 11:26-ny oka). Olaryň hakyky şägirtdigini nädip bilip bolýar? Isa pygamber şeýle diýdi: «Meniň aýdanlarymy berjaý etseňiz, hakykatdanam, şägirdim bolarsyňyz» (Ýahýa 8:31). Isanyň hakyky şägirtleri onuň tabşyrygyna gulak asmaly. Isa pygamber Mukaddes Kitapdan öwredýärdi, şägirtleri hem Mukaddes Kitap boýunça öwretmeli (Luka 24:27-ni oka).

2. Şägirtleri haýsy häsiýetinden tanap bolýar?

Isa pygamber şägirtlerine şeýle tabşyryk berdi: «Meniň sizi söýşüm ýaly, siz hem bir-biriňizi söýüň» (Ýahýa 15:12). Isa şägirtlerini söýýäni üçin näme etdi? Olar üçin wagtyny gaýgyrmady, ruhlandyrdy, kömek etdi, hatda janyndan hem geçdi (1 Ýahýa 3:16). Isanyň şägirtleri hem diňe bir söýmegi öwretmeýärler, olar biri-biri bilen mähirli gepleşýärler hem-de birek-birek barada söýgi bilen alada edýärler.

3. Şägirtleri ýene nämeden tanap bolýar?

Isa pygamber şägirtlerine wajyp işi tabşyrdy. Isa «olary Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz etmäge» iberdi (Luka 9:2). Isanyň I asyrda ýaşan şägirtleri diňe bir ybadathanada däl-de, adamlaryň köp ýerinde, hatda öýlerine baryp wagyz edýärdiler (Resullar 5:42; 17:17-nji aýatlary oka). Şu günlerem Isanyň hakyky şägirtleri hemme ýerde hoş habary wagyz edýärler. Olar adamlary ýürekden söýýärler. Şonuň üçin wagtyny gidirseler-de, ýadasalar-da, adamlara wagyz edip, göwünlik hem umyt berýärler (Markus 12:31).

SÖHBETDEŞLIK

Isanyň hakyky şägirtlerini tanaň. Olar Isanyň taglymatlaryna we göreldesine eýermeýän dinlerden tapawutlanýar.

4. Mukaddes Kitaby gowy öwrenýärler

I asyrda ýaşan mesihçiler Hudaýyň Sözüni gowy öwrenýärdiler.

Özüne Isanyň şägirdi diýýänleriň köpüsi Mukaddes Kitaba düşünjek bolmaýarlar. WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Özüni Isanyň şägirdi hasaplaýan hristianlar adamlara näme öwretmediler?

Isa pygamber diňe Mukaddes Kitapdan öwredýärdi. Ýahýa 18:37-ni okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • «Hakykatyň tarapynda duran» adamlary nädip tanap bolýar?

5. Hudaýyň Sözüni wagyz edýärler

I asyrda ýaşan mesihçiler adamlara wagyz edýärdiler.

Isa pygamber göge gitmezinden öň, şägirtlerine wajyp işi tabşyrdy. Olar şol işi häzirem ýerine ýetirýär. Matta 28:19, 20 we Resullar 1:8-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Şägirtler nirelerde we haçana çenli wagyz etmeli?

6. Öwredýän zatlary boýunça ýaşaýarlar

Tom Isanyň hakyky şägirtlerini nädip tanady? WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Tom öňki dininden näme üçin çykdy?

  • Ol Isanyň hakyky şägirtlerine duşandygyna nädip göz ýetirdi?

Isanyň şägirdidigiňi diňe bir aýtman, edýän işleriň bilen hem görkezmeli. Matta 7:21-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Isa pygambere ynanýandygyňy aýtmak wajypmy ýa-da iş ýüzünde görkezmek wajyp?

7. Birek-biregi söýýärler

I asyrda ýaşan mesihçiler biri-birini söýýärdiler.

Isanyň şägirtleri biri-biri üçin janyndan geçmäge-de taýýar. WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Loýd dogan näme üçin Ýohanson üçin janyny orta goýdy?

  • Ol hakykatdanam Isanyň şägirdidigini görkezdimi?

Ýahýa 13:34, 35-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Isanyň şägirtleri başga milletdäki ýa-da tire-taýpadaky adamlara nähili garaýarlar?

  • Olar uruş döwri doganlyk söýgüsini nädip görkezýärler?

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Özüne Isanyň şägirdi diýýänler köp, olaryň haýsy birine ynanjak?!»

  • Haýsy aýady okap, Isanyň şägirtlerini tanamaga kömek edip bilerdiň?

ESASY PIKIRLER

Isanyň şägirtleri Mukaddes Kitapda aýdylanlara gulak asýarlar, adamlary we biri-birini ýürekden söýýärler, hakykaty wagyz edýärler.

Gaýtalamak

  • Isanyň şägirtleri nämä esaslanyp öwredýärler?

  • Şägirtleri haýsy häsiýetinden tanap bolýar?

  • Isa pygamber şägirtlerine nähili iş tabşyrdy?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Isa gulak asyp, yzyna eýermek üçin elinde baryny edýänler hakda öwreniň.

«Ýehowanyň Şaýatlary kim?» (1:13)

Buthanada hyzmat edýän aýal Ýehowanyň Şaýady bolýar.

«Olar ähli soragyma Mukaddes Kitapdan jogap berdi» («Garawul diňi» 1 aprel, 2014)

Isanyň hakyky şägirtleri kyn gününde biri-birine kömek edýär.

«Tebigy betbagtçylykda doganlarymyza kömek edeliň» (3:57)

I asyrdaky ýaly, häzirki mesihçiler hem Isanyň öwredişi ýaly ýaşaýar.

«Isanyň hakyky şägirtlerini nädip tanamaly?» («Garawul diňi» 1 mart, 2012)