Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

3-nji bölümi gaýtalamak

3-nji bölümi gaýtalamak

Mugallym bilen aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  1.  Nakyllar 27:11-i okaň.

    • Sen näme üçin Ýehowa wepaly bolmak isleýärsiň?

      (34-nji sapaga serediň).

  2.  Mukaddes Kitapda anyk bir zat aýdylmasa nädip dogry karara gelmeli?

    (35-nji sapaga serediň).

  3.  Nädip hemişe dogruçyl bolmaly?

    (36-njy sapaga serediň).

  4.  Matta 6:33-i okaň.

    • Pul gazanmaly ýa-da iş saýlamaly bolanda Patyşalygy nädip birinji orunda goýmaly?

      (37-nji sapaga serediň).

  5.  Ýehowa ýaly nädip ýaşaýşyň gadyryny bilmeli?

    (38-nji sapaga serediň).

  6.  Resullar 15:29-y okaň.

    • Ýehowanyň gan baradaky tabşyrygyna nädip gulak asmaly?

    • Onuň tabşyryklaryna eýermek dogrumy?

      (39-njy sapaga serediň).

  7. 2 Korinfliler 7:1-i okaň.

    • Beden we ahlak taýdan arassa bolmak üçin näme etmeli?

      (40-njy sapaga serediň).

  8.  1 Korinfliler 6:9, 10-njy aýatlary okaň.

    • Mukaddes Kitapda jynsy gatnaşyk barada näme diýilýär? Ondaky aýdylýanlary dogry hasaplaýarsyňmy?

    • Mukaddes Kitapda spirtli içgiler babatda nähili maslahat berilýär?

      (41-nji we 43-nji sapaga serediň).

  9.  Matta 19:4—6, 9-njy aýatlary okaň.

    • Hudaý maşgala gurmak barada nähili tabşyryk berdi?

    • Maşgala gursaňam, aýrylyşsaňam näme üçin kanun taýdan resmileşdirmeli?

      (42-nji sapaga serediň).

  10. Haýsy baýramçylyklar we çäreler Ýehowa ýaramaýar? Näme üçin?

    (44-nji sapaga serediň).

  11. Ýahýa 17:16 we Resullar 5:29-njy aýatlary okaň.

    • Bitaraplygy saklar ýaly näme etmeli?

    • Eger hökümetiň kanuny Hudaýyň kanunyna garşy gelse, kime gulak asmaly?

      (45-nji sapaga serediň).

  12. Markus 12:30-y okaň.