Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

53-NJI SAPAK

Dynç alşyňyz Ýehowany begendirsin

Dynç alşyňyz Ýehowany begendirsin

Ýehowa «bagtly Hudaý» (1 Timoteos 1:11). Ol biziň ýadap, şatlygymyzy ýitirmez ýaly, wagtal-wagtal dynç almagymyzy isleýär. Şu sapakda wagtymyzy nädip gyzykly geçirmelidigini we nähili dynç alanymyzda Ýehowany begendirip biljekdigimizi bileris.

1. Dynç aljak bolanymyzda nämäni göz öňünde tutmaly?

Sen nädip dynç almagy gowy görýärsiň? Köpler öýde oturyp kitap okamagy, aýdym diňlemegi, film ýa-da Internetde ony-muny görmegi gowy görýärler. Käbirleri bolsa dost-ýarlary bilen bir ýerlere oturmaga gitmegi, ýüzmegi ýa-da oýun oýnamagy gowy görýär. Biz nädip dynç alsagam, esasy zat, dynç alşymyz Hudaýa ýaramaly (Efesliler 5:10). Şu günler adamlaryň dynç almak üçin görýän, diňleýän zatlarynda zalymlyk, ahlaksyzlyk ýa-da jadygöýlik ýaly, Ýehowanyň ýigrenýän işleri bar (Zebur 11:5-i oka). Onda dynç alşy nädip dogry saýlap bileris?

Eger Ýehowany söýýän adamlar bilen dostlaşsak, biz hem Hudaýy söýeris we isleýşi ýaly dynç alarys. Geçen sapaklaryň birinde aýdylyşy ýaly, «paýhasly adam bilen dost bolsak, paýhasly bolarys». Ýehowanyň kada-kanunlaryny äsgermeýän adamlar bilen dostlaşsak welin, «zyýan çekeris» (Nakyllar 13:20).

2. Näme üçin dynç alýan wagtymyza çäk goýmaly?

Saýlaýan dynç alşymyz Ýehowa bilen dostlugymyza zyýan ýetirmese-de, näçe wagt dynç alýandygymyza ünsli bolmaly. Köp wagtymyzy dynç alyp geçirsek, onda wajyp zatlara wagt galmaz. Mukaddes Kitapda: «Wagtyňyzy paýhasly ulanyň» diýip maslahat berilýär (Efesliler 5:15, 16-njy aýatlary oka).

SÖHBETDEŞLIK

Dynç alşy dogry saýlamagy öwreneliň.

3. Zyýanly dynç alyş

Käte dynç aljak bolanymyzda bir zatlar görýäris, diňleýäris ýa-da oýun oýnaýarys. Şeýle ýagdaýda nämäni göz öňünde tutmaly? WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Rimde geçirilen gladiatorlaryň urşy bilen häzirki oýunlaryň nähili meňzeşligi bar?

  • Deni oýnaýan oýunlary babatda nämä düşündi?

Rimliler 12:9-y okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Şu prinsip gowy dynç alşy saýlamaga nädip kömek eder?

Ýehowa nämeleri ýigrenýär? Nakyllar 6:16, 17 we Galatýalylar 5:19—21-nji aýatlary okaň. Her aýady okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Häzirki oýunlarda ýa-da filmlerde aýatda agzalýan haýsy zatlary görýärsiň?

 Gowy dynç alşy nädip saýlamaly?

Aşakdaky zatlar hakda oýlanyň.

  • Ýehowanyň ýigrenýän zady barmy?

  • Köp wagtymy alýarmy?

  • Bile dynç aljak adamlarym Ýehowany söýýärmi?

Howply ýerden ýöreseň, bir zadyň üstünden bararsyň. Şonuň ýaly gözsüz batyrlyk edip, zyýanly dynç alyşlaryň golaýyna barma.

4. Wagtyňy ýele sowurma

WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Dogan erbet zat görmese-de, nämäni nädogry etdi?

Filipililer 1:10-y okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Şu prinsip dynç alanyňda wagtyňy dogry ulanmaga nädip kömek edip biler?

5. Peýdaly dynç alyş

Belki, sen: «Ýehowanyň halamaýan zatlary köp ekeni. Onda nädip dynç almalyka?» diýýänsiň. Ýöne ýadyňdan çykarma, dynç alşyň peýdaly we gyzykly görnüşleri hem az däl. Nesihat 8:15 we Filipililer 4:8-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Sen nähili dynç almagy halaýarsyň?

Gyzykly hem peýdaly dynç alyş köp.

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Görýän, diňleýän ýa oýnaýan zatlarym erbet täsir edesi ýok?! Esasy zat, şol işleri etmesem boldy-da!»

  • Sen näme diýerdiň?

GAÝTALAMAK

Ýehowa biziň gowy dynç almagymyzy isleýär. Ýöne dynç alyş özümize ýa Hudaý bilen dostlugymyza zyýan ýetirmeli däl.

Jemleýji soraglar

  • Ýehowanyň Şaýatlary nähili dynç alyşlardan gaça durmaly?

  • Näçe wagt dynç alýandygymyza näme üçin ünsli bolmaly?

  • Sen näme üçin Ýehowa ýaraýan dynç alşy saýlamak isleýärsiň?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Dynç alşyňyz şatlygyňyza şatlyk goşar ýaly näme edip bilersiňiz?

«Siz gowy dynç alýarsyňyzmy?» («Garawul diňi» 15 oktýabr, 2011)

«Indi milletparazlyk etmeýärin» diýen terjimehaldan bir adamyň dynç alşyny üýtgedendigini biliň.

«Mukaddes Kitap durmuşyňy üýtgedýär» («Garawul diňi» 1 fewral, 2010)

Bir aýal görýän filminiň Hudaýa ýaramaýandygyny bilende näme etdi?

«Jadygöýlik görkezilýän filmleri görmäň» (2:02)