Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

44-NJI SAPAK

Baýramçylyklary bellese bolýarmy?

Baýramçylyklary bellese bolýarmy?

Ýehowa maşgalamyz, dost-ýarlarymyz bilen wagtymyzy hoş geçirmegimizi, şadyýan ýaşamagymyzy isleýär. Ýöne oturylyşyklaryň, baýramçylyklaryň ählisi Hudaýa ýaraýarmy? Biz nädip Hudaýy gynandyrman wagtymyzy hoş geçirip bileris?

1. Ýehowa näme üçin baýramçylyklary halamaýar?

Baýramçylyklaryň köpüsi Mukaddes Kitaba esaslanmaýar, olar Hudaýa ýaramaýan däp-dessurlardan gelip çykýar. Şeýle baýramçylyklar ýalan dini ynançlar, yrymlar, jadygöýlik bilen baglanyşykly. Käbir adamlar baýramçylyklary belleseň, eden işiň şowly we arzuwyň hasyl bolýar diýýärler. Emma şeýle düşünjeler ýalan ynançlar bilen bagly (Işaýa 65:11). Ýehowa gullukçylaryna: «Olardan aýrylyň, haram zada el degirmäň» diýip duýdurýar (2 Korinfliler 6:17) a.

2. Ýehowa adamlaryň şanyna bellenilýän baýramçylyklary halaýarmy?

Ýehowa: «Adama bil baglamaň» diýip duýdurýar (Ýermeýa 17:5-i oka). Käbir baýramçylyklar hökümdarlara, uruşda wepat bolan gahrymanlara bagyşlanyp geçirilýär (1 Ýahýa 5:21). Döwlet nyşanlarynyň, garaşsyzlygyň, käbir guramalaryň şanyna bellenilýän baýramçylyklaram bar. Eger biz Hudaýy däl-de, adamy ýa guramany şöhratlandyrýan baýramçylyklara gatnaşsak, Ýehowa nähili bolar? Hudaýyň halamaýan zatlaryny etmäge höweslendirýän baýramçylyklara gatnaşsak, ol halarmy?

3. Ýehowa käbir oturylyşyklary näme üçin halamaýar?

Mukaddes Kitapda «serhoşlyk, keýpi-sapaly oturylyşyklar, içhä-içişlik» ýazgarylýar (1 Petrus 4:3). Käbir oturylyşyklarda we baýramçylyklarda adamlar içip, çekip, keýp edip, näme eden-goýanyny bilmeýär. Ýehowa bilen dostlugymyz bozulmaz ýaly, biz şeýle oturylyşyklara gatnaşmaly däl.

SÖHBETDEŞLIK

Baýramçylyklary bellemek, oturylyşyklara gatnaşmak babatda Ýehowa ýaraýan karara gelmegi öwreniň.

4. Ýehowa ýaramaýan baýramçylyklary bellemäň

Efesliler 5:10-y okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Belli bir baýramçylygy bellemeli ýa bellemeli däldigini nädip bilmeli?

  • Siziň ýaşaýan ýeriňizde nähili baýramçylyklar bellenilýär?

  • Şol baýramçylyklary Ýehowa halaýarmy?

Ýehowa doglan günlere nähili garaýarka? Mukaddes Kitapda Ýehowanyň gullukçylarynyň doglan günleri belländigi aýdylmaýar. Ýöne Ýehowa gulluk etmeýän iki adamyň doglan gününi belländigi hakda ýazylan. 1 Musa 40:20—22 we Matta 14:6—10-njy aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Şol doglan günlerde näme bolupdyr?

  • Şu wakalary göz öňünde tutsak, doglan günleri bellesek Ýehowa halarmy?

Belki, siz: «Doglan günlere, baýramçylyklara gatnaşanym bilen, Ýehowany gynandyrýan zat edemok» diýmegiňiz mümkin. 2 Musa 32:1—8-nji aýatlary okaň. Soňra WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýehowanyň halaýan we halamaýan zatlaryny näme üçin bilmeli?

  • Ony nädip bilmeli?

Baýramçylygyň Hudaýa ýaraýan-ýaramaýandygyny nädip bilmeli?

  • Mukaddes Kitapda ýazylan zatlara garşy gelýärmi? Munuň üçin baýramçylygyň nädip dörändigini bilmeli.

  • Baýramçylykda adamlar, guramalar ýa-da döwlet nyşanlary şöhratlandyrylýarmy? Biz diňe Ýehowany şöhratlandyrmaly. Dünýädäki kynçylyklary diňe Hudaý çözüp biler.

  • Baýramçylykda edilýän zatlar Hudaýyň kada-kanunlaryna garşy gelýärmi? Biziň edim-gylymymyz hemişe Hudaýa ýaramaly.

5. Garaýşyňy ýumşaklyk bilen düşündir

Ýehowa ýaramaýan baýramçylyklara gatnaşmagyňy goýmak we adamlara sebäbini düşündirmek hemişe aňsat bolmaz. Ýöne şonda-da sabyrly bol, näme üçin gatnaşmaýandygyňy sypaýyçylykly aýt. WIDEONY görüp, muny nädip etmelidigini öwreniň.

Matta 7:12-ni okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Dogan-garyndaşlaryňa: «Siziň edýäniňiz nädogry» diýseň dogry bolarmy?

  • Baýramçylyklara gatnaşmasaňam dogan-garyndaşlaryňy gowy görýändigiňi we hormat goýýandygyňy nädip görkezip bilersiň?

6. Ýehowa şatlanyp ýaşamagymyzy isleýär

Ýehowa biziň hemişe durmuşdan lezzet alyp ýaşamagymyzy isleýär. Şonuň üçin biz islendik wagt maşgala agzalarymyz, dost-ýarlarymyz bilen oturyp bilýäris. Nesihat 8:15-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýehowanyň şatlanyp ýaşamagymyzy isleýändigini aýatdaky haýsy sözler görkezýär?

Ýehowanyň halky biri-biri bilen gatnaşyp, wagtyny hoş geçirýär. Halkara kongreslerde dogan-uýalaryň nädip şatlanýandygyny WIDEODAN görüň.

Galatýalylar 6:10-y okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Birini begendirmek üçin hökman baýramçylyga garaşmalymy?

  • Sen sowgady ýürekden bereniňde has begenýäňmi ýa-da özüňi borçly duýup bereniňde?

  • Ýehowanyň Şaýatlary hem wagtal-wagtal çagalaryny begendirmek üçin oturylyşyk gurnaýar, olara sowgat alýar. Eger seniň hem çagalaryň bar bolsa, olary begendirmek üçin näme edip bilersiň?

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Baýramçylyklaryň gelip çykyşy bilen hiç kimiň işi ýok. Dogan-garyndaşlaryň, dost-ýarlaryň bilen şular ýaly wagt oturaýmasaň, başga wagt oturybam bolanok».

  • Sen näme diýerdiň?

ESASY PIKIRLER

Ýehowa maşgalamyz, dost-ýarlarymyz bilen şatlanyp ýaşamagymyzy isleýär. Ýöne ol Mukaddes Kitaba gabat gelmeýän baýramçylyklary bellemegimizi islemeýär.

Gaýtalamak

  • Baýramçylyklaryň Ýehowa ýaraýan-ýaramaýandygyny nädip bilmeli?

  • Baýramçylyklara barmaýandygymyzy dogan-garyndaşlarymyza, dost-ýarlarymyza nädip düşündirip bileris?

  • Ýehowanyň şatlanyp ýaşamagymyzy isleýändigini nireden bilýärsiň?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Hudaýyň halkynyň haýsy baýramçylyklary bellemeýändigini biliň.

«Ýehowanyň Şaýatlary näme üçin käbir baýramlary bellemeýärler?» (Internet makala)

Doglan günleriň Hudaýa ýaramaýandygyny dört zat subut edýär.

«Ýehowanyň Şaýatlary näme üçin doglan günleri bellemeýärler?» (Internet makala)

Ýehowany gowy görýän çagalar baýramçylyklary bellemän, ony begendirýärler.

«Ýehowa seni gowy görýär» (11:35)

Ýehowanyň Şaýatlary täze ýyly bellemeýändigine gynanýarmy?

«Has gowy ýoluny tapdylar» («Garawul diňi» 1 dekabr, 2012)

a Baýramçylyk günleri käbir ýagdaýlarda näme etmelidigi hakda 5-nji goşmaça maglumatda aýdylýar.